15:02
Seregül / hekaýa
SEREGÜL

Gapdalymdan zybyrdap geçýän maşynlary, yzy üzülmeýän ýollary, beýik gat tamlary synlap barşyma, münüp barýan awtobusymyň ahyrky duralga gelip ýetendigini hem bilmän galypdyryn. Awtobusyň araýolunda inmäge taýýarlanan ýolagçylaryň arasyna sokuldumda , ädimme-ädim öňe ýöredim.Gapysyndan bir aýagymy sallap ýere ýetiren badyma ,öňümde ýüzi bürelen, okara ýaly uly we sowuk gözlerini balkyldadyp awtobusdan düşýänleriň garşysynda el serip duran aýala gabatlaşdym. Onuň egnindäki köneje, gap-gara paltosynyň erkek adamyňkydygyna garamazdan, edil özüne deňelip biçilen ýalydy. Üstünden bir näçe gyşy geçiren palto, onuň eteginden görnüp duran sport balak, aýagyndaky köneje sport köwüş ony birbada görenlerde erkek kişidir diýen pikiri döredýärdi.Ýöne başyndaky ýalykdan çen tutaýmasaň ýa-da onuň inçejik zarynlap sözleýşi diýäýmeseň, asyl-ha tapawutlandyrar ýaly däl-di.
Agalar,bajylar! Öwlüýä, enbiýa, garyba aýdan sadakalaryňyz bolsa beriň. Öýde gyzym aç otyr. Adamym syrkaw ýatyr. Biz garyba ýardam ediň! Bereniňiz behiştde eliňizi tutar enşallah.Sadakaňyzy men garyba beriň.Doga edeýin-dogam ýüzüňizi güldürsin!Köp bereniň ogly bolsun, az bereniň hem gyzy bolsun! Ikiside salyhy perzent bolsun !. Tohum tijiňiz beren sadakalaryňyz ýaly köpelsin çogalsyn! Ämin!
Awtobus şofýorunyň beren gaýtargysyny, pul gapjygyna salmaga ýaltanýan ýaly, oňa ownuk gaýtargylary ýüzüniň ugruna berip geçýärdiler. Käbirleri bolsa``Aý şu betbagtlar hem soňky günlerde basan ýeriňde tapalýar-aý``- diýip, gedaý aýala elini salgap, hiç zat bermän gidiberýärdiler. Aýal bolsa olary gaharly gözleri bilen ``ýola salýardy``
Men ilkinji gezek bu şäherde bolamsoň, esli wagt haýsy tarapa ýöneljegimi bilmän durdum. Ol aýalyň maňa tarap ýörändigini görenimden, gerdenimdäki el torbama bir elimi sokdum-da, elime düşen kagyz puly oňa uzatdym. Aýal iki eli bilen garbap aldy. Minnetdarlyk bildirdi-de, ýüzüme bakyp doga dileg edip başlady. Onuň gözlerine gözüm düşenden, doňup galdym...
``Bu gözler maňa gaty tanyş-la. Men bu gedaýy nirede gördümkäm. Biziň barmak basaýmaly ilatly kiçijik şäherimizde gedaý bolsa-da, baý bolsa-da ýedi puştuna çenli tanalýar. Diýmek bu betbagty men ýolda- yzda gören bolmaly. Hawa-da, näme, halkdan güni geçýän gedaýyň ``tüýnügi depesinde-goşy arkasyndadyr-da.`` Belki meniň bilen gabatlaşyp, menden öňem dileg edendir.``. Içimi gepledip özüm özüme jogap bersemde, hiç ynjalygym bolmady. Bu aýalyň gözleri maňa has tanyş, has içgin, has mähriban görünipdi...
Bu duralgada indi her gün diýen ýaly awtobusdan düşýän ýa-da münýän. Sebäbi, meniň täze işe ýerleşen dokma fabrigime golaý duralgady. Täze iş bilen hem öwrenişdim gitdim. Her gün dileg edýän gedaý aýal bilenem öwrenişdim.Öňler alan aýlygymdan ownadyp goýýan pulumy indi ikä böldüm. Ýarysy ol aýala, ýarysyda mekdebe gidýän ogluma. Indi ol aýal hem meniň ýanyma gelende elini serip durmazdy-da, meniň pullyja gapjygyma seredip, haçan puluň çykaryljakdygyna garaşardy. Kä mahal aý başynda alan pulumdan biraz köpräk bererdim. Şoňa görä ol aý başynda has hem maňa owadan gözlerini biraz ýaldyradyp bakardy. Meniň göwnüme onuň maňa görünmeýän dodaklary, ýaňaklary hem biraz ýylgyrýan ýalydy. Meniň iş ýerimde diňe aýal- gyzlar işlänsoň her gün bu duralgadan tä iş gutaryp, ýene bu duralga öwrülip gelýänçäk aýal-gyzlaryň gowurdysy galmagaly gutarmazdy. Biz biri-birimize gezek bermän dünýäniň syýasy ýagdaýlaryndan başlap tä goňşymyzyň öýüniň içindäki keseki durmuşyna çenli gürrüň edýärdik. Ilkinji işe gelen günüm fabrigiň iň ökde ``habarçysy``Gülsenem daýza menden hemme ``hasabaty`` alypdy. Näçe çagam bar, öýüm kireými ýa-da hususymy? Adamym nirede işleýär? Alýan aýlygy näçe? Maşgala eklemäge ýetýärmi ýa-da başga ýerden hem girdeýjimiz barmy? Aý garaz hatda adamymyň maňa biwepalyk edenini, etmänine çenli sorady. Ondan bäri men bu fabrigiň içinde işleýän her bir aýalyň hemme ýagdaýyndan iň bärkisi saçlaryna boýaýan reňkleriň nomerine çenli belet boldum. Sag bolsun Gülsenem daýza!. Onuň barlygynda bize ``dünýäniň hemme habarlary`` eglenmän gelýär.. Gülsenem daýza işe mydama irräk gelerdi-de, şäherdäki bolup geçen habarlardan ``el degmediklerini`` getirerdi. Biz oňa `` Bi-Bi-Si-niň fabrigimizdäki habarçysy``diýerdik. Ilkibada biraz öýkelejek ýaly etse-de, soňra bu berlen ada öwrenişip gitdi. ``Aý hemme adam bu wezipäni başarmaýar-a `` diýip gülerdi. Gülsenem daýzanyň kä mahal ýarawsyzlyk tapynyp işe gelmedik günleri biziň gulagymyz, burnumyz kesilen ýalydy. Dünýäden bihabar hemmämiz. Kä mahal biri bir habar aýdaýsa-da, onuň ahyryna çenli ýetibilmän kösenerdik. Gülsenem daýza işe geldimi, ähli habarlar ap-aýdyň. Kim kimi alyp gaçypdyr, kim kim bilen aýrylyşypdyr. Sebäbi näme?. Hat-da, geljekde bolup biläýjek zatlaryda aýdar welin, wagt geçmänkä aýdyşy ýaly bolar duruberer. Onsoň bu wezipäni öňdengörüji, eşitgir ,duýgur Gülsenem daýzadan başga adamyň dogrudan hem başarmajakdygyna göz ýetirerdik.
Bu gün hem işe irräk geldimde, iş wagtynyň başlanmagyna wagt bolansoň, Gülsenem daýzanyň ýanyna ýumlukdym. Habar bar bolmaly. Eýýäm daşyna birtopar aýallar üýşüpdir.nHabaryň soňuna ýetişdim. ``Aý her adamyň bir ykbaly bolýar welin beýle ykbal hiç kime nesip etmesin. Öýüňde ölüp duluňda süýnmek hem uly bagt ahyryn.Wah betbagt Seregül.``
Onýança işiň başlanandygyny habar berýän jaň sesi ýaňlandy. Gürrüň hem tamam boldy. Çalarak eşidişime görä, bir ýerlerde bir naçaryň ömür tanapy üzülipdir. Bagty pes, ykbaly ýaman aýal bolmaga çemeli, hemmeler başyny ýaýkaýar. Ahyryny eşidip ýetişsemde, hemme zat düşnüklidi. Sorap idäp hem oturmadym.
Ondan bäri eýýäm 20 gün geçipdir. Aýlygymyz täze ýylyň öň ýanynda berilensoň, baýrama her bir işçä pul sylagyda berildi. Her kimiň ökjesi ýere degenok. Elleri işde bolsa-da, hyýalda aýallar täze ýyl üçin bezeljek saçagyň üstüne alynjak zatlary hakda aladada. Menem hyýalymda bazaryň o başyndan girip, bu başyndan çykýan. Basymrak goýberseler-de, gerejik zatlarymy alsam.
Iş wagty biz näçe howluksagam, her günküsi ýaly ne ir, ne-de giç öz wagtynda gutardy. Ýüregimiz suwluja, gadamlarymyz batlyja okduruldyk duralga tarap. Her kim ýaly men hem awtobusuň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Howlugan wagtyň o-da gelmeýär. Gözüm birden 8-10 ýaşalaryndaky, iki örülen saçlary tow-tow bolup duran owadanja gyza düşdi. Gyzjagaz boýunjygyny burup, duralgadakylaryň ýanyna gelip olardan pul dilenýärdi. Garagözelejik gyzyň kirlije ýüzi maňa kimdir birini ýatlatdy. Ol meniň ýanyma gelip, gysgaja paltosynyň tirsegine ýetip duran ýeňini çekişdirmäge synanyşdy. Elleri üşeýän bolarlydy. Meniň oňa ýüregim awady. Onuň başyny sypadym. Gyzjagaza az-owlak ownuk pul berdim. Birden gedaý aýal ýadyma düşdi. Töweregime garanjakladym. Iş-güýç bilen ýadyma düşmedik gedaý aýaly, indi birnäçe gün bäri görmändigim ýadyma düşdi. Dogrudan-da, ``Dokuň açdan habary ýok`` diýleni. Ol görgüli nirede-kä? Ýa indi başga ýerlerde dilenýärmikä? Oňa çenli gyzjagazyň: ``Agajanlar, daýzajanlar sadakalaryňyz bolsa beräýiň-dä?! Ejem öldi, dädem bolsa hassa ýatyr. Köp bereniň ogly bolsun, az bereniň gyzy bolsun. Ikiside salyhy perzent bolsun. Tohum- tijiňiz, agtyk-çowluklaryňyz beren sadakalaryňyz ýaly köpelsin. Amin``! Inim düýrükdi. Gyzjagazyň ýanyna gelip birsalym doňup durdum. Oňa seretdigimçe-de .....

* * *

... Şoool uzakda galan çagalygym ýada düşdi. Gaýgysyz, gamsyz geçen iň ajaýyp günlerim. Okuwa gitmedik wagtym özüm ýaly gyzlar bilen bäşdaş, gizlenpeçek, aýterek-günterek, mamam çörek, gözdaňdy oýunlaryny oýnardyk. Iki topara bölünerdik. Garşydaş tarapa goňşymyzyň gyzy Seregül, beýleki tarapa hem men baştutanlyk ederdim. Hallaýlaşyp gelen gyzlaryň ejizleri meniň tarapyma, dogumlyraklary Seregüliň tarapyna geçerdiler. Seregül ikimiz boýlaşyp durandyrys. Gyzlar ikibir ikibir gollaryny biri-biriniň boýunlaryndan atyp gelerdilerde sorardylar:
--Hallaý-hallaý. Kime gün –kime çyra ?
--Maňa gün- Seregül maňa gezek bermez.
--Hallaý –hallaý .Kime palta –kime pyçak?.
--Maňa palta.- ýenede meniň agzym açylmanka, ýumular
--Hallaý-hallaý. Kime okean-kime köl?.
--Maňa okean. – Bu gezek men bilgeşleýin jogap bermeýän.Öz ýanymdan gaharlanýan. Seregül bolsa has güýçli zatlary: güni, paltany ,okeany gazanarda, ekabyr gyzlary daşyna toplar. Meniň ýanymda bolsa çalaja ýanýan çyrajyk, pyçajyk we köljagaz galýar. Güýçsiz ejiz bolsakda, bar güýjümiz Seregüliň toparyny utmaga synanşardyk.
--Aý terek!
--Gün terek!
--Bizden size kim gerek?
--Saýrap duran dil gerek.
--Dilleriň haýsysy gerek.?
-- Keýik diýen gyz gerek.
Keýik towsaklap gider garşy tarapa. El tutuşan gyzlaryň arasyny böwüsmäge çalşar. Keýikde güýç ýok bolansoň, ony derrew Seregülüň topary alyp galardy. Meniň toparymdaky gyzlar Keýik, Sülgün, Sarygül, Dünýägözel ýeke-ýeke giderdi. Gaýdyp gelmänsoňlar ahyry gezek maňa ýeterdi. Kä mahal oýundan utulanyma namys edip aglap öýe gaýdardym. Kä mahal hem bar güýjüm bilen dyzap olaryň arasyny bölerdim.
Offf... haýsy birini alyp gaýdaýyn. Keýige derek Maraly Sarygüle derek Akgüli alyp gaýdardym.Çagalygymyzdaky bäsdeşlik oýun bolsa-da, soň soňlar ulygyz bolanymyzda hem Seregül ikimiziň aramyzda hakyky ``duşmançylyk`` başlandy. Seregülüň gyýma galam gaşlary, topugyna düşüp duran şar gara saçlary, ýaýgyn gerdenleri, süýt ýaly akja ýüzi gün geldikçe owadanlanýardy. Onuň jak-jaklap gülişi dagy käkiligiň saýramasy ýaly üýtgeşikdi. Ýaňagyndaky çukanajyk bolsa ýagyş damjasynyň düşen ýeri ýaly buldurapjyk durandyr. Ejesi mydama köçede dagy Seregüli çagyranda``Gülleriň seresi! Gyzlaryň başy`` diýip çagyrardy. Öz ýanymdan özüm kemsinerdim:`` saçym uzyn bolmandyr hamala, ýeri şu ýaňakdaky çukanak bolsa bolmaýarmydy?``- diýip aýnanyň öňünde uzak wagtlap özümiň kem taraplarymy tapyp durardym. Enem gelip: ``gyzyň owadanlygy onuň akylyndadyr, el hünärindedir. Onsoňam`` her gülüň bir ysy bar``diýleni`. Seniň gözelligiňi dünýäniň gyzyna çalyşman. Guzym, bagtyň owadan bolsun!``- diýerdi. Ol wagtlar bagt näme bagtly bolmak näme aňlabam durmazdyk. ``Özüň owadan bolsaň, bagt hem öz-özi üstüňe geliberer`` diýip içimi geplederdim. Gülse gülkisini gabanyp, oglanlaryň nazarlaryndan oňa bolan söýgi uçgunlaryny gysganyp Seregül bilen ahyry onýyllygy tamamladyk. Soňra men okuwa şähere gaýtdym. Seregül bolsa öýde galdy. Soňra hiç Seregül bilen sataşmadym. Ýöne oba gelenimde Seregüle öýlenmek üçin gelýän oglanlaryň köpdügini, olaryň hiç birine göwnüniň ýetmeýändigini şäher oglany bolmasa durmuşa çykmajakdygyny eşiderdim. ``Şäher oglanlary Seregüli görseler gözlerine çalarlar welin...`` diýip uniwersitetdäki bile okaýan titije, gompuja şäher oglanlaryny göz öňüme getirýärdim. Olaryň ýanynda, geň enaýyja üsti açylyp, ýapylýan maşynlarynda Seregüli göz öňüme getirip görýärdim. ``Dogrudan hem Seregül olara gelişýär`` diýip ýuwaşja pyşyrdaýardym. Soňra ykbal herimizi bir ýere atdy. Men başga bir oba, Seregül bolsa uly şäherde biriniň ýekeje ogluna durmuşa çykypdyr. Ýatan çöpi galdyryp görmedik ýalta, lälik oglanyň``towugyna tok``diýilmänsoň, soň-soňlar azypmyş. Gözi iliň namysynda aýal-gyzynda bolup agzy hem hapalanyp bolgusyz zatlara degipmiş. Seregüli hem idemän ``itiň art aýagyndan suw içirýärmiş ``Ene-atasy hem ölensoň, has ``gäbi azypdyr`` diýip oba arasynda myş-myşlar ýaýrady. Bu myş-myşlar hem soňa-baka her kimiň ýadyndan çykdy. Her wagt oba baranymda bolsa Seregül hakda ne men soradym, ne-de ol hakda maňa gürrüň berdiler. Garaz biziň çagalygymyz, Seregül, Sarygül, Sülgün, Maral hemmeleriň ýadyndan, çykdy öýdýän...

* * *

Yzymdan biriniň itip göýbermesi bilen özüme geldim. Görsem awtobus gelipdir. Içi ``börek bükülen ýaly`` münmedim. Kiçijik dilegçi gyzjagazy gözüm bilen agtardym. Ol gyz ugramak üçin çalaja hereket eden awtobusuň ikitaraplaýyn açylýan gapysyndan atylyp çykdy. Men ylgap gyzjagaza okduruldym. ``Seregül!..`` Agzymdan çykan söze gyzjagaz geňgalyjylyk bilen seretdi. Birsalym dodajygyny kemşerdip durdy-da:
--Daýza sen meniň ejemiň adyny nireden bilýäň?- diýdi.
--Sen agynjak ejeň ahyryn. Meňzäp dursuň-a.
--Hemmelerem şeý diýýär. Goňşymyzyň aýaly ``ejesine meňzän gyz bagtsyz bolýarmyş`` diýdi dogrumyka daýza?!
--Ýok beýle däldir. Seniň ejeň bagtyna biziň gözümiz giderdi.
--Meniň ejem behiştde hüýr gyz bolanmydyr.
Depämden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Gyssanyp iki elimi depäme ýetirdim. Dogrudan hem ``ot çykýar``.
--Näme ejeň öldümi? Haçan?
--Üç hepde öň ejemi şu taýda bir maşyn kakypdyr. Soňra ony keselhana ýerleşdiripdirler. Ol ýerde hem onuň kimdigi bilinmän, birnäçe gün galypdyr. Soňrada ölüpdir. Meniň ejemi hem görensiňiz-a? Ol şu duralgada dilegçilik ederdi. Meniň ejem Seregüli siz haçandan bäri tanaýaňyz daýza? Gyzjagazyň jibirdäp –jibirdäp gepleýän sözleri gulagyma üzlem-saplam gelip ugrady. Başym aýlandy.
--Seregülimi?.. Seregüli ir wagtdan bäri tanaýadym... Ol ähli gülleriň seresi wagtyndan bäri....
Gözümden biygtyýar gaýdan ýaş kiçijik gyzyň ellerine damdy. Täze ýyl üçin berlen pul bayragyny jübimden gysymlap çykardym. Ojagaz gyzyň kellesinden geçirilen kirli torbajygyň bagyny çözdümden içine saldym. Gyzjagaz bir ýylgyrdy. Seregüliň gözlerindäki birwagtky bizi oýunda ýeňen wagtyndaky şöhle, ýaňaklaryndaky çukanajyk peýda boldy.
--Bu ýere her gün gelermiň? Adyň kim?
--Adym Läle. Dädem getirse...
Kiçijik Läle uzaklaşdy. Men awtobusa münüp, boş oturgyja özümi goýberdim. Awtobusuň aýnasynyň adam deminden bugaran aýnasyny süpürdim-de, daşary seretdim.
Adamlar täze ýyl alyş berişleri bilen başagaý. Her kimiň elleri agyr paketli. Han-ha bir adam uzyn- uzyn ädimläp eline ýaňyja kesilen ýaşajyk arça agajyny gujaklap barýar. Hanha-da bir aýal alyp bilen zadyny alyp göterip bilmän töweregine garanjaklaýar. Megerem ol özüne kömekçi agtarýan bolmaga çemeli. Iki sany gyzjagaz bolsa Garpamygyň akja köýnegini geýip mekdepde geçiriljek dabara howlukýar. Ýoluň o tarapynda bolsa ...
Kiçijik Lälejik bir aýagy pişekli, egnine Seregüliň gara paltosyny geýen, bir erkek kişiniň goltugyndan tutup süýrekläp barýar. Arasynda durup duralga tarap süýem barmagyny, çommaldyp torbanyň agzyny açyp birzatlar düşündirýär. Olar ýoluň o ýüzündäki süýji tort satylýan dükanyň agzynda biraz saklandylar. Agsak adam gyzjagaza bir zatlary ellerini hereketlendirip diýensoň Lälejik kellesini etege salyp gidiberdi. Meniň oňa ýüregim awady.``Wah özüm alyp beräýmeli ekenim-ä?!!`` Şol wagt hem awtobus bir siltenjiredi-de ugrady.
Çagalygymyň Seregülini birnäçe ýyldan soň şeýdip duýdansyz tapdym we duýman durkam hem gaýyp etdim. Ah Seregül ,Seregül.....

Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 150 | Добавил: meylishalyk90 | Теги: Ogulmaýa Semizadeh | Рейтинг: 3.8/4
Всего комментариев: 4
1
4 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Ýürek gyýyjy hekaýa...

1
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gyzyñ ykbaly birhili özüne bagly däl ýaly hä? Mañlaýyñdan gowy adam çyksa-ha sen birkemsiz gelin gowy adam çykmasa-da köpükçe gadryñ ýok.
Şol Seregülüñ bezenip beslenip her toýa bir köýnek dikinip,bir öýme dañynyp ýören aýallardan nä kemi bardyr öýdýäñiz?!

1
2 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Tankytçy ýa analitig-ä däl, ýöne maşyn wazlaýa diýip bilýädim. Çagalar, uly adamlar, haýwanlar, esasanam mör-möjekler zybyrdaýa diýip bilýän. Men muny kemçilik ýa ýene bir zat hökmünde aýdamok, ýöne gözüme ildi-de aýdaýdym. Wakany bolsa haladym, suratlandyrma bar hem bolsa...

1
1 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Like. Gowy hekaya, doly okadym

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: