01:30
Miwe / hekaýa
MIWE

Iň bagty gelen adamlar terbiýesi jüpüne düşen adamlardyr.
“Halallyk kyssalary”

2019-njy ýyl...

Salawmaleýkim! Meniň adym Abyr. Tanyşlarym maňa Ebbi diýýäler. Mamym haýsy kellesi bilen maňa bu ady dakanyny onuň özem doly bilip barmaýan bolara çemeli. Muň maňa-ha tapawudy ýok. Eger araňyzda birini ynjalyksyzlandyrýan bolsa, gidiň-de gugyllaýyň. Birgiden manysy çykyp, gözüňiz çaşarsa, menden däldir ýesli çe...
Men o-on iki ýary:m ýaşy:mda. O diýen bir krutoý çuwak bolmasam-da, gyzlaryň ünsi mende. Töweregim märekeden hyň beren wagtlary köp. Diýmäýin diýsem, na(guk) mne nužny oni. Harizmam güýşşül passandyryn-da. Görşüňiz ýaly, “ors balagy ters” diýilýänlerden, ýagny men mitis öýdýän. Papam ors, mamam türkmenmi... ýa mamam ors, papam türkmenmidi-kä... Umuman, et tož ne wažno, düşnüklidär-äý, karoç. Ýarym-ýalpak pallyň-sulluňyma bakmaň, iki dili hem bilmän duramok. Prost ponimaýete, mekdep we ş.m.ler garyşýar-da, şeýleräk bir zatlar çykýar-da. Galyberse-de, mam-papym hem şeýle gepleýäler.
Çaga wagtymam, şu wagt hem mam-pap sagbolsunlar, men näme diýsem şol. Çala ýüzümi sallaýsam dagyn, ber onsoň habary. Hiç bir zadymy kem etmeg-ä däl, gereginden artyk berjek bolýardylar.
Kiçiräk wagtlarym bir gezek, mekdepden öýe gelenimde, ýüzümiň salykdygyny gören mamym ýüregi ýarylyp:
– Synoçek, angeloçek moý. Şto stoboý, moý milyý? – diýdi. (Ýadyma düşdi, ejem türkmen eken). Bolşumdan bäş beter dodagymy çömmerdip:
– Mam, ne hoçu w şkolu – diýdim.
– Wiý, näme boldy? Aýt hany mamaňa. Kim göwnüňe degdi? Ertir baryp milisgeleşip gaýdaýyn. Kimmişin meň çagama deger ýaly olar.
– Aý, mam... Uçitelnisa postawila mne troýku...
– Bildimem-le. Ertir bir göreýin şol uçitelnisaňy. Kimmişin ol meň balajygma 3-lik goýar ýaly.
Nu i dalşe, sami znaýete. Edil 3-lik üçin milisiýa eltmedi. Meň mamym beýtjek ženşina däl. Ýöne, spasibo mamoçku, hemişe arkamda durýar. Ol gezegem mugallymymyň merkini beripdi.
Kim? Papammy? Aý, papam, on eto, mamam näme diýse şol. Meň sözüm mamym üçin kanun, mamamyň sözi papym üçin, nu i ikisi üçinem meň sözüm...
Kanikula çykdyk. Çykmanymyzda hem ne tak už i skuçno. Nu maňa wserawno. Mekdepde kösençlik, gep çekýän diýsem ýalançy. Okuwam islesem okaýan, islemesem okamok. Şonda-da beýlebir tupoýam däl men. Kanikulda hem lager diýdi, morýa diýdi, w opşem boljak.
Eeh, çalt gutardy kanikul. Ýene-de mekdep, uçitelnisy, odnoklasniki... bla-bla... Günler geçip dur.
Bir günem şeýle ýagdaý boldy. Himiýa sapagydy. Mugallymymyz Çemen mugallym. Oçen krasiwaýa ona ženşina, daže i bez kosmetiki. Ýaşy meň mamym bilen deň, možet ondan ulurakdyram, toç neznaýu. Ýöne ýaş görünýär. Gowy görýädim ol mugallymy. Näme üçindir şol gün ol maňa erbet edip käýedi:
– Alekseýew, bolýamy şu bolşuň? Sapakda oturmany bileňokmy? Hälden bäri gepläp-gepläp, agzyň durmady-la seniň. Ýuwaşrak bolaý.
– Siz maňa oturmany däl-de, Himiýany öwrediň.
– Eýse, sen şu bolşuň bilen Himiýany nädip öwrenjek, nädip diňlejek sapagy?! Mugallym bilen gepleşmäniň usulyny bileňog-a sen.
– A siz öwrediň-dä. Mugallym ahyry siz – diýip, arkan gaýşyp oturdym. Muňa mugallymyň beter gahary geldi:
– Soňky wagtlar bolşuň düýbünden üýtgedi. Samsykmy sen? Oturşyňy düzet! Utançsyz, uly adama dil gaýtarmany öwrendiňmi sen?!
Şundan soň mugallyma hiç zat diýmedim. Köpçülikde maňa şeýle sözler aýdanyna gaharym geldi, ol meni kemsitdi, wed ona byla moýeý lýubimoý uçitelnisoý. Wse taki men köşeşdim hem beýle-de bir öýkelemändim.
Öýe gaýdyşyn birgiden passanlar bilen konflikt boldy we draka. Elbetde sinýaki u menýa tože byli, ýüzümem ýene salyk. Urşup, urşup ýadaw özümem. Mamym öýde panika turuzdy. Göni hem mugallymlardan gördi. Mugallymlaryň meň gözüme ýumruklap urmajagyna ýaşy bir çene barsa-da, akly çatmady ili prosto ona tak hotela, bilmedim. Köçede uruşdyk hem diýdim bolmasa welin... Barybir men oňa Himiýa sapagynda bolan zatlary hem gürrüň berdim. (Kstati ona ýurist)
Ertesi mamym ýanyna bir-iki sany işgärini alyp mekdebe arz etmäge geldi. Meni uran ýa meniň uran çagalarmyň üstünden däl elbetde, sebäbi olaryňam ene-atalary şolara meňzeşräk ýerlerdedi. Direktoryň ýanyna bardy we:
– Men Alekseýewiň ejesi. Düýn Himiýa mugallymyňyz meň çagama käýäpdir. Klasdaşlarynyň ýanynda gygyrypdyr. Men ojagaz mugallymy näme etmelidigini gaty gowy bilerin.
– Duruň, duruň. O nähili beýle? Gygyrypdyr, käýäpdir?
– Hawa, edil özi. Onuň haky barmy näme kimdir biriniň çagasyna käýemäge. Çagamyň hukugyny talap edýän.
Nu, w obşem, mamym hemişe bolşy ýaly, bu gezek hem praw çykdy. Ýöne men mugallymymy gowy görýänligim sebäpli oňa geçirimlilik etmegini soradym. Diňe klasdaşlarymyň arasynda maňa “Bagyşla” diýse ýeterlik. Ula gidirmegiň gerek däldigini mamama aýtdym. Mamym koneçno ilki razylyk bermedi, soň men diýenim üçin, bir gezeklikçe mekdepdäki bu bolan zatlary bagyşlaýandygyny aýtdy we bir şert bilen: “Mugallym, meň çagamdan klasdaşlarynyň arasynda ötünç sorasyn”.
Direktorymyz mugallymyň arkasyny alypdy, ýagny – adaty mugallymyň käýinjidir-dä – diýen ýaly. No wse taki, ol hem biz bilen razylaşdy we mugallymy ötünç soramaga yran bolmaga çemeli. Himiýa mugallymym – Çemen mugallym sapagmyza geldi hem-de şol adamlaryň we klasdaşlarymyň ýanynda maňa:
– Bagyşla, Alekseýew. Indi gaýtalanmaz – diýdi.
Bu meniň üçin durmuşymdaky iň uly ýeňişleriň, derejeleriň biri bolupdy. Sebäbi mekdepde iň owadan we ökde, öňdebaryjy, iň halanylýan mugallym, izwinýalsýa peredo mnoý. Bu meni klasdaşlarymyň arasynda ýene näçe basganjak ýokary göteripdi. Maňa pontowatsa edere zat gyt hem däl welin, niço, bu-da biri. Garaz, şondan soň-a hasam, bir mugallym hem adymy tutmandy. Mekdebi isleýşimçe gutardym...

2029-njy ýyl...

Gahrymanymyz Abyryňky çüwdi. Has dogrusy, Ebbiňki. Sorry Ebbi. Pasport adyňyzy tutanym üçin, ejeňiz meni suda beresi ýog-a. Da ne şuçu ýa...
Bagyşlaň, “Gahryman” Ebbiniň dilinde geplänim üçin. Nämede galypdyk... Hä, hawa. Oňky çüwdi. Öz aýdyşyndanam beter krutoý passan bolup ýetişdi. Aý, ýöne, gynansak-da, bu hezillik uzaga gitmedi.
Ejesiniň öňküligi ýokdy. Ýaşy gidişse, kim bolsa-da bildirýän bolmaly-da. Onuň ejesine näme üçindir bildirmez öýdüpdirin. Ýuwaş-ýuwaş iş öndürijiligi peselýär we ol peselse hem maddy ýagdaýa bildirip ugraýar. Indi gezek Ebbiniňki welin, häzirlikçe ol talyp bolansoň, oňa ähli zat ýeňil tapylmaly ahyry. Sebäbi ol okap ýör ahyry. Ine, işlär we öýüne kömek eder-dä. Ilki ony ejesi-kakasy adam etmeli.
Ýöne, öňki kaşaňlyga öwrenşen Ebbä maşgaladaky soňky maddy ýagdaýlary agyr degdi. Dogry, kakasy hem işleýär, emma käbir sebäplere görä, Ebbiniň döwen awtoulaglaryny satmaly boldular. Ilkibadalar Ebbi okuwa taksida gatnasa-da, soňabaka “Hudaýyň beren güni darydan kän” diýlişi ýaly, günde beýle hezillik oňa ýetdirmedi. Ol okuwa awtobusda gatnamaly boldy. Bu bolsa, oňa görlüp-eşdilmedik derejede ýokuş degdi. Bolýan zatlara, hemme kişini günäkärleýärdi – töwerek daşyny, ejesini, kakasyny...
Adaty günleriň birinde, hemişeki bolşy ýaly, Ebbi awtobusa mündi-de, boş ýere geçip oturdy we gulagyna aýdym diňlemek üçin gulaklygyny geýdi. Penjireden seredip barşyna, münýän-düşýänler bilen hem işi ýokdy. Howa sowuk bolansoň, gara paltosynyň kapýuşonyny kellesine geýipdi, awtobusda hem çykarman şeýdip oturmasy bardy. Birdenem yzdan bir daýza onuň egnine kakdy-da:
– Oglum, ýanyňda ejeň ýaly biri zordan dur ahyry. Ýer ber-äý şoňa.
Ebbi diýýäňmem diýmedi-de, aýdym diňläp, daşaryny synlamagyny dowam etdi. Töwerekdäkileriň diýýän zatlary onuň üçin bir köpükdi...
...Ejem ýaly bolsa, ol maňa ýer bererdi ili beýdip meni samsyk sözleri bilen bimaza etmezdi hemem menden başga adam gytmy. Ejem bu ýerde bolan bolsa, hiçiňiz gepläbem bilmezdiňiz...
Ebbi düşmeli duralgasyna golaýlanda ýerinden galdy we diňe şondan soň zordan duran aýal özüni oturgyja goýberdi. Olaryň ikisi hem hiç zat geplemediler. Ebbi çalasynlyk bilen awtobusdan düşüp, ylgap gitdi. Çünki, ol ejesine gaharlydy, öýkelidi...
...Näme üçin ejem meň ýanymda durubam, ýaňky awtobusdakylara hiç zat diýmedikä?...

Anna DARAKDIŞ.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 193 | Добавил: Darakdiş | Теги: Anna Darakdiş | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 25
0
21 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Sag boluñ onda.Men kellämi edil şu wagt öñûmde duran diwara urmaga gidýän.Sebäbi aýtjak bolýan zadymy düşündirip bilemok.Synanyşmakdanam ýadadym.

0
22 Haweran   [Mowzuga geç]
Iñ amatlysy näme bilýäñizmi: her kimiñ öz pikirinde galmagy, iñ gowusy-da: bir gezek pikiriñi beýan edensoñ, gelen seslenmelere ikilenç seslenjek bolmazlyk. Her kime öz dogryñyzy düşündirjek bolup, wagtyñyzy bisarpa tutmañ.

0
19 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Näme üçin adamlara öz pikrimi hut serimde aýlanyşy ýaly düşündirip bilmeýärkäm?
Gahrymanyñ ýörite şeýle beýan edilenligini elbetde bilýän.Aşakda awtoryñ söziniñ arassa tûrkmen dilindedigini görüp durkam men näme üçin jenap Darakdişe onuñ ýaly zat diýeýin.Meniñ gaharym ilki bilen ä hekaýanyñ gahrymanyna soñam daş töweregimde görýän ene dilimize rus sözlerini goşuşyp suwjarşyp gûrleýän adamlara galyberse de saýtda arasynda ene dilimiziñ içine rus sözlerini goşup ulanýan adamlara.
(Allajan,şu gezek bir düşünen bolaýadylar da hernä.)

0
20 Haweran   [Mowzuga geç]
TELEFONDAKY GEPLEŞIKLERDEN

- Priwet, Gunçaşka. Žiw-zdorowmysyñ?
- Salýut, Marala. Niçego, spasibo.
- Aý, keýpine-le, gyz. Muž doma?
- A kak že... Şu mahal aýagymy owkaladyp ýatyryn.
- Ertir näçe urogyñ bar?
- Oý, nemnogo, wsego iki sagatjyk. Wah, özüme galsa-ha ýerime muny iberäýjek weli, kak goworitsýa, ni weleno...
- Haýsy temany geçýäñ?
- "Türkmen dili türkmen halkynyñ gadymdan gelýän milli ýadygärligidir". Ladno gyz, onda...
- Poka.

http://kitapcy.com/news/2018-09-12-2431
Indi, şu awtoram (dil arassalygyny saklamandyr diýip käýejekmi?
Ýa-da şu aşakdakylary-da okap, belkäm, pikiriñizi üýtgedersiñiz:
Juma Hudaýguly /Dilçi
http://kitapcy.com/news/2018-06-12-192
Täçmämmet Jürdekow / Dilçi
http://kitapcy.com/news/2018-09-09-2352
Döwran Agaly / Maslahatlaşdylar
http://kitapcy.com/news/2020-06-14-11759
Soltanýaz Şaýymow / Siz türkmençe bilýäñizmi?
http://kitapcy.com/news/2019-04-15-6509

0
7 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şu hil bir zat edýändiris öýdüp ene dilimiziñ arasyna rus sözlerini goşan bolup ne gözel dilimizi harlaýalar welin ölübilemok.Muny dil bilmänim üçinem aýdamok.Bilsedimem şu pikrimde galardym.Şol goşýan rus sözleriñiziñ tûrkmençe garşylygynam tapyp bolýar a azajyk kelle döwseñiz.Arkaýyn boluñ türkmençe gûrläýiñiz diýip hiç kim size geñirgenmez.
Tois - ulanýan ýerlerine seredýän welin has takygy diýen sözi ulansa boljak deregine.
Zato - barybir diýen sözüñ deregine ýaly.
Daže - hatda diýsek näder?!
Uže - eýýäm diýsek hiç kim bizi urmaz a.
Naprimer -meselem diýsek bolmazmy?
Kak budto -hamana bolup bilermi?
Men bu sözleñ hiçisiniñem manysyny sözlükden açyp göremok.Rusça da bilemok.Ýöne sag bolsunlar ildeşlermiz şeýle bir kän ulanýarlar welin ulanylýan ýerine görä kelle döwüp türkmençesini tapýan.
Arada ejem oba geñeşliginde pylanyñ gyzyna duşdum diýdi.Köpüñ içinde ejesine "anne" diýip ýûzlenýär diýdi.Näçenji synp o gyz diýip soradym tanamamsoñ.Çagaly gelin diýdi ejem.Näme diýjegimi bilmedim.
Dili harlamak barada Täçmämmet Jürdekowyñ bir satiriki hekaýasam serimde kän aýlanýar soñky günlerde.

0
12 mango   [Mowzuga geç]
Mahym hanym. Hekaýadaky orsça garyşan sözler ýörite edilen. Bu bir usul.
Ýöne, dil arassalygy barada dogry aýdýaňyz.
Arassa geplemeli.

0
16 Darakdiş   [Mowzuga geç]
Dogry, ýagny şeýle gepleýänleri ýaňsa almak üçin. (Emma, çaganyň bu ýerde günäsi ýok)

0
18 Haweran   [Mowzuga geç]
Makul gep. Munyñ ýörite usuldygyny düýn ýazjakdym. Mahym hanym sizde az-owlak yñdarmalyk, dyzmaçlyk bar. Muny sowukganlylyga, okan zadyñyza derhal baha berjek bolman hemmetaraplaýyn seljerip, soñ baha bermeklige utgaşdyrsañyz, şu ot ýaljalygyñyz, janypkeşligiñiz, zehiniñiz bilen kän gowy işleri edip bilerdiñiz.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
ýöne, çaga gowy at dakmaly....
döwürdeş ene-atalar çagalary bolanda bolmajysy bolup, maşyn bezedýäler...
üsti leglekli maşyn, üsti oglanjyk äpet gurjakly....
äpet oglan gurjak diýemde.... şony görüp bir zat ýada düşdi....
araplar.
olaram özlerine heýkel ýasanar ekenler, but-heýkeller.
adam buta mätäç ýaly janawermikä?
çagalarymyzdan but ýasanmagy halaýas.
даже lezzet alýas.
maşyn bezeýäs, aýnajyk at, lakam dakýas.... depä mündirýäs, ilki maşynyň depesine gurjak sypatyny, soňam öz depämize dirijesini... hemmesindenem keýp alýas...
soňunda-da "oýnap ýadan oýnawajymyzy" günäkärlemäge başlaýarys.
araplar-a ýasan butlaryny ajyksalar iýäýýän eken welin, biz öz "butymyzy" iýibem bilemizok, kesip atybam....
ýöne gow-a owadan bezelen leglekli maşyn bilen balajygymyzy роддом-dan çykarmak. görübilmedigiň gözi çyksyn.
miwe diýdiňmi?
miwe-de bagbanyna görä-da, käwagt maňlaýyňdan direýä, kä wagtam maňlaýa direýär. arasynda daglarça fark bar (türkmençe "f"-ny "p" edip aýtsak "park bar" diýmeli boljak), garaz daglarça tapawut bar.

0
8 Myhman0430   [Mowzuga geç]
şto prawda to prawda

ýene bir test barlap görelimi @mango? atlaryny aýtman bir waka gürrüň bereýin. kimlerdigini biljek bolmaly.

Biri iki sany Agtygyny arkasyna mündürip oýnadyp durka, ýanlaryna başka Biri gelýär. Gelen Çagalara lak atyp "neneň oňat binegiňiz (aýagulagyňyz) bar" diýýär.
Agtyklary bilen oýnap Oturanam "Olaram neneň oňat çapyksuwarlar" diýýär.

bulam podskaska (ýaýyň içindäkileri içimden diýýän)

0
11 Haweran   [Mowzuga geç]
Mysal getiren tymsalyñyz, pygamberimiziñ (s.a.w) durmuşynda-da bolandygy rowaýat edilýär. Bir gün pygamberimiz (s.a.w) öýünde agtyjaklary Hasan bilen Hüseýini arkasyna mündürip oýnadyp durka, Omar (r.a) gapydan girýär we ol degşip, ýokarky ýaly henegi oklaýar, pygamberiñ oña beren jogabam tymsaldaky ýaly bolýar.

0
14 myhman   [Mowzuga geç]
super bildiňiz

soň gördüm, bagyşlaň.

0
15 myhman   [Mowzuga geç]
@Haweran,

1. ýatlatma: O. Öde bilen N. Rejep(b)owyň söhbetdeşligini 3-njüsini sorapdym. tapdyrmadymy?

2. arza-şikaýat knişkasyna :-) : düýn bir komment ýazdym, gitmedi. soň başga komment ýazdym, ýene gitmedi. bir sagatdan soň ikinji kommenti täzeden ýazdym, ol gitdi. bu gün seretsem soňky ýazan kommentimiň birinjisem bar eken. öň beýle bolanokdy.

başdaky gitmedigä hiç welin, iki sapar ýazylany meni kyn güne goýdy (göçme manydadyr). nämeden beýtdikä. ýa öýdäki kompýuterimdenmikä, ýa öýdäki kompýuterimdäki üç harply kümsük programmadanmyka :-).

0
17 Haweran   [Mowzuga geç]
Gmailiñize tutuşlygyna ugradaýaryn, hemmesem bar, ýöne sorayan bölegiñizi goyup bolanok, yagny, käbir tekstleriñ harpynda näsazlyk bolýar, olam tutuş bir tekstiñ içinde yekeje sözde-yekeje harpda bolyar, uly tekst bolsa, yeke-yeke elden gecirip tapmaly bolyar, oña-da wagt-mümkinçilik az. Soñky tehniki päsgelçilikler özüñizden ))

0
23 myhman   [Mowzuga geç]
mailiňizi ýazyň, agşam şoňa ýazaýyn.

şolar jemi 14 mikä?

0
24 Haweran   [Mowzuga geç]

0
25 myhman   [Mowzuga geç]
thanks. agşam öýe baramda ýazaryn.

0
9 Myhman0430   [Mowzuga geç]
şto prawda to prawda

ýene bir egzamen barlap göreliňmi, @mango? bir waka gürrüň berýän kimlerdigini bilmeli.

1............. 2Agtyklaryny arkasyna mündürip oýnadyp durka, 3................ gelýä. 3Gelen Çagalara "neneň oňat binegiňiz* bar" diýýä. ................... "Olaram nähili gowy suwarylar**" diýýä.

*binek - türkçe. at, düýe ýaly aýagulag hökmünde münülýän jandarlar.
**suwary - türkçe. atly, at münýän (çapyksuwar daky suwar).

0
10 mango   [Mowzuga geç]
Pygamberimiz we agtyklarydygyny bilýädim. Galan zatlary ady bilen anyk bilemokdym. Soradym, şeýle eken: hz. Abbasyň aýdyşy ýaly, (1) Pygamberimiz agtygy (2) Hasany arkasyna mündürip oýnadypdyr. (3) Sahabalardan biri “(ne gözel) gowy atyňyz bar eken” diýýär. Pygamberimizem “üstündäkem ne gözel jigitdir*” diýýär. Terjime 100% dogry däldir. Manysy dogry. (süwari, biniji-ni jigit diýäýdim).

0
13 myhman   [Mowzuga geç]
bildiň.

1. Muhammet (s.a.w) Pygamber
2. Agtyklary hz. Hasan bilen hz. Hüseýin
3. hz. Omar (başga sahaba bolmagam ahmal, men şeýle bilýän)

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Anna kaka, "Diýmäýin diýsem, na(guk) mne nužen oni" diýende "...нужны они" bolmalymy?
---
– Synoçek, angeloçek moý. Şto stoboý, moý milyý? – diýdi. (Ýadyma düşdi, ejem türkmen eken).
nädip bildikä ejesiniň türkmenligini?
aşa aladasyndanmy?
kirilçe däl-de latinnisada ýazany (eşdeni) üçinmi?
ýöne, şeýle-je priýomlar erbet däl... gowy.
şu "Ertir baryp milisgeleşip gaýdaýyn" diýişine görä çen tutsaň (milsge) ejesi hakykatdanam türkmen, ors bolan bolsa милиция diýerdi.
familiýasam Alekseýew eken.
---
awtobusda ýere garaşan daýzany himiýa mollymy edersiň öýdüp gaýga galdym, ýöne ejesi çykdy.... hmmm. olam bolýa welin... başgaçarak tamamlap bolardymyka?
umuman, haladym.
üstünlikler.
--
Alekseýewiň adam gyzykly eken.
gözletdim:
Абир. Американский певец
Э́бби Ко́рниш. австралийская актриса

eje kaka-da çagaň ýetişmeginde täsiri bardyr welin, şu at hem uly rol oýnaýamyka?
aý, ýok.... atdyrda.
haýsy Batyr batyr, haýsy Serdar serdar...?

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
ahyrynda şizofrenleşdi diýjek bolan ýaly bolup dur. autobusdaky ejesi däl bolmaly. men-ä bilemok welin.

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
w obşom, hekaýany erbet görmedim. no çut seretmeli ýerleri bar. naprimer, geroý birine gürrüň beren bolsa, zonada ýa psihuşkada, neznaýu. kime gürrüň berýäninem soňuragynda bildirse.

mamam, papam diýmän mamaş, pahan diýen bolsa

Ertir bir göreýin şol uçitelnisaňy. Ertir bir göreýin şol s(guk)any.

muhallym däl bir ýerde mollym bir ýerde pylany pylanyýewna

seniň däl seň

bolsa dumaýu byla by luçşe.

1
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Miwe çüýrük çykypdyr.
Öwezdurdy Nepesowyñ "Kyýamat-Magşar gününe çenli" romanyndaky Dädişi ýatlatdy maña.Esasanam rusça gepleýşi.Öte bolgusyz şahsyýet.

1
1 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Ejesiniñ ogly iñ soñunda ejesine-de ogul bolmandyr..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]