14:51
Namys / hekaýa
NAMYS

Goşa çynar boý alaly bäri onuň kölegesi asla adamsyz bolmandy. Ýan-ýana ekilen çynarlaryň gollary ýaýbaňlanaly bäri onuň kölegesinde iň azyndan iki süri goýun ýatarlyk bolupdy. Goýy kölege, üstesine-de, çynarlaryň aşagyndan akyp ýatan Bagandar çeşmesiniň jana tenakär sowujak suw, bu golaýlarda ýaşaýan hemmeleriň dilinden düşmeýardi. Goşa çynara okuw dynç alyşynda okuwçylar her ýekşenbe diýen ýaly gelýärdiler.
Hat-da öten ýyl çokgaja sakgally bir suratkeş hem gelip bu ýerde çadyryny gurup, iki hepde ýaşap gidipdi. Ol goşa çynary we aşagynda akyp ýatan çeşmäni surata geçirip gidipdi...
Ol suratlarynda aý aýdyň gijede, çynarlaryň aşagyndaky söýgülileriň duşuşygyny hem çekipdir. Aý, garaz, bu çokgaja sakgally suratkeşiň çeken suraty oba arasynda häli-häzir hem uly gürrüňdi. Birisi çynaryň aşagyndaky gyz oglany nakgaşyň hyýaly diýse, ýene biri ony obadaky gyzlara meňzedip uly gürrüň edýärdiler. Ýöne bu suratda hakykat barmy ýa-da ýok ony çokgaja sakgally suratkeş özi bilen gizläp alyp gidipdi. Goýy kölegesinde dynç alýan şahyrlar-ýazyjylar hem bardy. Olar öz döreden eserlerinde hem hökman çynary agzap geçýärdiler. Sowujak suwly Bagandar çeşmäni hem şygyr setirlerine goşup göýberýärdiler. Oba oglanlaryň biri paýtagtda film ýazan senariçi bolup ýetişensoň, 1-2 ýyllykda bu çynaryň aşagynda urşa gidip gelmedik ogluna garaşýan enäni suratlandyryp filme düşüripdiler.
Ine, biziň obadaky goşa çynar bilen sowuk suwly çeşme şeýle bir at-owazalydy. Ýöne bu çynary kim ekipdir, näme üçin ekipdir, asla bilýän hem ýokdy. Çynarlaryň goşa gujak göwresinde obanyň hemme adamlarynyň ady ýoýulyp ýazylypdyr. Hat-da kimdigini diňe özleri bilýän gowuşan ýa-da gowuşmadyk söýgüleriň baş harplary hem Ç+Ş ýa-da G+S görnüşinde ýazgydan doludy. Goşa çynaryň äpet bir göwresinde kiçijik sallançaklar ýa-da ällemler sallam-sajakdy. Bu ynsanlaryň yrym edip dakan mata bölekleridi. Kimisi çagasy bolmasa-da yrym edip bu ýerde sallançak gurupdyr. Megerem olar şu çynar ýaly gögereýin niýetinde bolan bolsalar gerek. Aý, garaz, bu çynar hem öwlüýä, hem medetkär, hem syrdaş, dost-söýgüli bolup, gör, näçe ýyllap ýaşap ýördüler.
Ine, günleriň bir güni çynaryň bir goly guramaga başlady. Beýleki çynaryň hem başyndan bir dert göründi. Gelen gidenler "bu nämäniň alamatyka" diýip oňa köp hemaýat etjek boldular. Muny diňe çynarlaryň özleri bilýärdi, hem-de olaryň aşagynda akyp ýatan çeşme...
Iki aý mundan ozal hemmeleriň oba adamlarynyň hemmesiniň işli wagty bu ýere gelen ak maşyndan düşen döşleri gyllak adam bilen towlanjyrap çykan gelinden soňra bu çynarlaryň derdi başyndan agdy. Iki çynar özara gürrüň etdiler.
- Şu wagta çenli beýle wejeralygy görmändik. Biziň saýamyza söýgüliler gelipdi. Olaryň her haýsy birimiziň aşagynda durup gepleşerdi. Ýadyňa düşýärmi, urşuň başlanan güni urşa gitjek Mäti aganyň ogly öz söýgülisi Sülgün bilen hoşlaşypdy. Ahyrky we ilkinji duşuşykda hem oglanyň hem gyzyň galpyldysy bize eşidilýärdi. Şonda gyz oglana biziň birje ýapragymyzdan ýolup beripdi. Olaryň duşuşmasy üçin biz belki gyzdan hem köp garaşypdyk. Emma, haýp, oglan uruşdan gelmedi. Gyz bolsa, bäş ýyldan soňra başga birine durmuşa çykaryldy. Ol kejebesinden düşüp gelip, bizi gujaklap aglapdy. Onuň näme üçin beýtýändigini bilmedik garry ýeňňesi:
- Goý gyz obaňy göresiň gelse häli şindi geler durarsyň- diýipdi.
Emma bu gyzyň ýürek syryny bir biz bilýäs birde özüdi.
Beýleki çynar söze goşuldy:
- Ýadyňdamy? Galtamanlar oba çozjakmyş, diýen gürrüň oba ýaýrapdy. Ana, şonda Garamergen biziň çür başymyza çykyp obany gözetläpdi. Galtamanlar uzakdan görünenden oba oglanlaryna tüpeň atyp habar beripdi. Özi bolsa biziň gür ýapraklarymyzda gizlenip atyşmak atyşypdy. Ine, meniň sag golumda şol ok yzlary häzir hem bardyr.
- Ok yzlary ýa-da biziň göwsümize pyçak bilen ýazylan gizlin söýgüleriň atlary hemmesi biziň üçin tyg ýarasy däldi. Olar ýöne biziň bilen syrlaşýardylar. Ýöne ine ak maşynly erkek bilen aýalyň syrlaryna şaýat bolup görenimden agyr iş başyma düşmändi.
Çeşme söze goşuldy:
- Ine, men ömrüm boýy akyp ýatyşym. Menden dag keýikleri suw içerdi. Suwsap gelen mergenler, ýadap gelen çopanlar, hat-da bir gezek iň soňky demde jan berjek bolup duran hassa hem menden suw içmek üçin getirilipdi. Özümi derman bilýänlerden hoşaldym. Ine, şol ak maşynly bilen ýylan gelin geleli bäri meniň hem ugrum gaçdy. Suwum azalyp ugrady. Meniň ömrüm sizden hem köpdür. Sizi ekeni hem gördüm. Näme niýet bilen ekenini hem bilýän. Emma ol görgüliniň päk söýgüsi hatyrasyna ekilen goşa çynaryň hapa-bet niýetli ynsanlaryň hem özüne pena edinjegini bilse-di, asla sizi ekmezdi. Men şoňa gynanýan.
Çynarlar bilen çeşme gijesi bilen özara pyşyrdaşyp oturdylar. Şondan bäri hem oba adamlary çeşmaniň akmasynyň azalandygyny we çynarlaryň hem gurap barýandygyny gördüler. Olary guradanyň sebabini bolsa bir üçüsi bilýärdi...

Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 140 | Добавил: meylishalyk90 | Теги: Ogulmaýa Semizadeh | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
8 mango   [Mowzuga geç]
Ogulmaýa hanymy gaýybana tanaýan...
Bu hekaýasam irräkki eseri bolaýmasa. Täze zatlaram ýazýamyka?
Ýurduňa görä täsirlenýän bolmaly. Eýran simwollary halaýan bolmaly. Hekaýada-da simwollar ulanylypdyr. Hekaýa barada Abdylla we Ybraýym belik ýazsalar has gyzykly bolardy.
—-
Awtor okarmy, okamaz, bilemok. Onda-da käbir bellikler aýtmakçy.
Sözlemlere göz gezdirilse kemdäl.

Iki aý mundan ozal hemmeleriň oba adamlarynyň hemmesiniň işli wagty bu ýere gelen...
Birinji “hemmeleriň” birini aýyrsaňam boljak ýaly.

Ahyrky we ilkinji duşuşykda hem oglanyň hem gyzyň galpyldysy bize eşidilýärdi.
“Ilkinji we ahyrky...” diýilse dogry ýaly.
Hemem “galpyldy” eşdilýämi ýa duýulýar?

Emma bu gyzyň ýürek syryny bir biz bilýäs birde özüdi.
“Emma, gyzyň ýürek syryny özünden we bizden başga bilýän ýok” - diýilse dogry ýaly.

Suwsap gelen mergenler, ýadap gelen çopanlar, hat-da bir gezek iň soňky demde jan berjek bolup duran hassa hem menden suw içmek üçin getirilipdi.
Ynandyryjy däl, soňky demindäki hassaň getirilişi. Hassa üçin suw äkidilip bilner, emma hassany getirmezler.

- Ok yzlary ýa-da biziň göwsümize pyçak bilen ýazylan gizlin söýgüleriň atlary hemmesi biziň üçin tyg ýarasy däldi. Olar ýöne biziň bilen syrlaşýardylar.
Pyçak bilen ýazylan инициал-laryň syr paýlaşdygy bolup biler, emma, ok yzlary... atylan oklarda nämäniň syry bolsun?

Ýöne bu çynary kim ekipdir, näme üçin ekipdir, asla bilýän hem ýokdy” - diýip hekaýaň başlarynda agzaýar hemem hekaýaň soňunda şol meselä aýdyňlyk getirýär, ýagny çeşmäň adyndan “kim, haçan, näme üçin” ýaly soraglara jogap berýär: “Sizi ekeni hem gördüm. Näme niýet bilen ekenini hem bilýän”. Düşündirip bilemok, ýöne çeşmäni başgarak gürletmeli ýaly...

Umuman, orta dereje.
Ogulmaýa gelnejä üstünlikler.

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
hekaýa düýnki okanymdan biraz üýtgedilipdir öýdýän.

hawa, başga-da kän şonuň ýaly sözlemler. käsine ýekeje harp

Goýy kölege, üstesine-de, çynarlaryň aşagyndan akyp ýatan Bagandar çeşmesiniň jana tenakär sowujak suwY, bu golaýlarda ýaşaýan hemmeleriň dilinden düşmeýardi.

käsine dyngy belgiler (has gowy mysal bady welin täzeden gözlemäge ýaltanyp aşakyny goýýan)

Goý gyz, obaňy göresiň gelse häli şindi geler durarsyň- diýipdi.

käsine ýalňyş goşulmalar:

Aý, garaz, bu çokgaja sakgally suratkeşiň çeken suraty oba arasynda häli-häzir hem uly gürrüňdi. (häli-häzir bolsa "gürrüňdi" bolmaly däl ýaly)

sebäp bolupdyr.

Goşa çynara okuw dynç alyşynda okuwçylar her ýekşenbe diýen ýaly gelýärdiler.

okuwçylaň kanikulda saýa barmak üçin otduh güni peýlemesi geň. biz bolsag-a töwereginde mal bakardyk. ol çynarlaň kölekesinde-de kart oýnardyk.

hekaýa meň-ä maňzyma batmady. bolýa, gowy zat aýtjak bolupdyr. oňa sözüm ýok.

1. ol çynarlar şahalaryna mata-marlyk daňylyp, töwereginde sallançajyklar ýasalyp (awtor aýtmasa-da, iki daşy biri-birine söýäp "jaý" ýasaýanlaram gözöňüme gelýä) özlerinden bedet soralyp durka, özlerine mukaddeslik derejesine çykarylanda-da biynjalyk bolsadylar.

2. öňki ýaşlaň свидания edenlerinde hersi bir çynaryň aşagynda durmagy ynandyryjy däl (menem ýaş bolup gördüm. edil döşümiň gylyny görkezmesemem...)

3. awtoryň aýdýan zatlaryndan çen tutsaň, ol saýa gelim-gidimli ýer bolmaly. iki sanyjak çynar bolsa töweregem alaň açykdyr diýip gözöňüme gelýä. onsoň o gyllak döşli o ýerini saýlamajak ýaly.

meň üçin-ä bu hekaýa orta derejeden kän aşakda.

0
6 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Hekaýanyñ sýužeti maña añryýany bilen ýarady."Ogurlyk eden uýalmaz üstüne gelen uýalar"diýen ýaly wejeralyk edenleriñ utanman çynarlaryñ we çeşmäniñ utanşy gowy beýan edilipdir.Hemem çendenaşa öwût nesihat etmän,terbiýeçilik maksadyny amala aşyrypdyr.Ýetirip duruñ hekaýalaryndan ýazyjymyzyñ.

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Käbir harp ýalñyşlyklaryny belläýin.Sebäbi gözümi bimaza edýär:
ýan ýana - ýan-ýana
tenekär sowujak suw - tenekar sowujak suwy,
hat-da - hatda
çokaja sakgaly suratkeş - çokaja sakgally suratkeş,
häli häzir - häli-häzir
göýberýärdiler - goýberýärdiler,
häli şindi - häli-şindi
senariçi - senarist bolmaly dälmi ýa da çy goşulmany goşjak bolsañ senarýaçy diýiläýjek ýaly.
bilse-di -bilsedi
çeşmaniñ - çeşmäniñ,
sebabini - sebäbini,
giidenler - gidenler.
Käbirleriniñ ä göçürijiniñ hatasydygy bildirýär welin köpüsi...

0
7 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Sakally*

0
2 Moýsepit   [Mowzuga geç]
Семизадех? Туркменми бу?

0
3 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
Howa Türkmen, Eýranly türkmene durmuşa çykyp, adamsynyň familýasyny alan. Eýranda türkmenleriň hemmesine familýasyny parsça etmeli diýen düzgünleri bar.

0
4 Haweran   [Mowzuga geç]
Ine, Tolstoýyñ näletleyän häkimiýeti, patriotizmi, diýdimzorlugy...
Adam näme ü.n soñ baran ýeriniñ häkimiýetiniñ talabyna we şol häkimiýete wekilçilik edyänleriñ düzgünine boýun bolmaly, diline, familiýasyna meñzemeli, ýaşamaly?..

0
1 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
Awtory Ogulmaýa Semizadeh Sapar gyzy - ertirlerdäki Dildar gelneje.
Bu hekaýasy öz altyn gupba diýilen web saýtyndan 7-8 ýyl mundan öň arhiwime alyp goýupdym. Gynansagam web saýtyna girip bolanok, şol sebäpli mundan beýläk hem Ogulmaýa doganymyzyň mendäki bar bolan hekaýalaryny paýlaşyp duraryn.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]