23:14
Dostuma
DOSTUMA

"Birmahallar bar eken
Dost üçin başyn goýan..."

(Goşgudan)

Dostum!
Senden nägiledim,
Indi otyryn geçmişi ýatlap,
Hiç kanagat tapman,
Hem bir zatlar diýjek bolup gabatlap.

"Kapyýasyz şygyrçy sen" diýemde,
Bir ýylgyryp oñaýýardyñ,
Sessizje-de ýeñäýýärdiñ,
Señ bilen geçen günleñ baryn
Seniñ üçin söýäýýärdim.

Ak goşgular,
Ah, goşgular...
Edil ap-ak kalbyñ deý,
Gara bulutlarda ynam ýazgydyn
Göterip alysa göçüp gitdiler.

Bir men galdym ... hem kiçijek arzuwlar,
Bir sen galyp bilmän, gidipdiñ yrak.
Gussa bolup gelen bahar şemaly,
Geçip gidýär baglañ başlaryn yrap.

Ýagşyñ sesi,
Sazlaşyksyz setirler,
Hemmesin gaýtalap edýärin gahar,
Bir uly kalplara çöken gussa deý,
Sensiz geçjek günleñ soñuna çykman,
Dostum,
Ine, şeýdip aglaýar bahar.
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Елена_Прекрасная | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Iň soňky bendiň ikinji setirindäki gahar diýen sözi okap, dördünji setiriň soňky sözi, kapiýasy bahar bolarow diýdim. Diýşim ýaly-da boldy.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Bir men galdym ... hem kiçijek arzuwlar,
Bir sen galyp bilmän, gidipdiñ yrak.


“sen gitdiň, men galdym” manysynda aýdylanam bolsa... “sen galyp bilmän gitdiň, başarmadyň. Men bolsa galdym, galmagy başardym” ýaly tersiräk duýgy döretdi Bägül hanym.

“bahar şemalyny” gussa deňemegizem ýerinde däl ýaly, adatça güýzi gussa deňän bolýalar. Sen bahar şemalyny gyssaly görýäň... aslynda bolup biler. Ol seniň nastroýeniýäňe bagly. Ýöne bahar şemaly gussaly däl-de sen ony gussaly görýäň. Ýanyňda durandan sorasaň ol şemaly başgaça görer.

Bir şahyryň aprel aýy bilen неприятный ýatlamalary bolany üçin “apreli ýigrenýän” diýýädi, goşgularynda.
Senem “bahary agladasyň” gelip dur-d, onda.
—-
Ýagşyñ sesine, Sazlaşyksyz setirlere “Hemmesin gaýtalap edýärin gahar”-ly ýerinem täzeden işlemelimi? Hemmesine gahar ediş sözlemiňi başgarak gurmaly ýaly.
Saňada üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]