19:01
Geläýjek ýaly
GELÄÝJEK ÝALY

Säher turup, arzyň aýtsaň şemala,
Şonda hasyl bolýan ýaly hamala,
Elmydama garaşýaryn, men saňa,
Diýsem şemal bilen, geläýjek ýaly.

Garyp göwnüm, gam laýyna batyrsam,
Çäre çykalgasyn, tapman otursam,
Göwnüme müň dürli, güman getirsem,
Gussalamdan halas, edäýjek ýaly.

Hiç bir çykalgasyz, işe baş goşup,
Ol işiň derdinden, gitsem bulaşyp,
Bir alajyn tapa bilmesek üýşüp,
Şol halyma ýardam edäýjek ýaly.

Işim düşüp gitsem, uzak ýollara,
Baryp ýetsem, nätanyş bir ýerlere,
Ol ýerlede düşsem, ýaman allara,
Ýör bärden gaçaly, diýäýjek ýaly.

Nämedir bir zady, telwas eýlesem,
Töwerege garap, gözlem aýlasam,
Ýürek gysyp, bir zat hakda oýlansam,
Neçün gama batýaň, diýäýjek ýaly.

Günlerim şatlyga, beslenip dursa,
Ýürek rahat tapyp,erkine ursa,
Bir zada begenip, gözlerim gülse,
Şatlygyma şatlyk, goşaýjak ýaly.

Säher turup, saňa tarap garasam,
Çakylyksyz seň ýanyňa ýöresem,
Sebäp çykyp, ýetip baryp bilmesem,
Özüň duýup ýana, geläýjek ýaly.

Arzuwlarym hasyl, bolmasa nätjek,
Bilýärin sen meni, borsuň unutjak,
Aýralyk şerabyn, bolamda datjak,
Men senden aýrylman, diýäýjek ýaly.

Yşk mülkümiň güli, solsa-saralsa,
Nirä baksam ýolum,dursa garalsa,
Söýgä ýer galmasa, ýürek daralsa,
Täzeden möwç alyp, söýäýjek ýaly.

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 106 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 15
0
15 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bor,Bile ýalkasyn!Siziñem ömrûñiz uzak bolsun!Nesip bolsa kitaplary okap bolanyñyzdan soñ özüñizde galdyran täsirleri babatda pikirleriñizi paýlaşsañyz begenerdim.

0
13 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ybraýym daýy ugratdym bardymy?Şulardan daşary Halyl Kulyýew bilen Atajan Annaberdiýewiñem ýygyndylaryny ugratdym.Olaram okanyñyza degýändir.

0
14 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Hawa geldi, Tañry ÿalkasyn, ÿaśyñ uzak bolsun ÿegen!

0
11 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Salam Ybraýym daýy!Elbetde ugradaryn.Uly höwes bilen.

0
9 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Wiý,şeýle duýulýarmy?Aslynda kebşirsiz ýüregimden çykyşy ýaly beýan edipdim.

0
8 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Başarsaň 5 bentden artyk ýazma. Islendik pikirem bäş bende ýerläp bolar. Edgar Poň aýdyşy ýaly, uzyn goşgy tebigatda-da ýok.

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Telefony nädip tutduñyz? :)
Myhman daýy,sizmi? Näme diýjek boldyñyz? (Aýdañyzda göz öñüme gelmänsoñ özûm şol hereketleri edip gördûm.Barybir düşûnmedim)

0
7 Myhman0430   [Mowzuga geç]
howwa, men şol @myhman daýyň. kompýuterden girýän.

ol pozisiýa (türkçede poz) tm tv-lerde bolýa.

juda gazetii (resmi, tw-da çykyş edýän ýaly) diýjek boldum.

0
4 Myhman0430   [Mowzuga geç]
Baýgeldi gardaşym, bu goşgyňam öňküleň ýaly. şol bir zady gaýtalap oturmaýyn.

diňe başky iki setirindäki ýalňyşy aýdaýyn.

Säher turup, arzyň aýtsaň şemala,
Şonda hasyl bolýan ýaly hamala,

hasyl bolýan ýaly bolýan zat näme? arzyňmy?

haýran galaýmaly.

0
6 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Düşündim myhman

0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Baýgeldiýew,goşgy elbetde käbir kemçiliklerden halas däl.Ýöne men bärde olary agzap oturjak däl-de şu wagta çenli okan goşgularymdan çen tutup,umuman döredijiligiñiz barada geplejek.Meniñ siziñ goşgularyñyzda görýän zadym köplenç murapbag görnûşde hemem bäşleme görnüşinde ýazýarsyñyz.Murapbag hakykatdanam döredijilige ýañy başlan ýaşlaryñ iñ köp ýüzlenýän formasy.Ýöne bu tersine bolmaly.Murapbaga öz ýoluny tapan kämilleşen şahyrlar baş goşmaly.Çünki bu formanyñ gurluşy berk bolansoñ pikrem duýgynam beýan etmek kyn bolýar.Özem goşguda pikre görä kapyýa tapmaly halatyna ýaşlar (ýañy başlan) bu formañ gurlyşyndan talap edilýän zady etjek bolup kapyýa görä pikir tapýarlar.Onsoñ goşguda ne hä çuñ pikir bolýar ne-de şahyrana duýgy.Bäşleme-de şolar ýaly.
Şonuñ üçin ilki bilen murapbagdan häzirlikçe ünsüñizi sowup beýleki formalara ýöneliñ.Mysal üçin boşaşa kapyýa:
"Arzuwlara ýetip biler öýderdim
Başarsa ýürekden söýüp bir adam
Eger-de dokuzy düz bolan bolsa
Bir goşgam ýazmazdy Seýitmyradam.

(S.Geldiýew.)

Şu ýerdäki çuñ pikri ,şahyranalygy görýäñizmi?!Köpräk oýlanyñ pikirleniñ .Öñ aýdylmadyk täzeçe çuñ pikirleri tapjak boluñ.Gurbannazar Ezizow,Nobatguly Rejebow,Kakamyrat Rejebow,Seýitmyrat Geldiýew ýaly ägirtleri köp okañ.Setirleriñ süññüne aralaşyp her jümläni çuñ analizläp okañ.Näme diýýärler?Nähili diýýärler?Artykmaçlyklary näme? Kemçilikleri näme?Biriniñ döredijiligini doly öwrenmän siñdirmän beýlekisine geçmäñ.Onsoñam esasy zadyñ köp ýazmak däl de gowy ýazmakdygyny unutmañ.Mahlasy az bolsun uz bolsun.Galyberse-de galama haçan ýapyşañda da giç bolmaz.Döredijilige azajyk kämilleşip gelseñiz oña ýetesi zat ýok.
(K.Rejebowyñ "Bagtyñ suraty" ýygyndysy bardyr kitaphanalarda Ýaltansañyz onuñ hemen S.Geldiýewiñ goşgular ýygyndysy word dokumenti görnûşinde mende bar.Poçtañyzy aýtsañyz ugradyp bererin.Nobatguly agañ "Kalbymyñ senasy"kitabynyñ elektron görnûşi kitaphana.netde bardyr)

0
3 Myhman0430   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş teswiriňi çep elimiň aýasyny sag dyzymyň üstünde, sag elimiň aýasy çep elimiň üstünde goýup okadym. yzyndanam Ybrahymyň "degmäň" goşgusyny okadym.

0
10 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Salam, šu ägirleriñ kitaplarynyñ faÿl görnüšlerini maña-da ÿollasañyz minnetdar bolaryn! Küÿseÿânim hakyky kitap görnüši, arman uzakda bolÿaryn Türkmen kitaplar el ÿeterimde dàl. ibrahim.badakhshan@gmail.com

0
12 Moýsepit   [Mowzuga geç]
Хыялбент боюндан улы маслахатлары берйэн-э дэлсиниз-дэ?

0
1 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Teswirleriňize garaşýan

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]