22:28
Haýyş
HAÝYŞ

Gülälekleň ysy gelýär üstüňden,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.
Buýsanjyňam boýuň bilen össün deň,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.

Säherleň şapagy ýaňagna daman
Ýylgyrşyň gaýtalap bilmez her daňam,
Göýä gül desseden bogulan çemen,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.

Göwnüňmidi iň bir beýik geriş, ýar,
Mydam saňa ýetmeklige çalyşýan,
...Çynym, walla, saňa juda gelişýär,
Şol elwan koýnegiň geýip gelsene.

Bagtdyr ýaşaýyşda söýmek, söýülmek,
Eziz görýän seni mährem öýüm dek,
Nämä gerek özge üçin geýinmek,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.

Ýürekde goýsa-da yşkyň dagyny,
Ykbal seniň görkezmesin ahyňy,
...Bu gün biziň toý günümiz ahyry,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 6
0
6 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Minnetdar bellikler üçin synçy agalar!
Biraz goşgy arakesmesinden soňky dörän goşgular bi, bellikleri göz öňünde tutaryn. Köp sag boluň

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Goçmyrat kaka, gowy, ortalyk ýa-da erbet goşgy... hiçbirini diýmekçi däl.
diňe setirleriňi okamda kellä gelen signallary paýlaşjak.
(ol signallar dogry boluşy ýaly ýalanam bolup biler).
---
Buýsanjyňam boýuň bilen össün deň,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


(buýsanjyň derejesi boýa baglymy?
boýy uzynlar buýsançly, kelteler az buýsançly.
boýy ösmesi galanlar - buýsanjy togtanlar...)

---

Säherleň şapagy ýaňagna daman

("şapak-ýaňak" ýada saldy: Şapakda görerin — ýaňagyň alyn).

---

Göýä gül desseden bogulan çemen,

(desse, çemen - iksem manydaşmy? ýagny ikisindede bir zadyň toplanmagy bar. gül toplumy (dessesi ýa-da çemeni). "gül desse" diýeňde eýýäm güli topladyň, yzy bilen ondan çemen bogmak не логично).

---

Bagtdyr ýaşaýyşda söýmek, söýülmek,

(edil özüm "söýmek-söýýülmek" setirlerini nirede okasamam şablonlaşan (belki-de suwjuk) söz hökmünde ýürege ýakynladyp bilemok. belki, "bagtdyr ýaşaýyşda söýgä ýugrulmak" ýalyrak bolup biler?).

---

Eziz görýän seni mährem öýüm dek,

(bir zady başga zada deňäňde deňelen däl-de deňelýän üstün bolýar öýdýän.
goşguda gyzy öýi ýaly eziz görýän eken, ýöne iň eziz şu ýerde gyz däl-de öý bolýar.... çylşyrymlymy? garaz, deňemek geregem däl eken.... :-)
"sen arslan ýaly batyr" diýilse asyl batyr - arslan bolýar, ýöne olam batyr, emma arslança ýok.... )

---

...Bu gün biziň toý günümiz ahyry,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.

toýda gelin elwan geýenok diýipdirler...
bilmedim, geýse geýerdä... geýlenok diýýänler däplere wepaly tradisional gyzlardyrda, modern gyzlar islänini geýer. irden - ýaşyl, öýlän - elwan, agşam ak (fata)....
hemem gyzykly, "elwany" açyk gyzyl hasaplasagam, ol kökünde reňkli diýmegi aňladýan eken...

Elwan [elwa:n] – Açyk gyzyl öwüsýän matanyň elwan diýen ady arap dilinde «reňk» manysyny aňladýan lewn sözüniň köplük sany bolan elwan («reňkler») sözündendir.

Goçmyrat, üstünlikler.

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
tutuş setiriň gaýtalanmagyna refreş diýilýämi.

näme diýilýänem bolsa şony ulanmak kyn öýdýän şahyrlara.
1. okyjyň ýüregine düşmejek bolmaly
2. öňündäki setir(ler) bilen baglanyşdyrjak bolmaly
3. köne moda bolansoň täzeçe öwüşgin goşjak bolmaly

indi goşga geçeli. köne usul, şol bir söýgi temasy (tas tamasy diýýädim :-)).

kän gepi köpeltjek däl.

Gülälekleň ysy gelýär üstüňden,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


bu iki setir düşnükli.

Buýsanjyňam boýuň bilen össün deň,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


bärde welin hälki diýýän baglanyşygymy görüp bilmedim. köýnegine buýsanmalymy? boýunyň ösýänine buýsanmalymy? ýetginjek ýaşa (durmuşa çykjak ýaşa) baransoň boýy gaty haýal ösäýmese. oň buýsanmagy bilen, boýunyň ösmegi bilen elwan köýnegiň näme dahyly bar.

Göýä gül desseden bogulan çemen,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


şu iki setirem o diýen bolmandyr.

Göwnüňmidi iň bir beýik geriş, ýar,
Mydam saňa ýetmeklige çalyşýan,


göwnüň beýik göwnüňe ýetip bilemok diýjek boldumy ýa-da özüňe ýetip bilemok diýjek boldumy. eger göwnüne ýetip bilmeýän bolsa "mydam oňa ýetmeklige çalyşýan" bolaýmaly ýaly. ýok, eger özüne ýetip bilmeýän bolsa, ýalan sözleýä. özi aýtmyşlaýyn olaň toý güni eken-ä.

...Bu gün biziň toý günümiz ahyry,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


"biziň duşuşmagymyz biz üçin toý ýaly" diýjek bolupdyr diýip ýuwmarlajak bolsaňam bolanok.

aýtjaklarymy doly aýtmadym. düşnükli bolandyrlaý. tüweleme, ýaşlar "Mus..." diýseň "Musa" diýjegiňi bilip durlar.

juda düşünmedik ýeriňiz bolsa soraň jogap berjek bolaryn.

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Murapbag diýlen zadyñ gurluşy gaty berk bolansoñ pikrem duýgynam bermek kynrak bolýar.Şoña görä bir zatlar aýdaýyn:
"Säherleñ şapagy ýañagna daman"
Şapak bilen ýañak meñzetmesi her näçe köne de bolsa şu setir gaty gulaga ýakymly duýulýar."Dammak" berýär öýdýän şol ýakymy.
"Dañam"bilen "çemen" zorlama kapyýamy?!
Jemlemäni nädäýipsiñiz Goçmyrat aga?
Heýem gyz toý gününde elwan köýnek geýermi?
Onam oglan öñ gören bolsa öñ geýen köýnegi bolsa (goşguny okan gyzlar kellesini tutýandyr)
Bir degişme bardy:
Söýgüliñiz size jañ etmeýän jañyñyza jogap bermeýän bolsa smsiñize jogap ýazmaýan bolsa gowy tarapyndan pikirleniñ belkem,ol ölendir diýip.
Menem gowy tarapdan pikir edýän.Goçmyrat aga (özi öýlenmäge beýle de dursun) ömründe hiç hili toýa gidip gören däldir,gyzlañ toýunda näme geýýänliginden bihabardyr.

0
2 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
"Yone senden haýyşym
geleniňde geýäý öňki köýnegiň"

Hiç neneň

0
1 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Soňky kuplet bar pikiri yoklaydyda

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: