18:07
Bir filmden soñky oýlanmalar: "Syr. Aýat -2"
BIR FILMDEN SOŇKY OÝLANMALAR

"SYR. AÝAT -2" ("Sir-Ayet 2")

Adatça “Direliş. Ärtogrul”, “Gurulyş. Osman” (“Oýanyş. Beýik Seljuklynam” bölekleýin) ýaly seriallar bolaýmasa, türk seriallaryny o diýen aňrym alyp baranok, tomaşa etmäge üýşüp ýatan wagtymyzam ýok (Ýöne birwagtlar “Möjekler mekany” (“Kurtlar Vadisi”/"Долина Волков") serialynyň ölemen fanatigi bolandygymy we onuň ähli bölümlerini sypdyrman görendigimi gizläp biljek däl.) Ady tutulan seriallaram öz taryhymyz bilen baglanyşykly bolansoň görülýär diýen ýaly. Türkleriň döwrebap durmuşy suratlandyrýan seriallaryna tomaşa etmegi o diýen oňlamok. Gynansak-da, bularyň ýaş oglan-gyzlarymyzyň durmuşyna, özlerini alyp baryşlaryna, hatda dilimiziň arassalygyna peýdasyndan zyýanly täsiri has kän. Emma, meň pikirimçe türk garyndaşlaryň eýmençlikler žanryna degişli surata düşürýän gysga metražly çeper kinofilmlerini bu kategoriýa goşmasaň bolýar. Aslymyzyň, dinimiziň-mezhebimiziň birligi, edim-gylymlarymyzyň meňzeşligi, obalylaryň özboluşly aýratynlyklary, başga-da birnäçe meňzeşlikler, hatda başy sähel derde uçran adamyň oba mollasyna ylgap doga-tumar almagy (ýa-da “okatmagy”) ýaly geňsi edim-gylymlar biziň türkmen obalarymyzyň maşgala durmuşy bilen türk obalarynyň maşgala durmuşynda hutma-hut gaýtalanýar diýen ýaly. Muňa türk kinomatografiýasynyň elhençlikler žanryna degişli (aýratynam oba durmuşyndan söz açýan) surata düşüren birnäçe çeper kinofilmine tomaşa edeniňde hasam gowy göz ýetirip bolýar. Soňky tomaşa eden “Syr. Aýat-2” (“Sir-Ayet 2”) kinofilmim hem şeýle filmleriň biri.
Ýetde-gütde durmuşda ýaşaýan Bilal aga başyndan inen sosial kynçylyklaryň özüni hasam eýmenç ýagdaýa iterjeginden heniz habary-da ýok. Maddy ýeter-ýetmezçilikden halys ýadap, janyndan doýan Bilal aga näme etjegini bilmän ikiýana urunýar. Şonuň üçinem ol bu öň-ardy görünmeýän düýpsiz girdapdan çykjak bolup iňňän howply çykalga ýüz urýar. Ahyrynda bir tersokan daýza ýüz tutup, ejesiniň janyny pida bermek arkaly gargyşsiňen baýlygyň eýesi bolmagy başarýaram. Emma maddy kynçylyklardan halas bolmak onuň ruhundaky puşmanlygy azaldyp bilmeýär. Eden gabahatlygyna ökünip aňyrsyna çykyp bilmeýän Bilal aga bu şertleşikden el çekmek isleýär. Ýöne “halala hasap, harama azap” bellän dünýäde hemme zadyň öz hasaby bar. Netijede ol bu gorkunç şertden el çekeni üçin şirin janyndan el üzmeli bolýar. Ylalaşygyň şertleri öňden belleşilmänsoň, howp munuň bilen gutaryp dynmaýar. Obadaşlary bolan iki sany ýaş ýigidiň Bilal aganyň jesedini talamaklary bilen lagnaty ruhlar ýene herekete geçýär. Gijäniň ýary merhumyň mazaryny açyp we onuň altyn dişlerini sogrup alyp, satyp pul edinen (öliniň dişini satyp edinen pullaryna şähere baryp, tenini satyp gün görýän ýeňles gylykly zenanlar bilen şagal mesligini gurnaýarlar) iki dost mundan soň lagnaty ruhlaryň (jynlaryň) gözüne düşýär. Ýigitleriň ömrüni küle öwrüp taşlajak bu lagnat edil ýokanç kesel ýaly bolup olaryň durmuşyna we ýakyn hossarlaryna ýolukýar.
Aslynda çeper filme tomaşa eden her bir üşükli adama filmde hiç hili hyýaly sahna ýok. Kişi hakynyň kişä nesip etmeýänligi... Özüňe degişli däl zada ymtylmazlyk... Ymtylaýan ýagdaýyňda munuň başyňa saljak muşakgatlaryna-da döz gelmelidigiň...
Şeýle-de, bu kinofilm meniň göz öňümde ýene-de köp zatlary janlandyrdy... Birwagtlar bizde-de neşekeşligiň we neşe söwdasynyň möwç alyp ýaýran döwründe öliniň gabryny gazyp, onuň altyn dişlerini talan näkesler köp duş gelipdi...
Sarp edijiligiň ýokarlanmagy, güzeran kynçylygy we ş.m sanasaň sogaby bar birnäçe tutaryklar indi adamlary dogan-dogandan bizar bolar ýaly derejä getirdi. Mukaddesliklere bolan sylag-sarpa gitdigiçe peselýär. Internetiň şular ýaly elýeterliligi, okasyň-bilesiň gelen zada ýeke gezek gözleg düwmesini basanyňda, dürli maglumatlary okap düşünjesini, gözýetimini giňeldip oturmaly halyna, interneti ýaş oglan-gyzlarymyzyň her dürli gelşiksiz we bolgusyz nysaklaryny ýaýratmagyň amatly serişdesine öwürmegi... Ýaş oglan-gyzlaryň iň bir çynlakaý zatlara bolan perwaýsyzlygy... Gabyr azaby... Maşgalanyň bir agzasynyň eden haramlygynyň yzasyny tutuş maşgala agzalarynyñ çekmegi...
2019-njy ýylda režissýor Kaýhan Başoglynyň surata düşüren, Özgür Bakaryň senarisini ýazan “Syr. Aýat-2” kinofilminde öwrenere, oýlanyp-ölçerere, many çykarara zat kän. Wagtyňyz bolsa, mümkinçilik tapsaňyz, hökman tomaşa ediň. Ökündirmez.

Has TÜRKMEN.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 103 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Diriliş Ertugruly bilemok ýöne Kuruluş Osmanda şol birzatlar gaýtalanyp görkezilýär. Täzelik ýok, özem şu Burak Özçewik ýylgyranda meň aňyrym seňkidenem beter bärime gelýär awtor. Kilçerip gülýär Osmanyň rolundaky Burak. Uyaniş Büyük Selçuklu welin eýýäm sezona çykdy, sezona çyksa-da kino gutaran şekilli bolaýdy.

Diriliş Ertugrulda adam az bolandygyndanmy nämemi, söweş sahnasyna gatnaşýan 4-5sany gahrymanlar tutuş gwardiýanyň soňuna sogan ekýän edipdirler.
Uyaniş büyük Selçukluda bolsa uly söweş sahnasy we güýçli çaknyşyklar hakyky bolup biljek şekilde görkezildi.

Men-ä hemmesi deň beter Uyaniş B. Selçuklu konoserialy haladym. Galanlaryny musura oklaýmaly...

0
1 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
Reklamasy gaty bet tüweleme))). Şu näçe jan etsemde türkçe öwrenip bilmedimdä((( Telewizora seredip takat tapyp bolsa öwrenýäňem diýýär öýdäki welin, hany oňada üýşip ýatan wagt barmy näme!?(

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: