05:07
Haýsysy ýaman?
HAÝSYSY ÝAMAN?

Sözler!
Herdaýym hemdemim,
hatda her demim,
Ussat yzçy bolup yzlanym hergiz.
Satyjyñ iñ oñat harydyn satman,
Ýygşyryp goýşy deý gizlänim hergiz.
Galyñ kitaplaryñ gatyn waraklap,
Beýik danalardan diñlänim hergiz.

Müddeti gelende diýdim "gowşyryn"
Müddeti gelende salaryn ýola.
Hyñ berip dur kisäm yssy jümleden,
Aýdymdan,
şygyrdan,
kelamdan ýaña.
Ýok,bala dönmeli nan däldir diñe,
Zerur çagty sözem öwrülýär bala.

Sözler!
Derdim diñlän dertdeşlerim siz,
Garagol ruh gama batsa haçan-da
Çöplänimde zer dänesi deý çöpläp,
Seçdim gelnaljyda teññe seçen deý.
Kelamlara gallaç garanjaklasa,
Açdym hazynaly humy açan deý.

Emma käte aýdabilmän örtendim,
Çeýnedim dahanda ýuwdunyp bilmän,
Kä gowşak guwwas men, jümleler derýa.
Bolmalysy şudur diýip sypyp bor.
Ykbala ýöñkäp bor paşmanlygyny.
Haýsysy has ýaman, çataýmaz aklym:
Aýdylmadyk sözüñ ahmyrymy ýa,
Aýdylan kelamyñ puşmanlygymy?

Mahym NURGELDIÝEWA.

29.08.2020 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 10
0
9 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Pikirleriñiz we bellikleriñiz üçin köp sag boluñ!
Aslynda öz-özüme adwokatlyk etmegi hiç halamok.Öz söýgüli şahyrlarymyñ setirlerine adwokatlyk etmegi gowy görýän.Ýöne şonda-da eýýäm saýtda da tanarça bolansyñyz meni.Bir pikir "Meni aýt,aýt" diýip böwrüme dûrtüp dursa aýtman durup bilemok.
Mango daýy,gelnaljydan teññe çöplänim ýadyma düşýär.Ähtimal 12-13 ýaşymdadyryn şol wagtlar.Mundan 10-11 ýyl öñ bolýar da.Olam ýekeje 10 teññe.Baý begenipdim ä.Belki,şoñ üçin şu ýerde teññe diýendirin.Añasty añ işländir.Ýeri gelende aýtsam 10 sany 10 teññe gapmagyñ lezzeti ýekeje 1 manat gapmakdan has ulydyr.Sebäbi hersine aýratyn azap etmeli:)
Myhman daýy,siziñ şol mysal getiren šahyryñyzyñ kimdigini nirelidiginem bilemok dogrusy.Dil bilmänim üçin dünýä edebiýatyndan gowşakdygymy bilýänsiñiz.
Ýöne arada takmynan bu goşgynyñ ýazylmagyndan 9 aý soñ Maksat Bäşimowyñ bir hekaýasynda hindi şahyryndan getirilen mysalda şoña meñzeş setirlere gabat gelipdim."Hemdemim hem demim" ýalaky.Şu zeýilli söz oýnatmalaryny okamanam ýazmanam gowy göremsoñ şol şahyry okamak höwesi döredi.Siziñ diýýäniñiz bilen ikisi birmikä bilmedim.
Galyberse-de hiç kim bellemändir özüm belläýin.
"Aýdylmadyk söz has agyr
Diýlen sözüñ ahmyryndan"

(K.Rejebow)

Halypañ kitabyny iki gezek okanlygyma garamazdan diñe şu goşgum ýazylandan soñ üçünji okaýyšda (elektron görnüşidi)gördüm şu pikri.Özümiñ şu pikirden göçürmänligime ynanamsoñ,hemem halypanyñ alaga-da aýdylmadyk söz has agyr diýip çûrt-kesik edenligi bilen ylalaşmamsoñ goşgyny çapa hödürläpdim.

0
10 myhman   [Mowzuga geç]
öňem bir şahyr beýleki bir şahyra "biziň bar aýybymyz - öňkülerden soň dogulmagymyz" diýýä (galamdaş.com - da okadym).

menem siz ondan alansyňyz diýemok, ýöne ýada düşdi.

sitatany şol diýýän hekaýaňdan aldym menem.

0
8 myhman   [Mowzuga geç]
howwa-a, hälki aýdyşym ýaly, erbet görmedim.

Ýygşyryp goýşy deý gizlänim hergiz.

bu setir bilen menem (içimden) ylalaşmadym. maňa спекулянт-laň harytlaryny bukuşynam ýatlatmady.

menem "Kelamlara gallaç" biri bolamsoň aýtjak zadymy düşündirip bilemok. onsoň ýöne "garanjaklap" oňaýýan.

Kä gowşak guwwas men, jümleler derýa.

çuňlukdan gorkyň bar öýdýän (batofobi) :-)

umuman haladaym.

@mango daýyňam diňle. "jüňk" edýänje zatlar aýdýa.

Haýsysy has ýaman, çataýmaz aklym:
Aýdylmadyk sözüñ ahmyrymy ýa,
Aýdylan kelamyñ puşmanlygymy?


haýsynyň gowudygyny menem bilemok.

0
7 mango   [Mowzuga geç]
başlaly, Mahym hanym...

Ussat yzçy bolup yzlanym hergiz.

"ussat yzçy" - ussat çopat, ussat halyçy, ussat ýazyjy... ýaly titullary ýada saldy. hemem "yzçy" - шпион-ly kinolary ýada saldy.... ýa-da kriminalistleri....
yzarlamak, hemem ussat yzarlamak.... - ýürege batmady.

Satyjyñ iñ oñat harydyn satman,
Ýygşyryp goýşy deý gizlänim hergiz.


harydyny gizleýän satyjy - sowetler döwründe ýitip giden taýpa bolaýmasa? häzir haryt gizlenýämikä, kapitalizme göz dikilen döwürde?
ýene ýürege batmady, könäni ýatladany üçin.

Seçdim gelnaljyda teññe seçen deý.

teňňe seçileni hiç ýada düşenok, 1 rubl seçilerdi brežnewiň kommunizminde, ýöne teňňe seçilmedi... teňňe - simwoldyr, onda-da hakykatdan uzak.... :-)
gysganma, seç manatlary....

Emma käte aýdabilmän örtendim,
Çeýnedim dahanda ýuwdunyp bilmän,


aslynda, aýdyp bilmedik sözüňi ýuwudýaň dälmi?
ýa aýdybam bilemok, ýuwdubam bilemok manydamy?
onda-ha bolýorom ol.

Haýsysy has ýaman, çataýmaz aklym:
Aýdylmadyk sözüñ ahmyrymy ýa,
Aýdylan kelamyñ puşmanlygymy?


bilmedim.
ikisem ýaman bolaýmasa, ýerine düşmedik ýagdaýynda.

goşgy Söz barada.
injil-ä («В начале было Слово, и Слово было у Бога, и Слово было Бог») "Başda Söz bardy, Sözem Hudaýdady we Söz Hudaýdy" diýýä.
söze uly baha berýär...
türkmen agada: "dil bela, diş gala" diýip seresaplyga çagyrýar.

tapawutly temalara ýüzleneniň üçin berekella diýýän, ýogsam şol "söýýän, köýýän....).
üstünlikler.

0
6 myhman   [Mowzuga geç]
goşgyny erbet görmedim.

"hergizli" ýerleri biraz içimi byjyklady.

Müddeti gelende diýdim "gowşyryn"

şu setiri proza geçirip göreli.
"müddeti gelende gowşyryn" diýdim. diýiljek bolandyr diýip düşünýän. ýa-ra gowşyrynyňam dyrnaklaryny aýyrmaly ýa-da müddeti gelendä dyrnak goýdurmaly (oturtma bolsa-da). şeýtseňem bolaýjak ýaly:
- müddeti gelende - diýdim - gowşyryn.
bilemok.

biraz iş çykdy. yzyny soňurrak ýazaýjak. aýyplaşma.

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
Herdaýym hemdemim,
hatda her demim,

ýada saldy

«Sen hemdemim, hem demim, ýar, boldum däli-diwana,
Sen hemşerim, hem şemim, ýar, ataşyňa perwana.
(Şabam Kismät)

0
4 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Hawa, gowy goşgy

0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
Berekella!

0
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Agramlyja goşgy eken

0
1 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Sözler!
Derdim diñlän dertdeşlerim siz,
Garagol ruh gama batsa haçan-da
Çöplänimde zer dänesi deý çöpläp,
Seçdim gelnaljyda teññe seçen deý.
Kelamlara gallaç garanjaklasa,
Açdym hazynaly humy açan deý.

Diyseň gowy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]