15:26
Tolstoý watansöýüjilige garşy
TOLSTOÝ WATANSÖÝÜJILIGE GARŞY

• Lew Tolstoý: “Watansöýüjilik duýgy taýdan zyýanly, doktrina taýdanam akmaklykdyr”

Watansöýüjilik - adamlary birleşdirmäge däl-de, gaýtam saýrylaşdyrmaga, toparlara bölmäge hyzmat edýär. Watansöýüjiligiň häzirki wagtda tebigylykdan daşda, irrasional, zyýanly duýgudygyny, adamlaryň lapyny keç edýän güzaplaryň aglabasynyň sebäpkäridigini, hususanam, bu duýgynyň häzirki bolşy ýaly agitirlemeli däldigini, gaýtam tersine, adamkärçilikli ähli rasional ýollar arkaly basyp ýatyrmalydygyny, hatda düýp-teýkary bilen sogrup zyňmalydygyny birnäçe gezek tekrarlap geçipdim. Haýran galaýmaly, adamlary tary-mar eden umumy ýaraglanyşyň we weýran ediji uruşlaryň diňe şu duýgudan gözbaş alyp gaýdýandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Özem ýagdaý şeýle bolup durka, watansöýüjiligiň yzagalaklykdygyny, könedigini, munuň zyýanly taraplaryny görkezýän ähli gipotezalarym hemişe we häzirem ýa-ha dymmaklyk bilen garşylanýar, ýa-da bilkastlaýyn ýalňyş düşündirilýär, ýa bolmasa diňe ýaramaz watansöýüjiligiň (jingoizmiň ýa-da şowinizmiň) melgun, emma oňyn watansöýüjiligiň ýazgarylmagy irrasional, hatda erbet-iňňän ýokary ahlak duýgusydygy geňsi, üýtgewsiz jogaplar bilen garşylandy we garşylanýar.
Bu hakykat, ýagny oňyn watansöýüjiligiň özeni bize ýa-ha hiç haçanam açyk düşündirilmezmikä diýýärin, gaýtam dogry düşündirmegiň deregne birgiden pöwhe, haý-haýly sözler dile alynýar, ýa-da watansöýüjilige perdelenip, birtopar başga düşünjeleri, hemmämiziň bilýän we netijelerinden lapykeç bolan, watansöýüjilik bilen hiç bir umumylygy bolmadyk nämedir bir zatlar hödürlenýär.
Köplenç halatlarda hakyky oňyn watansöýüjiligiň - adamyň öz halkyna ýa-da döwletine gönükdirlen, halklaryň asudalygyna zelel ýetirmeýän hakyky bähbitlerden kemala gelýändigi aýdylýar.
Arada bir iňlis bilen uruş barada pikir alyşanymda oňa, urşuň düýp sebäbiniň köplenç aýdylşy ýaly açgözçülikli maksatlara däl-de, iňlis jemgyýetiniň tutuş ruhy ahwalyna siňdirilişiniň hakyky watansöýüjilikdigini aýtdym. Iňlis meniň bilen ylalaşmady. Onuň aýtmagyna görä, eger ýagdaý şeýle-de bolsa, häzir iňlisleri gurşap alan watansöýüjiligiň ýaramazdygyny görkezýär, emma onuň öz içindäki oňyn watansöýüjilik bolsa, iňlis raýatlaryny gowy adam bolmaga itermeli. Men ondan “Diňe iňlisleriň gowy bolmagyny isleýärsiňmi?” diýip soradym. Ol “hemmeleriň şeýle bolmagyny isleýärin” diýip jogap berdi. Ol bu jogap bilen ahlak, bilim ýa-da maddy-praktiki häsiýetli bolanda-da, hakyky bähbitleriň häsiýetnamasynyň barça adamzada uzaýandygyny aç-açan aýdýardy. Emma bular ýaly bähbitleri hemmeler üçin isleýän adam watansöýüjiligiň çägine sygmaýar, has dogrusy ol munuň çöwre ýüzüdir.
Halklaryň hususyýetleri-de (aýratynlyklary-da) watansöýüjiligiň tarapdarlary tarapyndan maksatlaýyn matlapda watansöýüjilik düşünjesiniň içine sygdyrylýar, ýöne bu hakyky watansöýüjiligi döretmeýär. Halklaryň hususyýetleri adamzadyň ösüşiniň esasy şertidirem diýýärler. Eger watansöýüjilik bu hususyýetleriň goragyny üpjün edýän bolsa, gowy we peýdaly duýgydyr. Emma şu aýdyň hakykat dälmi näme: halklaryň bu hususyýetleri – däp-dessurlary, ynanç-ygtykatlary, dilleri adamyň durmuşy üçin birmahallar gerekli şertler bolup hyzmat edenem bolsa, häzirki wagtda şol bir aýratynlyklar bireýýäm ideal hökmünde kabul edilen zadyň – halklaryň doganlaşyp birleşmeginiň öňündäki iň uly päsgelçiligi döredýänem? Aýratynam, rus, nemes, anglo-sakson ýa-da haýsydyr bir başga milletiň goralmagy we munuň üçin diňe wenger, polýak, irland halklarynyň däl-de, basklar, prowanslar, mordwinler[1], çuwaşlar ýaly birnäçe halkyýetleriň goralmagy, adamlaryň özara ýakynlaşmasyna we jebisleşmegine hyzmat etmän, gaýtam barha artýan saýrylaşma we bölünşige hyzmat edýär.
Görşüňiz ýaly, hyýaly däl hakyky watansöýüjilik - häzir birnäçe adamy eksplutatirlemekde ulanylýan, adamlary rehim-şepagatsyzlyk bilen tary-mar edýän watansöýüjilik adamyň öz halkyna ruhy gymmatlyklary berjek bolup öňe sürüldigi däl (adamyň diňe öz halkyna ruhy gymmatlyk arzuwlamagy mümkin däl). Halklaryň hususyýeti-de däl, (bular duýgy däl, husysyýet). Watansöýüjilik – ähli beýleki halklardan we döwletlerden öň öz halkyny ýa-da döwletini eý görmek görnüşindäki mümkingadar gödek hem-de munuň netijesi hökmünde şol halk ýa-da döwlet üçin gazanyp boljak iň uly berkararlyk bilen güýji diňe beýleki halklaryň ýa-da döwletleriň berkararlygyny we güýjüni ýok etmegiň hatyrasyna eýeläp bolaýjak zatlary edinmek isleginden başga zat däldir.
Hut şonuň üçinem watansöýüjilik düşünjesi duýgy taýdan juda erbet we zyýanly, doktrina taýdanam akmaklykdyr, çünki her bir halk we her bir döwlet özüni beýleki halklardyr döwletleriň iň gowusydyr öýtse, olaryň hemmesiniň gaflatda ýaşajakdygy köre hasadyr.

Lew TOLSTOÝ.

____________________________________
[1]1899-1902-nji ýyllaryň Günorta Afrika urşy. Britaniýanyň we gollandiýaly Boerleriň arasyndaky Ikinji Boer urşy (Birinjisi 1880-1881-nji ýyllarda bolup geçip, ol Transwaal urşy diýibem ýatlanýar). Britaniýa bilen Boerleriň arasynda dowamly oňuşmazlyk bolupdyr. Britaniýalylar Boerleriň eýelik edýän ýerlerinde çykan altyn känlerine hüjüm edende, bu oňşuksyzlygyň yzy urşa ýazýar. 1902-nji ýylda Boerler ýeňilýär. Boer respublikalary Beýik Britaniýa imperiýasyna birikdirilýär. Tolstoýyň aradan çykan 1910-njy ýylynda Britaniýa halklary bileleşmesiniň agzasy hökmünde Boerleriň höküm süren ýerinde Günorta Afrika bileleşigi gurulýar.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 126 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Lew Tolstoý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 14
0
13 beg   [Mowzuga geç]
Tolstoý şu zatlary aýdyp bileni üçin hormata mynasyp. Çeşme: "Исповедь" kitaby bolmaly. Doly terjime edilen bolsa paýlaşaýyň. Din baradaky pikirlerem okanyňa degýärdi.

0
12 Nusay   [Mowzuga geç]
Haweran elektron poctana hat oklandyryn!

0
14 Haweran   [Mowzuga geç]
Jogap berendirin

0
11 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Haýsy ülkäniň gidişini bilmek isleseňiz, şol yerdaki adamlaryň ölşüne syn ediň. - Alber Kamyu
statiskalara göra türki döwletlerde ýürek-damar we nerwi keselden ölyanlerin sany boyunca ilkinji yerdemiş.

0
10 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
"Sizin ( koloniyalashdyrma urushlary alyp baryanlara) yüzüñize tutup, goren yeriñizi gyrana bermekde ulanyan 'watansöyüjiligiñiz' meñ üçin watansöyüjilik däl, onyñyz öz egoñyza dakan euphemismiñiz " diyya öydyän

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
ö-öň biri Magtymgulynyň şu

gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
watany terk edip, gidiji bolma!
özüňden egsik bir gaýry namardyň
hyzmatynda gulluk ediji bolma!


setirlerine şeýleräk düşündiriş beripdi. diýdi:

ol "gel, köňlüm" diýip öz ruhuna ýüzlenýä. ruhuň watanam jennet bolmaly. "namart" diýýänem şu dünýä bolmaly. oň özünden egsikdiginiň sebäbi ruh - baky zat, dünýä - pany zat bolany üçin. ýagny magtymguly özüne "dünýäň hyzmatynda bolman, ahyrýetiň aladasyny et" diýjek bolýa.

pikirini has ynandyryjy etmek üçinem goşgyň soňky bendini mysal getirýä

magtymguly, köňülde köpdür armany,
tapmady akybet derde dermany,
ýetişer bir güni taňry permany,
ruzy-şeb gaflatda ýatyjy bolma.

bu bir biriniň pikiri.

"özüň şoň aýdýanlary bilen ylalaşýaňmy?" diýip sorasaňyz, belli bir jogabym ýok.

Atajan Taganyň essesindäki Magtymguly bilen bagly makalalary okansyňyz. men ony okamakamam şolar ýaly zatlary eşidipdim. onsoň näme diýjegiňem bilip bolanok.

opşom, çylşyrymly, ynjyk meseleler-dä.

0
8 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Terjimäni düzetmeli ýerleri bar

0
7 myhman   [Mowzuga geç]
okadym @Haweran. ol ýerde-de bir topar wariantlar hödürlenipdir "haýsyny saýlasaňyz saýlaýyň" diýen ýaly. gyzykly maglumatlar bar. köp ýeri bilen ylalaşýan. her ylalaşan ýerimde-de kellämde käbir soraglar döreýä. :-)

indi öz pikiriňi aýt. hz. Bilalyň watany Mekkemi Habaşystanmy?

meň-ä şuwagt kelläme gum dykylan ýaly.

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@myhman, watan we watansöyüjilik barada şunda gowy düşundirilyar. Belkäm ylalaşarsyň, belkäm ylalaşmarsyñ..
http://kitapcy.com/news/2018-06-12-254

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
ilki bilen watansöýüjilik näme? şony kesgitlemeli. onuň üçinem watan näme? şony bilmeli.

meňem bular barada bir bulam-bujar pikirim bar. bärik ýazmaýyn. 1. bulaşyk pikirler 2. gaty uzyn bolar

esasy zat watansöýüjiligiň käbir öýdülýän zat (syýasat ýaly) däldigini bilýänmikäm diýýän. milletparazlygam watansöýüjilik dälmikä diýýän.

şu makalada tolstoý watansöýüjiligi milletparazlyk ýaly edibem goýupdyr.

ynanç bilen bagly zatlar bilen hemme kişi ylalaşman biler. bu tebigy ýagdaý. özüm yslam dinine ynananym üçin, adamlaram Alla Tagala dürli milletlere bölenine ynananym üçin Kuran Kerimde näme diýilýänine göz aýladym

يَٓا اَيُّهَا النَّاسُ اِنَّا خَلَقْنَاكُمْ مِنْ ذَكَرٍ وَاُنْثٰى وَجَعَلْنَاكُمْ شُعُوباً وَقَـبَٓائِلَ لِتَعَارَفُواۜ اِنَّ اَكْرَمَكُمْ عِنْدَ اللّٰهِ اَتْقٰيكُمْۜ اِنَّ اللّٰهَ عَل۪يمٌ خَب۪يرٌ

Şüphesiz sizi bir erkek ile bir dişiden yarattık, tanışasınız diye sizi kavim ve kabilelere ayırdık, Allah katında en değerli olanınız O’na itaatsizlikten en fazla sakınanınızdır. Allah her şeyi hakkıyla bilmektedir, her şeyden haberdardır

Hujurat süresi 13-nji aýat.

terjime etmäge ýürek ýok.

bulam näme diýmek bolýa

sizi millet-millet ýaratmagym, beýlekilere gyýa bakmagyňyz üçin däl, pes görmegiňiz üçin däl, duşmançylyk etmegiňiz üçin däl...

diýen ýalyrak manylarda bolýa diýip düşünýän.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bu Tolstoýa berlen düşündiriş däl, öz sözi we onuñ beýik ýazyjylygyna şek-şübhämiz bolup bilmez.

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
ç, deň ýazypdyrys öýdýän. kän bolýa şeýle. biynjalyk edýä meni şu ýagdaý, görüp ýazan ýaly.

0
Tolstoýa şeyle düşündiriş beryaniniz örän gynandyryar. Lew Tolstoý _ beýik ýazyjy!

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
bärde tolstoýa düşündiriş berilmän terjime edilipdir ýalyla.

şunýalyda çeşme görkezilse göwnejaý bolaýjak ýaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]