06:35
Dilber
DILBER

Halypa sazanda Durdy Myradowýň ýadygärligine

Çek bagşy,
Dutaryň taryn çek, bagşy,
Ýüreksize ýürek, dilsize dil ber.
Perdelerden seýkin basyp düşsün-de,
Sallana-sallana ýöresin Dilber.

Gözi gitsin oňa gözi düşenleň,
Ýigitler kalbynda harasat duýsun.
Unutsyn-da sakgallarynyň akdygyn,
Gojalar telpegin maňlaýna geýsin.

Menem gül görküne bolaýyn bendi,
Döz geler ýüregim düşse-de oda.
Ylgaýyn-da şol gözeliň yzyndan,
Jahyllyk çagymy salaýyn ýada.

Gül ýygaýyn baýyrlardan şoň üçin,
Meniň başga zada degmesin elim.
Boş gepden,
Gybatdan,
Galmagallardan
Gaçaýyn men, iň bolmanda bir salym.
Bir salym ynjalsyn,
Dynç alsyn serim
Sungatyň döreden gudratyn synlap.
Goý, razy bolsun senden hem menden,
Lezzet alsyn, meýmiresin humarlap.

Çal bagşy,
Ýene şol sazy çal, bagşy,
Ýüreksize ýürek, dilsize dil ber.
Perdelerden seýkin basyp düşsün-de,
Sallana-sallana ýöresin Dilber.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Haweran | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]