23:25
Ylalaşyk / hekaýa
YLALAŞYK

Olar edil bir bölejik gara bulut ýaly tekiz düzüň üstünde hereketsiz durdular. Şonda serkerdelerimiň biri:
- Eger olar gapdalymyzdaky dagyň kölegesi bolsa, onda beýle ejiz kölegäni birinji sapar görýän. Heý, Parsefon, seniň guşkelle bilgijiň bizi aldapdyr. Diňe olar hakdaky aýdylýan ýalan toslamalar şu dag ýaly beýik bolup biler. Hakykatda bolsa olar, ynha – diýip, külembikesini görkezdi – hakykatda olar şu barmakdanam kiçiräk ekenler.
Men serkerdämiň sözlerinden ruhlanan esgerlere egnaşyr seredip, olaryň şo wagt demir sowutlaryna batly kakýanlaryny gördüm. Goşun ýeňiljek tolgunma tapyp, şakyrdysyny artdyrdy. Serkerdäm maňa ýylgyryp yşarat etdi-de, atynyň böwrüne çala depip, sag gapdalyma geçdi:
- Şu wagt olaryň bolup durşy size Lilianyň ezilen serçesini ýatladanokmy? – Eýýý, siz skiflerr! – diýip, serkerdäm ýüzüni hereketsiz duran skif goşunyna tarap öwürdi. Şo pursat onuň aty eýesiniň diline düşünmän, öz goşunymyza seretmegine dowam etdirýärdi. Serkerdäm atyň böwrüne batly depdi welin, at janawer yzyna öwrülmän, iki aýagyna galyp kişňedi-de, öz goşunymyzyň arasyna siňjek boldy. Onuň wagtynda uýanyndan çekdiler. Goşunyň içinde kimdir biri “Skiflerden gorkdy öýdýän” – diýip seslendi. Men täzeden yzyma gaňryldym. Emele gelen tolgunşygy ýumşatmak üçin
- Onuň skifleriň ýüzünem göresi gelenok, şonuň üçinem biz oňa skifleriň başga ýerini görkezeli – diýip, gygyrdym. Goşundaky batly gülki sesleri ýene naýzadyr sowutlaryň şakyrdysy bilen garyşyk eşidildi. Bu gezek serkerdämem uýanyny ynamly silteläp, kellesini yza gaýyşdyryp güldi. Goşunyň ruhy belentdi. Şujagaz gopgunam hol beýlede – beýik dagyň kiçijek kölegesi ýaly hereketsiz duran skif goşunyny gorkuzaýjak ýalydy. esgerlere bildirmesemem kalbym rahat däldi. Onda şu söweşiň boljagyny bilen günümden bäri nämälim alada bardy. Bolmasa, akyldarlar men ýaly urşujylar hakynda “Olar urşuň içinde doguldy” diýip, rowaýat düzýärler, oratorlar meniň ruhum ýaly beýik ruhly bolmalydygy barada çykyş edýärler. Ýöne olaryň hiç birem meniň ruhum hakynda ähli hakykaty bilýän däldirler. Onuň hereketsiz duran bir kiçiräk goşunyň öňünde nähili alada galandygyny hiç wagtam aňlamazlar, sebäbi adamlar diňe ýeňşi şöhratlandyrýarlar.
Gün gatlyşyp gelýärdi. Ikindi bir ýanyny agşama bermänkä, biz bu kiçiräk skif toparyny kül-peýkun etmelidik. Olar edil ýanan oduň küljagazlary ýaly howa siňip gitmelidiler. Men sowuk gylyjymy göni skifleriň ýüregine tarap gezedim:
- Öňe!
Ähli täsinlik şondan soň başlandy. Skifleriň ýaňky hereketsiz, asuda goşunyndaky esgerler ep-esli arany açyp, bize tarap eňdiler. Olar şeýdip az sanlydyklaryny bildirjek bolýan däldirler öýtdüm. Ýöne zynjyr nähili dagan görnüşde boldugyça, şonça-da çalt üzülýär ahyryn. Men ala-şakyrdy bolup, edil deňiz ýaly akyp gelýän goşunyma skifleriň arasyna girip uruşmagy elimdäki gylyjyň ugry bilen düşündirdim. Olar edil etiň üstüne eňen garasarlar ýaly okdurylyp gelýärdiler. Olaryň şeýlebir düşbi atlary bardy welin, skifler onuň üstünde oturman, howada uçýardylar. Men şonda kalbymdaky gozgalaňyň ýöne ýere däldigine magat göz ýetirdim.
- Denis, Denis – diýip, men eýýäm skifleriň arasyna girip, gylyçlaşmaga başlan toparyň serkerdesine gygyrdym. – Aňry gitme, Denis, şo ýerde dur, aňry gitme diýýän
Meniň sesim gulagymyň deňinden geçýän oklaryň şuwwuldysynda ýitýärdi, elimdäki gylyjyň şakyrdysynda kesilýärdi. Yza tesýänimi görüp, sag tarapdaky toparyň ep –esli bölegi meniň edenimi gaýtalady. Jellatlaryň eline düşen ýaly olaryň köpüsiniň gözünde gorky bardy. Ýöne goşunyň bar bölegi diýen ýaly – çep tarapym we ýörite öňden ýöreýän iň gowy esgerlerden düzülen topar söweş meýdanyndady. Olaryň şu başagaýlykda meni görmeýändiklerine janym ýanýardy. Esgerlerim janhowluna güýjünde baryny edip uruşýardylar. Skif goşunlary bir-de ýitip, bir-de peýda bolýan jadygöýler ýaly başyňy aýlaýardy. Olar uruşman, hamana, tans edýän ýigitler ýaly göçýärdiler. Şeýle şadyýan söweşýän urşujylary men başga hiç ýerde görmändim. “Atlary, atlary, wah, şu atlary” diýip, men ahmyr bilen hyrçymy dişledim. Ýöne ondan aňry pikir etmäge maý ýokdy. Men gapdalymdaky kömekçi esgere yza çekilmelidigi baradaky habary bermek üçin surnaýyny çalmagy buýurdym. Surnaý çalnan badyna esgerler ukudan oýanan ýaly yza çekilmäge başladylar. Ýöne eýýäm giçdi. Men ikiýana elewremäge başladym. Edil perzendiniň daşyny gallan ýyrtyjylara daşyndan seredýän ene ýaly aljyradym. Skifler tegelek gurap, goşunyň daşyna geçdiler. Häzir olaryň şol dowzahyň agzyna meňzäp duran tegelek bilen goşuny gysmaga başlajakdygy görnüp durdy. “Şowlulyk bu gün bizi tarapymyzda däl” – diýip, goşun maslahatçym meniň elewreýşime dözmän pyşyrdady.
- Olary bu ýagdaýda goýup bolmaz. Öňee! – diýip, men gapdalymdaky galanja esgerlere ýüzlendim. Ätiýaçda duran goşuna bolsa meniň buýrugyma garaşmagy tabşyrdym. Olaram urşuň içine alyp gidip, onsuzam bir uruş üçin juda köp düşen pidalary artdyrmak niýetim ýokdy. Maslahatçym meni saklajak boldy, ýöne men eýýäm şakyrdaşýan gylyç sesleri bilen giň düzlügiň gulagyny kamata getiren urşuň içindedim. Boýun almaly, skifler gylyja ussatlarça erk edýärdiler, ýöne olaryň bir kemçiligi bardy. Olar garşydaşynyň üstüne edil gözi ýok ýaly okdurylýardylar, tüýs gözsüz batyrlardy. Birbada olaryň bu badyhowalygy sussyňy basaýjak bolýardy. Sähel gorkusy bolan esgeriň-ä ruhdan düşýän bolmagam ähtimal. Şonuň üçinem olar bilen öz dillerinde gepleşmelidi. Kemçiliginden peýdalanmalydy. Olaryň öz dilinde gepleşmegiň mümkin bolmajakdygyna men ruhdan düşen esgerlerimiň ýadaw gaýtawul berşinden düşündim. Diýmek, gaçmaly. Gany gyzgyn skifler hökman yzymyzdan kowar, şonda olaryň öz pirimini öz başlaryna getirip bilmezmikäk? Şol ikaralykda esgerlerim demini dürsäp, ynjalyp başlamazmyka? Bu gezekki yza çekilmek baradaky yşaratymy görüp, galanja esgerlerim ýuwaşlyk bilen uruş meýdanynyň gyzgalaňly ýerinden çekilip ugradylar. Olaryň özem şeýle yşarata taýýar ekeni. Esgerleriň ýolboýy ýerdäki jesetlere büdräbem ýykylyp galşyndan çen tutup, men hereketleri has çaltlandyrmaga çagyrdym. Haýal-ýagallyk etmegiň wagty däldi. Esgerlere näme etmelidigi barada gygyryp ýörşüme özümem egnimden iki gezek ýaralanan ekenim. Olaryň agyrysy diňe demimi dürsemek üçin saklanan wagtym bildirýärdi. Şo pursat men gapdalymda kimdir biriniň dyzyna çöküp, ýüzinligine ýykylandygyny saýgardym. Onuň entek janynyň bardygy aýagy bilen ýer dyrmaýşyndan bildirýärdi. Men atdan düşdüm-de, ony ýerinden galdyrmak üçin beýlesine öwürdim. Gan çyrşak bolan ýüzünde öl gumuň yzlary, onsoňam ösgün gara saçlary sebäpli, kimdigini bada-bat tanamadym. Ýöne ol meni şobada tanady-da, ajy ýylgyrdy. Bu meniň söweş başlamazdan öňürti skifleri külembikesine meňzeden serkerdämdi. Onuň bir eli çykan ýerinden çapylypdyr ekeni. Ol gözi bilen zol-zol şol egnine tarap ümleýärdi. Men titreýän ellerim bilen ony ýerinden galdyrjak bolsamam başa barmady. Ol, hamana, galmak islemeýän ýaly, göwresini aşak çekip ýatdy. Eger esgerlerimiň biri meni çaltlyk bilen ýerimden turuzyp, ata münmäge mejbur etmedik bolsa, men şol galmak islemän ýatan serkerdämiň tutuş goşunymdygyna düşünip, uly ilim bilen aglardym.
- Olar kowýarlar, kowýarlar – diýip gygyryşýan sesler eşidildi. Ýöne yzymyzdan skifleriň özi däl-de, oklary kowalaýardy. Men häzir ätiýaçdaky goşuna goşulyp, yza çekiljekdigime, iň gowusynyň yza çekilmekdigine ynanýardym. Ýöne san taýdan az, beýik dagyň kiçijek kölegesi bolup görnen goşunyň nädip bizden rüstem gelendigine welin ynanybilemokdym. Hiç ýerde ady-sory çykmaýan, uly imperiýalary döretmeýän bu urşujylar bize sähranyň hakyky hojaýynlarynyň kimdigini subut etdiler. Hojaýynlar bilen bolsa, grek pelsepeçileriniň nygtamagyna görä, uruşmaly däl-de, Ylalaşyk baglaşmaly.
- Diýmek, ylalaşyk baglaşmak gerek – diýen pikir ätiýaçda häzir bolup duran goşunyma ýetýänçäm meni terk etmedi.

Bägül ATAÝEWA.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 176 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 18
0
10 puo   [Mowzuga geç]
atayewabagul83
гозуни юмда языбер..........нормално.шедевер хасапланян эсерлерем ичгин дорсен хер адам озуче бир гиден кемчилик чыкарып биляр.говы тарапыныз танкытдан горкмаянлыгныз..устинлик

0
Thanks puo. Продолжим

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Deriňi supürde haýdawer dos. Görüplere üns berme, dine öňe

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
erbet däl. ýöne-e

taryhy bilemok. onda-da has gadymy taryhy.
skifler türkmenleň ata-babasy bolupdyrmy onam bilemok. öýdemogam.
awtor şeýle pikirde (skifler tm-leň atalary) diýip çaklaýan.
ýagdaý şeýlekä, hekaýa garşy tarapyň serkerdesiniň (ýa başga baştutanynyň) dilinden gürrüň berilýä.

olaň bilgiçlerine özüňkileri öwdürjek bolamk:

seniň guşkelle bilgijiň bizi aldapdyr. Diňe olar hakdaky aýdylýan ýalan toslamalar şu dag ýaly beýik bolup biler.

soňam baştutana öwdürjek bolmak

Skif goşunlary bir-de ýitip, bir-de peýda bolýan jadygöýler ýaly başyňy aýlaýardy.

Şeýle şadyýan söweşýän urşujylary men başga hiç ýerde görmändim.

hem-ä "olaň aty gowy däl, biziň atymyz gowy" etjek bolmak, hemem serkerdäni gülkünç ýagdaýa düşürjek bolmak:

- Şu wagt olaryň bolup durşy size Lilianyň ezilen serçesini ýatladanokmy? – Eýýý, siz skiflerr! – diýip, serkerdäm ýüzüni hereketsiz duran skif goşunyna tarap öwürdi. Şo pursat onuň aty eýesiniň diline düşünmän, öz goşunymyza seretmegine dowam etdirýärdi. Serkerdäm atyň böwrüne batly depdi welin, at janawer yzyna öwrülmän, iki aýagyna galyp kişňedi-de, öz goşunymyzyň arasyna siňjek boldy.

Olaryň şeýlebir düşbi atlary bardy welin, skifler onuň üstünde oturman, howada uçýardylar.

“Atlary, atlary, wah, şu atlary” diýip, men ahmyr bilen hyrçymy dişledim.

şu ýerde bir zady aýdaýyn. men çapylýan ata münüp göremok. ýöne alaşa, ýaby ýaly iş üçin ulanylýanlara kän münüp gördüm. at janawer jylawyny nirä aýlasaň öwrülýä. ol wagtam ata agyzdyryk (şul esbabyň adyny toçno bilemok) dakandyrlarmyka diýýän.

ol atam, ol serkerdänem edil beýdäýmeli däl ekeniňiz. ol kişiň serkerde bolma derejesine ýetenini pikir etseňem, soňunda ölüşine seretseňem beýlede däldir diýdirýä. podhalimligi bolup biler.

Meniň sesim gulagymyň deňinden geçýän oklaryň şuwwuldysynda ýitýärdi

şol döwrüň uruş taktikasynam bilemok. ýöne goşunlaň fronty (öň hatary) çaknyşyp, ýakyn urşa geçilenden soň ok atylmaýamyka diýip durun. bärde bolsa diňe front däl, goşunlar biri-biriniň içine giripdir ýaly.

Olar edil etiň üstüne eňen garasarlar ýaly okdurylyp gelýärdiler.

garasar diýilýän guşuň (meň bilýän garasarym bolsa) ete çozanyny göremok.

Olaryň şu başagaýlykda meni görmeýändiklerine janym ýanýardy.

asudalykda görmän, başagaýlykda görmelimi.

0
Yene bir gezek okap gör

0
Saña uzyn jogap yazdym gitmedidaray indem yaltanyan

0
@myhman
1. Skifler barada öz işiñ ynanyp ynanmazlyk лично я верю
2hiç bir bilgije öwdurjek bolanok
3skifleriñкони небесные
4bolup biler. Yone meninkem bolup biler
5hemme ölümler şöhratly dal dä, bilyan sen adaty däl zada garaşansyñ
6 taktika dogry, serkerde entek söweşe girenok
Garasar garakelle maslyk iyiji guş
Hawa serkerdani görmeli hemişe bolmasa nyzam yok

0
15 Haweran   [Mowzuga geç]
Skifleri belli bir halkyñ ata-babalaryna degişli etmek yalñyş bolar. Emma olaryñ türki halklaryñ, şol sanda türkmenleriñem esasy ata-babalarydygyny inkär etmek mümkin däl.

Skifler we saklar
http://kitapcy.com/news/2019-01-28-4855
Antakýa - Oguz kaganyñ paýtagty
http://kitapcy.com/news/2019-08-21-7843
Isiler we skifler
http://kitapcy.com/news/2019-10-16-8568
Skifler we Azerbaýjan
http://kitapcy.com/news/2019-01-29-4862
Skifler barada
http://kitapcy.com/news/2019-10-17-8571
Sarmatlar
http://kitapcy.com/news/2019-02-24-5421
Лично, ynanyp bilersiñiz, ýalñyşmaýandygyñyza men kepil geçip bilerin, Bägül.

0
Bize degişli diyyandä, tutuş biz diyemog a, garyşandyr elbetde

0
Ynha belliklerini üc gezek okadym

0
17 Myhman0430   [Mowzuga geç]
Bägül hanym,

menem teswir ýazmakam hekaýany iki gezek okadym. ýalňyşmaýyn diýip. soňam sitatalary almak üçin okanymy hasap etseň iki ýarty sapar bolýa.

0
@Trigger kuzya sona seniñ aydasyñ gelenokmy?

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gaty gowy. (Ýöne kemçiliklerdenem halas däl.) Başy gowy başlaýar. Janly we wakalary dartgynly beýan edip bilmäge ukybyñ bar. Iñ esasysy-da tematikañ giñ. Prozada göwrümli taryhy eserleri döredip bilersiñiz diýen umydymyz bar.

0
Kemciliklerini aydaga pliz Haweri bilesim gelyar. Asla aydyberiñ men hemişe diñlemegi govy goryän özümem diñleyan portret hakda ayt olam gyzykly birinji

0
1 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Bu hekaya 2019 yylda " Esger" gazetde çap boldy. Muña ýatlama esse memuar diyseñem bolyar. Aslynda bir esgeriñ yatlama memuary diyen yalydy

0
8 mango   [Mowzuga geç]
"daýymdan" sorap gördüm welin, şeýle maglumat çykardy bir ýerlerden: "Bägül ATAÝEWA,. Tejen etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist... "
zatlaryňy hem "esgerde" (harbylarda) çap edýän ekeniňiz, "serhetabat-döwletabat"-da hem (serhetçilerdirdä) çap bolýan ekeniňiz.... "daýymyň" aýdyşyna görä-de ýürist ekeniňiz....
dogrumy-ka şol.
gyzykly boldy.

0
9 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Meni hakykatdanam yuristdir öydyärler. Köp gezek gabat geldim, yöne ol men däl.

0
18 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Galan maglumatlaryñ dogry mango. Men ähli neşirlerde hem çykyş edýärin. Esasan, Garagum, Diýar, Esger, Nesil, Mugallymlar, Medeniyet neşirlerde . 12 ýyldan bäri hem yazyp gelyärin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: