19:58
Okap bersene
OKAP BERSENE

Kakamyrat Rejepowa bagyşlaýaryn

Gülkiden daşlaşan garyp göwnüme,
Güler ýaly goşgy okap bersene!
Gursakda ýaşaýan gaýgy-gamlarym,
Öler ýaly goşgy okap bersene!

Bolgusyz pikiri aňda jemläni,
Karz alynan pula gyz hödürläni,
Ýigrimüçde gördüm, şeýle enäni,
Diler ýaly goşgy okap bersene!

Tanamam sylanym, çäksiz ussadym!
Bolşumdan nägile ýakynym-ýadym.
Ýanymdan daşlaşan, inçe umydym
Geler ýaly goşgy okap bersene!

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 177 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 29
0
29 Ependi   [Mowzuga geç]
Süýde siňe seretmek gerek däl, goşgudan nätakyklyk tapmadym men-ä. Şular ýaly realistik goşgularam bolsun arasynda. Herkimiňem özüçe gaýybana halypasy bolýandyr. Bir-birege söýeg bolmak. Gaýtam, fantaziýa goşgulaň köpüsi irizýär. Ylhamyňa bereket, real durmuşyň önümi.

0
13 mango   [Mowzuga geç]
Karz alynan pula gyz hödürläni,
Ýigrimüçde gördüm, şeýle enäni,


Öýlenmek üçin bolelinlik döwründe-de karz alynýandyrla.
Giň bol, Özi ýetirer. :-)
Pula gyz hödürlemek, hemem ejesi tarapyndan.. edil beýle däldirle...
Geljekki giýewsiniň ýagdaýy, terbiýesi, käri-hünäri... ýaly zatlar puldan öň hasaba alynýandyr (pikirimçe).
Umumana ogul öýerenem, gyz çykaranam özüň bolma diýlişi ýaly.... Baýgeldi jigimjan gyzyň ejesem şol pula baýar öýtme.. :-)
Toýuna ýetse zor boldugy.
Olam seň ýaly bergä batýandyr...
O zatlaram başga ertekiň gürrüňleri :-)
Üstünlikler.
——
Hemem. Dogry düşüneweriň, kimem bolsa aşa halamaň, aşa-da ýigrenmäň....
Düşündiň(izmi)?

0
11 mango   [Mowzuga geç]
Güler ýaly goşgy okap bersene!

Edil gülmek birhili dälmi? Zadornowa, Petrosýana diýseň bolar: güler ýaly bir zat diýsene - diýen ýaly. Kakamyrat güldürýän däldirle.

...gaýgy-gamlarym,
Öler ýaly goşgy okap bersene!


Biz adam. Her duýgam iki sortdan berilen, begenjiň ýanyna gynanç, gahar-gazabyň ýanyna merhemet, akylyň ýanyna akmaklyk.... garaz biri beýlekisiz bolmaýan ýaly... şonuň üçin “gaýgy gamy öldürmek” arzuwyňam, islegiňem bolmyýa.
Hat-da ölümi ajy görselerem, onam durmuşymyzdan aýyryp bolmaýar. “ýok bolsun ölüm” diýip bolmaýyşy ýaly, “gaýgy-gamlarym ölsün” diýibem bolmaz....
Umuman.... ýöntem pikirlenme, her zada başgarak bakyp bolýar diýjek boldummy... garaz düşünensiňle.

0
12 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Düşündim Mango daýy

0
9 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Yok Yelena men oñ jigisi dal

0
Onda sen haysy garyndaşy?

0
27 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Hic bir garyndasy dal men Ýelena diñe familýamyz deñ bolaymasa men ony tanamok

0
Sen mugallymlar gazetdaki Bagul Baygeldiyewanyn jigisimi?

0
6 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Dogry. Haýdawer. Ýöne goşgy gowşak eken. Şu gün elim degse Kakamyrat aga görkezerin

0
5 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Alaýabyly.Garagalpaklañ bir şahyry şeýleräk ýazypdyr...
"Magtymgulyny men okap,
Sözlerini kyldym togap"
Ol şahyr Magtymguly atamyz bilen döwürdeşem dàl ekeni...
Indi diyjek bolýanym soñky kuplediñ birinji setirinde beýan edilen gowşagragam bolsa...birä adyny bilýän hemem goşgylaryny okayan

0
7 Haweran   [Mowzuga geç]
Garagalpakly Berdimyrat Berdak aganyñ aýdýany başgarak zat. )

0
10 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Has daýy siziñ ol aýdanyñyz Balkan sebitlerinde ýaşan Berdakmyka

0
14 Haweran   [Mowzuga geç]
Balkan sebitlerinde ýaşan Berdak? Aý ýok, muny sizden eşidýän. Mysal getiren setiriñ bendini doly okaly: "Garagalpaklaryň beýik şahyry Berdak (Berdimyrat-1827-1900) hem (Magtymgulyny) halypasy hasaplapdyr. Ol bu barada "Yelardym men" diýen şygrynda şeýle ýazýar:

Magtymgulyny men okap,
Sözlerini etdim togap.
Kemi barmy beriň jogap?
Şol şahyry yzlardym men.


(Iñ bolmanda wiki daýyñ türkmen dilinde Magtumguly barada beryän maglumatyna seret).
Özem şu bent mekdebimiziñ edebiýat otagynda portret edip asylyp goýlup, ömürlik añymyza siñipdi.
Diýjek bolýanym, Berdak dädäniñ aýdýany başga zat, siziñki başga zat.

0
16 mango   [Mowzuga geç]
Gepe sokulýan, bagyşlaň.
Men kiçikäm hemme agajyň adyna tut diýerdim. :-)
Agaç bolsa ady tut bolýady.
—-
Özem şu bent mekdebimiziñ edebiýat otagynda portret edip asylyp goýlup, ömürlik añymyza siñipdi.
—-
Hemme asylan suratlar portret däl.
Asylan suran tebigat bolsa - peýzaž.
Jansyz predmetleň üýşmeleňi bolsa - natýurmort.
Adam suraty bolsa -portret ... bolýa.
Edebiýat otagyndan asylan ol surat plakat bolup biler.

0
Magtymgulynyn portretinde yazylgy bolsa näme mango?

0
19 mango   [Mowzuga geç]
Berdagyň sözüni Magtymgylyň portretiniň aşagyna ýazan bolsalar, onda ony eden okuwyny ikilik bilen gutarandyr.
(şu sözlemde bir näsazlyk gidipdir öýdýän. Düzedýän. Aşakda-da aýdandyryn: portetiň ýüzüne ýazgy ýazyp surat çeken hudožnik barada aýtjak bolupdym. Portetiň aşagyna söz ýazylyp bilner).
—-
Umumana portetiň ýüzüne ony çeken suratçy hiç haçan ýazgy ýazmaýar.
Aýhan Hajy hem ýazan däldir.
Hä. Portretinde däl-de portretiniň aşagynda ýazylandyr.
Ol eýýän başga erteki.

0
:D yone realno govy şo surat ilki portret aşagyndanam taraşlap şaglatgyn köñle geleniñ bardy bizkide

0
23 Haweran   [Mowzuga geç]
Ertekini şu ýerdäki agzalaryñ hemmesem çagajykka enelerinden ýeterlik diñländir. (Gatyrgandy diýip düşünäýmäñ, ine, bulam teswirden "monjuk" gözlemegiñ bir görnüşi-dä)

0
25 Haweran   [Mowzuga geç]
Hem Berdagyñ sözüni ramkalap, Magtymgulyñ suratynyñ aşagyndan ýazan kişi (ýatan ýeri ýagty bolsun), ikimizdenem onlarça esse sowatly, köne türkmen (arap-pars) çep eliniñ barmagynda (dogrudanam çepbekeýdi pahyr) elipbiýinde suwara okap-ýazyp bilýän, Gündogar edebiýatyna bäş barmagy ýaly belet biridi.

0
26 mango   [Mowzuga geç]
Düşünmezligi düzetdim.
Portetiň aşagyna däl-de ýüzüne ýazy ýazmak barada aýdypdym.
Mugallymyňyzam ýatan ýeri ýagty bolsun.

0
21 Haweran   [Mowzuga geç]
Ýok, Bägül, imenno şol bent portretlenip diwaryñ ýüzüne asylyp goýlandy. (Otagyñ bir diary durşuna Magtymgula bagyşlanandy: iñ ýokarsynda beýik şahyryñ suraty, aşagynda onuñ goşgularyndan alnan bentler; iñ aşagynda-da Bertelsiñ, Bartoldyñ we ş.m alymlaryñ Magtymguly barada aýdan sözleri, hem ýañky mysal getirilen bendem PORTRET EDILIP asylyp goýlandy.

0
:D şu wagt gülüp gülüp wara

0
18 Haweran   [Mowzuga geç]
ŞU BENT MEKDEBIMIZIÑ EDEBIÝAT OTAGYNDA PORTRET EDILIP (DAŞY RAMKALANYP) ASYLYP GOÝLUP"-DY.
Netijede ylmy iş ýa eser däl, okalan zada ýüzugra ýazylan teswir, her ýazylan teswiriñ sözüni sünnäläp, taraşlap, ýöriteläp oturmaga wagt-mümkinçilik ýok, okalşy ýaly (ýolugra, ýüzugra, aýagüsti) aşagyna seslenme ýazylýar. Şekillendiriş sungatyndanam az-owlak düşünjäm barmyka diýýän, azyndan natýurmortyñ, peýzažyñ, portretiñ nämedigini biler ýaly derejede. Bolany.

0
24 mango   [Mowzuga geç]
Haweran daýy. Gaharlanmaň.
Gaharlanyp ýene ýalňyşdyňyz.
bent... portret edilip asylgy...” diýýäňiz.
Ýöne, bentden portret bolmaýar ahyryn.
Portrete adam şekili gerek.
(portretiň aşagyna bent ýazyp bolar, ýöne).
Men şony aýtjak boldum.
(Indiki aýtjagym başgalar üçindir. Ramkalanyp asylan hemme surata portret diýilmeýär).

0
28 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Has daýy menem şol aydanymy doly bilemok yone şonuñ"balkan gözeli"diyen gosgysy bolmalymyka diyyan ya bolmasa yene bir setir mysal getireyin Magtymguly atamyza ýazylan

"Sönmän galan armanmy sen,näme sen!"

0
4 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Baýgeldi Kakamyrat Rejebowy ýakyndan tanaýaňmy? Diýjek bolýanym şeýle manydaky goşgular ýakyn gatnaşykda bolýan adamlaryňa ýazylýan ýaly

0
3 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Kakamyrat Rejebowyň Seýitmyrat Geldiýewe şeýle manyda ýazany bardy öýdýän

0
2 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Dùşündim

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Geçen gezenki "...bagyşlanýar" goşguda belläp geçjekdim. Şü "goşgy okap bersene", "goşgy okap bereýin.." diýen ýaly köpleriñ ulanyp-ulanyp ýagyry çykan söz düzümlerini kän ulanmajak boluñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]