00:42
Diýýärler
DIÝÝÄRLER

Diýýärler: «Nobat jan aýdym aýdanda,
Hemmäň depe saçy üýşibirmişin.
Aýdym-saza «häki birzat» öýdeň-de
Onuň golaýyna süýşibirmişin.

Diýýärler: «Wasp etse türkmen Güllerin,
Ýaşdan dolup duran gözler durlanar.
Heniz geçip gutarmanka ýollaryn,
Düşermişin uçup barýan durnalar».

Diýýärler: «Zaryna gulak gerende,
Doň ýürek gyzlaram gözlärmiş ýaryn.
Gaýnap duran owazyny görende,
Bagşyjyklar ýakarmyşyn dutaryn».

Ýene-de ol hakda kän zat diýýärler.
Gepem, şol sözleriň haklygyndadyr.
...Bu gün menem arsyz bagşy saýýarlar,
Belki, Nobat bagşyn ýoklugyndadyr?

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: Haweran | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
2 Tokmak   [Mowzuga geç]
@Haweran, salam. Arada "Habarlaş" bölüminde size hat ýazypdym. Mümkin bolsa, meni hem "Awtorlar" toparyna goşaýsaňyz.

0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
Salam, goşuldyñyz.

0
4 Tokmak   [Mowzuga geç]
Minnetdar

0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Gaty ýelpeý goşgy eken.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]