11:32
Goşgular
GOŞGULAR

1. Zenan

Seni
Taplamasa,
Ruhlandyrmasa
Uly maksatlara,
Özüñe bolan
Ynamyñ ýetirip durmasa üstün,
Ýa-ha sen, oñ diýýän ýigidi dälsiñ,
Ýogsa-da,
Ol zenan, señki däl,
Dostum.

2. Ykbalyñ serpaýy

Bu ne beýle,
Aljyratdyñ sen meni,
Şol gün,
Uzagyndan garaşdyran gün.
Hernä,
Ýüz berse bor diýip barşyma,
Bar zady unudan bolmagym mümkin.

...Salam berdim,
Birenaýy ýylgyrdyñ,
Ol ýylgyryş ömre bagtdan paýdyr.
Mahal-mahal,
Seni görûp,
Aljyrap
Ýörmegem,
Ykbaldan maña serpaýdyr!

3. Adam

"Adamy ýeñip bolmaýar"
Ernest Hemingueý

Sen adam!
Adama ýeñilme ýokdur.
Seni ýeñjek ýokdur özüñden başga.
Beýiklige bolan ynamyñ
Seni
Saklasyn,
Bar bolan peslikden daşda.

Şowsuzlyklar,
Kynçylyklar,
Aslynda,
Arzuwlardan el çekmäge bahana.
Saña ýeñil durmuş wada bermändi,
Tañry seni getirende jahana.

Sen adam!
Dünýäniñ bar pelsepesi,
Bir sende jemlenen,
Iñ kämil halda.
...Ölüme-de seni ýeñme ýok,
Çünki
Direlmek taglymy bardyr ynsanda.

4. Ýürek

Ýüregim agyrýar,
Ýok,
Söýgüden däl.
Söýgim maña dert bolardan ezizdir.
Ýogsa-da,
Bar şypa şonuñky wagty,
Söýgüsine dert diýýänler ejizdir.

Ýürek urmasyny dowam edip dur,
Ahmal,
Agyrýandyr urgusyndan ol.
Ýeri,
Deñemäge başga zat ýokmy?!
Ynanyñ,
Uludyr bir gysymdan ol.

Düşünýän,
Düşünmäñ kyndygyna-da,
Ýüregimiñ derdi köplere geñdir.
...Adam ýaşy,
Deñdir ýaşan ömrüne,
Ýürek ýaşy,
Dünýäñ ýaşyna deñdir.

5. Tötänlik

Tötänlik ýok,
Bar bolşy ýaly Tañryñ
Adam döräp bar kalbynyñ gümany.
Ykbal üçin müñ bir sebäp bar wagty,
Heý,
Tötänden duşurarmy ynsany?!

Özünden arzuwy süýji köp zadyñ,
Bagtyndan bihabar,
Arzuwda ýören.
...Tötänlik ahwaldyr garaşylmadyk,
Bir ýerlerde saña garaşyp duran.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW.
Aşgabat şäheriniñ ýaşaýjysy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 113 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Gurbansähet Gurbansähedow | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 6
0
6 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Ýürek urmasyny dowam edip dur,
Ahmal,
Agyrýandyr urgusyndan ol.
Ýeri,
Deñemäge başga zat ýokmy?!
Ynanyñ,
Uludyr bir gysymdan

Ajap

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Mango daýy hamana şahyr saýtda oturyp,özi hakdaky teswirlere garaşyp oturan ýaly edip ýûzlenipdir.
Belli bolmaz,belki okap oturandyram.
Şu şahyryñ goşgulary nesilde her alty aýdan bir gezek diýen ýaly çap edilýär.Şu paýlaşanymam şeýle "Alty aýlyk toplumyñ biri".Ýagny "Az bolsun,uz bolsun" döredijilik.Başgaça aýdanymda "Halyl Kulyýew" pelsepesi.
Goşgularynda sözini mümkin boldugyça gysga tutup çuñ manyny,pelsepäni okyja geçirmäge synanyşýar.Men diýýän ä "Çuñ pikir ,çuñ pikir" diýip.Şu şahyryñ döredijiligi pikriñ näçe çuñ bolsa da ony duýgy bilen birleşdirip bilmeseñ şahyranalygyñ ýeriniñ gädilip durýanlygynyñ iñ uly subutnamasy.Şahyr pelsepe satmaklyga şeýle bir berilýär welin duýgyny düýpgöter ýatdan çykarýar.Ýöne men muña garamazdan bir geljek görýän şu şahyrda.Goşgularyny gazetden göçürmegimem şonuñ iñ uly subutnamasy.

0
4 Tokmak   [Mowzuga geç]
1, 2, 3 goşgularyň manysy ýerbe-ýer, artykmaç "suw" ýok. Ýöne rifmalary biraz owadanlamak gerek ýaly, goşga meňzetmeli.

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
@Haweran,düşündirip bilmedim."Dostum" "Zenan"atly goşguñ iñ soñky sözi.
"Ykbalyñ serpaýy"ikinji goşguñ ady.(wordda ýazamda gowy garalap ýazypdymam welin,bärik göçüremde şol durşyna çykaýypdyr.Siziñem işiñizi köpeltdim)

0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ykbalyñ serpaýy aýry goşgy bolmalydy @Haweran düzedip beräýiñ.
Dostum diýen sözden soñ.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
"Adamyňy" öte haladym, beter haladym....
hiç artyk zat, artyk bezelen "makiýaž" ýok....
diýjek zady bar.
diýmegem başarypdyr.
men-ä haldym.
ýenede ýetirip dur, döredijiligiň bar bolsa...
minnetdar we üstünlik!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: