05:32
Ýazlaryñ ýurdy
ÝAZLARYŇ ÝURDY

Bilýäňizmi, ata ýurdun ýazlaryň,
Bilýäňizmi, baky bahar nirede?
Nirede göwünler gül-gül sazlaşyp,
Hoş sözler aýdylýar birek-birege?
Aşyk bolar,
şahyr bolar bir demde,
Kim bu jennet ýurda maňlaý direse.

Bilýäňizmi, ýaşyl ýazlar Zemine
Onuň ýaşyl Baýdagyndan ýaýylýar.
Ne arman bar, ne gussa bar, ne kine...
Bir gören – dost,
iki ýola göreniň –
Dogan saýylýar.
Tamdyrdan göterlen çörek deý gyzgyn,
Yssy ýüzler saýry däldir asla-da.

Ýürekden ýylgyrsaň,
ýylgyrşyň şol dem
Älemgoşar bolup çykýar asmana.
Gülseň, gülkiň dury çeşmä öwrülýär,
Ganat kaksaň – mümkin guşlar deý uçmak.
Uçmah bu, uçmah.

Aýdym ýagýar asmanyndan bu ýurduň,
Ganat ýaýyp uçuşyp ýör şygyrlar.
Ylla, gül gujagna Zemin ýerleşip,
Bal bilen ýag bolmuş çäkler-çygyrlar...

Ganatynda täsin garlawaçlaryň,
Synlarsyň gözelleň galam-gaşlaryn...
Owaz bardyr durnalaryň perinde.
Aýdyma aýlanar,
Söýgä öwrüler
Onuň gujagynda ýaşan ýaşlaryň.

Baglarynda bilbilleriň saýragy,
Başgadyr ýaşaýşyň ýakym-ýaýrawy.
Bilýäňizmi, Erem bagy nirede,
O niredir, göwün ýaly nurludyr -
Meniň ýurdum – baky bahar baýramy!
Türkmenistan – ýazyň ata ýurdudyr!

Kakamyrat REJEBOW.

2016.
Категория: Goşgular | Просмотров: 140 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 13
0
12 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Adam watanyny yigrensede, halasada bolar. Hemmeler bir watanda yaşasada, hemmeleriň ýaşaýyşy deň däl. Biz başga-başga adamlar, başga-başga şertlerde önip ösdik. Şonyň ücinem biz birek-biregmizin tapawutly taraplarmyzy sylamalydyrys

0
11 Netflix   [Mowzuga geç]
Adamynyň fantaziýasam örän geň zat... Iýmedik zatlayny iýdirýär, geýmedik zatlaryny geýdirýär, bolmadyk ýerlerinde boldyrýar, ýaşamadyk we görmedik ýurdunyň waspyny etdirip, onam öz ýurdy hökmünde ile ýaýdyrýar...

0
10 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Bu Watanda adamlar dürli-dürli bolar.Dogan-dost,arasynda duşmanam bolar.Emma Watan hakyndaky düşünjäni adamlar bn garjaşdyryp bolmaz...
@mango doganymyzyñ aýdyşy ýaly ynsan mañlaýyny her ýerik diräp biler.Emma,soñunda küýsejegi,iñ soñunda mañlaýyny direjegi ýene-de Ata Watanydyr.
Watan biziñ kalbymyzda bagy eremdir,ýerdäki jennetdir.

0
9 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Bu Watan waspyny edýän goşgy.Ajaýyp...Bu Watany her kim şeýle söýsedi...
Çalyşman daş ýurduñ gülleri bilen,
Aýakda yz goýan seniñ tikeniñ ...diýşi ýaly-da G.Ezizowyñ

0
8 Ad   [Mowzuga geç]
"Bir gören – dost,
iki ýola göreniň –
Dogan saýylýar."

Ýalan.

0
13 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Maña Lebapda ýek-tük gabat gelipdi...edil beýem diýme bar

0
7 Ad   [Mowzuga geç]
Ýañy okan "Ad kowmy" makalasynda Erem bagyny özüni hudaý hasaplan kapyr Şetdadyñ jennete öýkünip gurandygy aýdylýar. Ýurdumyzy bir kapyryñ guran bagyna meñzetmeli däl eken. Ýa bulam bir syrly metaforamy, söz oýnatmasymy?

0
6 Metbugat   [Mowzuga geç]
Wälä-wüle edip beýlekiler ýaly leji çykan suwjuk zatlary hor bolup gaýtalap ýöreniñden şeýle waspnamalary ýazanyñ elhalrak ýaly. Herhal kimdir birini öwenok, ýurduny öwýär.

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
Kakamyrat "içi ýananyň külküsini" edýäne meňzänok. iň bolmanda şu goşgusynda. ýöne bilýä. bilensoňam, pikir edip oturýaň. näme üçin şeýle ýazdyka diýip. bir zat diýibem bolanok.

0
4 Metbugat   [Mowzuga geç]
Kakamyrat "içi ýananyñ gülküsini" edýär.. ))

1
3 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Şu waspnama haýsy ýurt hakda? bir hyýaly watanmykan ÿa-da biziñ watan ýazyñ watanymy? Durnalar, bilbiller, garlawaçlar, ... umuman guşlar düşnükli. il-günüñ durmuşy hem belki şol guşlar ýalydyr!? bagtyýar hem hemişe ýaz, belki şeýle bolsun! (mümkin şahyryñ arzuwlarydyr!?)

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Aşyk bolar,
şahyr bolar bir demde,
Kim bu jennet ýurda maňlaý direse.
—-
Ulyrak aýdylan gürrüň.
Soragam gelip bilýä ýöne.
Bu ýurda derek türke maňlaý diränlerem - döwrümiziň hakykaty.
Aşyk ýa, şahyr bolup bilmedikler näme etmeli?
Umuman, wasp goşgularyny siňdirmek kyn...

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Ine, Watan hakda şeýle ýazylýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: