20:49
Aýmämmet Işangulyýew
AÝMÄMMET IŞANGULYÝEW

Redaksiýada işimiziň dowamynda edebiýat bilen bagly sowallar ýüze çykyp durýar, şonda işdeşlerimiz we redaksiýanyň işjeň awtorlary bolan halypalarymyz bilen maslahatlaşýarys. Döredijiligine we halypalyk keşbine uly hormat goýýan ýazyjylarymyzyň biri Kömek Kulyýew bilen hem aram-aram maslahatlaşyp, edebi çeşmelerdir ýazylýan makalalar babatda pikir alyşýarys. Ol öňe sürýän pikirini durmuşy mysallar bilen baýlaşdyryp düşündirýär. Şonuň üçinem anyk şahslaryň döredijiligini mysal getirip, edebi makala we onda gozgalýan mesele babatda giň düşünje berýär. Şeýle gezekleriň birinde Kömek aga terjimeçi, dramaturg hem halypalyga ýeten mugallymlaryň biri Aýmämmet Işangulyýew barada gürrüň berdi. Onuň sahna eserlerini döretmek üçin tema saýlaýşynyň ýaşlara nusgadygyny aýtdy. Ýene bir gezekde bolsa onuň terjime işlerine ünsi çekdi. Şondan soň mende A.Işangulyýewiň çeper döredijiligine bolan gyzyklanma artdy.
Ol babatda Kömek aga makala giriş hökmünde şeýle pikiri hem aýtdy:
— Her bir hünärde halypa-şägirtlik zerur. Häzirki wagtda edebiýat we sungat döredijiliginde sazlaşykly işleri alyp barýan Aýmämmetde halypalyk keşbi kemala geldi. Ol şägirtlere hünär öwretmekde, döredijilige gözükdirmekde mynasyp işleri alyp barýar. Öz hünäri boýunça baý iş tejribesi bolansoň, ol talyplara bilim-hünäri çuňlugy bilen öwretmegi başarýar. Onuň terjime sungatynda toplan tejribesi bolsa talyp ýaşlaryň hünärlerine döredijilikli çemeleşmeklerine oňyn täsir edýär.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynda kafedra müdiri bolup işleýän Aýmämmet Işangulyýewiň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen dramaturgiýasyna goşan goşandy az däl. Ol birnäçe sahna eserini ýazdy we sahnalaşdyrdy.
Onuň çagalygy we ýaşlygy Ak bugdaý etrabynda geçýär. Ol Ak bugdaý etrabynyň 1-nji orta mekdebinde orta bilim alýar. Kakasy Amanmuhammet Işangulyýew demirýolçy, ejesi Amandursun eje bolsa çagalar bagynda işlän, olaryň sekiz çagasy bolup, Myratberdi, Daňatar, Aýmämmet, Rahmanguly, Nurmämmet, Nurjemal, Gülşat, Gülşirin maşgalada milli hem döwrebap terbiýäni alyp ulalýarlar. Olar maşgala agzalary bolup, dynç alyş günlerinde paýtagtda ýerleşýän teatra (öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatry) sahna oýunlaryna tomaşa etmäge giderdiler. Ine, şu-da Aýmämmetde geljekde teatr ugrundan bilim almaga bolan höwesi oýarýar. Çeper edebiýata, onda-da çagalar edebiýatyna bolan söýgi hem onda kiçilikden döreýär. Bu babatda ol şeýle gürrüň berýär:
— Men atamyň gürrüň berýän ertekidir rowaýatlaryny diňläp ulaldym. Ol ertekileri şeýlebir gyzykly edip gürrüň bererdi welin, wakalar göz öňümde edil kino gören ýaly janlanar durardy. Multfilmlere tomaşa etmegi-de gowy görýärdim, olardan lezzet alýardym. Dogrusy, häzirem telewizory açanymda gyzykly multfilme gabat gelsem, hezil edip tomaşa edýärin. Mende çagalar edebiýatyna bolan söýgini hem atamyň gürrüň beren ertekileridir hekaýatlary, tomaşa eden multfilmlerim oýarypdy.
Ol çagalykdan ertekileriň gahrymanlarynyň hakyky keşbine girmegi, hereket bilen olaryň häsiýet aýratynlyklaryny görkezmegi başarypdyr. Teatr studiýasyna giriş synagyndan geçmegine-de ondaky şeýle endik sebäp bolupdyr. Onuň taýýarlygyna göz ýetiren halypalar goşmaça sowal beripdirler: «Ýene näme bilýärsiň?» «Basnýa bilýän». Ol şol pursat Ata Salyhyň «Şagal bilen horaz» basnýasyny keşbe girip aýdyp başlapdyr welin, halypalaryň biri onuň sözüni bölüp: «Boldy, boldy. Sen basnýany gowy öwrenipsiň. Hany, ynha-ra sen, hol ýokarda — agajyň üstünde-de horaz otyr diýip göz öňüne getir. Şony sen nädip aşak düşürjek?» diýip, duýdansyz sowal beripdir. Şonda Aýmämmet ilki aljyrajak ýaly edipdir, sebäbi eýlesine-beýlesine garanjaklaýar welin, heý, horazy ürküzer ýaly zada gözi ilmändir. Eli bilen haý-haýlap durany bilenem horazyň ürkjegi-ürkmejegi gümana. Onsoň ol, ahyry bir taý köwşüni eline alyp, ony görkezilen ýere tarap zyňyp goýberipdir. Şonda synag toparynyň agzalary hezil edip gülüşipdirler. «Boldy, boldy, sen geçdiň synagdan. Sahnada döräp biläýjek çykgynsyz ýagdaýdan baş alyp çykyp biljek ekeniň». Şeýdip, ol okuwa kabul edilipdir.
Teatr studiýasynda oňa halypalar Nurmuhammet Keşikowyň, Annamyrat Berdiýewiň, Aman Gurbandurdyýewiň, Welmyrat Amanowyň okadan sapaklary, beren bilimi özboluşly mekdep bolýar. Şeýle ussatlardan üç ýyllap bilim alýar.
Okuwy üstünlikli tamamlandan soň ony şol wagtky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryna işe ugradýarlar. Teatryň režissýory Baýram Seýdyllaýew Rejepmyrat Durdyýewiň «Ak derekleriň aýdymy» atly powesti esasynda sahnalaşdyrylan oýunda oňa Jammanyň keşbini ynanýar. Ana, şol keşp hem onuň sungata gadam basyp, ynanylan ilkinji keşbi bolýar.
Hudaýberdi Durdyýewiň «Skerso» atly Beýik Watançylyk urşy bilen bagly sahna oýnunda-da oňa Budraýtis diýen ýaş esger ýigidiň keşbi ynanylýar, ýöne ol oýun tomaşaçylara hödürlenmänkä Aýmämmet Işangulyýew Gruziýanyň Şota Rustaweli adyndaky döwlet teatr institutynyň ýörite synagyna gatnaşyp, ony şowly tabşyryp, okuwa kabul edilýär. Ol Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde dört ýyl okaýar. Bu babatda ol şeýle gürrüň berýär:
— 1985-nji ýylda özüm ýaly türkmen oglan-gyzlary bilen Gruziýanyň Şota Rustaweli adyndaky döwlet teatr institutyna okuwa girmek nesip etdi.
Şu ýerde ýene-de bir aýratyn ünsi çekmeli zat, ol hem Aýmämmet Işangulyýew bu şäher bilen tanyşdy, ol Tbilisi şäherinde ýerleşýän harby bölümleriň birinde harby gulluk borjuny ýerine ýetiripdi. Ol harby gulluk döwründe:

Mundan barsak Gürjüstana,
Bag-bossanly güli bardyr

— diýlip, «Görogly» şadessanynda waspy ýetirilen bu dagly mekanyň halkynyň medeniýeti bilen hem tanşypdy, esger dostlary bilen teatr toparlarynyň harby bölüme gelip görkezýän sahnalaryna ençeme gezek tomaşa edipdi.
Durmuşynda ýakymly ýatlamalary galdyran ýurda bilim almak nesibesi çekip, ykbal ony ikinji gezek getirdi.
Gruziýada Aýmämmet dagynyň toparyndan öň hem bir türkmen topary bu ýokary okuw mekdebiniň soňky ýylynda okap ýördüler. Bu täze gelen topara Gruziýanyň halk artisti Georgiý Sarçimelidze halypalyk edýär. Tbilisiniň Gurjak teatrynyň hem baş režissýory bolansoň, ol Türkmenistandan gelen ýaşlara hem bilim berýär, hem hünär öwredýär. Bu halypanyň türkmen sungatyna goýýan hormaty uly bolansoň, ol ussat halypalarymyz bilen hem döredijilik gatnaşygyny saklaýardy. Ol meşhur «Şükür bagşy» filmini surata düşüren režissýor Bulat Mansurow, belli artistler Artyk Jallyýew, Nury Allaberdiýew dagy bilen dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Olar filmlerde bile surata düşüpdirler. Şeýle bolansoň, bu halypa mugallym talyplaryna döredijilikdäki dostlukly gatnaşyklar hakda hem durmuş tejribesine esaslanyp baý düşünje berýär.
Türkmen oglan-gyzlaryndan ybarat bu toparyň talyplary halypa mugallymlarynyň ýardamy bilen birnäçe sahna oýunlaryny goýýarlar. Şol sahnalaryň arasynda türkmen dramaturglarynyň eserleri-de bardy. Hünär boýunça synaglar üçin sahnalaşdyrylan oýunlaryň arasynda Aşyr Mämiliýew bilen Begi Suhanowyň «Satylan düýş» atly sahna eseri-de bardy.
— Okaýan ugrumyz drama, kino we gurjak teatrynyň artisti hünäri bolansoň, häli-şindi sahna eserleri bilen iş salyşmaly bolýardyk. Onsoň özümize daşary ýurt ýazyjylarynyň, dramaturglarynyň sahna eserlerini türkmen diline terjime edip, sahnalaşdyraýmak galýardy. Şol döwürler «Üç jojuk», «Dostsuz kyn bolardy», «Mawy kirpi» ýaly körpelere niýetlenilip ýazylan sahna eserlerini terjime edip, talyp ýoldaşlarym bilen bilelikde sahnalaşdyrdyk. Wagtyň geçmegi bilen terjimeçilik meni özüne büs-büs-bütin maýyl etdi, onuň inçe syrlaryna has içgin aralaşyp başladym. Belkem, terjime edýän eserlerimi özümiň hem sahnada janlandyrmaga gatnaşýanlygym terjimeçilik işine düýrmegim bilen berilmegime itergi berendir. Her näme-de bolsa, daşky dünýädir durmuş hakykatlary bilen ýaňy tanşyp başlan çagalaryň sada pikirlerini, özboluşly göz öňüne getirmelerini, olaryň ulularyňkydan tapawutly dünýäsini suratlandyrýan çagalar eserlerini özüme has ýakyn saýýan. Körpe nesliň hem hut şeýle eserler bilen tanyşmagyny isleýän.
Şeýlelikde, ol terjimeçilik işi bilen ýokary okuw mekdebinde okaýarka gyzyklanyp başlaýar. Bu sungat ony özüne çekýär, ol ýokary bilim alyp, öz Watanymyza dolanyp gelenden soň ilki ýurdumyzyň Gurjak teatrynda, soňra medeniýet ulgamynda işläp ýörkä-de, işiniň kändigine garamazdan, terjime üçin wagt tapýar. Bu babatda ol şeýle gürrüň berýär:
— Rus ýazyjysy Lew Ustinowyň «Akylly gurbagajyk» atly sahna eserini talyp wagtym okapdym, soň ony ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde işläp ýörkäm asyl hünärimden daşlaşmaýyn hem-de geljekde gerek bolar diýip terjime etdim. Men ony soň režissýor Baýram Seýdyllaýewe görkezdim. Olam: «Be, bu gaty gowy eser eken, terjimesi-de ýerine düşüpdir. Muny teatrymyzda sahnalaşdyraly» diýdi. Ol terjimäm esasynda şol wagtky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasynda oýun goýuldy. Bu halypa režissýor soň maňa azerbaýjan ýazyjysy Aly Samedowyň «Ahmediň gaýduwsyz horazy» atly pýessasyny getirip berdi. Ony-da höwes bilen terjime etdim. Ol hem teatrda sahnalaşdyryldy. Soňra osetin dramaturgy Georgiý Hugaýewiň «Bir köpek ýaşar eken» sahna oýnunyň terjimesi-de hünärmenler tarapyndan goldanyldy. Şeýdip, döredijilik işimde terjime sungatyna synanyşyk başlandy.
Aýmämmet Işangulyýewiň terjime eden bu sahna eserleri soňra ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara hödürlenildi.
Bulardan başga-da, onuň terjime eden eserleri «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň we beýleki metbugat neşirleriniň sahypalarynda çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Ol Astrid Lindgreniň «Üçekde ýaşaýan Karlsson», şwed ýazyjysy Tuwe Ýanssonyň «Mumitrol we guýrukly ýyldyz» powestlerini, polýak ýazyjysy Boleslaw Prusuň «Elenanyň söýgüsi», belarus ýazyjysy Ýuriý Oleşanyň «Ülje şänigi», rus ýazyjysy Lew Ustinowyň «Tokaý aýdymy ýa-da iň kiçijikler üçin iň uky sowgat», arap ýazyjysy Ýusup Idrisiň «Awtobusda» we başga-da birnäçe hekaýalaryny, pýessalaryny, Aleksandr Wolkowyň «Zümerret şäheriniň jadygöýi», Luis Kerrolyň «Alisa täsinlikler dünýäsinde» ertekilerini görkezmek bolar.
Onuň öz ýazan «Ak kebelek», «Arslan» we «Meniň eýjejik dostum» hekaýalarydyr «Taýharjygyň başdan geçirenleri» atly erteki-pýessasy türkmen radiosynda ýazgy edildi.
2019-njy ýylda onuň «Teatr sungatynda ilkinji ädimler» atly okuw-usuly gollanmasy çap edildi. Häzirki wagtda bu okuw-usuly gollanma ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň teatr sungaty bölüminde hem-de medeni-dynç alyş edaralarynyň gurnaklarynda, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynda giňden ulanylýar. Bu okuw-usuly gollanma awtoryň «Jadyly söz», «Taýharjyk», «Garry möjek hakynda», «Bir aždarha bar eken», «Kör garga», «Batyr towşanjyk», «Aýperi» we «Mämmetjan» ýaly sahna eserleri girizilipdir.
Aýmämmet Işangulyýewiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döreden eserleri ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalarynda goýuldy. Şeýle sahna oýunlarynyň käbirini mysal getireliň: 2008-nji ýyldan bäri «Jadyly söz», «Bir aždarha bar eken», «Ýolbarsyň towuk ketegi», «Kör garga», «Taýharjyk», «Paýhasyň güýji», «Batyr towşanjyk», «Çynymy aýtsam...», «Mämmetjan», «Janly heýkeller» atly sahna eserleri Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda, Türkmen döwlet gurjak teatrynda, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda, Marynyň Kemine adyndaky we Balkan welaýat döwlet drama teatrlarynda, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky we Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatrlarynda sahnalaşdyryldy.
— Mähriban Arkadagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okamak, hünär öwrenmek, ýaş nesle dünýä derejesinde bilim bermek, akyl-paýhasly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri kemala getirmek we olary terbiýelemek babatda yzygiderli aladalanýar. Ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Halk döredijiliginiň bize gelip ýeten nusgalaryny kämilleşdirip, şolaryň üsti bilen körpeleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we olara umumadamzat gymmatlyklarynyň asyrlarboýy toplanan dürdänelerini ýetirmek, şeýle-de olarda edermenlik, gaýduwsyzlyk, belent ahlaklylyk ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleri terbiýelemek şu günki günümiziň esasy wezipeleriniň biridir — diýip, Aýmämmet Işangulyýew gürrüň berýär.
— Ata-babalarymyz hem nakyllardyr ertekileriň üsti bilen ýaş nesilleri terbiýelemekde çeper söze aýratyn orun beripdirler. Ertekiler dünýäsi juda täsin hem gyzykly, müň öwüşginli dünýä. Onuň bilen tanşan adam, çaga bolsun, uly bolsun, parhy ýok, bu ajaýyp dünýäden üýtgeşik ruhy lezzet alýar, gaýgy-gamdan saplanýar. Ýaş nesilleri ertekileriň üsti bilen dost-doganlyga, agzybirlige, wepalylyga, halallyga çagyrmak milli terbiýeden gözbaş alýan ýol-ýörelgedir. Şonuň üçinem, nesillere milli terbiýe bermekde ertekileriň tutýan orny uludyr.
«Höwesim, çagalar üçin çeper eserleri terjime etmek, sebäbi olaryň ulularyňka meňzemeýän näzik dünýäsi bar» («Dünýä edebiýaty» žurnaly, №5, 2017 ý.) diýýän terjimeçi bu sungatyň — terjimeçiligiň aňsat iş däldigini, dil bileniň bilen bu hünäri ele alyp bolmaýandygyny, irginsiz yhlasyň gerekdigini belleýär. Adatça, terjimeçä: «Terjime etmek aňsatmy?» diýen sowal bilen ýüzlenilýär. Bizem söhbetdeşligimiziň dowamynda şol sowal bilen oňa ýüzlendik. Ol sowalymyza şeýle jogap berdi:
— Bu sowaly gaýta-gaýta özüme-de berýän, oňa jogap tapjak bolup kelle döwýän. Ahyrynda-da, «Elbetde, aňsat däl» diýen netijä gelýän. Sebäbi biriniň ýazan eserini alagada, ene diliňe terjime edäýmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Şonuň üçin islendik eseri terjime edenimde, asyl nusgadan daşlaşmajak bolýan, ýazyjynyň beýan ediş tärine mümkingadar eýermäge çalyşýan.
Türkmen baý medeniýete eýe halk. Terjimeçilik sungaty-da, teatr sungaty-da, çeper döredijilik-de medeniýet. Onuň ösmegine, kämilleşmegine mynasyp goşant goşmak dramaturg, terjimeçi üçin uly bagt.
Her döwürde öňden gelýän ýörelgeler kämilleşýär, has-da ajaýyplyga eýe bolýar. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuş taryhyna ser salanymyzda, bu aýdyň hakykata has-da äşgär göz ýetirýäris.
Her bir eýýam özüniň özgeriş täzeçilligi bilen dünýä medeniýetiniň, halkyň bütinleý aňyýetiniň ösmegine täsir edýär. Muňa: «Jemgyýetiň medeniýetleşmegi, kämilleşmegi, özgermegi» diýilýär. Aslyýetinde, «medeniýet» diýen sözüň özi «oňarmak, bejermek, kämilleşdirmek» diýen manylary aňladýar.
— Durmuşda medeniýetiň aralaşmaýan künjegi ýokdur. Durmuş bolsa bir durkuny saklap bilmeýär. Eger-de biz mysallara salgylansak, durmuşda diňe şu günüň ruhy we medeni gymmatlyklary bilen ýaşasak, onda ýaşaýyş medeniýeti togtar. Muňa bolsa medeniýeti öwreniş ylmynda: «Medeniýetiň doňmagy ýa-da ýitmegi» diýilýär — diýip, Aýmämmet Işangulyýew medeniýet babatdaky pikir-oýlaryny beýan edýär.
— Ata-babalarymyz geçmişde haýsydyr bir zady irginsiz zähmetiň esasynda gymmatlyk hökmünde emele getiren bolsa, biz şol gymmatlyklary zähmetiň, aň-düşünjäniň, täze pikirleriň üsti bilen kämilleşdirmeli, ülňi we mazmun taraplaryna seretmeli. Mysal alyp göreliň: eger-de taryhda ata-babalarymyz arabany oýlap tapan bolsalar, soňky nesiller ony medeniýetiň mirasa geçirijilik hadysasy bilen täzeden kämilleşdirip, döwrebaplaşdyryp, dürli tehnikalary ýasadylar, ýasamaklaryny, döretmeklerini dowam etdirdiler. Mazmun bir bolsa-da, ülňüler üýtgeýär. Ine, şonda ýaşaýyş medeniýeti ösýär, jemgyýetçilik aňyýeti kämilleşýär, medeniýet öz nazarýetine eýe bolýar.
Aslynda, milli medeniýet diýmek näme? Belli bir milletiň, halkyň hut özüne mahsus bolan, beýleki halklarda gaýtalanmaýan we özboluşlylygy, üýtgeşikligi özünde jemleýän medeniýete «milli medeniýet» diýip düşünýäris. Biziň ahalteke bedewlerimiz, saryja goýunlarymyz, alabaý itlerimiz, nepis halylarymyz, şaý-seplerimiz we beýleki maddy gymmatlyklarymyz milli medeniýetimiziň şahalarydyr. Mundan başga-da, türkmeniň ruhy-ahlak sypatlary, pikir-garaýyşlary, pelsepesi, çeper edebiýaty, saz sungaty we beýleki ruhy gymmatlyklary hem milli medeniýetimizi düzýärler.
Türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda, onuň gadyr-gymmatyny ýaşlara öwretmekde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň A.Işangulyýew ýaly halypa mugallymlarynyň hyzmatlary uludyr. Ol öz talyplary bilen goýýan sahna oýunlarynda durmuş hakykatyny her dürli gyzykly wakalaryň üsti bilen açmaga çalyşýar. Sözümiziň şu ýerinde mysal hökmünde onuň goýan bir sahna oýnuna ünsi çekeliň! Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda sahnalaşdyrylan «Janly heýkeller» atly sahna oýnunda ýaş heýkeltaraşyň öz päk söýgüsine ýetmek üçin tapýan ugurtapyjylygy juda ýokary derejede suratlandyrylýar. Dost wepalylygy, ynsana hormat, döredijilige we zähmete sarpa, durmuşda gabat gelýän çykgynsyz ýagdaýlardan baş alyp çykmak ýaly ajaýyp duýgular we başarnyklar bu sahnaeseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň drama we kino aktýory hem-de drama režissýurasy hünärleriniň talyplary bilen sahnalaşdyryldy. Turuwbaşdan bellemeli zatlaryň biri hem, talyplaryň ýerine ýetirýän keşpleriniň juda ýerlikli paýlanylanlygydyr. Talyplaryň heniz uly hünär tejribesiniň ýoklugyna garamazdan, özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri režissýoryň irginsiz zähmetiniň ajaýyp miwesidir.
Şundan hem görnüşi ýaly, A.Işangulyýewiň ýazan pýessalary, hekaýalary, sahnalaşdyran sahna oýunlary halkymyzyň, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanyp, adamlary ýagşylyga, ynsanperwerlige, watansöýüjilige, halallyga, gahrymançylyga çagyrýar. Ol ýaşlara halypalyk edip, olara bilim berip, hünär öwredende-de bu aýratynlyklara ünsi çekýär. Her bir hünärde zerur bolşy ýaly, edebiýatda-da, sungatda-da köp okamagyň, öwrenmegiň gerekdigini ýaşlara sargyt edýär:
— Terjimeçi boljak bolsaň ene diliňdäki edebiýatlaram, daşary ýurt edebiýatlarynam köp okamaly. Menem mydama-da okamagy gowy görýärin. Türkmen edebiýatyndaky gowy-gowy eserleri okaýaryn. Pýessa ýazmak ýa terjime etmek üçin sahna eserlerini-de gaýta-gaýta okap durmaly. Köp okamak arkaly özüňi kämilleşdirmeli. Berdi Kerbabaýewiň ak goşgy bilen ýazylan «Hüýrlukga-Hemra» sahna eseriniň dili, çeperçiligi gowy. Annaberdi Agabaýew bilen Durdy Öräýewiň «Leýli-Mežnun» eserini alyp görsek-de şeýle. Umuman, türkmen dramaturgiýasynda gowy-gowy sahna eserleri bar. Biz ýaşlara-da ilkinji nobatda, köp okamagy, öwrenmegi sargaýarys.
Aýmämmet Işangulyýewiň bagtyýar maşgalasy bar. Ol heniz talyp wagty Gruziýanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda okaýan suratkeş gyz bilen tanşyp, soň bile durmuş gurýarlar. Manana Işangulyýewa häzirki wagtda ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, ol çeken suratlary bilen sergilere yzygiderli gatnaşyp gelýär. Olaryň gyzlary Laçyn bilen Aýna döwrebap bilim-terbiýe alyp, hünär öwrenip, durmuşda öz orunlaryny tapdylar. — Oturyp pikir edýärsiň welin, Watanymyzyň Garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy adamlaryň başyna bagt guşy bolup gondy. Menem öz döredijilik ýolumyň Garaşsyzlyk ýyllary bilen ýaşytdygyna buýsanýaryn. Bu mende geljekki öňde goýýan maksatlaryma ýetmäge-de ruhy güýç berýär. Şol bir wagtyň özünde-de şeýle duýgular uly jogapkärçiligi-de öňümde keserdip goýýar. Şeýle jogapkärçilik öz toplan tejribäme esaslanyp, ýaşlara bilim bermelidigimi, hünär öwretmelidigimi, döredijilige bolsa yhlasly ýapyşmalydygymy aňladýar. Şu Bagtyýar zamanada diňe halal zähmet çekip, bagta ýetip bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halal zähmete elmydama mynasyp baha berilýär. Aýmämmet Işangulyýew 2017-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medala mynasyp boldy. Ol halypalaryndan we kitaplardan okap öwrenen, hünäri boýunça toplan tejribesini bu gün ýaşlara öwredýär, ýurdumyzda hünärine ökde ýaşlaryň kemala gelmegine mynasyp goşant goşýar. Terjime sungatyndaky çeper döredijiligi bolsa onuň halypa keşbiniň üstüni ýetirýär. Halal we döredijilikli zähmet adamy üstünliklere eltýär. Halal zähmet Watana bolan söýgiňdir.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 43 | Добавил: Orhideýa | Теги: Nurtäç Annamuhammedowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: