18:00
Teatr näme?
TEATR NÄME?

"Teatr beýik mekdepdir, onuň wezipesi biçak uludyr. Ol birbada giden märekä janly sapak okalýan kafedradyr. Bu ýerde gözüňi deşip barýan yşk, göçgünli saz birleşip çykýan gülki hiç bir nogsanlyga gizlenmäge maý berennok. Bu ýerde tanyş, pynhan, belent duýgy köpüň gatnaşmagy bilen ile äşgär bolýar."
N.W.Gogol.

A.S.Puşkin teatry "Janly ülke” diýip, atlandyrypdyr. Ýaş W.G.Belinskiý bolsa: ,,Teatra baryň, eger oňaryp bilseňiz şol ýerde ýaşaň, şol ýerde-de ölüp gidiň” diýip, öz zamanadaşlaryna ýüzlenipdir.
N.W.Gogol Peterburgdaky imperatorçylyk teatryna girmek üçin eden synanyşyklary başa barmasa-da, ol aktýor bolmak arzuwyndan hiç el çekmändir. Onuň arzuwy amala aşmasa-da, "Derňewçi”, "Öýlenmek” ýaly ajaýyp, ölmez-ýitmez sahna eserlerini döretmek bilen beýik dramaturg bolup ýetişýär.
D.I.Fonfizin öz ýazan pýesalarynda oýnapdyr. I.S.Turgenýew "Awçynyň hatlary” atly ilkinji kyssa (proza) eserini ýazandan soň, dramaturgiýadan arasyny açsa-da, wagtal-wagtal Kiçi teatrda goýulýan spektakllarda we konsertlerde çykyş edipdir.
F.M.Dostoýewskiý öz eserlerini estradadan okapdyr. A.P.Çehow: "Dünýäde, teatrdan beýik zat ýok. Men şuňa berk ynanýaryn” diýipdir. A.Blok ýaşlygyndan aktýor bolmagyň höwesinde bolupdyr. Ol U.Şekspiriň "Gamletinde” Gamletiň sahna keşbini döredipdir. Ol ömür boýy teatry söýüp, "Russiýanyň ilkinji şahyry” bolmak bilen dramaturgiýa ýüzlenipdir.
W.W.Maýakowskiý öz pýesalary sahnalaşdyrylanda işeňňir gatnaşypdyr. Hat-da, "Wladimir Maýakowskiý” tragediýasynda we "Misterii-buff” spektakllarynda keşbem döredipdir.
Dünýä belli şeýle uly şahsyýerleriň teatra bolan gatnaşygyny näçe uzaltsaň uzalgyp oturmaly. Ýöne, dünýä edebiýatynda ajaýyp yz galdyran, uly zehinleri teatr özüne nähili ýesir etdikä? Näme üçin gadym wagtlardan adamlaryň teatra bolan gatnaşygy nesilme-nesil dowam edip gelýärkä?
Her ýyl teatr institutlarynyň bosagasyndan ýaş oglan-gyzlaryň uly topary ätleýär. Olaryň maksady professional sahnada çykyş etmek. Nähili güýç olary teatr sahna sungatyna tarap çekýärkä?
Geçen asyryň başynda kino sungaty peýda boldy. Ortalarynda telewideniýe (golaýdan görmek, tomaşa etmek) peýda boldy. Bu zatlar sungatyň dürli görnüşlerine tomaşa etmekligi ýeňilleşdirdi. Muňa garamazdan, her gün ýüzlerçe tomaşaçynyň ugry teatra tarap...
Sungatyň bu gadymy görnüşine: "Bu gün öler, ertir öler” diýenlerem tapylman durmady. Şeýle-de bolsa, teatryň ýaşamagyny dowam etdirip ýörşi. Bu zatlara jogap bermek üçin ilki teatryň nämedigine düşünmeli. Eýsem, teatr näme?
Mundan bir asyr gowrak ozal N.W.Gogol: "Teatr hiç bir jähtden bihuda wagt geçirilýän ýer däldir. Ol ynsanyň kalbyna köp-köp ýagşy niýetleri siňdirmäge, uçursyz köp mümkinçilikler berýän kafedradyr” diýip ýazypdy.
Kiçi teatry "Ilkinji Moskwa uniwersiteti” diýip atlandyrypdylar. 1924-nji ýylda Kiçi teatryň ýüz ýyllyk ýubileýi (toýy) toýlananda, K.S.Stanislawskiý: "Gadyrly "Kiçi teatr”, biz beýik atanyň agtyklary, senden alanlarymyzy saňa gaýtaryp berýäris... Biziň durmuşymyzda SEN, elmydama ilkinji we hormatly ýeri eýeläp gelýärsiň. Ýaşlygymyzda SEN biziň arzuwymyzdyň hem-de guwanjymyzdyň, halypamyz we baştutanymyzdyň. Eger maňa, "sen gimnaziýada mekdep partasynda terbiýe we bilim aldyň” diýseler bu nädogrydyr. Men, terbiýäni Kiçi teatryň diwarlaryndan aldym. Ynsanyň estetiki, gözellik duýgylaryny terbiýelemekde, gözelligi görüp we duýup bilmekligi maňa şol ýerde öwretdiler. Ilkinji söýgümiň tutaşan jahyllyK döwründe men SAŇA we SENIŇ ähli aktrisalaryňa aşyk bolupdym”-diýip, uly hormat bilen ýazypdy.
Teatr-mekdep, onda-da üýtgeşik-mekdep. Ol ýerde "OKUW” öz kada-kanuny boýunça alnyp barylýar. Şol kanun bolsa, sahna sungatynyň serişdeleriniň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Tomaşaçy üçin mekdep bolup hyzmat edýän teatr sungaty haçan, nirede döredikä? Ol özüniň gözbaşyny nireden alyp gaýtdyka?
Umuman teatr sungaty-antik eýýamynyň teatry, Orta asyrlar eýýamynyň teatry, Renessans (Galkynyş) eýýamynyň teatry, Fransuz klassizminiň teatry, Magaryflaşma döwrüniň teatry, Arzuwçyllyk (romantizm) teatry möwrütlerini üstünden geçirip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Teatr sungaty biziň şu günlerimizde-de pajarlap ösmegini dowam etdirýär.
Eýsem, teatr näme? Bu grek sözi bolup "tomaşanyň” görkezilýän ýerini aňladýar. 1-nji sungatyň bir görnüşi. 2-nji spektaklyň tomaşaça hödürlenmegi. 3-nji spektaklyň tomaşaça hödürlenýän ýeri-jaýy.
Teatr sungaty beýleki sungat eserleri ýaly jemgyýetçilik aňyna täsir etmekligiň, ony ösdürmekligiň bir görnüşi bolup hyzmat edýän sungat. Teatr jemgyýetçilik aňynyň ösmeginde birinji derejeli orny ýeleýär. Teatr hakykaty açyp görkezmekde, ony çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen tomaşaça ýetirmek arkaly estetik terbiýe berýän mekdep.
Teatr sungatynyň taryhy ösüşi jemgyýetiň, medeniýetiň ösüşi bilen aýrylmaz arabaglanşykda bolmagynda galýar. Teatryň gülläp ösmegi ýa-da onuň pese gaçmagy jemgyýetiň ösmegi, jemgyýetiň ösüşiniň pese gaçmagy bilen bagly bolýar.
Teatr sungatyň aýratyn bir görnüşi bolmak bilen ol özboluşly häsiýete eýedir. Hakykaty dogruçyllyk bilen suratlandyrmak, wakalary, gapma-garşylyklary açyp görkezmeklik, käbir many-mazmuny öňe sürmeklik, ine, teatr sungatynyň jemgyýetde tutýan orny. Bularyň hemmesi teatr serişde-leriniň, aktýorlaryň tomaşaçyň öňündäki edýän hereketleriniň üsti bilen öňe sürülýär.
Aktýorlar pýesalardaky ýazgy esasynda, ýazgydaky öňe sürülýän maksada laýyklykda keşpleri (obrazlary), hereketleri ýerine ýetirýärler. Käbir ýagdaýlarda toslamada (improwizasiýa) baş urulýar. Teatr tomaşalarynyň taryhy ilki başda oba baýramçylyklary bolan ekerançylyk, awçylyk, dini wa-kalar, howa ýagdaýlary, urp-adat bilen baglanyşykly bolan hem bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan oýnalýan, döredijilik sungatyna öwrülip ugrapdyr. Bu ýagdaý özüniň dürli-dürliligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Teatryň ösüşi onuň ähli döwürlerinde dowam etdirilýär: Goý, Antik eýýamynyň tragediýalary bolsun, halk teatrlarynyň köçelerde çykyş edýän mimleri, farslary bolsun, ykmanda aktýorlaryň çykyşlary bolsun, Italiýan "del arte” komedi-ýalary bolsun, U.Şekspiriň döwüniň ýa-da Ispan teatrlary bolsun, klassisizm eýýamynyň teatry bolsun, XIX asyryň arzuwçyllyk (romantik) teatry bolsun, realistik psihologiýa ýykgyn edýän teatr döwri bolsun şu döwürleriň ählisin-de hem teatryň ümzügi öňe bolup, ösüşini döwam etdiripdir.
Umuman, aýdylanda sahnada görkezilýän oýun ýönekeýje durmuşy wakalary beýan etmek bilen teatra mahsus serişdeler arkaly ýerine ýetirilýär. Beýik rus režissýory K.S.Stanislawskiniň aýtmagyna görä spektaklda hakykaty beýan etmekligiň esasy açary aktýor bolup, onuň suratlandyrýan keşbiniň durmuşa has golaý bolmagy bilen kesgitlenilýär.
Teatr sungaty hem hakykaty edil beýleki sungatlar ýaly çeper keşpleriň /obrazlaryň/ üsti bilen amala aşyrýar. Spektakl teatr sungaty bolmak bilen sahna eserinde keşpleriň (obrazlaryň) üsti bilen yzygiderli, birligi saklap durmuşy wakalary tomaşaça ýetirýär. Keşpleriň spektaklda yzygiderli gurluşy sahnada sazlaşygyň ähli babatlarda emele gelmegine alyp barmak netijesinde doly bir çeperçilik: dramaturgiýa çözgüdini,sahna gurluşynyň esasyny, spektaklyň žanr aýratynlygyna görä çözgüdini, sahna bezegini, tomaşanyň saz bilen ugrukdyrmagyny, ýörite yşk beriji hudožnikleriň sahnany yşk bilen bezemegi, aktýorlaryň spektaklyň manysyna görä egin-eşikleri we beýlekiler teatr sungatynyň özeni bolup durýar.
Teatr sungaty özüniň tebigaty boýunça emeli ýagdaýa eýedir. Bu ýagdaý teatr sungatynyň irki taryhy ösüş döwürlerinde hasda aýdyň ýüze çykýar. Halk baýramçylyklaryndaky drama hereketlerinde, sazda, aýdymda, tansda biri-birinden aýryp bolmajak emeli bütewilik döredilipdir.
Teatryň soňky ösüş döwürlerinde, sungatyň ähli görnüşlerinde bolşy ýaly ýokarda belläp geçen emeli teatr özboluşly möwrütini ötürip, professional ösüşe eýe bolup başlamagy bilen, teatr sungatynda esasan üç sany görnüş peýda bolýar. Olardan drama, opera we balet, şeýle hem şu iki sungatyň arasynda bolan teatrlaşdyrylan görnüş sahna çykarylypdyr. Teatr sungatynda drama görnüşden daşlaşmazdan saz gurallarynyň ugrukdyrmagynda sazly-şahyrana keşpleri döredip ugrapdyrlar. Operalar drama mazmunly bolup sazyň we aýdymlaryň üsti bilen tomaşaça ýetirilipdir. Balet sungaty ilki başda, opera sungatynyň içinde döräp ösüşini dowam etdirenem bolsa, XVIII asyryň ortalarynda teatr sungatynyň özbaşdak görnüşüne eýe bolup sazly dramaturgiýa horeografik serişdeleriň üsti bilen açylýar.
Teatr sungatynyň esasy görnüşleri emele gelenem bolsa, dünýä medeniýetiniň ösmeginde R.Wagner (XIX asyr) ýaly käbir arzuwçyllar emeli teatrlaryň gaýtadan galkynmagyny arzuw edipdirler. Olaryň pikiriçe, köpçülikleýin halk sungatynyň bütewiligi çäksiz bolup, şahyrana keşpler, filosofiki garaýyşlar, mazmunlar, dünýä düşünmeklik tomaşaçylar tarapyndan has gowy garşylanypdyr.
XX asyryň başlarynda emeli teatrlary döretmek ideýalary Russiýada, Günbatar Ýewropada has ýörgünli bolupdyr. Öz döredijiliklerinde, öňe sü-ren pikirlerinde W.E.Meýerhold, A.Ýa.Taýirow, Ýe.B.Wahtangow, K.S.Stanislawskiý, W.I.Nemirowiç-Dançenko, B.Breht we beýleki görnükli teatr režissýorlary hem bu ýörelgeden ugur alypdyrlar. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda teatrlarda bu garaýyşlardan, ýörelgelerden ugur alnyp täze, özboluşly çemeleşmelere ýüz urlupdyr. Tomaşaça hödürlenýän spektakllarda saz, şahyranalyk, sazlaşykly-hereketler, spektaklyň giňişleýin çözgidini açmak bilen teatr sungaty häzirki zaman tomaşaçysynyň içki duýgylaryna täsir etmekliligiň täzeçe görnüşlerini açmaga çemeleşipdirler.
Teatr sungaty drama eserleri bilen golaý aragatnaşykda bolup, mazmuny we çeperçiligi babatda çeper edebiýata garaşly bolmagynda galýar. Muňa garamazdan drama eserleri sahnada täzeçe estetik häsiýetlere eýe bolýar. Sebäbi, sahnada bolup geçýän janly hereketler tomaşaça tabyn bolman, teatr sungatynyň öz kada-kanunlary boýunçä alnyp barylýar.
Teatr öz gözbaşlaryny gadymýetden alyp gaýdýan döwürlerinden başlap, özüniň taryhy ösüşlerinde edebi döredijiligiň esasy bir görnüşi bolmagynda galýar. Edebi žanryň sahna çykarylmagy, tomaşaçylarda pikirlenmeleriň, duýgylaryň peýda bolmagyny gazanmaga uly goltgy berýär. Teatr sahnasyndaky bu çeperçilikli ýokary göterliş haçanda sahnada durmuşyň öňe sürýän ideýalarynyň, ynsanperwerçilikli maksatlaryň, gapma-garşylyk-ly çaknyşmalaryň çözülýän pursadynda has-da ösýär.
Teatrda spektaklyň esasy mazmunda belli-belli adamlaryň (personažlaryň), ýa-da aýry-aýry toparlaryň öz aralarynda bolup geçýän jemgyýetçilik göreşleriniň, maşgala agzalaçylyklarynyň, şahsy düşünişmezlikleriniň sahnada hereket edýän pursatlarynda tomaşaçynyň kalbynda haýsy tarap ýeňerkä, haýsy tarap ýeňilerkä, haýsy kişiniňki dogryka diýip, döreýän dürli pikirleriň N.W.Gogolyň: "Teatr janly mekdepdir” diýmesiniň dogrydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Kähalatlarda teatr sahnasynda iki aktýoryň arasynda bolyp geçýän gepleşik žanryndaky söz uruşdyrma, kähalatlarda bolsa, ýeke aktýorly teatrda (monodrama) aktýoryň içki duýgusyny daşyna çykarýan pursadynda tomaşaçynyň başyndan geçirýän tolgunmasy, öz ýanyndan pikir ýöretmesi teatryň hakykaty çeperçilik bilen beýan etmesiniň bir görnüşi bolup durýar.
Teatrda tomaşaça hödür edilýän pýesa aktýoryň üsti bilen herekete
getirilýär. Sahnada aktýor pýesanyň çözgüdiniň üstüne öz durmuşyndan, özüni gurşap wakalardan, dürli gylyk-häsiýetli adamlardan alan täsirlenmelerini geregiçe ulanmak arkaly pýesada öňe sürülýän hakykaty doly açmakda çeperçilik bilen edýän hereketi drama eserinde awtordan pes rol oýnamaýar. Aktýoryň şeýle ýagdaýlardan täsirlenip döreden keşbi (obrazy) tomaşaçynyň sahnada bolup geçýän dartgynlylygy, gapma-garşylyklary doly kabul etmegine ýardam edýär. Aktýor bu ýerde diňe bir ýerine ýetiriji bolman, eýsem özbaşdak pikirlenmäni başarýan hudožnik hökmünde hem çykyş edýär. Bu ýagdaýlaryň hemmesi tomaşaçynyň gatnaşmagynda bolup geçýär. Aktýoryň pýesadaky döreden keşbiniň üstüne her saparky çykyşynda täzelik girizip durmagy onuň aktýor ussatlygynyň esasy güýji hasaplanýar.
Ýokarda, belläp geçenlerimiz aktýoryň professional ussatlygynyň,dünýä garaýşynyň netijesi bolup durýar. Aktýoryň ussatlygy ilki bilen onuň synçylygyna bagly bolýar. Galyberse-de, aktýor döredýän keşbiniň haýsy döwre degişlidigini göz öňünde tutmak bilen şol döwrüň adamsyna öwrülmeli. Beýle diýdigimiz aktýor teatr sahnasyna çykanda döredýän keşbiniň diňe bir döwrüne degişli egin-eşigi geýeni bilen şol döwrüň ýagdaýyny açyp bilmeýär. Döwrüň ýagdaýyny açmak diňe bir egin-eşige bagly bolman eýsem, sahnada döredýän keşbi şol döwrüň taryhyny, şol döwrüň döwlet gurluşyny, şol döwrüň ykdysadyýetini, şol döwrüň medeniýetini oňat bilmekligi aktýordan talap edýär.
XVII-XVIII asyrlarda teatrlarda klassisizm eýýamy hasaplanýan wagtlarynda sahnada aktýoryň döredýän gahrymanynyň keşbi özüni gurşap alan jemgyýetiň öňe sürýän ideýalaryndan üzňe bolmaly däldigi öňe sürilipdir. Sahnada aktýoryň jemgyýetçilik aňyna gabat gelmeýän her bir hereketi gorkuly ýagdaýy emele getiripdir.
XIX asyrda teatrlarda romantizm (arzuwçyllyk) eýýamynyň başlan-magy bilen aktýorlarda sahnada azat hereket etmeklik, öz içki duýgyňy joşgunly açyp bilmeklik kem-kemden ýüze çykyp ugraýar. Bir söz bilen aýdanyňda bir meňzeş we şahsy pikirlenmeler, sosial we psihologik taýdan olary birleşdirýär. Sosial we psihologik häsiýetler hakykat ýüzünde haýsydyr bir durmuşy jikme-jikligiň üsti bilen tomaşaça ýetirilip ugraýar. Bu ýagdaý teatrda çuň çeperçilik üýtgeşmäniň (reformanyň) emele gelendiginden habar berýär.
Teatrdaky emele gelen bu täze özgerişlik K.S.Stanislawskiý tarpyndan inçeden işlenilip teatr sungatynyň, medeniýetiniň özenine öwrülýär. K.S.Stanislawskiý tarapyndan işlenen sistemany (taglymaty) dünýä teatrlaryny ählisi kabul edýär.
Teatrda esasy serişde gepleşik žanry hasaplanýar. Gepleşik žanram öz gezeginde drama hereketleriniň kada-kanunyna boýun bolmaly.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 65 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Talyplar tetrynda "Çynymy aýtsam" diýip komediýa goýlupdy. Medeniýediň öňňülki uçurymlary gowy oýnaýardylar. Gabat gelseňiz baryp görüň. Edebi esasy özbek kinodan alnypdyr, ony ýöne soň bildim.

0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Geçen iki ýylda Suwulgany bäş-alty sapar dagy görendirin. Diňe sazy, sahna bezegi üçinem göreniňe degýär. Ady "Täsin söýgi" diýlip üýtgedilipdir. Ylgap ýörmesin diýendirlerdä. Dogrudanam, şu hepde teatra gideýin. Açylany bäri baramok.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: