21:52
Gutlybike
TARYHY ŞAHSYÝETLER -21

GUTLYBIKE

Özbegistanyñ "Milli TV" teleýaýlymynda berlip başlanan wagtyndan bäri alty bölümi, Türkiýäniñ "ATV TV" teleýaýlymynda iki bölümi tomaşaçylaryñ dykgatyna ýetirilen "Mendirman Jaloliddin"/"Bozkır Aslanı Celaleddin" ("Men - Jelaleddin" ýa-da "Sähranyñ arslany Jelaleddin") taryhy teleserialy ähli kemçilikli we üstünlikli taraplary bilen türkmenistanly tomaşaçylaryñ hem ünsüni çekmegi dowam edýär.
Türkmen taryhy bilen gönüden-göni baglanyşykly "Direliş. Ärtogrul", "Gurulyş. Osman" teleseriallary bilen bütin dünýäde tanalmagy başaran türkiýeli Metin Günaýyñ, gazagystanly Nurgissa Almuratyñ, eýranly Reza Himmetiniñ režissýorlyk edýän "Mendirman Jaloliddin" serialynda janlandyrylan käbir keşpleriñ hem haýsysynyñ taryhy şahsdygyny, haýsysynyñam çeper keşpdigini bilmek kitapcy.com saýtynyñ okyjylaryna-da gyzykly bolsa gerek.



Serialda Gutlybike ady bilen aslynda Çingiz hanyñ jansyzy bolup, Horezmşalar türkmen döwletiniñ köşgüne aralaşan badyna gizlinlik bilen Türkan hatynyñ otagyna girip, onuñ sandygyna döwletiñ möhüm wezipelerini eýeleýän gypjak serdarlarynyñ dildüwşük gurnap Soltan Alaeddini tagtdan agdarjak bolýandygy baradaky ýalan habarly haty ýerleşdirýär. Bu epizod Gutlybikäniñ obrazynyñ özi ýaly durşuna senaristiñ (Metin Günaý) toslap tapan hyýaly sahnasydyr. Çünki ildeşimiz we Jelaleddiniñ mürzesi bolup ýanynda gezen Muhammet Nesewiniñ "Soltan Jelaleddin Meñburnyñ ömür beýany" kitabynda ýurduñ içerki agzalalygyny Çingiz hana ýetiren dönügiñ soltana bolan şahsy ýigrenjini öñe tutup - watanyny, halkyny satan öñki wezir Bedretdin al-Amitdigi aýdylýar. Serialda Gutlybikäniñ etdi diýip görkezilen hereketini (haty köşge aralaşdyrmagy) kitapda Çingiz han öz gullugyndan gaçyp ýören ýaly edip görkezilen serkerdeleriniñ biriniñ üsti bilen soltanyñ adamlarynyñ gulagyna ýetirlendigi habar berilýär. "Çingiz handan gaçan bolup ýören kişi bu habary dumly-duşa ýaýradýar." (Seret: Muhammet Nesewi, "Soltan Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany", "Ruh" neşirýaty, Aşgabat-2001 ý, 73-sah.)
Ýöne taryhda-da, serialda hem Çingiz hanyñ eden bu ýeser emeli jaý ýerine düşýär: ýurt bulaşýar, emeldarlaryñ agzy alarýar. Serialdaky Çingiz hanyñ (Jawohir Zokirow) aýdyşy ýaly, haçanda "Amyderýanyñ kenarynda mongol atlarynyñ jylawy çekilende, öñlerinde özara jetleşen köşk" aristokratiýasy orta çykýar.

Gutlybikäniñ obrazyny ýaş özbek aktrisasy Ýulduz Rajabowa (1987) janlandyrýar. Serialyñ ilkinji bölüminden başlap, Jelaleddiniñ göwnüni awlamagy başaran "bu zenan aslynda ýaşap geçmedik biri bolsa, seriala nämüçin girizildikä?" diýen sorag döremegi mümkin. Munuñ jogabyny serialyñ senaristlerinden däl-de, olaryñ bu tutumly işleriniñ gyzyklylygyny, dartgynly sahnalaryny artdyrmagyñ hasabyna tomaşaçylaryñ öñündäki reýtingini ýokarlandyrmak isleginden gözlemeli.
Jelaleddiniñ paýyna düşen iñ uly jogapkärçilikli borç - Çingiz hana garşy döş gerip, ýurduny onuñ heläkçilikli hüjümlerine garşy goramak. Çingiz hanyñ ýanyna gidende sataşyp, öñünde keserip duran ähli howp-hatarlary ýeñip, ahyrynda gözi hanyñ nökerleriniñ elinden alyp gaçyp, Gürgenje getiren gözeller gözeli Gutlybike-de gözüni bu çetin göreşiñ ortasynda açýar.
"Sähranyñ arslany Jelaleddin" tagt ugrundaky göreşleriñ, häkimiýet dawalarynyñ arasyndan sogrulyp, ýurduny haraba öwürjek açgöz duşmana garşy goramaga jan edýän batyr ýigidiñ - arslanlar arslany Jelaleddiniñ başdan geçirmelerinden söz açýar.

P.S.: Seriala tomaşa edeniñizde şol döwrüñ tagt dawalaryna, ýokary wezipeli bähbitparaz we gopbamsy emeldarlaryñ ýurduñ başyna howp abananda bir ýumruga düwülmegiñ deregine biri-biriniñ ýakasyndan tutuşyny, bütin bularyñ azaryny bolsa garamaýak halkyñ çekişini has täsirli çeper eserleri okamak arkaly göz ýetirmek isleýänlere türkmen ýazyjysy Esen Ataýewiñ "Zulmat tününde" romanyny, şeýle-de rus ýazyjysy Wasiliý Ýanyñ "Jelaleddin" powestini okamagy maslahat berýäris.

Ýulduz Rajabowa barada gysgaça



Özbek aktrisasy Ýulduz Rajabowa 1987-nji ýylda Özbegistanda dünýä indi. Daşkendiñ Medeniýet institutyny tamamlan aktrisa 2013-nji ýyldan bäri birnäçe özbek kinofilminde we serialynda çykyş etdi.
Ýokarda hem aýdylşy ýaly häzir ol "Mendirman Jaloliddin" serialynda Gutlybikäniñ çeper obrazyny janlandyrýar.

Çykyş eden kinofilmleri we seriallary

1). "Mendirman Jaloliddin" (2021);
2). "2000 Songs of Farida" (2020);
3). "Scorpion" (2018);
4). "Maqsad" (2018);
5). "Hamroh" (2017);
6). "Boyvachcha kuyov" (2016);
7). "Virus" (2016);
8). "Khazon" (2013).

@ Kitapçylar.
Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 81 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Moýsepit   [Mowzuga geç]
Кинолары говы.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]