11:19
Erkekde ýürek barmyka?
ERKEKDE ÝÜREK BARMYKA?

Erkeklerde ýürek ýok. Olar duýgy bilen oýun edip, özlerine ynandyryp, soňra-da baryny püçege çykarýarlar. Bu zatlary durmuşda göre-göre gelýäris. Häzire çenli ynam edere ýekeje erkege-de gabat gelmedim. Diňe mende däl, daş-töwerekdäkilerde hem şeýle. Olaryň bary bolgusyz… Erkek ÝOK!..

Şeýleräk pikirdäki garagöz zenanlarymyza az duşan dälsiňiz.

Adam aňynyň işleýşiniň şeýle bir aýratynlygy bar, oňa sinhronirleme (gabat getirmek, deňleşdirmek) diýilýär.

Meselem, arada maňa üsgülewik degdi. Nirä barsam, nirä seretsem üsgürýän adam bolup dur. Ýa-da ine, 1-2 ýyllykda bir dostum Pajero maşyn alyndy. Ondan biraz wagt geçensoň onuň maňa "Niýaz, soňky döwür şäherde jip maşyn gaty köpelipdir-aý, hasam Pajero maşyn köp" diýeni ýadymda.

Ýöne (!) bu ýerde bir üns bermeli zat bar. Ýagny, biz ol gabat getirmeleri öz aňymyzda, bolup geçen wakalaryň esasynda düzýäris. Günde müňlerçe gabat gelme bolup geçýär, ýöne biziň olara üns bermeýändigimiz üçin, olar göze ilmeýär. Üsgürýänler hemişe-de bardy. Şäherimizde bolsa jip maşynlaryň hem, beýleki gowy maşynlaryň hem sany eýýäm esli wagt bäri KÖP.

Bu zenanlarymyzyň hem durmuşy bilen biraz içgin gyzyklansak, onda olaryň:
- maşgalasynda kakasynyň erbet adam bolandygyny, ejesine ezýet berendigini;
- ejesiniň kakasyny hiç hili sylamandygyny, ýer çeken, meýdi ýanan we ş.m. sözleri ulanandygyny;
- kakasynyň olary taşlap gidendigini ýa ata-enäniň çagalaryň kiçi wagty goşlaryny paýlaşandygyny..

we/ýa

- halaşan oglanynyň ondan ýüz öwürendigini;
- birine durmuşa çykyp, oňuşman, aýrylyşyp gaýdandygyny - görüp bilýäris.

Bu zenanlaryň başyndan nähili wakalar geçýändir öýdýärsiňiz?

Olar durmuşa çykyp baran oglanynynyň erbet taraplaryny görmeli, ony sylamaly däl ýa-da onuň bilen aýrylyşmaga psihiki taýýar bolmaly ýaly pikirde ýaşaýarlar.

Aýrylyşyp gaýtsalar hem, daş-töwerekde olaryň gözüne diňe aýrylyşan ýa aldanan zenanlar görünýär. Erkekleriň hemmesi-hä ALDAÝANdan, zenanlaryň hemmesi hem ALDANANdan.

Diýjek bolýanym, zenanlarymyzyň aldawçy, erbet erkekler bilen bir hatarda gowy erkekleriň hem BARdygyna, hemme maşgalalarda erkekleriň özlerini erbet alyp barmaýandyklaryna – ýagny, hemme erkegi bir aýakdan sürmeli däldigine göz ýetirmekleriniň özlerini hakykatdan GOWY GÖRÜP bilmekleri we BAGTLY bolmaklary üçin aýratyn ähmiýeti bardyr.

Niýaz ORAZDURDYÝEW

2016 ý.
Категория: Psihologiýa | Просмотров: 168 | Добавил: Tokmak | Теги: Niýaz Orazdurdyýew | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 9
0
5 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Söýgüniň islendik görnüşinde hem biwepalyk bar. Yöne biz buny kämil hasaplan söygümizde has yiti duyarys. Şonyň ücin söygünin jadyly lezzetini diňe düşekde duýanyň gowy

0
8 Tokmak   [Mowzuga geç]
Iň gowusy gudaçyk ýoly bilen öýlenmek diýýäňiz-dä.. Minnetdar.

0
4 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Nädeňde hem ejir çekmeli, we bu ejir saňa kitaplaryň berip bilmedik üýtgeşik duylary berer. Okamak başga beyle ahwalaty başdan gecirmek başga. Kimi soysenem seni yakar, esasy zat buna degyan birinden yanmak

0
3 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hyýalkeş, özüm telpegi agan, edyanim sergezdancylyk, endigim keypi sapa. Ine men çynçy. Nadyäň, saňa bolan duygularmy kabul etjekm?

1
2 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Soňky wagtlar-a (belki öňem bardyr, men bilýän däldirin, bilemok) erkek kişilerden hem şeýle arz edýänleriň, zeýrenýänleriň bolmagy köp eşdilýär, ýagny özüne mährem, ýakyn ynsanyndan (ejesinden, ýanýoldaşyndan ýa halaşan gyzyndan we ş.m., umuman ejizlerden) aldaw, biwepalyk görmegi.
Şu meselede birnäçe çäreler (ýygnanşyklar, söhbetdeşlikler) hem ýygy-ýygydan geçirilip durulýar, mekdeplerde hem biz kiçikäk bolmadyk durmuşy sapaklar girizildi welin...
Bularyňam netijesi nesip bolsa bildirer-dä...

0
7 Tokmak   [Mowzuga geç]
Şeýle çäreler geçirilýän bolsa, wagty gelende netijesini berer. Minnetdar.

1
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Psihologiýa ylmyna ýûzleýje aralaşyp görüpdik talypkak geçen psihologiýa sapagymyzda.Içine aralaşyp çuñlugyny boýlap bilseñ örän gyzykly hemem özüne çekiji ylym.Şu wagt türk senaristlerem şoña düşünip ugradylar öýdýän.Ynsan psihikasyny kinonyñ baş temasy edip hemmetaraplaýyn beýan etmäge çalyşýarlar.("Kırmızı oda" we şol kinoñ ady ýadyma dûşenok "Masum apartmanlılar" diýen ýalyrak her ikinji gün trt1 kanaldan bolýar.)
Şu mowzukda da aýdylan zatlar dogry hemem getiren mysalam gowy.Kä wagt kä adama duşýañ welin " Gökdepeli (mysal alýan hiç kim özüne çekmesin diýip öz ýaşaýan ýerimden aýdýan)pylany meni allap goýberdi.Aý Gökdepelileñ hemmesi ýalançy laý " diýen ýaly pikirleri aýdýarlar.Öñem aýdypdym öýdýän bagdaky bir miwe çüýrük diýip hemmesini çüýrüklikde aýyplap bolmaz.
Erkekleñem näme, gowusam bardyr erbedem.
Onam ilkibada tanap bolanok da.
Iñ gowusy töwekgelçilik etmezlik gyzlar,hiçisine ynanmañ:)

0
6 Tokmak   [Mowzuga geç]
Manyly teswir. Minnetdar.

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
gowy mysal. kelle döwseň :-), mysaly başga tüýslem aýtsa boljak eken. mysal:

"pylany ýerli pylany meni allap goýberdi. Aý olaň hemmesi ýalançy laý"

özüme çekemok. onda-da 1. şonýaly gürrüň bardyr öýtmekleri ahmal 2. diňe ikimiz ýaşamyzok otaýda 3. bir gep çyksa ynanyp bolmajak zatlara-da ynanýanlar bar.

hatda çüňki bilen hassalary bejerýän kepderä, "aýakda" dik durýan platensa ynananlar boldy.

onsoň gowy zat etjek bolup tutuş bir etrabyň günäsine galynmagy ahmal. "gaşy bejerjek bolup göz çykarmak" diýilýämi?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]