15:44
Tolstoý watansöýüjilige garşy
• Lew Tolstoý: “Siziň duşmanlaryňyz başga halklar däl, Sizi gul hasaplaýan häkimiýetlerdir”

Adamlaryň eldekileşdirilen haýwanlar ýaly ikiýana hars urýan we çalt baýajak bolup biri-biriniň aýagynyň aşagyny gazmakdan başga zady pikir etmeýän dünýäsinde, goý, käbir adamlar maňa kelebiň ujuny ýitiren biridir öýtsünler. Her näme-de bolsa, men tutuş ruhum bilen dagdaky wagyzda iňňän ýerlikli aýdylan ylahy agzybirligiň janlanyşyny duýýaryn. Iň ýowuz kesgitlemäm şu – uruş diýen zat aslynda giň gerimli söwdadyr, halklaryň bagtly durmuşynyň üstünde gurnalýan doýdum-dolmaz we güýçli söwda.
Hut şonuň üçinem adamlar nähili eýmençlikleri başdan geçirýär! Adamyň süňňüni elendirýän ahy-nalalary hiç haçanam ýatdan çykarmasam gerek!

Biri-birlerine erbetlik etmedik, öň biri-birini tanamaýan adamlar ýyrtyjy haýwanlar ýaly özara ölüm darkaşlaryny gurmaga başlaýar. Halys owna(dyla)n gul ruhlar Hudaýy edýän gabahatlyklaryna bulaşdyryp, Ony-da özlerine “kömekçi” edip goýaýýalar. Bir gezek çawup gelen gülle ýanymdaky esgeriň äňini pytradyp taşlapdy. Görgülijik yzasyna çydaman däliräýjek bolýardy. Telbe kimin eýläk-beýläk ylgaýardy we jokrama tomsuň yssysynda howpurgadyjy ýarasyny seleňledip biljek suw tapanokdy. Serkerdämiz – mirasdüşer şazada (gelejekki imperator) Frederik şol wagtlar gündeligine şu setirleri ýazypdy: “Uruş - Injiliň ýüzüne ýazylan ironiýadyr...”
Adamlar ähli häkimiýetleriň özlerini gümra etmek üçin şunça jan edip taýýarlan watansöýüjilik patarrakysynyň nämedigine kem-kemden düşünip başladylar.
Köplenç “Häkimiýetler bolmasa olaryň ýerine näme bolardy?” diýen sorag berilýär. Hiç zadam bolmaz, diňe geregi bolmansoň zyýanly närsä öwrülen syna işlemesini bes eder. “Ýöne häkimiýet bolmasa adamlar biri-biriniň etini iýäýjek bolar, biri-birlerini öldürip başlaram” diýilýär.
Nämüçin? Zorluk-sütem netijesinde orta çykan we diýdimzorluk etmek üçin nesilden nesle geçip gelen, göýdükleşip halys hereket etmekden galan guramanyň ýoklugy adamlaryň bir-birine sütem edip, biri-birini öldürmegine nämüçin sebäp bolmaly? Gaýtam tersine, şuňa garaşmak gerek: sütemkär synanyň ýoklugy adamlaryň biri-birini horlamakdan, öldürmekden el çekmegine şert döreder.
Häzir başga adamlary öldürmek we olary ýanamak üçin ýörite okadylýan-taýýarlanýan adamlar bar (sütemkärlik etmäge haky bardyr öýdülýän we munuň üçin hereket edýän gurama (döwlete) arkalanýan adamlar). Bu eden-etdilik we adam öldürmek işi deňsiz-taýsyz edermenlik saýylýar. Bütin bularyň ýok ýerinde adamlar başga hili ýetişdirilýär, hiç kimiň başga birini depgilemäge hukugy bolmaýar. Haýsydyr bir sütemkär gurama bolmasa, häzirki döwrüň adamlaryna adaty zat ýaly bolup görünýän zorluk-zulumlardyr jenaýatlar hemişe we hemmeler tarapyndan ýazgarylýar.
Häkimiýetleriň ýoklugy eden-etdiçilikli hereketleriň ýüze çykmagyna sebäp bolaýan ýagdaýynda-da, bularyň häzirki ýeten derejesinden, ýagny, olary amala aşyrmak üçin ýörite taýýarlanan guramanyň bar bolan, olaryň hem jenaýatlaryň gowy hem-de peýdaly hasaplanýan wagtyndakysyndan has az boljakdygy bellidir.
Häkimiýetleriň ýoklugy, bizi – bize gelip ýeten köne, gereksiz guramadan, horluk-sütem ediji we muny kanunylaşdyryjy guramadan azat edip biler.
Häkimiýetleriň sütemkärçilikli işlerini dürli sosial işler bilen bilgeşleýin bulaşdyrýan adamlar “Ýöne beýle bolsa ne kanunlar galar, ne eýeçilik, ne hukuk goraýjy edaralary, ne-de jemgyýetçilik terbiýesi galar” diýen bolýarlar.
Adamlary ezip saklamak üçin kemala getirilen häkimiýet edaralarynyň ýoklugy kanunlarda, sud edaralarynda, hususy eýeçilikde, polisiýa edaralarynda, maliýe işlerinde, jemgyýetçilik terbiýesinde oňyn we has gowusynyň, aýratynam diýdimzorluga esaslanmaýanyň ýoklanmagynyň geregi ýok. Gaýtam tersine, dolulygyna öz-özüni goldamaga ýaraýan gödek häkimiýet güýjüniň ýoklugy zorluga mätäçlik duýmaýan, has adyl we amatly sosial düzgüni emele getirer. Sud edaralary, jemgyýetçilikşleri we jemgyýetçilik terbiýesi – bularyň hemmesi halkyň hakykatdanam zerurlyk duýýan möçberinde bolar, ýöne häzirki häkimiýet formasynyň öz içine gurşap alýan ýaramazlyklaryny herekete girizmeýän görnüşde bolarlar, diňe melgunlyga bürenen we halk köpçüliginiň erk-ygtyýarynyň erkin ýüze çykyşynyň öňüne böwet bolýan zatlar ýok ediler. Her näme-de bolsa, häkimiýetiň ýok wagtyndaky gapma-garşylyklardyr özara dawa-jenjelleriň bolup geçjekdigini göz öňüne tutaýan ýagdaýymyzda-da, halkyň hal-ýagdaýy şumatkysyndan gowy bolarmyka diýýärin. Halkyň ýagdaýy häzir şeýle bir kynlaşdy welin, mundan beterini göz öňüne getirmegem kyn. Erkekleriň barsyny uruşyň gullaryna öwürdiler, olar her pursatda eline ýarag alyp adam öldürmek ýa öldürilmek üçin buýruga garaşýar. Mundan beteri-de barmy eýse? Heläklenen halklar açlykdan ölmelimi? Bü bela eýýäm Russiýada, Italiýada, Hindistanda başlady. Ýa bolmasa erkekler bilen bile aýal-gyzlaram esger lybasyny geýmelimi? Bulam eýýäm Transwaalda başlapdyr.
Eger ýagdaý şeýle bolýan bolsa, häkimiýetiň ýoklugy, hakykatdanam, sözüň ýaramaz manysynda anarhiýany göz öňüne tutýanam bolsa (ýöne hiçem beýle manyny göz öňüne tutanok), hatda şonda-da, hiç bir anarhiýa baş-başdaklygy häkimiýetleriň öz halklaryny häzirkisi ýaly pese düşürişinden we pese düşürmegi dowam etdirişinden beter bolmazdy.
Ynha, hut şol sebäpli-de adamlara watansöýüjilikden we ýagyrnylarda bina edilen häkimiýetleriň despotizminden halas bolmak iň peýdaly işdir.
Adamlar... aklyňyza aýlanyň – hem fiziki, hem ruhy saglygyňyz üçin, hem agalaryňyzyñ, hem uýalaryňyzyň hatyrasyna, bir säginiň we näme edip ýörendigiňizi bir seljeriň, oýlanyň!
Aklyňyza aýlanyň we duşmanlaryňyzyň Boerler, iňlisler, fransuzlar, nemesler, çehler, finler, ruslar däldigini, eýsem ýeke-täk duşmanyňyzyň sizi penjesinde saklap betbagt eden häkimiýetleri watansöýüjiligiňiz bilen şirin janyndan geçip goraýan siziň hut özüňizdigini biliň.
Olar sizi howp-hatardan goramagy boýnuna alanam bolýarlar, ýöne bu galp “goragy” şeýle bir ýagdaýa getirdiler welin, hemmäňiz esger-gul bolduňyz, hemmäňiz heläklendiňiz we barha köp heläklenýärsiňiz. Siz islendik pursatda berk dartylyp daňylan ýüpüň üzülmegine we çagalaryňyz bilen bile gorkunç ölümiňiziň gelip ýetmegine garaşýan bolmagyňyz mümkin, hatda garaşmalysyňyzam.
Özem bu ölüm her näçe uly bolanda-da, garpyşygyň netijesi nahili tamamlananda-da şol bir gaýtalanyp duran zatlar dowam edýär. Häkimiýetler şol öňki edähedine eýerip, hatda öňküsindenem has beter sizi we siziň çagalaryňyzy ýaraglandyrýar, heläkleýär, ýoldan çykarýar. Eger siziň özüňiz özüňize ýardam etmeseňiz, gapdaldan biri gelip munuň öňüni saklar ýa-da saklamagyňyza ýardam eder öýtmäň.
Diňe bir ýagdaýda kömek edip bolar: ýeňşe barýan ýolda üstünlik gazanan adamy ýa-da adamlary beýleki ähli adamlaryň üstünde erk-ygtyýarly edýän hem-de Napoleýonlaryň, Nikolaý I-leriň, Bismarklaryň, Çemberlenleriň, Rodoslaryň we patyşalaryň adyndan halkyň hökmürowany derejesindäki biziň diktatorlarymyz kimin mysallarda görşümiz ýaly hernäçe zalym we adamkärçiliksiz bolsalaram, şol güýji şeýlekin bek saklamalaryny üpjün edýän gorkunç diýdimzorlugyň emer-damaryny ýok etmeli. Muny bir ýere jemleýän emer-damarlary ýok etmegiňem diňe bir ýoly bar: watansöýüjiligiň gipnozyndan aýňalmak.
Imperatorlaryň, patyşalaryň, mejlis agzalarynyň, ýolbaşçylaryň, harby gullukçylaryň, kapitalistleriň, ruhanylaryň, ýazyjylaryň, sungat adamlarynyň we güzeranyny aýlamak üçin hut şu watansöýüjilik patarrakysyna mätäç uludan-kiçä hemmeleriň sizi aldanda ulanýan tilsimlerine boýun bolup, size yza berýän ähli ýaramazlyklara özüňiziň ýol berýändigine düşüniň.
Fransuz, rus, lýah (polýak), iňlis, irland, çeh, umuman kim bolsaňyzam – ekerançylyk, industrial, söwda, sungat ýa-da ylym-bilim – haýsysy bolanda-da, adamzada mahsus ähli işlerimiziň edil şahsy aýşy-eşretlerimizdir şatlygymyz ýaly hiç bir ýagdaýda başga halklaryň ýa-da döwletleriň bähbitlerine çapraz gelmeýändigine, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, haryt alyş-çalşygynyň, giň gerimli doganlyk gatnaşyklarynyň ýygjamlygy bilen birlikde aň-düşünjedir duýgularymyzyňam alyş-çalşygy arkaly başga halklardan aýry däldigiňize göz ýetiriň.
Bir zada düşüniň: siz öz häkimiýetiňiziň ýa-da beýlekiniň Weýhaýy, Port Artury, Kubany zabt edip oňarşynyň size üýtgeşik bir manysynyň bolmaýşy ýaly, hasam beteri, häkimiýetiňiz tarapyndan amala aşyrylan bular ýaly her zabt bularyň amala aşyrylmagy ýa-da amala aşyrylanda operasiýany dowam etdirmek üçin bir zada – talaňçylyga we zorluk-zuluma goşulmaga mejbur etmek maksady bilen gutulgysyz ýagdaýda häkimiýetiň her dürli gysyşyny özi bilen bile getirip, size uly zyýan ýetirer.
Şuňa gowy düşüniň: Elzasyň nemesleriňki ýa fransuzlaryňky bolany bilen, Irlandiýanyň ýa-da Polşanyň azat ýa-da gul bolany bilen durmuşyňyz hiç bir ýagdaýda özgermez. Kimiň golastynda ýaşasaňyzam islän ýeriňizde ýaşap bilersiňiz. Elsazly, irlandiýaly ýa-da polşaly bolsaňyzam, şuňa düşünjek boluň: watansöýüjilige beleň berip, diňe öz ýagdaýyňyzy kynlaşdyrarsyňyz. Çünki halkyňyzyň boýnuna geýdirilen boýunturyk diňe watansöýüjiligiň göreşinden dörändir. Bir halkyň watansöýüjilik şygary beýleki bir halkyňam muňa jogap hökmünde beren garşylygyny weýran edýär.
Şuňa göz ýetiriň: dertleriňiziň barsyndan halas bolmak üçin özüňizi könelşen watansöýüjilik matlabyndan we oňa esaslanýan häkimiýetlere boýunsunujylykdan azat ediň, şol wagtdan başlan janlanyş sizi özüňize çagyrýan hem-de halklaryň doganlarça agzybirligine ýetmek üçin belent matlaplara batyrgaýlyk bilen gireniňizde mükin bolup biler.
Adamlar belli bir ýurduň ýa-da başga bir ýurduň, ýa bolmasa haýsydyr bir häkimiýetiň garamagynda däl-de, Hudaýyň garamagyndadygyna we hususanam başga adamlaryň guly-da, duşmany-da bolup bilmejekdigine - hut şuňa bir düşünsediler, onda häkimiýet diýilýän şol kakabaş, bimany, köne eýýamlara degişli petiş guramalar we olaryň üsti bilen gelýän ähli dert-azarlar, bidüzgünçilikler, kemsidilmeler we jenaýatlar öz-özünden ýok bolup giderdi.

Lew TOLSTOÝ.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 92 | Добавил: Haweran | Теги: Lew Tolstoý | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 4
0
3 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Ine, Lew Tolstoyyñ dunya derejesindaki agirtliginiñ yene-de bir subutnamasy. Has Turkmen, sag bol, inim, yetireniñe.

0
4 Haweran   [Mowzuga geç]
Minnetdar, agam.

0
2 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
Shu yazgylar Lew Tolstoyyn " Война и мир" kitabyndanmy?
Bir bashlasama suw yalyjak akybam giderle welin shol cekinip yorinda gowruminin ulylygyndan

-1
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Adamlar... aklyňyza aýlanyň – hem fiziki, hem ruhy saglygyňyz üçin, hem agalaryňyzyñ, hem uýalaryňyzyň hatyrasyna, bir säginiň we näme edip ýörendigiňizi bir seljeriň, oýlanyň!"
Tolstoýyñ bu makalasyny dünýäniñ ähli TW -si günde gaýtalap dursa, belki, adamlar EŞIDERLER. Aý, bilmedim..
Ýaşan döwründen şu wagta çenli bütin dünýaniñ ýazyjylarynyñ arasyndan söýlüp okalýan onlukda duranlygyna garamazdan, ne õz döwründe...ne soñ oña gulak asýarlar..

"Durmuş kämil dälmi ýa-da adamlar?"

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]