07:42
Syr
SYR

Ötüp ömrüň kötel-kültem ýollaryn,
Müň synaga serin sämeden adam.
Apatlarda çygjarmadyk gözüňi,
Bir söze ýaşlamaň nämeden adam.

Müň müşgilde ezilmedik kalbyňy,
Birje hoş owaza ezýäň, nämeçün?
Gylyç-güllä egilmedik başyňy,
Gelip bir kitaba egýäň, nämeçün?

Döwülmän durmuşyň darkaşlarynda,
Aý-günleriň gysajynda owulman,
Ýeri gelip-gelip neçüýn ýüregiň,
Bir jümlede gözýaşyňa ýuwulýar.

Kakamyrat REJEBOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 194 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 18
0
18 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Öñ ençe gezek synanyşdym.Hatda öz goşgularymyñ çap edilen sanlarynam görüp bilmedim.Ýene bir synanyşaýyn şu gün şeý diýeñsoñyz.Hernä siziñki dogry bolaýady da.Netijesini aýdaryn

0
17 beghan   [Mowzuga geç]
aý, ýok, uýam. men-ä şuwagtjyk ýükledim. Ýogsa ýazylmadymam. Hat-da Dünýä edebiýaty žurnalyna çenlem ýükledim. Ýogsa şoň bahasan beýlekilere garaňda gymmat bolmaly.

0
16 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Diñe ýazylan bolsañ ýükläp bolýa.Abuna bolmasañ bolanok.Käşgä nesili okap bolsady...

0
15 beghan   [Mowzuga geç]
Gazet-žurnal gerek bolsa aşakdaky linkden ýükläberiň:

https://metbugat.gov.tm/newspapers?id=10

Hezil baryny berýär.

0
14 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bolýa.Bile ýalkasyn.Ýokarda bir aý bary nesip etse ertir goýjak.

0
12 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Nesilde okapdym

0
11 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Baýgeldiýew bardy öýdýän toplumy.Poçtañyzy barlap göräýiñ.Ýokarda bir aý bar çap edilen goşgumyka?Şeýle bolsa goýaryn.Çap edilmedik bolaýmasyn diýip goýman ýördüm.

0
13 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Gelipdir Nurgeldiýew Alla ýalkasyn

0
10 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Nurgeldiyewa siziň aýdan wagtyňyz gelip ýetdi mumkin boldugyndan synanyşaýyň

baygeldiyewbaygeldi77@gmail.com

0
7 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Baýgeldiýew häli ugratjak bolup bir iki üç minut internetimi açyp garaşdym.Ugradylýarda size baranok.Yandex bolandanmy nämemi.Megabaýtymam az.Saýta zordan girip çykýan.Tygşytlajak bolup.Şu aýyñ 12 si 13 lerine täze taryf açylýar.Şonda ýene de synanyşaryn.

0
8 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Bolýar Nurgeldiýewa minnetdar!

0
9 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Birem Nurgeldiyewa Kakamyrat agañ yokarda bir ay bar diyen gosgusy hem bolmaly şonam şu yere goýsañ bigam cagalygyma aýlanyp gelerdim

0
6 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Elektron poçtañyzy aýdaýyñ.Şol toplumy tutuş ugradaýyn.Ýöne toplumdaky beýleki goşgular çap edilenmi dälmi bilemok .Sebäbi halypañ özünden haýyş edip alypdym.Olam çapa hödürlenmedik goşgularynam ugradaýýar.Diýjek bolýan zadym özünden birugsat paýlaşmañ çap edilmedik bolsa.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
1) bir söze gözüňii ýaşartmak... - ok.
2) bir hoş owaza kalbyňy ezmek... - muňa-da ok.
3) Gylyç-güllä egilmedik başyňy,
Gelip bir kitaba egýäň, nämeçün?
gylyç-gülläň öňünde baş egmek we egmezlige nähili düşünmeli?
egmezlik - boýun bolmazlykmy?
başyňy egip, gylyç-gülleden sowulmasaňam-a birhili...
näsaz setir (deňeşdirme) ýaly...

4) bir jümlede ýüregiň gözýaşa ýuwulmagy. hmmm. ýürek nirde, gözýaş nirde....
ýüregiň özi aglasa ("ýürek gan aglasa") düşnüklem welin, Kakamyrat kakaň setirlerinde aglaýan-a göz, ezilýänem ýürek....

dereje ortarak.

0
3 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Elektron gornusini kyn görmeseňiz maňada ýollaýyň Hyýalkeş dogan

0
2 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Hyýalkeş dogan esger wagtym ýalňyşmasam nesil gazetinde okapdym bu meniň ýadymda galan K.Rejebowyň tegine bir_birden göz gezdirdim ol yerde yok bolansoň goşaýdym haýsy tomlumyndandygyny bilmedim

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Baýgeldiýew,şuny maýdaky toplumyndan aldyñyzmy?
Eger maýdakydan bolsa,başga nähili goşgulary bar? Atlaryny aýtmagyñyz ýeterlik.
Şuñ elektron warianty bar mende.Dyngy belgilerinde käbir ýalñyşlyklar goýberipsiñiz öýdýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]