06:56
Derýam
DERÝAM

Akyp barýarmyň derýam!
Haşallyja kenaryň,
Gaýgylardan saplansam,
Azdan arassalaryn.

Akyp dursaň bolar-la,
Egsiläýseň näderin!
Asla dolup bilemok,
Opgunlaryñ oý ýerin.

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
5 myhman   [Mowzuga geç]
baýgeldiň öňki (şu ýerde paýlaşylan) goşgulary bilen deňeşdirseň, kän gowy.
1. söýgi hakynda däl (aýryldym, ýandym, köýdüm, näme üçin taşladyň)
2. setirler biri-biri bilen baglanyşýa (öňkülerde näme üçin durany belli däl, ýöne bendi doldurmak üçin duran setirler bardy)
3. biraz obrazly aýdyljak bolýan (ýa-da metafora) pikirler bar (öňkülerde oň ýokundysam ýokdy)

gysgalygam bir artykmaçlyk. uzadan bolsa setirlerdäki sazlaşygy ýitirerdimikä diýip durun.

ol derýa näme (göni manyda däldir diýip umyt edýän), kenaryndaky haşal otlar näme olary bilemok. her kimiň öz derýasy aýry, haşal oty aýry bolup biler. dogrusam şol. Gurbannazaryň "bardym kenaryna bulanyk derýaň" diýip başlaýan goşgusyndaky "tylla balyk" ýaly.

ýöne şol haşallary arassalamak üçin gaýgylardan saplanmak diýýäň welin, podskaska berýän ýaly. onsoň okyjy anyk bir zady çözjek bolmagy ahmal, şeýle pikir etmegi ahmal "nämäni arassalamak üçin gaýgydan saplanmak gerek?" diýip.
goý, her kim öz derýasy, öz haşaly hakda pikir etsin.

beý diýsem hemme goşgyňda obraz ulanjak bolup durmaly däl. bir zat kän ulanylsa ýadadýa.

şonýaly. gepi köpeltdim. bolanyna görä sözümiň soňuny Kerim agaň sözi bilen gutaraýyn (ol dost-ýarlar üçin ulanýa, men başga zat üçin ulanjak). beter ökde şahyrlaň beter gowy goşgularyny okasaň, täzeräk zat tapjak bolsaň

"ýetersiň iň uly matlaba çenlem"

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
"Baýgeldiýew Baýgeldi" däl, "Baýgeldi Baýgeldiýew" diýip ýazmaly.

0
3 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Bor Has daýy

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Baýgeldi, öýňüzde Atajanam diýýälermi saňa?
at dakylan öýdýän.

0
6 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Yok Atajan diyenoklar Kakyş diýýäler.

Sizede bir teklibim bar mango daýy iñ bolmanda familyañyzy goýsañyzam bolardy

Galanynam pikirleniñ

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Öweýin, ilki...
Gysga beýan etmäge, çugdamlyga üns berişiňe berekella diýeýin... (goşgy üçin däl, gaýrat-yhlasyň üçin, höweslendiriji söz).

Goşgyňam edebiýatçylar analizlärlerdä.
Başga zat ýada düşdi.
Belkide bu saňa-da sapak bolar.
Magtymgulyň diýişine bak:
“ MAGTYMGULY, KÖŇLE GAÝGY GETIRME, BU BIR IŞ WAGTYDYR, ÖZÜŇ ÝITIRME”.

Sen näme diýýäň, “ine, gaýgylardan çykaýyn, onsoň ýuwaş-ýuwaş (“azdan” diýşiňem kän ýerinde däl) kenaryňy haşaldan saplaryn...
Magtymguly şeýle ýagdaý üçin edil doktor ýaly resept ýazyp berýär: gaýga batmak özüňi ýitirmek bilen deňdir. Hiç zady başarmarsyň, tersine seni gaýga däldä işe çagyrýar. Işe - aktiwlige, herekete...
“Bu bir iş wagtydyr”- bütün ömrümiz iş wagty, gaýgy bilen gam bilen etmeli, bitirmeli işimizden galmalyň.
Iş wagty iş ediler (aktiwlik).
Gaýgy - pessimistlik. Naljedeýinlik.
Täzeden okalymy: MAGTYMGULY, KÖŇLE GAÝGY GETIRME, BU BIR IŞ WAGTYDYR, ÖZÜŇ ÝITIRME.”
Iş wagty bireýýäm başlady.
Herkim işli-işine.
Üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]