06:38
Ad kowmy
AD KOWMY

• Ad kowmunyñ gelip çykyşy

Araplar gelip çykyşy boýunça sami kowmundan bolan uly halklaryñ biridir. Olaryñ gözbaşy iññän gadymy zamanlara uzap gidýär. Sami halklary Nuh pygamberiñ (a.s) ogly Samdan gaýdyp, soñ-soñlar ulalyp, birnäçe şahamçalara bölünen halklaryñ uly şahalarynyñ biridir.
Sami dillerinden biziñ günlerimize çenli saklanyp galany diñe arap dilidir. Şeýle-de, Sami halklarynyñ düýp gelip çykan ýeriniñ Babylystan däl-de, Arap ýarymadasydygyny-da belläp geçmek gerek.
Ady-ula kowmy demirgazykdan günorta çenli halklaryñ göçhä-göçlüginden öñem Arap ýarymadasynda oturymly ýaşan we medeniýet taýdanam iñ ösen kowumlaryñ biri bolupdyr. Olaryñ ýene biri Semud kowmudyr.
Ad kowmy araby-aribeden (pro arap) hasaplanýandygyna görä, olara arassa arap diýip bolar. Araby-aribe Samyñ Lawez we Erem diýen oglundan, Addy-ula bolsa Eremiñ bäş oglunyñ biri Aws ibn Ezmden gaýdýar. Umuman aýdanda, Aws ibn Ezmiñ nesilleri Ady-ula diýip ýatlanýar.

• Ad kowmunyñ ýaşan ýerleri

Adlar Ýemen bilen Omanyñ arasyndaky Ahkafy, Hadramautdyr Şuhar sebitlerini ýurt edinipdir. Häzir Hadramaut daglarynda ýaşaýan taýpanyñ gepleýän ukaýli diliniñ ad dilinden galan dildigi çak edilýär.
Hut pygamber (a.s) hem hut şu ýerlerde pygamberlik edipdir. Şeýle-de, Ibni-Rüşd jülgesinde Nebiullah-Hud atly obanyñ hem bardygyny we bu obada Hut pygamberiñ (a.s) ýaşandygyny belläp geçmek gerek.
Ahkaf (Dehna) - Nejid, Ýemen, Hadramaut daglary bilen gurşalan akyp ýatan çägelik "ummandyr" we munuñ içine aralaşmaga hiç kim milt edip bilmeýär. Geografik kartalarda bolsa, bu ýerler boş we adam aýagy sekmedik ýer hökmünde görkezilýär.
Hadramautyñ demirgazygyna ýanaşýan ýerlere Ahkaf diýilýär. Dehna - ekerançylykdan, ýaşar ýaly ýerden juda alysda bolup, üstünde guş uçmaýar. Agaç beýle-de dursun, bir garyş ot ösmeýär. Hatda Afrikanyñ Sahara çölündenem beter ýer.
Çägäniñ çuñlugy ortaça 120 metrdenem çuñ bolup, aññat-aññat alañlar 300 metre çenli galýan deñiz tolkunlary ýaly ikiýana çaýkanyp ýatyr. Öñi-ardy görünmez çäge ummanynyñ arasynda käte gabat gelinýän gorkunç çöwlümlere (girdaplara) "Bahrus-Safi" diýilýär.
Bu çöwlümleriñ nirde bolýanyny daş-töweregine birikýän ak çägeli çöllerden bilip bolýar. (Bu ýerleriñ birine häzir Rubh Al-Khali diýilýär.)

• Ad kowmunyñ ýazgysy

Ýemen we Hadramaut taraplarda Ad kowmunyñ "Müsned" ady berlen hat-ýazuwynyñ bolandygy aýdylýar. Makriziniñ aýtmagyna görä, olaryñ ýazuwy sagdan çepe, biri-birinden aýry harplar bilen ýazylypdyr. Munuñ Sami ýazuwyna meñzeşligi bolman, nirden çykandygy, nirden alyndandygy häzirlikçe nämälimligine galýar.

• Rowaýat

Rawylar rowaýat kylarlar, Ad araplarda ilkinji bolup hökümdarlyk süren şahsdyr. Ol Ahkafda döwlet gurupdyr. Ad ýogalansoñ onuñ ogullary Şedit, Şetdat, Erem hökümdarlyk edipdir. Şetdat özüni hudaý sanyp, hatda behişte öýkünip Erem bagy diýlen jenneti bagy-bossany gurdurypdyr..
Gurhanda bu barada şeýle diýilýär:
"Rebbiñ Ad (kowmuna) we belent sütünleriñ eýesi Ereme näme edendigini görmediñmi? Özem şäherleriñ içinde oña meñzeşi heniz ýokdy." (Seret: "Fejr" süresi, (89)/6-8).
Taryhy barlaglar Şedit bilen Şetdadyñ Beni Himýerdendigini görkezýär. Adlar soñ-soñlar ikä bölünip, birine Huljan, beýlekisine Lukman hökümdarlyk edýär. Allatagala bularyñ arasyna Hut pygamberi ugradýar. Huljanyñ taýpasy pygambere garşy gidip, heläk bolýar. Lukmanyñ taýpasy hak ýoluna eýerensoñ, uzak wagtlap dowam edipdir. Bu taýpa Kahtanileriñ üstün çykan döwürlerine çenli ýaşapdyr. Ahyrynda Ýarub (Kahtanyñ ogly) olaryñ ýaşaýan ýerlerini basyp alansoñ, Hadramuta gelip ýerleşýärler we Hadramaut diýlen hökümdaryñ çaknyşyklary netijesinde goñşy kowumlaryñ arasyna garylyp-gatylyp gidýärler. Olaryñ arasyndan diñe Beni Bekr ibn Mugawyýa ibn Bekr ibn Ad dowam edip, Ady-Sanyýäni (Ikinji Ad) emele getiripdir.
Ad kowmy binagärlikde diýseñ ösen sepgitlere ýetipdir. Häli-häzirlerem Ýemen we Hadramaut sebitlerinnde gabat gelýän birnäçe şäherdir uly-uly köşkleriñ, suw bentleriniñ harabalyklary Ad kowmundan galandygy aýdylýar.
"Siz her depäniñ üstünde bir bina-alamat gurup öz göwnüñi hoşlaýarsyñyzmy? Beýik we ykjam binalary gurup, müdimilik galarys öýdýärsiñizmi? Tutup saklan wagtyñyzam diýdimzorlar kimin saklaýarsyñyzmy?"
("Şuara" süresi (26)/128-130]

# Çeşme: Mahmud ESAD "Yslam taryhy",
"Marifet" neşirýaty, Stambul-1983.

Anons: Indiki makala "Kuranda Ad kowmy"
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 95 | Добавил: Haweran | Теги: Mahmud Esad | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 myhman   [Mowzuga geç]
indiki makala sabyrsyzlyk bilen garaşýan.

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
okamagy halaýan temalarymyň biri.

Sami dillerinden biziñ günlerimize çenli saklanyp galany diñe arap dilidir.

şu ýeri biraz jedelliräkmi?

men bu temadaky taryhlary, osnawnoý, rowaýatlardan eşitdim. rowaýatyň dogrulygy gümana.
mysal üçin araplaň gözbaşy hakda: diýýäler: Ybraýym (a.s) uly ogly Yshagyň (a.s) neslinden ýewreýler (Yshagyň (a.s) bir adam Ysraýyl eken. ýewreýlere ysraýylogullary diýilmegem şoňçüýnmiş), kiçi ogly Ysmaýylyň (a.s) neslinden araplar bolupdyr diýýäler. häzirem arap dili bilen ýewreý dili garyndaşmyş. jedelliräkmi diýýänim şondan.

Hut pygamber (a.s) hem hut şu ýerlerde pygamberlik edipdir.

söz oýnadyp galýaňyzow :-)
bu bir bellek däldir. ýöne daşyňdan pikirlenmek ýaly zat.
biz sözüň soňundaky çekimsizi dymyklaşdyrýas. f-ny p edýäs, d-ny t... Pygamberimiziň (a.s) adam aslynda Muhammed. bu ö-öňden şeýle gelipdir.
ýöne Hut (a.s) (Hu:t) ady kän ulanylanok. şoňüçin şony Hud (a.s) (Hu:d) diýip ulansak nähili borka.
hana, Kahtanyň ogluna Ýarub diýipdirsä. ad (a:d) kowmuna at (a:t) diýmändiris.

şonýaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: