00:15
Iki kitap
IKI KITAP

Pylan aga, men-ä juda suwsadym,
Şol aýdan suwuñdan biraz beräýiñ.
Egerde birine beren bolsañyz,
Bu guran añyma, öl damdyraýyñ.

"Bor, inim" diýdi-de, nowjuwan kaka,
Süýem, başam, goşar çekdi çekmäni.
Sözüñ ortasynda diýdi şeýleräk,
"Şular öwretdiler, goşgy ekmäni."

Gepim kän köpeltmän, aýdaýyn baryn,
Menem öz ýodamdan agsap barýaryn.
Ol iki ägirtleñ, çäksiz yhlasy,
"Kalbymyñ senasy", "Türkmen sährasy".

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 9
0
8 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Öl damdyraýyň? Öl damdyryp bolanok, damany üçin öl bolýar. Suw, nem... diýseň bolaýjak ýaly

0
6 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Düşündim Has daýy

0
5 Haweran   [Mowzuga geç]
Gümürtiklik kän, meselem: "şol aýdan suwuñ" - kim, haýsy suw barada, kime, näme aýtdy? "Birine berlen" zat näme? Nämäni damdyrmaly? Süýem, barmak, goşar çekdi çekmäni? Nämäni? Çekilen zady ekibem bolýamy ýa ekilen zady çekip?
"Ýodany yzlasañ ýola elter, ýoly yzlasañ ile..." Süriniñ agsagyny gapmak möjegi halaldyr. Ikibaşdan ýola çykan bolsañ, agsama!
Ýoluñ ak bolsun, ýoldaşyñ Hak!

0
4 Haweran   [Mowzuga geç]
Üçünji bendiñ 1-2-setirleriniñ arasyny 3-4-nji setirler b.n näme baglanyşdyrýandygyna düşünmedim.

0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
"Pylan aga", "bu gura:n añym" ... goşga gelişmeýän gowuşgynsyz söz düzümleri.

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Goşgy welin juda gowşak...
Iller goşgusyny paýlaşdygyça has gowusyny paýlaşyp, has kämilleşmegiñ ugrunda bolsa, Siziñki tersine: her paýlaşan goşgyñyzda bir depim pil aşak düşýäñiz. Başkylaryñyz erbedem däldi.

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
Bir depim aşak düşse "çuňlaşdygy" bolmyýamy, @Haweran?
Görýän welin, maňa-da @Haweran aýtmyşlaýyn: "teswiriň içinden monjuk gözlemek" keseli ýuwaşjadan ýokuşýar öýdýän...Bu-da bir zakguntäçmi nämemi... :-).

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
eger çynym, @Bagabat akga, diýsemmikäm-diýmesemmikäm diýip, şol "monjukly" meseläni ýene eşitmäýin diýip, dilimi dişläp duran zadymy diýdiňiz.

nemiňem öl ýaly syzýanynam aýtsamy, aýtmasammy diýip durun.

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Öz goýan wariantyñy, soñam az-kem düzediş girizilenden soñky şu görnüşi deñeşdirip gör. Harp ýalñyşyna ünsli bol, dyngy belgilerini, kese çyzygy, goşa dyrnagy goýmaly ýerinde dogry goýmasañ, goşgyñ manysyny beter gaçyrarsyñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]