23:18
Pent
PENT

Iki gezek gelinmeýär bu dünýä,
Iki gezek gelmek derkar däl, derkar.
Bir gezegem ýeterlikdir, başarsaň,
Maksatlarňy etmek üçin berkarar.
Iki gezek gelmek derkar däl, derkar.

Geçen günleriňi ýatlap oturma,
Aladaň köpdügin nygtap ýörme sen.
Hol köçeden aglap barýar bir zenan,
«Tiz kömege» öwrül, beýdip durma sen.
Aladaň köpdügin nygtap ýörme sen.

Çöküp barýar kem-kem ullakan köpri,
Bar-da, bir sütüniň ornun eýele.
Goý, adamlar öňküsi dek gatnasyn
Hemem sebäp tapsyn «sagbol» diýere.
Bar-da, bir sütüniň ornun eýele.

Bägül ek, aýdym aýt, garaz, il-güne
Gerek adam bolup ýaşa dünýäde.
Şonda maksadyňa ýetdigiň bolar,
Bu ýagdaýy duýaňokmy sen ýa-da,
Gerek adam bolup ýaşa dünýäde.

Başarmasaň, ömrüň pul deý şowursaň,
Tozga deý tozadyp goýberseň herýan,
Iki däl, üç gezek gelseň-de dünýä,
Gözüň ýaşly bolar, bagryňam birýan.
Ömrüňi tozga dek sowursaň herýan.

Beý diýsem, ejizläp düwlüp oturma,
Zerur bolsa, ömri paýlap gezginiň.
Şeýdip, iň belent zat ynsançylygyň
Berjaý edip öňden gelýän düzgünin,
Bir ömrüňde söýüp, söýlüp gezginiň.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 128 | Добавил: Haweran | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]