06:37
Şahyra
ŞAHYRA

Kakamyrat Rejebowa bagyşlanýar

Şahyr ýigit!
Bir pursat ýazmañy goýup,
Daşlaşyp ýöntemje pyşyrdylardan,
Ýene-de birini okap beräý-dä
Şol çuññur manyly şygyrlaryñdan.

Galamña buýsanyp, joşgunly oka!
Sesiñ bilen däl-de, ýüregiñ bilen.
Magtymguly Meñlisini ýatlasyn,
Kerim aga gelsin Geregi bilen.

Sesiñden güýç alyp, owsunsyn şemal,
Ygşyldasyn başy gök derekleriñ.
Tutuş ýer ýüzüne ýañlanyp owaz,
Pyşyrdysy bolsun päk ýürekleriñ.

Oka bu durmuşyñ öñki hem soñky
Çekdiren jebrinden ar alýan ýaly.
Göýä şygyr diñlän wagtym gussalar
Mendenem çalarak azalýan ýaly.

Menem edil sen dek aşyk poeziýa,
Gijeler syýamdyr,gündizlem kagyz.
Bu ugurda ýanyp, köýmeli bolsa?
Gör,näçe gezekler köýmäge kaýyl.

Elimizde galam ,dilimizde söz
Gutarýança sözläris muny bilýän
Başga hyjuw orun tutmaz ýürekde,
Şygyr ýazmak üçin indik bu dünýä.

Tamdyr deýin gyzyp doganda günler,
Aý bukulup garanynda tüýnükden.
Şahyr ýigit!
Oka,şygryñy oka
Şeýdip, bu gün kämilleş sen düýnkiden.

Mahym NURGELDIÝEWA.

2017ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 165 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 15
0
15 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
*ötünç

1
14 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ötüç sorar ýaly zat ýok.Esasy zat agzalaryñ jyns, ýaş... aýratynlyklary däl pikri,dünýägaraýşy.

1
11 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bu goşgyny ýazanymda 19 yñ içindedim.Kakamyrat halypañ goşgularyny ilkinji okap başlan wagtlarymdy.Meñ üçin bir dünýä açylypdy.Halypañ özüniñem "Goşgy okap bersene" diýen goşgusynda "Gideýin men duýgulañda azaşyp" diýşi ýaly menem onuñ duýgularynyñ içinde azaşypdym.Ilkinji öwrenje goşgularymdan biri (çagakam ýazanlarymy hasap etmesem)
Öwrenjeligine garamazdan paýlaşmagy ýûregim salgy berdi.Edil şu goşgyny ýazanymda ýüregimiñ çuñluklaryndan syzylyşy ýaly.Dogrysy häzir kämilleşenligime garamazdan şeýle goşgy ýazylyberenok.Diýmek ýûrekden gelmeli.Şu goşgyny işläýin diýsemem şol ýazan wagtymdaky çäksiz hormat we minnetdarlyk duýgusynyñ ýiterinden gorkdum.Şeýle de bolardy.Şoñ üçinem öwrenje goşgularyma añsat añsat degemok.
...Aýdara zat känligine garamazdan (kä zatlar babatda) dymmagy saýlajak.
Diñe ýeke teswire jogap berjek.Olam çäksiz hormat goýýan ynsanyma aýdylany üçin.
Birinjiden ä bärde halypañ şahsyna deger ýaly ýagdaý ýok.
Ikinjidenem kimdir birine esasy zat özi bolsa bolýar diýmek üçin ony ýakyndan tanamak gerekmikä diýýän.
"Ony Kakamyrada aýt" ýaly bolgusyz teswirem okadym.Aýtmanlygymy nireden bilýäñiz?
Mundan soñra da şu mowzukda jedele girjek däl.Şu jemlemämdir.
Manyly bellik edenlere we teswir ýazanlara tañryýalkasyn!

0
Duele zada çykyp uruşjak dälmi? Bolgusyz teswir üçin

0
13 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
mena dogrysy @hyýalkeş Size erkek adamdyr öýdip ýördüm. Sorry!!))

0
10 puo   [Mowzuga geç]
гайыбана гойулянам говы зат.ёгсам уржагам шулар))))

-1
5 Metbugat   [Mowzuga geç]
Kakamyrat hakda diñe Laçyn Pürjäýewa iñ gowy goşgulary ýazyp biler. Kakamyrat hakda aglasa Laçyn aglar, galany ýalan aglar :-)

0
6 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Aý Kakamyrada kim aglanda näme? Glawnoe özi bolsa boldy da, galanlaram näme goşgy yazsynlar söýsünler aglasynlar köýsünler :D

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bu eýýäm gelşiksiz boldy.

0
Ony Kakamyrada ayt

0
2 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Adatça ölen adamlara bagyşlap ýazýarlar dälmi?

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kime bagyşlanandygyna garamazdan goşgy gowşak, pikir ýöntem, beýan ediş - telper. Mahlasy çuñluk ýok, näçe buljumrak ýere özüñi atasyñ gelse-de, çolpyña ilýän zat ýok. Derýañ saý ýerinden şapyrdap geçip gideñde zordan topugña ýetýän sowuk suw ýaly, gyzgynlyk duýlanok. Ýürekden joşup çykmasa, ýazýan obýektiñe hemmetaraplaýyn ýakynlygyñ bolmasa, hemmetaraplaýyn belet bolmasañ, şo barada ýazmalam dälmikä diýýän. Ýazýan zadyñy ýa aşa söýmeli, ýa aşa ýigrenmeli, soñ ýazmaly :))

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
hasaplaşykmy bi? şahyrlara gelişmeýän zatlar edýäňiz. men ýaly biri etse bolýaram welin. bolýada(närzalyk manyda).

goşgy 2017-de ýazylypdyr. meň çakym boýunça Mahym hanym şu wagt 23-24 ýaşlarynda bolmaly. bu goşgyny 20 ýaşlarynda ýazypdyr. "wa-aý, söýýän, köýýän, ölüp barýan" diýmänem bir zada degenokmy. bolýada(kanagatlanma manyda).

men bolsam goşga näme diýerdim:

Bir pursat ýazmañy goýup,
Daşlaşyp ýöntemje pyşyrdylardan,

şuny sorardym (özüm şahyr bolmamsoň bilemok) "goşgy ýazylanda ýöntem pyşyrdanylýamy?" diýip sorardym. ýazan zadyň gowy ýaňlanýamy diýip pyşyrdap gaýtalanýan bolmagy ahmal. ýöne gowy görýän şahyryňa "ýöntem pyşyrdamaňy goý" diýseň birhili dälmi?

Ýene-de biriniokap beräý-dä
Şol çuññur manyly şygyrlaryñdan.


öňem birini okap berdimi ki ýene birini okap beräý diýýäň. ýene birini okamak "täze goşgyňy okaly" manyda bolsa näme üçin ýazmasyny goýmagyny (bir pursadam bolsa) soradyň?

Galamña buýsanyp, joşgunly oka!

goşgusyny okanda galamyna buýsanýan şahyr. geň.

Magtymguly Meñlisini ýatlasyn,
Kerim aga gelsin Geregibilen.


ikiks.

Oka bu durmuşyñ öñki hem soñky
Çekdiren jebrinden ar alýan ýaly.
(Göýä şygyr diñlän wagtym gussalar
Mendenem çalarak azalýan ýaly).


soňky iki setiri ýaýa almasaň bulaşýa

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hasaplaşyk? (Men hasaba, arifmetika çöññe.) Öz işimde edýän gündelik otçýotlarymy günde telim sapar ýalñyşyp, telim sapar dogrulaýan. (Hernä şü kompýuteriñ kalkulýatory bolaýypdyr bagtyma, ýogsam dat günüme.) :) Şu ömrümde adam oglundan öýke-kine saklan ýerim bolmady, oñ ü.n hasaplaşjak zadymyzam ýok.

Näçe jibrinsegem biri beýlekisiniñ teswirine deginmezden öz pikirini aýdyp bilenok. (Nägilelik däl-de az-owlak gynanç manysynda).

Ýañy ýokarky ýazan teswirimi delillendirip,
haýsy setirlere näme belliklerimiñ bardygyny ýazjakdym. Ýolda bolamsoñ ýazyp bilmedim, obetde arkaýynlykda ýazaryn diýip goýupdym. Terse çekjeklerini bilibem durdym welin...

0
8 myhman   [Mowzuga geç]
komýuter bilmegiňem bir +. :-)

düşünjelidir öýdemsoň düşündirjek bolýandyryn. nämede bolsa okumyş adam.

tewsire tewsir ýazmak hakynda:

dogry aýdýaň, ylalaşýan. iliň ýazan zady bilen işiň bolmaly däl. menem kän burnumy sokmaly däl ýerime sokdum. mundan soňam sokarmykam diýýän. ýöne sögüşmeje-ä bolýan. sögüşýänleň arasyna girmejek bolýan. bilýänsiň, aralaşdyrmak üçin girseňem bir-iki şarpyk degmegi ahmal "atdanlykda". ters düşünme, şarpykdan gorkanym üçin däl. gereksiz hasaplanym üçin giremok.

indi şeýle sorag ýüze çykýa: "onda näme üçin arasynda burnuňy somlaýaň?"

jogap:

1. adam belli bir derejä baransoň gürleýän zatlarynda seresap bolmaly bolýa. sebäbi eýýäm oň birgidan muşdaklary bolýar. birine tarap çalaja gaşyny çytyp seretse-de, muşdaklary hüjüme geçmegi ahmal. sende kine bolmasa-da, olarda döräp biler.

2. öňki teswirleri bilýänim üçin. do you know what i mean? :-)

saýtyňyza gelenime kän wagt bolanok (profilde görkezilýän eken wagty). şondan bäri goýlan eserleri, olara ýazylan kommentleri okajak bolýan. az wagt bolsa-da kimiň nähiliräk komment ýazýanyny boli-meni saýgarýamykam diýýän. şoň üçin

Näçe jibrinsegem biri beýlekisiniñ teswirine deginmezden öz pikirini aýdyp bilenok.

diýmän

Näçe jibrinsegem hijimiz beýlekisiniñ teswirine deginmezden öz pikirini aýdyp bilemizok.

diýen bolsaň dogry bolardy.

Şu ömrümde adam oglundan öýke-kine saklan ýerim bolmady

gowy häsiýetiň bar eken. menem kine saklamazlyga çalyşýan. elimden geldigiçe. şu temada çaý başynda gürleşseň gyzykly gürrüňä bolardy. nesibedir, belki olam bolar. bärde uzyn-uzyn ýazmaly bolýa. okamaga wagt gerek. ýazmagam kyn. şoňçüýn başynam başlamaýyn.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: