00:23
Sud / hekaýa
SUD

Bu gün meni iň bir halamaýan ýerime çagyrdylar. Beýleki otaga, ýagny iňlisleriň aýdyşy ýaly “liwiňrum”, bizde birhiliräk bolýa. “Ýaşalýan otag” diýseň-ä, nä beýleki otaglarda ýaşalanokmy, “myhman otag” diýseňem, biziňkilerde tersine, gulplyň bäriýany durýan otag. Umuman, bu möhüm däl. Paltaly, pyçakly bardym. Şu gezek bir düşündirip biläýsedim diýen niýet bilen, emma munuň hiç haçan bolmajagyna akylym çatýar. Gürrüňi orta ulularyň biri atdy:
– Illeri gör, uly-il daşarda, köpçülikde aýlaň-çaýlaňda. Bolýa. Saňa biz günde ente ýa aýlan diýemzok, iň bolmanda biziň bir aramyzda otur ahyry. Myhman-mediwan gelende gürrüňe goşulmasaň hem, ýöne oturaý.
– Meniň şeýleräkdigimi nä olar bilenokmy? Gaýta araňyza gelsem, geň görüp aňyrsyna çykyp bilmezler hem meň üçin siziňem, işdäkileriňem gürrüňleriňiz gyzyksyz, gyzyksyzlykdan geçen ýüregmi bulap, başymy aýlaýar. Ol gürrüňleriň ählisini men öňünden bilýän ahyry. Gerek bolsa, men indiki aý etjek gürrüňleriňizem aýdyp bereýin. Men bir zada - hemmäňize düşünip otyrkam, iň bolmanda düşünmäge çalyşýarkam, näme üçin siziň maňa düşünip bilmeýşiňize - düşünip bilemok.
Ýene biri:
– Menem beýlebir halap baramok, ýöne oturýan-a.
(Daşyňdan-a lezzet alýana meňzeýäň sen, ol gohlar, gürrüňler bilen. Halamadyk adam nädip beýdip bilýä, men düşünemok)
– Aý, meň kelläm agyryp, başym aýlanýar. Size iş bolaýmaýyn diýýän.
Birinji geplän:
– Onda-da otur aramyzda. Oturmasaň bolmaz.
– Meniň şahsy boşlugyma (личный пространство) degmäň. Eýse, men siziň gözüňize barmagymy sokdummy? Neuželi şeýle kyn meni günüme goýmak. Gepletseňizem “adamlar gutarypdyr-ow”, “zamana nähili boldy-aý”, geleli-eý, gideli-eý, işlemän ýatyp sowaly-eý... la-la-laý... Adamda şahsy boşluk diýip bir zat bolýa. Bir bende şony gazanyp bilmän kösenip ýörkä, siz bolsa iliň şahsyna goşulyp ýörkäňiz, nämäniň gutarany barada pikirem etmäge ukyply däl. Nireden çykýany belli bolmadyk ol sözler siziň pikiriňiz däl we kimdir biriniň ýa-da nämedir bir zadyň gutaranlygyny aňladanok. Ol bir ýönekeý köpçüligiň gaýtalap-gaýtalap lejini çykaran nobatçy sözleri. Sürini ýatladýarsyňyz...
(Dogrusy şundan soň pylança minut ýaly, öz pikirlerime gidipdirin we yzyndan näme gürlenenini bilemok. Gürrüňiň soňuragynda “aralaryna dolanaýdym” öýdýän.
“Dünýä akyl ýetirmezden ilki özüňe akyl ýetir” diýýämi. Birnäçe manysy bar. Olardan umumy kabul edileninden daşary ikisini mysal getireýin, gep uzaltman.
Biri: Her bir adamynyň içinde uly bir dünýä bar, ýagny biz dünýä bolsak, haýsyna akyl ýetireniňde hem tapawudy ýok we henize çenli bu dünýä hiç kim doly akyl ýetirip bilmedik bolsa, özüne hem akyl ýetirip bilesi ýok (häzirlikçe). Şol içimizdäki dünýäde hem, ýaşaýan dünýämizdäki ýaly birgiden närse, janly-jandar, adamlar bar...
Beýlekisi: Meselem, özüm-ä egoistligim sebäpli, kimdir biri üçin däl-de, özüme akyl ýetirmek üçin nämedir bir zatlary öwrenerdim. Ile zyýanam, peýda-da ýok. Bu manysynyň aňyrsynda şahsy ego ýatyr.
Muny näme üçin getirdim: Özüňe doly akyl ýetirip bolmaýandygyny ýaňy hem aýtdym we menem özüme doly akyl ýetirip bilemok. Käbir zatlara düşündim, has dogrusy, düşündimmikäm diýip pikir etdim we edýän. Birje ýeri göze dürtülip du:r-da. Ol hem meniň anormallygym. Belki men normaldyrynam, ýöne özümi bilelim bäri (bilmäkäm hem) meni anormaldygyma ynandyrandyklary sebäpli. Başga-da ownukly-irili sebäp köp welin... Akyly çala gowşagrak uly adamyny hem onuň (ruhy) näsagdygyna ynandyryp bolar, emma akyly ýerbe-ýer adamlaryň arasynda hem (beden) näsagdygyna ynanýanlary gyt däl. Düşündirip bildimmi?
Eger uly adamlarda şeýle bolsa, çagalardan nämä garaşýas? Ony anormaldygyna ynandyryp, normal bolmagynamy? Üstesine çagalygyň bellibir wagty hem däl, tutuşlygyna. Bu ýerde başga düşündirere zat galmady)
– ...Meni wunderkindlygyma ynandyrmaly däl ekeniňiz, eger size aýlanmana gidýän aýlandyrylyp goýberlen, normal, ile meňzeş çaga gerek bolsa – diýip, soňky pikirlerimi daşymdan aýdypdyryn. Bilemok aralykda näme gürrüň boldy, meň aýdanym oňa gabat geldimi ýa gelmedimi. Gabat gelmäninde hem menden normallygy geň göräýmeseler, beýle ýagdaýy geň görjek adam ýok-laý.
– Seniň şu edýäniň hem bolanok. Uly adamlar bilen sanaşmaly däl.
– Jigim bilen gürleşenimde hem köp eşdipdim (aýdypdyňyz) şu sözleri.
– Umuman, han ogul, sanaşma hiç kim bilen. Sen geçirimliräk bolaý.
(Men sanaşmaga höwes edip, özüm ylgap geldim şu jaýa. Düşünemok, adama azarym ýok, bizarym ýok. Goh edýän biri, bukulyp oturan biri we ol ähli gohdan, gepden bukulýanlygy üçin günäkär)
– Normal adamlaryň anormal birine geçirimli bol diýmegine düşünmek üçin hem normal bolmak gerek...

Anna DARAKDIŞ.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 157 | Добавил: Darakdiş | Теги: Anna Darakdiş | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 23
0
23 Darakdiş   [Mowzuga geç]
Сон или не сон?
Даосская притча
Чжэнец-дровосек, собирая топливо в отдалённом месте, повстречал испуганного оленя, ударил его и убил. Боясь, что кто-нибудь заметит оленя, дровосек поспешил спрятать его во рву и прикрыть хворостом. Но от радости он вдруг забыл, где спрятал добычу, и решил, что всё это случилось во сне.
По дороге дровосек пел о том, что с ним случилось. Песню подслушал прохожий и благодаря этому нашёл оленя. Придя домой, он сказал своей жене:
— Дровосек во сне добыл оленя, но не знал, где он находится. Теперь же я его нашёл. Дровосек воистину видел вещий сон.
Жена возразила:
— Не приснилось ли тебе, что дровосек добыл оленя? Откуда взялся дровосек? Поистине ты добыл оленя, значит, твой сон и был вещим.
Муж ответил:
— Зачем разбираться, кому приснилось: ему или мне? Я же добыл оленя!
Дровосек вернулся домой, но не мог примириться с потерей оленя. Той же ночью в вещем сне увидел он место, где спрятал добычу, и человека, который нашёл её. На следующее утро дровосек отыскал приснившегося ему человека, а затем пошёл в суд спорить из-за оленя. Его послали к Наставнику мужей.
Наставник мужей сказал:
— Если ты сначала действительно добыл оленя, то напрасно называешь это сном. Если же на самом деле добыл оленя во сне, то напрасно называешь это действительным. Если прохожий действительно взял твоего оленя, то спорит с тобой из-за оленя. Если же его жена правильно говорит, что он узнал о чужом олене во сне, тогда никто не добыл оленя. Однако вот доказательство — олень. Прошу разделить его на две части, и пусть услышит об этом царь Чжэн.
Царь Чжэн сказал:
— Увы! Не видел ли и сам судья во сне, что разделил чужого оленя?
Царь спросил совета у помощника. Помощник же сказал:
— Ваш слуга не может разобраться, сон это был или не сон. Отличить сон от яви могли лишь Жёлтый Предок и Конфуций. Кто же их различит, если ныне нет ни Жёлтого Предка, ни Конфуция? Значит, можно довериться решению Наставника мужей.
https://www.lvovich.ru/for1/viewtopic.php?t=1789

0
22 Darakdiş   [Mowzuga geç]
— Говори, мудрейший!
— Когда принцесса видит сон про не сон, ей кажется, что сон не сон про сон, а думает что сон про не сон… Надо сказать принцессе, что сон — это не сон, а про не сон, что это пересон, а пересон — не сон…
— А что скажет наимудрейший?
— Поистине, пути всезнания неисповедимы, осознание знания есть признак незнания, осознание незнания… А почему я?
— Ээээ… Повелеваем про сон сказать, что это не сон, а сон — это пронесон!
https://www.inpearls.ru/

0
13 Sergezzan   [Mowzuga geç]
"Nirden çykýany belli bolmadyk ol sözler seniňkidäl" ?
Umuman meniň sözüm haçan meniňki bolýarka?!

0
8 myhman   [Mowzuga geç]
hekaýaň ortalarynda, töweregindäkiler ýakynlary däl-de, kakbutda, dostlary ýaly duýgy döräp gidýä.

bulaşyklyk bilgeşleýin edilendir diýip çaklaýan. onýaly etjek bolsaň dyngy belgileri (ýaý, kese çyzyk, goşa dyrnaklary gözöňünde tutýan) dogry goýmaga üns berjek bolmaly diýip pikir edýän.

hekaýaň başy gowy başlaýa.

ýörite çylşyrymlaşdyryljak bolýany bildirýä.

howwa-a. erbet däl.

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Личное пространство" diýen düşünjäni "şahsy boşluk" diýip terjime etmeli däl eken. Sebäbi "личная пустота" diýen düşünjeden aňrybaşy gap-gara depressiýanyň hem-de ýeňiljek aklyňdan azaşmagyň, onuňam şizofreniýa görnüşiniň ysy gelýär. "Şahsy giňişlik" düşünjesem adamyň içki dünýäsine dahyllylykda ulanylman, daş-töweregindäki adamlar bilen gatnaşyk saklanda, şahsyýetde diskomfort (oňaýsyzlyk) döretmeýän çägi aňladýarmyka diýýärin, eger-de ýalňyşmaýan bolsam. Hekaýada biraz şu düşünjeleriň arasy açylmandyr.

0
9 Myrat4556   [Mowzuga geç]
Dogry hem ýerlikli bellik.

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
— А что скажет Наимудрейший?
Поистине, сон не есть не-сон, а не-сон не есть сон. Итак, не про сон сказать, что это сон, — всё равно что про сон сказать, что это не сон. Говоря коротко, про не-сон сон, или сон про не-сон. Хи!
А ещё я видел сон, что учу крокодилов читать по-фарсидски. А ещё я видел сон, будто я минарет, а на моей голове кричат муэдзины. А ещё я видел сон, что мои волосы ушли на базар покупать гребешок.
У тебя совесть есть?!

«Волшебная лампа Аладдина» — художественный фильм-сказка, снятый по мотивам сказки «Аладдин и волшебная лампа» из сборника «Тысяча и одна ночь».
Çeşmesi: https://ru.wikiquote.org/wiki/Волшебная_лампа_Аладдина. 29.05.2021ý.

Düşündirip bildimmi?! :-)

0
7 myhman   [Mowzuga geç]
arçalar we taýaklar, öň kellämiň içi bulam-bujar, üstüne rusçamam ýabygorly. nädýäňizäý, agam.

0
10 mango   [Mowzuga geç]
originalda "сон", "не-сон" düýş we huş diýip gitdimikä?
---
Поистине, сон не есть не-сон, а не-сон не есть сон. Итак, не про сон сказать, что это сон, — всё равно что про сон сказать, что это не сон. Говоря коротко, про не-сон сон, или сон про не-сон.
---
onda şeýleräk bolarmyka?
Hakyktdan, düýş huş däl, huşam düýş däl. Şeýllikde, düýşe bu düýşdir diýip düýş barada aýtmak – edil düýşe huş diýip aýdan ýalydyr. Gysgaça aýtsaň, düýşe giren huş, ýa-da huş barada düýş.
---
kelläm çaşdy.
ýakynlaşdymyka terjime Serdar daýy?

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
Jogabyny filmde beripdirler öýdýän :-)
"...А ещё я видел сон, что мои волосы ушли на базар покупать гребешок.
— У тебя совесть есть?!"

0
12 myhman   [Mowzuga geç]
görmäkä yzynam terjime ediň. bolmasa Mahym hanym gaty görer. ýok, gowusy men synanyşaýyn, sizem dogrumy, dälmi şony aýdyň. biraz özümi kämilleşdirdigim bolar.

- onsoňam, men bir düýş gördüm. düýşümde men krokodillere parsça okamagy öwredýämişim. başga düýşümde, men bir minara. üstümde azançy azan aýdýa. ýene bir düýşümde, saçym bazara gidýä, darak alynmaga.

- sende wyždan bir bamy?!

3-lik alsamam bolýa :-)

0
14 mango   [Mowzuga geç]
bu näsülü?

Men bir düýş gördüm: krokodillere farsça öwredýämişim. Ýene bir düýş gördüm, hamana men minara, depämde-de muezzin azan aýdýamyş. Ýene bir düýşümde saçlarym bazara gidýämiş, darak almaga.
–Sende ynsap bir barmy?!

0
15 myhman   [Mowzuga geç]
başarýanyňky başka.

meňki hasapmy (зачёт)?

3-lik bilen geçsemem bolýa.

0
16 mango   [Mowzuga geç]
hemme kişi bäşlik alyp bilenok (şol sanda menem), şoň üçin dörtlük goýýan, maňa galsa... :-)

0
17 Bagabat   [Mowzuga geç]
Terjimeler ikiňiziňkem boljak. "Krokodil" türkmençe "alwan" bolýamyşyn.

0
18 Haweran   [Mowzuga geç]
Alwan? Durawer agam. Krokodil - krokodil bor-da... Krokodilli yerde yaşapdyrysmy, onuñ türkmençesi bolar yaly. Alwan (halwan hem diyilyär) biz taraplarda (Bäherden-Garrygala-Gyzylarbat sebitleri) dagda ösyän we ajy miwesini käşirdir kartoşka yaly yeriñ aşagyndan gazyp almaly ösümlik. Ony gaynadyp-gaynadyp ajysyny ayrypdyrlar we guradylyp alynan külkesini un bilen garyp bulamak (bizde "kaçy" diyilyär) bişiripdirler. Uruş yylarynda biziñkileri uruşdan çykaran nahar... Alwandan edilen kaçy (bulamak) süññüñi sökýär, yadawlygyñy aýyrýar, şoñ ü.n garrylar ony yañy çaga dogran gelinlere-de bişirip iydiryär. Çagakak garry enemiziñ elinden kän-kän kaçy iyipdik... Yañy bişen kaçynyñ üstüne buz yaljak turşuja gatyk b.n saryýag (ýa-da mesge) guyup iyyäñ welin... lezzetini söz b.n beyan edip bilemok. Iyenem armanly, iymedigem...
Bumatky yaşlar, alwanyñam, kaçynam nämedigini bilenoklar, gynansak-da... Geçen ýyl oba gidenimde kakamyñ körpe inisi (agam) kaçy bişirip berdi welin, 20-30 ýyl yza saralyp, gamsyz çagalygymyz dolanyp gelen yaly boldy...
Uzyn gepiñ keltesi, kaçy şiwe sözi bolsa-da alwan şiwe sözi däldir agam. Alwan barada gyzykly maglumatlary duşakly mirasgär yaşuly Nurnazar Jumanazardan hem diñläpdim...

0
19 myhman   [Mowzuga geç]
uruşdan däl açlykdan :-)

0
21 Haweran   [Mowzuga geç]
tois, urşuñ açlygyndan.. )

0
20 Bagabat   [Mowzuga geç]
Dogry aýdýaň, @Haweran. Bagyşla, ýalňyş ýazypdyryn. "Alwan" - bu ösümligiň ady, Saragt taraplarynda oňa "garneç" hem diýýärler. Dagda bitýän bu ösümligiň kökünden sykylyp alnan şiräni demir gapjagazda pejiň ýa-da oduň üstünde goýup, ondan "sakyz" ýa-da sakgyç hem ýasaýarlar. Çeýnäniňde, tagamam birhili otjumak, turşumtyl-süýjümtik bolýar. Guradyp, üwäp (döwüp) un ýasaýandyklarynam ýazyjy Begenç Abaýew özüniň hekaýalarynyň birinde-de ýazýar.
Krokodile bolsa gadymy türkmen dilinde "alawan" diýlipdir. Munuň şeýledigini - Gadymy türkmen sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2007. 23-nji sahypasynda ýazýarlar.

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Neuželi?
wunderkind?
Üýtgeşijek ýazyş usylyñyz bar.Okamak oýlandyrýar.Ýöne kä sözleriñ iñlisçesini ýa da rusçasyny ulanmagyñ deregine azajyk kelle döwseñiz türkmençesinem tapsa bolarmyka diýýän.
Galamyñyz ýiti bolsun!

0
2 mango   [Mowzuga geç]
...Her bir adamynyň içinde uly bir dünýä bar...
“Rabbil älemin” diýilse, diňe ynsanlaryň, jynlaryň, ruhlaryň, asmandakylaryň, suwdakylaryň, toprakdakylaryň... bilýän-bilmeýäm älemleriň Eýesi barada aýdylýamyka öýderdim. Ýöne, her birimiz özbaşdak (içimizde) älem bolanymyz üçin.... diýmek, ol biziň älemimiziňem Rabbi. “... (личный пространство) şahsy boşlugymyzyň” hem Rabbi. Boşluk diýdik welin, diýmek ony doldurmak gerek, hak eýesi bilen doldurmak gerek.
Düşündirip bildimmi?

0
1 mango   [Mowzuga geç]
“...Düşündirip bildimmi? ...”

Ýok.
Ýöne, gyzykly zatlar aýdýaň.

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
В Багдаде всё спокойно!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]