20:34
Nurbibi Nazarowanyñ degişmelerinden
NURBIBI NAZAROWANYŇ DEGIŞMELERINDEN

Buzawdan boldy

Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda Nurbibi Murgap etrabynyň Medeniýet öýünde işlän döwürleri, pagtaçylaryň, obada zähmet çekýän daýhanlaryň arasynda konsert bilen çykyş edýän ekenler. Konsert agşam geçirilýändigi üçin yşyklandyryjy çyralar goýulýar. Bu çyralaryň ýagtysyna mör-möjejikler gelýär. Bir günem tomus wagtlary agşamlyk Nurbibi daýhanlaryň öňünde aýdym aýtmaly bolupdyr. Ol joşup aý- dym aýdyp başlapdyr. Şol pursat Nurbibiniň ýakasyna buzaw gelip gonýar. Nurbibi nätjegini bilmän, aljyrap, aýdymyň ýokary çekilip aýdylýan ýerinden başga bir aýdyma geçip gidendigini duýman galýar.
Saz çalyp oturan sazandalar ýeke-ýekeden Nurbibiniň ýanyna gelip, «Näme boldy?» diýip geň galyp, ondan soraýarlar. Aljyran Nurbibi bolsa: — «Hemme zat buzawdan boldy» — diýipdir.

Düşünmezlik

Bir günem Nurbibini Lebap welaýatyndaky garyndaşlary toýa çagyrypdyr. Nurbibi toýa gitmek üçin taýýarlyk görüp ýörkä, teatrda bi- le işleýän artistleriniň biri myhmançylyga barypdyr. Ol myhman bolup gelen artisti Nurbibiniň adamsy Hojamyrat güler ýüz bilen garşy alypdyr. Şonda Hojamyrat myhmana garap:
«Toýda degişme bilen çykyş eder ýaly Lebaba senem äkitjek, seň ýanyň bilen kelem» diýen- de, Nurbibi durup bilmän: «Marydan äkider ýaly, näme, Lebapda kelem ýokmy?» diýipdir. Şonda Hojamyrat gelen myhmana garap: «Men iýilýän keleme aýdamok, siz bilen bile işleýän saçy düşen artist Kakageldini äkideli diýýän» diýip gülüpdir.

Amanat

Nurbibi Aşgabatda ýaşaýan jorasynyň toýuna gitmek üçin demir ýol menziline gelýär. Ol menzilden petek alyp, öz küpesine girýär. Şol küpede başga-da üç sany gelin, ýagny eltiler münýär, ýaňky elti gelinleriň biri aýagaldygyna kellesini iki ýana ýaýkap, bir eli bilen bolsa ýakasyndaky gülýakasyna elini degirýär-de, aýyrýar. Bu hereketi ýaňky gelin zol gaýtalap otyrmyş. Nurbibi onuň hereketlerine çydam edip bilmän:
— Gelneje! Kelläňi ýaýkaýaň welin, näme, ýaraňokmy? — diýýär. ýaňky gelin Nurbibä pyşyrdap:
- Ýok-la, dogan, bizem toýa barýas, gulagymdaky ysyrga bilen gülýakany amanat, ýagny wagtlaýynça dakynmak üçin aldym. Kellämi ýaýkasam, ysyrgam alkymyma degýär. Onsoň gülýakamyň bardygyny bilip ynjalýaryn — diýip jogap beripdir. Nurbibi bu gelniň ugurtapyjylygyna başyny ýaýkap ýylgyraýýar.

«Habarym ýok»

Bir gün Nurbibi Nazarowa adamsy bilen kinoteatra kino tomaşa etmäge gidýär. Görkezilýän filmi onuň adamsy öň gören eken. Nurbibi gelneje bilesigeljilik bilen ondan wakanyň näme hakda gidýändigini zol-zol sorap durupdyr.
- Ol oglan gyza söýgüsini bildirýärmi?
- Hawa.
- Gyzyň ejesi olaryň toýuna garşy bolanokmy?
- Ýok.
- Olar filmiň soňunda toý edýärlermi?
Onuň sowallaryna çydap bilmän, adamsy:
- Hawa, toý hem edýärler. Toýlaryna myhman baryny hem çagyrýarlar. Ýöne olaryň edil häzir nähili ýaşaýandygy hakynda asla habarym ýok — diýip ýylgyrypdyr.

«Entek-entekler ýere düşmese gerek»

Bir gün Nurbibi gelnejäniň uzyn boýly bir işdeş jorasy durmuşa çykypdyr. Toýda gyzyň gülüni gapmak üçin ýygnanan gyzlar: «Men gapjak-da, men gapjak» bolşup duran eken. Olary gören Nurbibi gelneje:
- Gyzlar, özüňizi dürsäp arkaýyn duruberiň. Maýa janyň zyňan güli entek-entekler ýere düşmese gerek — diýip ýylgyrypdyr.

«Bular tanap seredýändirler...»

Birgün Nurbibi Nazarowa işe barýarka oňa öňünden çykan dykgat bilen seredýärmişin. Ol hem artist adam-da, öz içinden: «Bular meni tanap seredýärler» diýip, pikir edip gelýär diýýär. Hatda ýöreýşini hem birazajyk haýalladyp, töweregine buýsanç bilen garapdyr. Ýöne işe gelip, aýna seretse, gözlerine ynanmandyr. Asyl ol öýde öz döredýän keşbine berlip, paltosynyň iliklerini ters dakan bolsa näme.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 138 | Добавил: Orhideýa | Теги: Nurbibi Nazarowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
5 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Gülelimi?

0
4 Ependi   [Mowzuga geç]
Başgaçarak degişmede bardy Nurbibi gelneje hakynda. Gödegräk görse pozar-da admin)

Öz-ä bir ýere çykyş etmäge barýarlar artistler bolup. Günorta nahara girmänkäler, aýakýola baryp gaýdýar ilki erkekler. Ellerini ýuwup durkalar, zenanlaram hajathana girip çykýar-da, olaram eline suw akydyp ugraýar. Şonda erkek artistleň biri Nurbibi gelnejä degýär:
– Gelneje diýän-ä, senem eliňe suw akydýaň welin, ýada sizem biziňki ýaly tutup "nemedýäňmi"?..
Muny eşidenleň bary pakyrdyny berýä şo wagt. Nurbibimi bu gepiň aşagynda galjak, jogabyny nagt edýär:
– Wah, Pylany jan, biziňki näme edähet üçin-dä, akydan bolýas. Ýöne saňa düşünmedim. Hol gün gelnejem öz agzy bilen "erkegem däl sen" diýensoñ, her kimi özüň ýaly görüp ýörmezler ahyryn...
Bu sözi eşidip erkekler beter pakyrda tutýalar :)

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Tutup nemedýäňmi?" bolýa-da...Heh.

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Görüp oturan kinosynyň mazmunyny soraýany bilen iligini tersine dakyp, özüniň tanymallygyna guwanýanam şeýle.

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýakadan buzaw girýän ýeri henekli hekaýalyk waka ekeni :-)

0
1 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
Çalarak ýylgyrdan ýerleri boldy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]