16:10
Içgepletme
IÇGEPLETME

Beý diýsem geňleme, ajaýyp neneň,
Owadan syn edip taryp ederden.
Sen hakda bir goşgy döretjek ýene,
Sen diýip ylhamym bat aldy birden.
Adyň sygdy seret, garyp bentlere,
Nädip dözdüň özüň, ýedi ýatlara!

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 6
0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Myhman daýyñ,teswirdäki "Bossan"sözûni okap nirede bossan diýip ýazylgyka diýip seredenimden soñ goşgynyñ akrogoşgydygyna dûşündim.
Meniñ ýaly sada ýer ýûzûnde başga barmyka ýa sadalykda Ginnesiñ rekordlar kitabyna girip bilermikäm?

0
6 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Ol yerlera menä göwün ýüwürdemok egindeş
Bilmedim.
Seýrekligä dogry welin,şulary ýazmak size irräk dälmäý Hyýalkeş

Arzuwlam ak bolup,siñipdir saça...

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
walla, men-ä içgepletmäňe düşünen däldirin Baýgeldi.

Beý diýsem geňleme

haýsy diýeniňi geňlemeli däl?

a) neneň ajaýyp, hatda syn edip taryp ederden owadan
b) Sen hakda bir goşgy döretjek ýene,
Sen diýip ylhamym bat aldy birden.
Adyň sygdy seret, garyp bentlere,
ç) Nädip dözdüň özüň, ýedi ýatlara!
d) BOSSAN

men-ä hemmesini geňledim.
(iki tarapymy deňledim diýip goşgy ýazyp gidibermeli :-))

goşgy akrostihe gurban gidipdir öýdýän :-).

hany, täzeden tijen bakaly.

0
3 Trigger   [Mowzuga geç]
Diýmek, ylhamyň bossan, hasratyň umman, goldaýan asman...

0
2 Trigger   [Mowzuga geç]
Diýmek, ylhamyň bossan, hasratyň umman,

0
1 Trigger   [Mowzuga geç]
Diýmek, ylhamyň bossan ?! :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]