15:47
Ýalňyzlyk / hekaýa
ÝALÑYZLYK

Nargül kellesini öl-myžžyk bolan ýassygyndan göterdi. Gözlerinden akan ýaş duluklaryndan syrygyp, ýüzüniň bir tarapyny doňduran ýaly edipdir. Gatap galan ýaňaklaryny ýuwaşja sypalady. Ýüzünden garynja ýörän ýaly bolup, bedenini tikenekledi. Boýny agyr kellesini götererden ejiz ýaly, bir gapdala gyşardy. Öl ýassygyny beýleki tarapyna öwürip, kellesini mejalsyz halda oklap göýberdi. Gözlerini ýumdy-da,özüne ynjalyk bermeýän pikirlerden az salymda bolsa gaçmak üçin ýorgany başyna çekdi. Garaňkylyk ...
"Bu ýagdaýdan meni şu wagt alyp çykjak ýeke-täk çykalga, şu tümlükde öz-özüm bilen ikiçäk galmak. Diňe ikimiz... Özüm we men. Özüm özüme kä mahal garşy çykyp kä mahal hem ylalaşyp uzakly gijäni içimi gepledip ýatanym bilen hemme zat düzelermi-kä? Taňry onuň ganyna girenini jany bilen alyp çykaýmasa düzelmez-le. Ol adam bolmaz! Belki-de hool garryja goňşymyzyň aýdyşy ýaly" dişimi gyssam ýaşy kyrka ýetse akyly goýalar. Belki...

- "Aý ýok indi etden ötüp süňke ýetdi. Günäsini geçe-geçe şu güne düşmedimmi? Ertir ir bilen bellisini ederin ..."
"Ýa-da "sabyrly gul –dura bara şat bolar" diýlenine ynansammy-ka? Bu gezegem ...
"Giderin diýip söz beripdim öz-özüme. Tüýkürlen tüýküligi ýalamak bolar-a"
"Nätsemkäm?... Eger gelmese ertir gideýin we soň hiç.... Ah...
"Ýa –da gyzymyň hatyrasyna dözjek bolaýsammykam?"
Enesi gönenmedigiň –tanasy gönenmez. Eger gyzym hem meniň ýaly...Ýok.Ýok ..."
.... Nargül başyny yrady. Kellesiniň içinde agyr bir zat iki-baka togalanan ýaly boldy. Demigip, hopugup ýorgany aýyrdy. Ýerinden dikelip çugutdyryp oturdy-da, gapdalynda pökgüje ellerini iki tarapa serip ýatan gyzjagazyna seretdi. Seretdigiçe bakdygyça gyzy ondan uzaklaşyp barýan ýaly boldy. Göwnüne ol Nargüle "Meniň näme günäm bar eje!..." diýýän ýalydy...
... Mende-de günä ýokdy... Biz hem günäsizdik... Biziň çaga kalbymyzyň entek ene hüwdüsinden ganmadyk mahaly, enemiziň süýt ysy gitmedik gursaklarynda uklamaly wagtymyz, bize dözmedilermi? Saçlarymyzyň örümlerine ene elleriniň degmegini näme biz islemedikmi? Ilkinji gezek mekdebe gadam basanymda, eneleri bilen elleri gülli gelen çagalary görenimde, meniň içimdäki gopan harasat belki Nuhuň tupanyndan beterräk bolandyr...
Şool ilkinji gezek ejesiz ýatanym ýadymdan hiç çykmaýar. Uly maşgaladygymyz üçin , oglanlar bir otagda, gyzlar bir otagda, men we menden kiçiler bolsa, ejem bilen dädemiň ýanynda ýatardyk.Tä ýatýançak ejem bilen dädemiň aýdyp berýän ertekiler dünýäsinde gezerdim...
"Bir bar eken bir yok eken. Gadym eýýamda bir patyşa bar eken. Patyşanyň aýdan aýry-günden görkli bir aýaly bar eken. Günlerde bir gün patyşanyň aýaly hamyla bolup, aýy güni dolup, ýüzi nuranaja gyzy bolupdyr. Ýöne patyşanyň aýaly şol gyzjagaz doglanda ölüpdir. Patyşa bolsa aýalynyň ölümine sebäp bolanyny hasaplap, şol gyzjagaz doglandan ýüz öwürüpdir...
"Ýetim galan gyzjagaza nebsim agyryp, başyma ýorgany büräp gulaklarymy elimiň aýasy bilen ýapardym. Şoool ýatyşyma hem uklap galandyryn bir görseň... Şol erteki jigilerimiň islegleri bilen gör näçe gezek aýdylan-da bolsa, men hiç ahyryna çenli eşitmändim. Soňlanmadyk, gutarylmadyk ertekini bize Durmuş her näçe islemesekde, gulaklarymyzy gözlerimizi baglasakda, şeýle bir gürrüň berdi welin, hiý aýdyp diýer ýaly däldir...
Öýümiziň bir burçunda gurulan tanaply sallançagyň çözüleni ýadyma düşenok. Ilki menden ulular, soňra men ,menden soňra kiçi jigilerim, bu sallançakda kä batly, kä ýuwaş yralanyp-hüwdülenip ösdük. Kä mahal biri-birimize bahyllyk edip iki bolup gyslyşyp ýatardyk. Biraz ulalanymdan soň öz-özümi hüwdüläp hiňlenip sallançakda öz-özümi ýatyran gezeklerim hem bolupdy.

Meniň balamy öwmeli
Öň ýakasyn düwmeli
Alyn saçyn sypalap
Gara saçyn örmeli...


Hawa ýat tutan ene hüwdimi hiňlenip ýatyşyma tä sallançagyň "hak eýesi" gelýänçä ýatardym. Soňra aglap, elde- aýakda durmaýan jigimi sallançaga salansoňlar sallançak bagyny maňa bererdiler-de giderdiler.

Meniň jigim ýatypdyr
Gyzyl güle batypdyr.
Gyzyl gülüň tikeni
Aýajygyna batypdyr.
Huwwa huw Huuuwwa-huuw...


Biz birimiziň "yzyny basyp" ulalýardyk. Emma soňky günlerde öýümizdäki şol gyzgalaňly ýaşaýyşymyza näme bolandygynam bilmän galdyk welin birden hemme zat çepbe çöwrüldi. Indi bizi irden saçymyzy sypalap oýarýan mähriban ellere derek, biri-birinden ýowuz ,sowuk ,gaharly sesler turuzup, mekdebe ýola salýardy. Ulularyň manysyz bakyşlaryndan bir zatlar duýsagam ejem bilen dädemiň arasyndaky sowuk garaýyşlardan aňsagam, edil beýle zatlar hiç birimiziň kellämize gelmändi. Indi düşekler aýry otagda ýazylyp biz hem kä dädemiň kä ejemiň ýanynda ýatyp ikisiniň hem ýüregini awlamaga çalyşýardyk. Öňki ýaly bir ýerde ýatyp bir saçagyň başyna geçmäge ölemen howlugýardyk. Her gün okuwdan gelenimizde şol gyzgyn mähirlije öýümiziň töründe, ýylgyryp oturan ejemizi ýassygy tirsekläp ýatan dädemizi görmäge howlugyp öýe gelerdik. Bu gün bolsa...
Öý içeri dargap ýatyr. Öýümiziň içindäki mydama gulply duran , ýeke-täk açary hem ejemiň saçbagysynda daňylan, agaç sandyk açyk ýatyr. "Ogry girdimikä?" ilkinji gezek kelläme gelen pikir şol boldy.
- Dädeeeee nirde sen? Ejeeeejan gelsene..."
Hiç kimden ses ýok. Men daşary çykdymda üzüm dalbarynyň diregine söýenip ysgynsyz oturdum. Birwagtdan kiçi jigimiň elinden tutup dädem geldi. Ol meni görüp birhili boz-ýaz boldy. Men hem dädemi görenimden aglamaga başladym. Dädemiň üzlem-saplam "Goý gyzym... geler-le... Sizi taşlamaz... Dözmez... Bir topar-a siz ... Bolmasa özüm gidip getirerin... Goý indi sen ulugyz bolupsyň-a!" diýen sözlerini eşidip, nämäniň nämedigini düşünip başladym.
- Gelermi? - diýen şekilde dädeme soragly bakdym ``Hany ulygyzym ýör öýleri ýygnaly... Bulaşyp ýatsa, doganlaryň hem gelse olaryň ýüregine – de gorky aralaşar``. Men sessiz dädemiň yzyna düşdüm. Ilki bilen içi boşap ýatan agaç sandygyň gapagyny ýapdym-da, gulpuny bagladym. Öýde dargap ýatan egin - eşikleri ýerli ýerinde goýup ilkinji gezek ``eje`` ýerini tutmaga ädimimi ätdim. Güýjümiň ýetdiginden nahar bişirdim. Doganlarymyň gelerine garaşyp, olaryň hem nähili ejesizligi kabullanjagyny görmegä howlukdym. Her kim bu ýagdaýyň boljagyna garaşýan ýaly sessiz-üýnsüz biri-birinden soradylar we sessiz jogap aldylar. Her kim ogryn aglady. Her haýsymyzyň ýüregindäki derdimizi dag ýaly eden ejemiz bolsa bize ``enesiz ýesir`` adyny berip uzaklara ``öz söýgüsiniň ``yzyndan gitdi...
Gitdi dolanmazlygy boýun alyp biziň her haýsymyza geljekde tä ömrümiziň ahyryna çenli ``gara tegmilini ``basyp gitdi. Bizi hem ýesir hem ýetim goýup biziň her haýsymyz ýaşymyzdan öň ``ulaldyp ``gitdi...
Şol gije, ilkinji gezek ejemiň giden gijesi onuň ýatýan boş ýerine öwran-öwran kellämi galdyryp seredip ýatdym. Ejem hakdaky hasratlarymyzy hemmäimiz içimizde gömdük. Öýde bu hakda gürrüň bolmasa-da mekdepde çagalaryň garaýyşlaryndan mugallaymlaryň gözünden biz ``terk edilenler``diýen gynanjy görüp ýygrylýardyk.
Ine, hemmeleriň garaşan 8 mart ``eneler güni`` hem gelip ýetdi. Mugallymymyz bize ``meniň ejem`` diýen düzme ýazmagy tabşyrdy. Her haýsymyza adymyz ýazylan akja kagyzy berdiler. Men elime alan galamymy diňe gysymymda saklap`, 45 minutlyk okuw sagadymy geçirdim. ``men näme ýazaýyn?`` ....
Mugallym her haýsymyzyň ýazgylaryny ýygnap alanda meniň hiç ýazmandygymy görüp, birsalym ýüzüme seredip durdy.Uludan demini aldy-da, meniň başymy sypalap ýerine gitdi.. Ertesi mugallym her kimiň düzmesine baha goýupdyr.meniň hem ýazylmadyk ýazgyma iň ýokary bahany 5-ligi berip ``çagalar siz bu bahalaryňyzy alyp şu gün`` eneler gününde`` eneleriňize sowgat äkidiň``-diýdi.
Öýde her ýylda eneler güni bellenen günleri biziň sowgatlarymyzy alyp, ýüzüne sylyp açýan ejemiz indi biziň alynmadyk sowgatlarymyzyň ahyny çekýärdi bir ýerlerde...
Hawa biz şeýdip öýde ejesiz galdyk. Töwerekdäki goňşy golamlaryň hyşy-wyşylaryny diňläp ulalmaga başladyk. Saçlarymyzy özümiz daradyk ,naharymzyy özümiz bişirdik, syrkaw jigilerimiz üçin özümiz aladalandyk . Dädeme aladany az ýüklejek bolup arkam dagy ``ýük çekmäge``öwrendi gitdi. Ahyry hem ulalyp ulalman .``müň gülden bir gülümiz açylman-ka`` gunça wagtymyz her haýsymyz ``öz göbegimizi özümiz kesdik``.Öýüň ulalmanka ulalan gyzy men hem durmuşa çykdym. Eneden görmedik mährimi gözläp Durmuşyň ak ýoluna aýak basdym. ..
Asyl durmuşyň çarkandakly agyr güzaply ýoly indi başlanýan ekeni. Agzy ýaşmakly ýüzi börikli gelinligimde dalandym. Gelin bolup baran öýümde ilkinji eşiden sözüm `` haý enesi ýalamadyk` boldy. Wah çydar ýaly sözler eşidilen ýaly däldir-le... Wah çagalygym...``
..... Nargül gapdalyndaky gyzjagazyny bagryna basyp özüne tarap çekdi. Ýatan gyzjagazymyň kellejigini ysgap ``ýok meni seniň ne ýetim ne-de ýesir bolmagyňy isleýän.. Goý name bolsa şol bolsun! Seniň boýnuň burulmasa bolany. Saňa–ha enesi ýalamadyk diýdirmen...Sen ene –ata hakdaky düzmäňi arkaýyn ýazarsyň balam... ``
Nargül ýerinden yraň-daraň galdy-da atyp barýan daňyň ümüş-tamşynda penjireden boýnuny uzatdy. Biraz diň saldy-da penjiräni ýapyp ýene ýerine geçip ,ýorganyny başyna çekdi...
Nargüliň ýatlamalardan ýaňa kellesi hum ýaly çişdi. Kirpiklerini çalaja biri birine gatanam şoldy, gözüni açsa eýýäm gün ýokary galyp gidipdir. Gyzjagazy bolsa turup özbaşyna güýmenipjik jügür-jügür edýär, "dädde-dädde"
Gün uzyn öz hysyrdysy bilen boldy. Emma öýüniň gapysynyň kakylmagyny her näçe islese-de gaýta-gaýta gapa seredip, gyzjagazynyň "däddesiniň" gelerine garaşsa-da hiç kim gelmedi.
Nargülüň öýüniň çyrasy ýene ýandy.Penjireden geliniň gyzjagazyny golunda göterip iki-baka yraýandygy bildirýär. Onuň hüwdi sesi gijäniň garaňkylygynda uzaklara gidýärdi...

Aýlar gyzym aý ýaly
Aýda keser bir haly
Halysyň kenary
On barmagynyň hünäri ........ Huwaa huw. ..Huw....


Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 194 | Добавил: meylishalyk90 | Теги: Ogulmaýa Semizadeh | Рейтинг: 2.5/2
Всего комментариев: 11
0
7 Tokmak   [Mowzuga geç]
@Haweran, men hem mowzuk açjak bolup, anketa diýilýän ýere ýazypdym. Talaba laýykdygyny ýa däldigini aýdaýsaňyz. Öz ýazanlaryňy anketa bölüminde ýazyp, başgalaryňkyny Täzelikler bölüminde ýazmalymy, şol hem düşnüksiz entek maňa.

0
8 Haweran   [Mowzuga geç]
Baş sahypada "Mowzuk goş" diýen ýere girip, soñ paýlaşjak eseriñizi wstawit etmeli. Anketada işiñiz ýok, agam.

0
10 Tokmak   [Mowzuga geç]
Bolýar. Synanaýyn. Minnetdar.

0
Owadan suratyñyz bar ekeni

0
11 Tokmak   [Mowzuga geç]
Minnetdar)

1
Haladym. Milli hekaya ekeni

0
1 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
@Haweran öziňiz kyn görmän redaktirleme işini geçersiňizdä!
Geçen gezekde Ogulmaýa gelnejemiziň "Namys"hekaýasyna birnäçe bellikler edipsiňiz. Hemmesem dogry bellikler we hemmäňiz bilen hem ylalaşýan. Ýöne gadyrly okyjylar Ogulmaýa gelnejemiziň Eýranda ýaşaýandygyny, dialekt meselesinde biziňkiler bilen ara-tapawut bolup biljekdigini unytmalyň.
Meniň özim edebiýat eserlerini, hekaýalaryny, romanlaryny kiçiligimden bäri okaýan. Öwezdurdy Nepesowyň "Kyýamat magşara çenli" diýen romany we Orazguly Annaýewiň "Girdap" diýen eserleriň nähili agyrdygyny men aýtmanymda hem bilýänsiňiz. Men şol eserleri 15-16 ýaşymda okapdym. Indi göz öňine getirjek bolyň meniň ýetginjek beýnime nähili agram salandygyna, nähili şok-da bolup gezendigime. Umumylykda aýtsam eserden-eseri tapawutlandyrmagy baryp çaga wagtym bişişdim.
Gepimi uzaldyp otyrmaýyn, Ogulmaýa gelnejemiziň eserleriniň hemme taraplaýyn ideal däldigini bilýän. Ýöne 2013-nji ýylda gürleşenimizde Jüneýit han hakynda roman ýazýandygyny aýdypdy, şol romandan bir bölek reklama hökmünde maňa okadypdam. Şol okan bölek romanymdan menem özimçe netije çykaryp, gelnejäniň talantly ýazyjydygyna göz ýetirdim. Häzirki goýýan hekaýalarymyň göwniňizden turman biler, ýöne gelnejäniň "Owganystan ýol ýazgysyny" we Jüneýit han hakynda ýazylan romandan bir bölegini okanyňyzdan soň pikiriňiz üýtgär diýip tama edýän. Gelejek-de EnşAllah gelnejemiziň sesini tutuş türkmen halkam eşider diýip umyt edýän.

1
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Agzan eserleriñizi hökman saýtda paýlaşgyn. Ogulmaýa gelnejä hem köp dogaýy salamlarymyzy ýetiriñ. Eger özem saýta gelse, agza bolsa, özem eserlerinden paýlaşsa, has gowy bolardy.

0
4 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
Wah menem gelnejäni tapyp bilemok, özim hem gözleýän, Jüneýit han hakynda ýazan romanyny soňladymyka soňlamadymyka gaty gyzykly maňada, redaktirleme işini geçäydä @Haweran. Nädip awtoryny Ogulmaýa Semizadeh edip bolýar, bir zat edip aşagyndana edýäň?

1
5 Haweran   [Mowzuga geç]
Redaktirledim. Eser paýlaşañyzda aşagynda "teg" diýlen boş kletkajyga awtoryñ at-familiýasy doldurylýar.

Jüneýit han barada bizde-de Öwezdurdy Nepesowyñ "Gurbanmämmet serdar" romany bolmaly. Golýazma nusgasyny kompýutere geçirip goýduk. Soñlanmadyk bolansoñ beribilmän durys. Öwezdurdy aga soñlap bererin diýipdi, garaşy-ba ýörüs...

0
6 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
Düşündim minnetdar sag bol. Şu Ogulmaýa gelneje hem Garrygaladan bolmaly ýalňyşmasam Öwezdurdy agaň obadaşam bolmagy mümkin.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]