13:16
Irki gündelikler
IRKI GÜNDELIKLER

Ýyllar geçýär... Irki gündeliklermi
Öwrüp bir bibaha, gymmatly zada.
Okap, oýa çümýän.. Bu ne geň duýgy...
Ýyllaryň oýnuny syzmakmy ýa-da?!

Serhet simleri deý... setir ýazgylar
Geçirenok aňryk...
Germelşip durlar.
Aňyrsynda bolsa... ýaşan ýyllarym
Bäri bakyp, sessiz delmurşyp durlar...

Kakamyrat REJEBOW.

10.2020 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 1.5/2
Всего комментариев: 2
0
2 myhman   [Mowzuga geç]
gowy goşgy eken. nosdalgiýa diýilýän zadam gowy görýän. şoňüçin öň köň gören ýerlerimi üýtgetseler ýakyp baranok, ýa-da ýakýar.

menem arasynda geçmişe gidýän. meň gündelik ýa şoňa meňzeş ýazgylama ýok. ýöne surata seredýän. men-ä oňa seredip başymy ýaýkaýan, olam maňa seredip.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
gowy goşgy.
"bibaha" dogram bolsa ters duýgam döredýän ýaly.
bibaha – bahasyz (arzan)
bibaha – baha biçilmez (gymmat)
---
başga zadam gyzykly.
serhet.
aňyrda geljegine bakyp duran Kakamyrat.
bärsinde-de geçmişine bakyp duran Kakamyrat.
geljegine bakan Kakamyrat arzuw-hyýal edişi ýaly derejelere gelip bildimikä?
---
adam pahyryň geçmişi bu gününe bakyp: men senden näräzy – diýäýse nähili bolar? geçmişiň ýüzüne bakarlyk ýüzümiz bolawersin hernä.
şol zatlaram oýlandyrdy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]