15:25
Heser derdi / hekaýa
HESER DERDI

Algebra sapagy ahyrlanam bolsa, wagt geçiberenok. Maýyň mylaýym howasy bilen Meret mugallymyň gulaga ýakymly sesi “dilleşip”, günortanyň konserdi ýaly melul edýär, ukyňy getirýär. Şunça irkilmejek bolýan. Bolanok. Gabaklarym derrew bir-birini “bagryna basýar”. “Ýa bir zatlar diräp goýaýsammykam?”
Gapy açylyp, synp otagyna mekdep müdiri bilen bir nätanyş adam girdi. Müdir ilki Meret mugallymdan ötünç sorady, soňam girmäge rugsat. Meret mugallym baş atyp, ýylgyrdy. Onuň başga alajam galmandy. Müdir okuwçylara tarap öwrüldi:
-Bu ýigidi-hä köpiňiz tanaýansyňyz. Sähet, oba geňeşliginiň wekili. Siz ertir harby wekillige gitmeli. Näme gerek, näme etmeli, haçan gelmeli... olary häzir Sähediň özi düşündirer.
Sähet çalaja ardynjyrap, söze başlady:
-Hormatly okuwçylar, siziň bilşiňiz ýaly, her bir on alty ýaşan ýetginjek harby wekillige baryp, lukman gözegçiliginden geçmeli.
Hüýrjemaly bilesigelijiligi gününe goýmady:
-O näme bolýarka, gyz?
-Şonam bileňokmy, gyz? Duwtordan geçirýäler, barlaýalar – diýip, Ýazgül Sähetden öňürtdi.
“Dogtoryň gyzy-da, bilse-de, bilýändir” diýip men pikir etdim.
-Bizemmikä?
Hüýrjemalyň gözleri tegelendi.
-Ýok, ýok, diňe oglanlar gelmeli – diýip, Sähet ony köşeşdirdi.

* * *

Men öýe gelşime okuwçy ýantorbamy töre oklap goýberdim. Törde oturan eneme ünsem bermändirin, tas ýazzy maňlaýyna degipdi.
-Näme etdigiň boldy bi, deýýusyň çagasy? Ertir gerekgämi bi päpge saňa?
Men jogap berip ýetişmedim. Ejem içerik girdi.
-Eje, ertir biz harby wekillige gitmeli. Hemme oglan synpdaşlarymyzam gidýä.
Şol wagt Agamyradyň ejesi – goňşymyz Ogulla gelneje tasap geldi. Ol demi demine ýetişmän, gürrüň bermäge başlady.
-Eý, toba-toba, çagaň ýetişenini höküwmet özüňden öň bilýä, gyz! Ertir harby wekillige gitmeli diýýä-dä, hakyt!
-Eýýäm äkidäýesleri ýok-la, gyz, gulluga? Entek okuwlarynam gutaranoklar-a! – diýip, ejem gyzyklandy.
-Be-eý, biläýmedim-dä, gyz, men-ä welin, äkidäýesleri ýok-la. Uruş-puruş bar diýip-hä eşidemzok, gyz, biz-ä.
Menem, Agamyradam maşgalanyň uly ogullary. Hut şonuň üçinem, ejemiňem, Ogulla gelnejemiňem bu meselede “tejribesi” ýokdy.
-Dogtordan geçirip, hasaba aljakdyrlar – diýip, enem gürrüňe goşuldy. Meň enem köp bilýär. Soňra ol öz aýdanlaryna garşy çykýan äheňde sözüni dowam etdi. – Hasaba öň alandyrlar, ýogsa, ýetişen ogluň baryny-ýoguny höküwmet nireden bilsin?! Bi oba geňeşiniň başlygy Aýmyradyň işidir. Şol birhili gümmi-sümmüräk adam. Öňem adam satýar diýýärdiler şoňa. Şondan başga hiç kimiň işi däldir ol...

* * *

Hatar tutup oturan ak halatlu-halatsyz adamlaryň öňünden ejemiziň dogran geýiminde geçip barýas. Olaryň arasynda aýallaram bar. “Utananoklarmyka-raý? Häli-şindi görüp ýörensoňlar öwrenişibem gidendirler-le.” Utanýan. Nirede gören zadym? Ellerim bilen özümiň uýat hasap eden ýerimi ýapmaga çalyşýan. Äýnegi äpet kellesine zordan eltilen lopbuş ýüzli adamyň öňüne barýan. Ol stoly barmaklary bilen tyrkyldadyp oturyşyna maňa tiňkesini dikýär. “Hudaýam husyd-ow, munça kelle berenine görä, oňa laýyk gözem beräýmeli ekeni-dä!” Men onuň üljäň şänigi ýaly gözlerine seredip pikir edýän. Lopbuş ýüzli adamyň güňleç sesi men pikir deňzinden sogrup aldy.
-Ýataňda düýşüňe gyzlar girýämi?
Men degişmä düşündim. Degişme bilenem jogap berdim:
-Hawa, girýäler. Özlerem gezekli-gezegine – her gije biri girýär.
-Onda-ha gowy. Gezekli-gezegine girýänlerine şükür et, bary üýşüp dagy giräýseler, gäbiňi azdyr olar seň – diýip, öňündäki kagyza bir zatlar-a çyrşaşdyryp, gapdalynda oturan ors gyza uzatdy. Men ol gyza seretdim. “Älhepus, munuň owadandygyny orsam bolsa!” Men onuň gabat garşysyna baryp sömeldim. Ol gyz meniň stoluň gabadyndan ýokarymy uly dykgat bilen synlaýar. Munuň seredäýşini diýsene! Onuň göreçleriniň bedenimden ýöreýän ýerlerinde jana ýakymly ýylylyk peýda bolýar. Basymrak bolaýmasa-ha hallar harap bolup barýar. Ol elindäki galamy bilen yşarat edip, öwrül diýen manyda yşarat edýär. Men düşünmezlige salýan. Bolmajagyny bilip, ol çalgyrt türkmençeledi:
-Owril diýýan sana!
Men gulaklaryma ynanamok. “Beh, şonuň ýaly oňa näme zerurlyk barka-raý?”
-Näme üçin?
-Owril, gownima ýarasan, sana are çikçak – diýip, ýylgyrdy. Bu ýylgyryşda men ýaňsydan, hilegärlikden yşarat görmedim. Ynandym. Umytly ynandym. “Ejem bilen kakam: “Ors gerek däl!” diýip, aýak diräp durmasalar-a, erbetje zad-a däl özi” diýip göwün ýüwürdýän. “Gözeli gözelligi synlamakdan mahrum etmäýin” diýip, ähli tarapyma öwrülip çykýan. Ýüregimiň urşy barha çaltlanyp, gan aýlanyşym batlanyp ugrady. Bedenimiň ähli ýerlerinde-de “adatdan daşary hereket” başlandy. Meselem, agzym gurap, dilim agzymyň içini doldurdy, barmaklarym öz-özünden herekete gelip başlady... “Basymrak gutaraýmasa-ha, gäbimi azdyrjak”. Ol hem öz gezeginde öňündäki kagyza bir zatlar ýazyşdyrdy. Soňam “kyn güne” goýany üçin ötünç soraýan äheňde ynjyly-näzli ýylgyrdy welin, ýüregimiň töründe köräp duran umyt uçgunlary güwläp duran ýangyna öwrüldi oturyberdi. Ol “geçiber” diýýän äheňde yşarat etdi. Gidesim gelenok. Onda-da zorluk edip diýen ýaly, özümi “süýräp” alyp gitdim. Ýogsam, yzyňdan direşip gelýänleriň gohundan durar ýaly däl.
Indiki lukmanyň ýeke özi bir çetde otyr. Öňünde-de hassalar üçin ýörite edilen ýaly, oturylýan ýeri oýulan oturgyç dur. Onuň aşagam durşuna aýna bolup dur. Lukman maňa oturgyjy görkezip:
-Otur! – diýdi.
-Näme üçin?
-Otur diýlende otur-da, barlajak!
“Şeýle barlaýanda bolanokmyka?” Men kynlyk bilen oturýan. Ol aşaky aýnalara seredip, bir zatlar ýazyşdyrýar, soňra çyzgyjy oturgyjyň aşagyna sokup, bir zatlar-a ölçän bolýar, elindäki kagyza bellik edişdirýär. Ol öz işi bilen gümra bolup oturyşyna sorag berdi:
-Çilim-ä çekýänsiň sen, şeýlemi?
Men oturgyjyň oýugyndan tas aşak akypdym. “Bildiräýýämikä-raý?” Dogrudanam, Agamyrat bilen kakamyzyň çiliminden ogurlap, käte-käte “kürre tozanyny turzaýmamyz” bardy. Men gümmi-sümmi jogap berýän:
-Aý, ýok... ýok-la, çekemok.
-Haý, diýseňem-ä çöp-çalama urýaň welin, çekýänsiň. Şeýle gerek? Hany, dogrujaňy aýt!
Aljyraýan. Ýan berip ugradym.
-Bildiräýýän däldir-le?
-Aý, ýok, o diýen bildiribem baranok welin... – diýip, sözüni soňlaman goýdy. Soňra ol mekirje ýylgyrdy-da, elini salgap gidiber diýen yşarat etdi.
...Men ähli barlag – “synaglardan” geçip, yzyma – çykalga tarap barýan. Kimdir biriniň şol ors gyzyň adyny tutup, orsçalap bir zat diýenini eşitdim. Başga sözüne-hä düşünmedim welin, onuň ady bada-bat ýadyma ýazyldy. Lena! Lena ekeni ady! Ajaýyp Ýelena! Eýjejik Lena!
Men bu mukaddes ady ýüregimiň törki diwaryna oýup ýazdym-da, daş çykdym. Oglanlar hol beýleräkde üýşüp durlar. Ýanlaryna-da baramok, aralaryna-da goşulamok. Gapynyň agzynda durun. Lenadan habara garaşýan. “Be-eý, meň... wiý, dilim gursun, men Lena ýaradymmykam-aý? Maňa seredişi-hä beýleki oglanlara seredişinden üýtgeşikdi welin, ýarandyryn. Ýarandyryn-la. Jogabyny häzir aýdyp goýbärmikä ýa soň bir alajyny edip eşitdirmikä? Bolmasa, özüm baryp sorap göräýsemmikäm? Aý, ol-a bolmaz! Gepe, utanja goýaryn. Garaşaýyn. Sabyr edeýin. “Sabyrly gul dura-bara şat bolar diýýär enem-ä. Menem sabyrly bolaýyn. Lena menden uluragam-a welin, zyýany ýok-la. Gep ýaşda däl-ä”. Men öz göwnüme teselli berýän. Ejemli, kakamly mesele welin, göwnüme ünji, böwrüme sanjy bolup dur. “Türkmençe geplemäni öwretjek, türkmen egin-eşigini geýdirjek” diýsem-ä razy bolmaklaram ähtimal. Ýöne, barybir, bu pikir meni erkime goýanok.
Öýe gaýtmaly wagtam bolaýypdyr. Ähli kişi gelen ulagymyza münüpdir. Men bolsa henizem garaşyp durun. “Heý habar-hatyr bolmazmyka?” Hiç zat ýok. Oglanlaň gygyrýan sesi säginmän, deňimden şuwlap geçip dur. Harby tälim mugallymynyň güňleç sesi meni özüme dolap getirdi:
-Näme dursuň o ýerde garantga ýaly sömelip? Gel, öýüňe gitmek niýetiň bar bolsa!
Men aýaklarymy süýräp, göwünli-göwünsiz ulaga tarap ýönelýän. Ýene-de Atageldi mugallymyň güňleç sesi gulagyma güpläp degýär:
-Bala gaçan siňek ýaly oýkanjyrap gelme-de, ýöre dogumlyrak!
...Ulagyň içi gülki, şatlyk, şowhun. Ýöne olar meniň üçin däl. Hiç zat gulagyma ilenok. Ilenem Lenaň sesi bolup ilýär. Hatda Atageldi mugallymyňkydan başga ýüzleriň ählisem Lenaň ýüzi bolup görünýär gözüme. Ýöne meniň bu zatlaryň ählisiniň heser salgymydygyna aklym ýetýär.
Ulagdan öýümiziň deňinde düşüp galdym. Öýe giresim gelenok. Yzyma eňäýesim gelýär. Ýöne “ýagdaý” ýok. Göwünli-göwünsiz gapyny açyp, içerik girýän. Enem şol öňki ýerinde – töre eýelik edip otyr.
-Geldiňmi, köşegim?
Men ysgynsyz jogap berýän.
-Hawa.
-Näme üçin çagyrypdyrlar ekeni?
Meniň asla gepläsim gelenok, ýöne enem anygyna ýetäýmese, barybir, ynjalyk bermez. Bilipjik durun. Men gepläsim gelmeýänini aňdyrmak üçin gysgajyk jogap berdim:
-Hiç zat.
Enemiň gyzyklanmasy artdy.
-O nähili hiç zat? Hiç zat üçinem çagyrlarmy, oglum?
-Dogtordan geçirdiler.
-Şeý diýsene onda! Nähili, kemiň-derdiň ýokdur-da hernä?
“Wah, ene jan derdim-ä baramda ýokdy welin, gaýdamda tapynyp gaýtdym”. Bu pikirimem ýüregimiň düýbüne çökdi.
-Ýok, “Itdenem sag” diýdiler.
Enem begendi.
-Tüweleme, bolubilýä, oglum! Çaý-naharyň-a taýyndyr iýseň. Ejeňe aýdaý, guýup berer.
-Ýok, ene, iýjekgäl.
-Näme, ýaramajak bolýaňmy, köşegim, sesiňem birhili haýal çykýar weli?
-Ýok, ene, ýöne ýadadym, ýatjak.
-Bor, köşegim, bor, keýpiň kelläňde. Turaňsoň iýäýersiň-dä onda naharyňam.
Ýatyp bolanok. Gözüňi açsaňam, Lena, ýumsaňam. “Nädäýerkäň?” diýip, bir gözümi açyp, beýlekisini ýumubam görýän. Bolanok. Tersine, beýtsem, iki bolýar: açyk gözümde bir Lena, ýumuk gözümde-de biri. Ine, şeýdip, düňle-däli bolup, gezip ýörün. Hiç zat bilen hoşum ýok. Men Lena hakda pikir etmezligiň çäresini gözleýän. Bolanok. Dur ol gözümiň öňünde sömelip, gidenok.
Şol günden bäri iki hepde geçdi. Lenadan welin habar ýok. Poçtalion gazet getirdigi, ähli gazet-žurnallary “waraklap” çykýan. Hiç zat ýok. Iki-üç gezek Agajan poçtalionlaryň öýüne barybam sorap gördüm. Hat-habar ýok. “Mekdebe iberen bolaýmasyn” diýip, mekdebe gelýän gazet-žurnallaram dörüşdirip görýän /kitaphanaçyň rugsady bilen/. Eger-eger zat ýok. “Ýa-da men oňa ýaramadymmykam? Onda-da halamadygyny eşitdiräýjek ýaly welin... Oda düşüp, gije bilen gündiziň parhyny ýitirip ýörenimden habary ýokmuka ýa onuň?” Şondan bäri ýurduň o çetinde gulluk edip ýören Oraz tüňçäň ogly Jummudan iki ýola hat geldi. Alkymymyzdaky şäherden welin, hat-habar ýok. “Ýa ýakyn ýerden iberilen hat uzak eglenmýärmikä? Bolup biler. Poçta işgärleri: “Gapdaljygymyz-la, her haçan ibersegem bolar” diýip, arkaýynlaşyp, soňam bir sellem ýatlaryndan çykaraýýan bolmaklaram mümkin.”
Bir gün agşam başyma ýorganymy berk bürenip ýatyryn. Gözüme çiş kakylan ýaly. Uky diýen zat meň bilen tersleşip aýrylyşana döndi. Gara berenok. Käte-käte ýalňyşybam “salama-da” gelenok. Beýle ýanymda ejem bilen kakam dyz degşirip, çaý içip otyrlar. Meň ukymy bozmajak bolup, ýuwaşja gürrüň edýärler. Ýöne men ähli zady eşidip ýatyryn.
-Ogluňa bir zad-a bolýar, aňýaňmy şony? Öňküligi-hä ýok şuň.
Bu ejemiň sesi. Kakam nägile bolýar.
-Menem görýänem, bilýänem, aňýanam, kör däl! Bulaň ýaşynda bolaýýan zat. Heser urandyr.
“Hesel urandyr?!” Depämden ýekedaban inderilene döndi. Hesel – goňşymyzyň gyzy, meň bilenem synpdaş. Ol deşli, edenli, dogumly gyz. Dogrusy, mekdepde oglanlar ondan çekinmänem duranoklar. Şol urupdyr diýilse, ynanylaýsa-da bolman durmaz.
Men bürenip ýatan ýorganymy gürpüldedip, serpip goýberdim. Kakamyň gapdalynda goýan, ýaga bişip, agramy ýeten şlýapasy allaowarra galgap gitdi. Men ýumruklarymy düwdüm.
-Men Hesele özümi urdurynmy?! Kimmiş ol Hesel, meni urar ýaly?! Hany, golaýyma bir gelip görsün!
Ejem bilen kakam syrly ýylgyryşdylar. Kakam bir zatlar-a diýmäge hyýallandy. Ýöne ejemiň “degme” diýen äheňde dyzyna kakmagy ony saklady. Kakam düşündi. Sesini çykarmady. Men daşaryk çykdym. Asmana seredýän. Ol ýerde Aý – Lena gelejegimi nurlandyryp, şugla saçyp durdy...

* * *

Iň soňkuja umyt baglan günümem gelip ýetdi. Deslapky harby hasaba alyş şahadatnamalarymyzy getirdiler. Men olary getirene – Sähede umytly bakýan. Bir habar aýdaryna garaşýan. Üm-yşarat ýok. Men şahadatnamany eýlesine-beýlesine öwrüp görýän, içini açyp seredýän, alamat-nyşan ýok. “Ýa ýanyna baryp göräýsemmikäm? Ýok, ol-a bolmaz. Näme üçin men idemelimişim? Goý, özi idesin, eger gerek bolsam!” Men hyýalymda Lena haýbat atýan. Ýöne bu haýbat atmamda nähilidir bir ýumşaklyk özüme-de duýulýar. Lenany başa barmadyk arzuwym hasaplaýan, ony ýüregimdenem, beýnimdenem çykaryp, öz ýoluna ugratmak isleýän. Ýöne onuň welin çykaýasam, gidäýesem gelenok. Kynlyk bilenem bolsa, kem-kemden sowaşýan. Ol hakynda pikir etmezlige çalyşýan. Ýöne ol heniz-henizlerem gözüme görünýär. Emma hemişekiler ýaly, burnuny burnuma diräp duranok. Daşdan çalaja sudur bolup görünýär. Ho-olha, serediň ýarym Aýyň oýuk ýerine. Göreňzok-maý? Siňeje serediň, görersiňiz. Meniň-ä gözüme dürtülip dur şol. Hemme kişä-de görünäýmeli! Hökman görünäýmeli! Aýyň bir böleg-ä ol!

Kakabaý ÇARYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 124 | Добавил: meylishalyk90 | Теги: Kakabaý Çaryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
Ajaýyp Yelena :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]