21:27
Duýduñmy?!
DUÝDUŇMY?!

"Besledigim umyt, gurdugym hyýal,
Içime ataşlar saldy, duýduňmy?!"
Abdyrahym Karakoç, türk şahyry.


Gara gazma dymsa, sazlar öýkelär.
Tomuslar ir düşse, ýazlar öýkelär.
Meni ne günlere saldyň, peýker-ä,
Ykbal niçik iş eýledi...
Duýduňmy?!

Gel, gör indi,
Yşk ýelkeni gerildi.
Kalbym içre söýgä mizan guruldy.
Gara dagda gizläp gaýdan syrymny
Ýyldyrymlar paş eýledi...
Duýduňmy?!

Sözleşse gyz göwni, oglan ýüregi,
Pyşyrdap aýdanyň ýaňlandyrany...
Çirim etmedik gözlem daň ýyldyzyny
Ýüzügiňde gaş eýledi...
Duýduňmy?!

Aňmasaň söýgimiň çyn serpaýlygyn,
Soň ömrüňi örtär biperwaýlygyň.
Suwlaryňda ýüzen tylla balygym
Didesinde ýaş eýledi...
Duýduňmy?!

Göwnüm guşdur – bossanyňda pel-pellär,
Gözlem ýyldyz – asmanyňda ýylpyldar!
Gör-ä, ýyllar dergähiňde galpyldan
Duýgularmy düýş eýledi...
Duýduňmy?!

Ýeke ömrüm bir sözüne çalşanym,
Gül göwnüne dünýäm bile sygşanym...
Ah, diýseň-diýmeseň, şo-ol güýz agşamy
Bizi derde duş eýledi...
Duýduňmy?!

Gök geýseň deňizsiň, al geýseň – bahar.
Sary geýseň, görküň Gün deý nur saçar.
Sen ak geýip, bagtym bolarsyň haçan?! –
Ak arzuwlar joş eýledi...
Duýduňmy?!

Kakamyrat REJEBOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 12
0
10 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Şu peri-peýkerli gürrüñe menem bir zatjyk artdyraýyn! Peri sözünde hiç hili ters düşünje ýok, meniñ pikirimçe, Bu söz kämil derejede ýaradylan iñ owadan aýala-da aýdylýar. Parslarda gyzlara dakylýan at, elbetde ertekilerde hem deñiz perisi, perizat ýaly sözlerde gabat gelýär, diýmek jyn-arwah bolup bilmeýär. Peri-peýker sözi hem (Peýker: ten, endam) aýal-gyzlaryñ iñ owadan we aýypsyz teni hakda bolan sypat. Peýker sözi ýekelikde ulanylsa diñe ten manyda bolmaly. Peýkertaraş sözi hem bar, daşdan ýa-da başga materialdan ynsan heýkelini ýasaýan sungatça aýdylýar.

0
11 mango   [Mowzuga geç]
peýkertaraş ýok bolaýmasyn.
heýkeltaraş bar.

0
12 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Hawa, türkmen dilinde ulanylmaýar, pars dilinde diýmeli ekenim, undupdyryn!

0
8 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Diýmelem däl welin ýeke söz ýalñyş ýatlansa da özümi saklap bilemok da:
"Perwana dek pyrlanyp peýker ýanadyr oduma"
Galyberse-de Kakamyrat Rejebowyñ "Yhlas" diýen goşgusynda da peýker sözüne gabat gelipdim:
"Yşk yhlasdan suw içermiş, peýkerim!
Sensiz kalbym tasdan dönende daşa,
Men ony sünnäläp-syntgylap aşa,
Dikeltdim şanyňa Söýgi heýkelin!"

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
Dogry @Hyýalkeş, "Perwana dek pyrlanyp, peýker ýanar oduma..." däl-de "ýanadyr oduma...". Sag bol.

0
7 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Baýgeldiýew,Kakamyrat Rejebowyñ goşgularyny häli-şindi paýlaşýan.Menden öñem paýlaşanlar kän şu saýtda.Kakamyrat Rejebow diýip gyzyl ýazylan tegine bassañyz kän çykar öñüñizden goşgulary.Şunyñ ýaly murapbag formasynda da ýazan gowy gošgulary bardyr saýtda.Dogrusy,özüm ä yzly-yzyna öñümde manty goýsalaram ýadaýan adam bolamsoñ,şol bir şahyryñ goşgularyny hemem öz goşgularymy ara salym salyp,küýsedibräk paýlaşaýýan.Ýene şol taktika boýunça hereket edermikäm diýýän.Aýyplaşmaweriñ!

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
erbet däl eken (gowy diýsem agzym gyşarjak ýaly :-))

"öýkelärli" ýerleri akyşyň bir aýdymyny ýatlatdy.

Gel, gör indi,
Yşk ýelkeni gerildi.


ýeri bir aýdymda bardy öýdýän

"gel, gör, meni yşk neýledi"

şu setirleri ýatlatdy. nirede diňlänim ýadyma düşenok.

Meni ne günlere saldyň, peýker-ä,

"peýker" sözüni diňe "peri" sözüne tirkeşdirip ulanylýanyna gabat gelýädim. bärde özbaşyna ulanylypdyr welin, näme many aňladýaka diýip, sözlüge seretdim. "ene dilim"-iň taýýarlan sözlügi "Sözlükde gabat gelýän söz tapylmady" diýdi. soň başga çeşmelerden gözledim welin "ýüz" (100 san däl-de, adamynyň kellesiniň öň tarapky bölegi manyda) diýmek diýdi. "peri-peýker" diýmek "peri ýüzli" diýmekdirow diýdim. indi ýokarky setirde ýerine düşüpdirmi, düşmändirmi bilemok. belki meň bilmeýän başga manylaram bardyr.

ýöne goşgy gowy eken. haladym.

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Peýker - gadymy türkmen dilinde "kebelek" diýmegi aňladýar. "Peri-peýker" - diýmek "kebelek kimin ganatlyja peri" diýen manyny berýär.
Günbataryň ertekilerindäki "фея"-lary göz öňüne getiräýiň. Aslynda "peri" sözi ýaly "peýker" sözüniňem gadymy türkmen diline gadymy pars dilinden geçendigi hakynda-da çaklama bar. Kimiň aýdandygy ýa-da nireden okandygym anyk ýadym-a düşmeýär welin, gadymy pars dilinde "peri" - diýmek arwah hatyny - aýjyny aňladypdyr. Awestanyň ýazylan gadymy pehlewi dilinde bolsa "parika" - arwah aýal - aýjyn diýen söz soňra türkmen diline girende "peýker" diýen görnüşe geçendigini hem agzapdylar. Şu nukdaýnazardan ugur alsaň, onda "peri-peýker" diýmek "jyn-arwahlar" diýen ýaly manynam aňladýar.

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
Kakamyradyň goşgusyndaky: "Meni ne günlere saldyň, peýker-ä" diýen setir bolsa, "Meni ne günlere saldyň, kebelegim-ä" ýa-da "kebelejigim-ä" diýen manyny göz öňünde tutýarmyka diýýärin. Sebäbi şu many aşygyň öz magşugyna ýüzlenmeginiň umumy kabul edilen dessuryna-da laýyk gelýär, aýdylmakçy, has takygy beýan edilmekçi bolunýan duýgunyň-pikiriň mazmunyna-da.
Bu sözüň kebelek manysynda ulanylýan ýerleri nusgawy şygryýetimizde-de bardyr:
Mysal üçin: "Perwana dek pyrlanyp, peýker ýanar oduma..." Mätäji.

0
3 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Gowy eken Hyýalkeş başgada bar bolsa goýaýyň...ýazmakdan okamagy beter halayan,jogapsyz galmaz diyibem umytlanyan

0
2 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy.

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şu epigrafy garaldyp kursiw formada ýazyp beräýiñ @haweran
Özüm başarmadym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]