22:30
Ýene sen...
ÝENE SEN

Duýgularym goýalyşýar, süýjeýär,
Ýene sen hakynda pikir edýärin.
Ysgynsyz hyjuwlam gelýär güýje, ýar,
Ýene sen hakynda pikir edýärin.

Yşk gelse, kalbyňam aýdym, doly heň,
Şonsuz aşyk köňülleriň haly teň,
Bolýan seniň golaýyňda ýaly men,
Ýene sen hakynda pikir edýärin.

Gursakda güýjände yşkyň heseri,
Başyň alyp, nirä gidersiň, ýeri?!
Men hakynda pikir edýäňmi beri?!
...Ýene sen hakynda pikir edýärin.

Her gün saňa tarap ädýän ädimim,
Haçan dolar gursakdaky gädigiň?!
Pikir etmän bilemok men, nädeýin,
Ýene sen hakynda pikir edýärin...

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 74 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Mowzuga geç]
goşgy diňe garşy tarap jynsa ýazylagan bolýar, nämeüçindir....
ýagny, ýanýan, söýýän, pikir edýän, isleýän.... ýalyrak.
belki, arasynda gyzlardan gözüňi sowup başga ugurlara-da seretmelidir?

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
menem tutuş tewsiriň başyny gaýtalajak.

tutuş setiriň gaýtalanmagyna refreş diýilýämi.

näme diýilýänem bolsa şony ulanmak kyn öýdýän şahyrlara.
1. okyjyň ýüregine düşmejek bolmaly
2. öňündäki setir(ler) bilen baglanyşdyrjak bolmaly
3. köne moda bolansoň täzeçe öwüşgin goşjak bolmaly

indi goşga geçeli. köne usul, şol bir söýgi temasy (tas tamasy diýýädim :-)).

kän gepi köpeltjek däl.

nähili bolýan eken. şu zatlary şu goşgy üçinem aýdyp bolmazmy? ýok. ýalňyşmy? ýok. onda-da gaýtalasaň birhili gerek? howwa.

Duýgularym goýalyşýar, süýjeýär,

akyl goýalyşyp, duýgy inçeläýjek ýaly welin...

haýsy dogry?

a) Yşk gelse, kalbyňam aýdym, doly heň,
b) Yşk gelse, kalbyňam aýdym doly heň,
ç) Yşk gelse, kalbyňam aýdym doly, heň,
d) Yşk gelse, kalbyňam aýdym - doly heň,

Yşkgelse, kalbyňam aýdym, doly heň,
Şonsuz aşykköňülleriň haly teň,


"şonsuz" diýýäni yşksyz dälmi? "aşyk köňül" boljak bolsa uže yşk bar bolmaly dälmi? nädip yşksyz aşyk köňül bolup bilsin, haly teň bolar ýaly?

sözümiň soňunam gaýtalama bilen gutaraýyn:

aýtjaklarymy doly aýtmadym. düşnükli bolandyrlaý. tüweleme, ýaşlar "Mus..." diýseň "Musa" diýjegiňi bilip durlar.

juda düşünmedik ýeriňiz bolsa soraň jogap berjek bolaryn.

biraz degişsem gaty göresiňiz ýog-a. arasynda ýylgyralyň-da.

Ysgynsyz hyjuwlam gelýär güýje, ýar,
Ýene sen hakynda pikir edýärin.


şu setirleri ýaşuly şahyryň diýýänini gözöňüne getir :-).

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: