22:53
Dowam edermiň
DOWAM EDERMIÑ

Pelekdir bu bir gün, oýnasa oýun,
Şeýle oýna senem, bolmasaň boýun
Çäresiz başyma, atyp gam laýyn,
Kaýyl bolman muňa, taşlap gidermiň
Ýada söýgümizi, dowam edermiň.

Pelekdir bu, bir gün, garaldar bagryň,
Pelekdä bu, bir gün, kül eder ömrüň,
Şeýle ezýetlere, öwrülse döwrüň,
Kaýyl bolman muňa, taşlap gidermiň,
Ýada söýgümizi, dowam edermiň.

Beýle ýagdaý asla, girmesin düýşe,
Pelekdir bu, bir gün, zar eder aşa,
Şonda çydap bilmän, özge bir kişä,
Kaýyl bolman muňa, taşlap gidermiň,
Ýada söýgümizi, dowam edermiň.

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]