00:24
Diýebilmediklerim
DIÝEBILMEDIKLERIM

Mähir diläp galypdyryn el sere,
Umyt çäkli bagt menzilne eltere,
Bu gün sözlenmeli sözler ertire
Galmasyn, saklan!

Göwnümden nur, aklymdanam dür saçan,
Arzuwlam ak bolup,siñipdir saça,
Heserlenmiş datly duýgym dil aça,
Armasyn, saklan!

Belledim janaljy çeşmiñ öwzarym,
Syzman ýerde-gökde başga öý baryn,
Gaýnan gussa gözlerime ö:l baryn
Garmasyn, saklan!

Ah,bilseñ ýalñyzlyk niçiksi azap,
Geldim syr seçelän syrdaşym a:ra:p.
Lebimde gülleýän gülküler aga
Ýa:zmasyn saklan!

Owaz düzülermiş sada ses-üýnden.
Geljegiñ agtarsañ, habar al düýnden.
Emsiz-ýomsuz söýgim özüni müýnden
Saýmasyn, saklan!

Bulut gögüñ ýañagynyñ halymy?
Damjalar pyşyrdap sorar halymy.
Kejir takdyr wadamyzdan aryny
Almasyn, saklan!

Goja ýer mysaly aýlanyp añym,
Ädimleriñ sanap aýñalyp galdym.
Kalbyñ kirişleri aýralyk sazyn
Çalmasyn, saklan!

Mahym NURGELDIÝEWA.

23.07.2020 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 137 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 15
0
15 Atayew   [Mowzuga geç]
Ýüzugra düzedip boljak iki sany kiçijik bellik:
Üçünji bentdäki janaljy diýen sözi "janalgyç" diýip üýtgetseň, ýene şol bentdäki ö:l diýen sözüň deregine "çyg" ýa-da "nem" sözleriniň birini ulansaň, oňat bolardy.

0
14 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Galamyn kütelmesin Mahym.

0
12 Trigger   [Mowzuga geç]
В поэзии нет фактов, а есть слова, нет реальности, а есть образы.
Бенедетто Кроче

0
11 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Alaýabyly,şu aýdan teswiriñiz eşitmekden iñ gorkýan teswirimdi.Sebäbi gynansamam, özümem şeýle pikir edýän.Ýöne nädip düşündirsemkäm?!
Şu agzan şahyr zenanlaryñyzyñ köpüsiniñ döredijiligi bilen tanyş.Ýöne Aýgül Garaýewadan başgasynyñ poeziýasyny ýöntem görýän.Ýagny beýan edilýän pikirleri.Men çuñlugy halaýan.Isleýän çuñlugymy öz goşgularymda göresim gelýär.Şonuñ üçinem şu stilden üýtgäp bilmezmikäm diýýän.Kime ýa da kimlere meñzedýänligiñizem çak edýän.Zenan poeziýasyndan uzaklygymam bilýän.Ýöne meñ esasy görýän zadym şygyrda zenan ýûreginiñ açylmagy däl.Hala erkek bolsun,hala zenan çuñ pikir gozgalsyn goşgusynda.
Tankyt barada aýtsam şu saýtda sizi hem @eataýew agzany gutlaýan.Sebäbi ikiñizem kimdir biriniñ anyk bir goşgusyna baha bermek bilen çäklenmän tutuş döredijiligine baha berýärsiñiz.Şeýle agzalar hasam köpelsin hemem teswirleriñizi ýygy-ýygydan göresim gelýär saýtda.

0
10 myhman   [Mowzuga geç]
gowja setirler bar. mysal üçin men

Arzuwlam ak bolup,siñipdir saça,

setiri gowy gördüm. başga-da gowja setir bar.

ýöne goşgyň içine käbir gowja setirleri getireniň bilen iş bitenok. tutuş goşgyň bitewiligini saklajak bolmaly dälmi? bärde her ýerden tutdurlan ýaly bolup dur. setirleň hem grammatiki, hem logiki taýdan baglanyşmaly dälmi. mysal

Bu gün sözlenmeli sözler ertire
Galmasyn, saklan!


şu setirlerde bu gün aýdylmaly söz ertire galmaly däl bolsa näme üçin "saklan" diýýä.

Bu gün sözlenmeli sözler ertire
Galmasyn, durma!


diýse mantykly dälmi? "beýtseň redip bolmazda" diýmegiňizem ahmal. menem "redip üçin logikany gurban etmelimi?" diýip soraryn. eger "saklan" sözüni "sak - hüşgär" sözünden diýip ýuwmarlasaň bilemok. olam däl ýaly.

Osman Öde bilen Nobatguly Rejebiň söhbetdeşliginde Döwlet Garkynyň bir goşgusyny gördüm. goşgyny gaty gowy gördüm. jemlemesndäki iki setir dagy bet. goşgy bir ýana şol iki setir bir ýana. ýöne Nobatguly şonýaly gowy goşga-da bellik edipdir. aýdýan zatlary dogram. meň üçin goşga söz ýok. ol öz степень-inde, öz уровень-inde derňeýä.

men - men
ol - Nobatguly

düşündirip bilýänmi?

Ikisine (Döwlet Garkyn bilen Torum Ýaýlan @m) mahsus bir kemçilik: men muny mysal arkaly görkezeýin. Döwletde «Aýralyk pursaty» atly bir goşgy bar. Şonuň ajaýyp jemlemesi bar! Klassyka!

Ne bir geçen günler düşýär ýadyma,
Ne-de şu pursatdan tapýaryn karar.
Töwerek öwrülip tukat aýdyma,
Düşnüksiz sowal deý üstüme ýagýar.

Şadyýan baglaryň ýaşyl perleri,
Gojaň nursuz gözleri deý solupdyr.
Düýnki maňa syrdaş bolan güllerem,
Kişiň aýaly deý ýüzün sowup dur.

Ähli töwerekden gözleýän dalda –
Bar zatlar tanyşlyk kadasyn bozýar.
Ýa men ötüp barýan nätanyş ýoldan,
Ýa belet köçämden ýat adam barýar.

Yzdaky iki setir gaty seýrek tapdyrýan tapyndy. Döwlet şol setirleriň gowudygynam bilipdir, emma kämil şygyr ýazyp bilmändir. Sebäbi näme – sebäbi şol iki setiri diýmäge mejbur edýän ruhy ahwalat ýokarky setirlerde ýok. Baram bolsa gowşak. Beýik pikir ölmeýär, onuň üçin wagt gerek, rast şeýle pikir tapdyňmy – ony on gezek, ýüz gezek işle, emma öli setire çatma! Ras göwher tapdyňmy, ony kümüş ýüzüge däl-de, hiç bolmanda, altyn ýüzüge gaş etjek bolmaly! Şeýle nogsan gaty gowy şahyrlarda-da gabat gelýär.

bäşinji söhbetden.

0
8 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Teswirler we bellikler üçin köp tañryýalkasyn!Ýene iñ ýigrenýän zadymy etmeli(öz özüme adwokatlyk):Mango daýy,
1.Syr seçelän syrdaşym - meniñ syr seçelän syrdaşym ýagny men oña syr seçeleýän.
2.Diýebilmediklerim diýilmeginiñ sebäbi goşgynyñ liriki "meni" magşuk gyzymyz aýralyk pursadynda ýigide aýdyp bilmediklerini aýdýar.Ýagny oglan gidip barýar gyzam yzyndan seredip şeýle sözleri serinde aýlaýar.Ýöne näme ,gyz buýsanjañlygy sebäpli diýip bilmeýär.Goşgyñ ady şonuñ üçin diýebilmediklerim.
Saklan stop (siz ulananyñyz ûçin ulanýan şu sözi) manysynda.
3.Lebimde gülleýän gülkiler aga diýlende bärde diñe gülkä sypat berlipdir: Lebde gülleýän gûlki.
Agy - sypatsyz ulanylypdyr.
4.Syzmak babatdaky aýdanlaryñyza goşulsa boljak.Şony duýmak diýäýsek näder?

0
13 mango   [Mowzuga geç]
Ah,bilseñ ýalñyzlyk niçiksi azap,
Geldim syr seçelän syrdaşym a:ra:p.
(Geldim syr saklajak syrdaşym a:ra:p).

syr diýlen zada - seçmek-seçelemek gelişmezmikä diýýän.
seçmek-seçelemkde (ol syry) her kimiiň ünsüne oklaýan ýaly.
garaz syr seçilmese, seçelenmese, tersine saklansa...

0
7 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Gowy ýazýar, ýöne... Laçyn Pürjäýewa, Aýgül Garaýewa, Gülnabat Begenjowa, Suraý Babanyýazowa... ýene Ogulnur Ataýewanam, Tagangül Seýitmämmedowanam goşup bolar şulara... şu şahyrlary goşgularyndan awtoryny tanap bolýar. Öz ýüzi bar diýildigi öýdýän şu onsoň. Mahym weli, heniz beýle däl. Käbir şahyrlaryň döredijiligine aşa berilme. Ýogsa özüň bilmezden şoňa öýkünersiň, şony gaýtalarsyň. Birini gowy görüp özümizi unudyşymyz ýaly... Umuman, gözlegde bolubermeli

0
9 Haweran   [Mowzuga geç]
Käbir şahyrlaryň döredijiligine aşa berilme.
Döredijilikde öz ýüzüni görkezesi, öz sözüni sözläsi gelýänlere şundan gowy maslahat bolup bilmez.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Ady barada
“Diýebilmedikleriňden” beter arzuwlaryňa meňzeýär.
Ýa diýebilmedik arzuwlaryňmy?
Diýebilmezçe ullakan zadam diýmänsiň ýaly (diýäýmeli ekeniň).

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Lebimde gülleýän gülküler aga
Ýa:zmasyn saklan!


“gülki”, “agy”.
Gülkini leb bilen baglaňsoň, agy hem göze baglanaýjak ýalymy?
Ýogsam lebdäki gülki, lebde aga: öwrülýän ýaly... lebde-de bir aglanarmy?
Garaz, diýjek bolanymy tutup bildiňmi?
—-
Hemem goşgyny uzyn-uzyn uzaga çekdirmeseňiz gowy ýaly.
Üstünlikler.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Geldim syr seçelän syrdaşym a:ra:p.

“Syr seçeläýän syrdaş” - syr seçeläp ýörse oňa nädip syrdaş diýjek?
Haýran, men.
Adlynda, bu söz oýnatmalaryna gyzygyp, manydan uzaklaşmaga-da mysal bolup biler.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Syzman ýerde-gökde başga öý baryn,

“syzmak” başga zat dälmaý?
“Duýmadym, aňşyrmadym... başga öý baryn” diýjekdiňmi?
“Syzmadym ... öý baryn” bu-ýa birhili eşdildi.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
“saklan” stop manysyndamy Mahym hanym?

0
1 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Goşgyñy haladym Nurgeldiýewa

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: