10:43
Emläk ezeli / hekaýalar toplumy - Pil
PIL

Adam eli bilen ýasalan närseleriň ählisiniň içinde, diňe diwanyň ykbalyna piliň gözi gidýär.
Dagy nä, edýän işi ýok. Uzakly gün, tütjar baýyň baýry aýaly deýin, ýanyn gyşaryp ýatyr. Telewizoram alnynda. Görseň gör, görmeseň halanyňy et. Üznüksiz mydyr-mydyryna üns berme-de, ukla.
Pil maňlaýygara bolsa, ussaň elinden çykan gününden bäri, käte gijelerine diýäýmeseň, ine-gana dynç alanam ýadyna düşmeýär.
Hapa-haşal ot çapylýanam şol.
Heniz doly taba gelmedik, yzgarly topragy depmelem.
Zir-zibil atylýanam, malýatagyň dersi arassalanýanam, çaga-çugaň tapan-tupan ýerine bomba oklan ýaly eden pohuny agtaryp tapyp atýanam, ýene-de şol.
Iň erbedi, itiň-guşuň, haram ölen malyň meýdinem şunuň bilen gömýärler. Öz merhumlarynyň gabrynam şunuň bilen gazýarlar.
Gusasyň gelip öge!
Oňurga-sapyň salynýan zordan ýaňa çat açyp, döwlere gelip şatylabersin!
Barybir, bu “adam” diýlen, rehim-şepagatdan üç miladylyk öň doglan jandarlar, tä ähli matlaplaryny myrat edip dynaýmasalar, sen janawere şo-o-l tüketmän sütem eder durarlar.
Özem bi işigaýdanlaň ömrüniň birje pursadam sensiz geçmez.
Ha toý, ha ýas, ha mesaýy gün, tapawudy ýok. Hökman seni ellerinde somlap, dyrt-myrt gazalamaga-da, gazmaga-da, arassalamaga-da bir zat tapynarlar.
Toý güni bolsa, howlularynyň töwereginiň ot-çöpüni çapyşdyryp, zir-zibillerini atmalydyr. Iň bolmanda, atarylan palawlary deme durandan soň, ojaklaryň közüni ýeňledip jykyra gapgarmalydyr.
Birewi amanadyny tabşyrsa-da, gömüljek çukuram seniň bilen gazylmalydyr, işigine ýazyljak jynazalyk çäge-de seniň bilen ýüklenip getirilip, ýaýradylmalydyr.
Adaty günlerdä-hä asylam sen görgülä, duruwam bolmaz, dynuwam.
Üstesine-de işläp ýörkäler biri-biri bilen sözleri azaşaýsa, ýarag deregine ulanylyp, birek-biregiň paçagy pytradylýanam ýene-de sen pahyrjyksyň...
Diwan bolsa, bu zatlaryň hemmesinden azat.
Porsy maslyk gömlende gusjak bolup, ögäp ýörmelem däl.
Oňurga-sapyňy jorta omraýjak bolup, sakgyç ýeri “waçjyldadyp” depmäge-de mejbur däl.
Gyşmy-ýazmy, yssymy-sowukmy, ýagyşmy-garmy, saňa bildirýän ýeri ýok.
Indeýleň gaýgysy şerife jinnek!
Tämizje otagda, sowadyjynyň pessaýja “şyr-şyrlap” üfleýän salkynjak howasynda, meýmiräp, gözjagazyňy süzgeklet-de, telewizorda görünýän ýarym-ýalaňaç hatynlaň bulduraşýan butlaryna tomaşa edäkge, maza kylyp ýat!
Bolany.
Ol bolsa, ýasalyp-ýaradylaly bäri, “telewizor” diýilýän zadam, “sowadyjy” diýilýän zadam, diňe birki gezek eýesi eli pilli meýdana işlemäge barýarka, ýolugra dükana sowlup, oduk-buduk satyn alnanda görendir.
Galan wagt bolsa, onuň mesgeni küme.
Gör, bu nähili adalatsyzlyk bolýar ahyry!
Adamyň durmuşynda iň köp ulanylýan, iň kän jepa çekýän-ä şol!
Ýene-de, hatda işden boş wagtam ýazylyp-ýaýrap dynç almaga goýulman, apalanyp saklanman, çaň basan, hapa kümä oklanyp goýberilýänem şol!
Ömründe ýeke sapar ýatan çöpi galdyrmadyk, diňe adamyň öz ýumşajyk syrtyny goýup, üstünde agynap ýatmagyndan başga gara şaýylyk peýdasy bolmadyk diwan bolsa, özüni näme üçindir “ynsan” diýip badyhowa atlandyrýan jandaryň iň eziz görýän emlägi!
Sypalanyp, sermenilip, güne-ýagmyra çykarylman, üsti ýörite örtgi bilen basyrylyp saklanýanam şol!
Onsoň, hany bu ýerde adalat?!
Nirede?
Pişik iýdimi?!
Şonuň üçinem, piliň hemişe diwan bolasy gelýär...
Iň elýetmez arzuwy şol bolsa, iň ýokuş görýän işem porsy maslyk gömmek...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 73 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
9 mango   [Mowzuga geç]
"diwanam" goýan ekeniň. :-)
soň gördüm.

0
8 mango   [Mowzuga geç]
Serdar kaka. umuman haladym. gowja zatlar....
diwanly ýerlerinde onuň üstünde oturýan syrty agzarmykaň diýip garaşdym.... hernä agzadyň ("adamyň öz ýumşajyk syrtyny goýup, üstünde agynap ýatmagyndan başga...").
sebäbi bir wagt proza.ru-da kiçijik hekaýa okapdym. diwan barada. diwanyň dialogy ýaly... onda diwan öz üstünde bolup geçýän zatlary gürrüň berýärdi.... şo ýadyma düşdi.
---
"Oňurga-sapy" iki gaýtalanýan eken...
käbir detallara gaýta-gaýta dolanyp barýan ekeniň... mysal "öli gömmek, maslyk gömmek"... (4 gezek dagy bar)
"ögemek-gusmak" (1) Gusasyň gelip öge! 2) Porsy maslyk gömlende gusjak bolup, ögäp ýörmelem däl.)
---
ýene bir halan zadym, gülki dozasy artyk ýok, почти ýok.
"...çaga-çugaň tapan-tupan ýerine bomba oklan ýaly eden pohuny..." - edil öz pikirimä, bomba oklananmagyna meňzetmerdim...
---
ýöne diwanam diňleseň derdi kändirlaý. hä?
"üstümde kimler-kimler oturmady... wahhh..." diýip başlarmyka diýýän.
---
üstünlikler. dowam ediň.
minnetdar.

0
10 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ok.
Hetjiklemek endigini aýyrsaň, Nekrasow akgamyzyň aýdanyny gaýtalap, Antoşa Çehonte akgamyz aýtmyşlaýyn: "Чтобы словам было тесно, мыслям — просторно" bolmagy üçin gowudygynam bilýäs-le welin...Bir zady ýazanyňdan soň ýazan zadyňy orta oklamaga howlukman, gaplaňyň et iýşi ýaly, birsalym goýup: "porsatmak" dogrumyka diýýän. Soň täze göz bilenem seredip görer ýaly. Onsoňam, adamlar babatda aýdanyňda hemişe köplük "birlikden" akylly bolýar.
Sag bol. Düşündim. Özümdäki faýlda üýtgederin.

0
6 Atayew   [Mowzuga geç]
Jemlemäni başga tarapa öwrüp bolmazmy? Meselem:

"Eýesi agyr zähmetden surnugyp, öýüne gaýdanda muny egninde göterýär. Pil görgüsiýaman şoňa-da monça bolýar. Bir gezegem köpçülikde eýesi munuň sapyna-oňurgasyna söýenip durşuna:
- Dagy-dugyňyzy bilemok, men-ä minneti şujagaz pilimden çekýän, şoňa-da şükür edýän - diýdi. Demirden ýasalanam bolsa, pil bu sözlere tas eräp-akypdy."

diýen ýalyrak äheň berseň, näder? Ýa birhili bolarmy? Maslahat bermek aňsat, ýazmakda iş bar.

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
Neme-le...Düşündim, Kakamyrat aga. "Hekaýaň konsepsiýasyny üýtgetmeseň, beýlekileri bilen edil bir zawoddan çykan ýaly manyly hem duýguly" diýjek bolýaňyzmy?
Ýöne, tutuş bu toplumyň maksady - ideýasy "разочарование" etjek bolup synanyşýan-la. Emläkleriň dünýäsiniň üsti bilen adamlaryň dünýäsini beýan etmek...
Gysgaça aýtsam, diýjek bolýanym, ine, geçen asyr ägirt uly sarsgynly ideýalaryň eýýamy boldy. Adamzadyň behişdi öz günäsi bilen ýitireli bäri, elýetmez arzuwy ýene-de Jennet.
Şoňa bolan ymtylyş onuň tutuş taryhynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ateistlerem şeýle, teofillerem. Her haýsy özüçe.
Adam - Asmandaky uçmaha dirilikde ýetmek tamasy öte "inçejik" bolandygy üçin Zeminde şahsy öz "jennetini" gurunjak bolýar.
Şetdat hakynda hekaýatlary ýatlalyň. Erem bagyny "döredýär".
Kommunizm ideýasy.
Hemmeleriň abadançylyk ülkesi - Utopiýa, Gün şäheri, Eflatunyň "Alymlaryň dolandyrýan döwleti", Al Farabyň "Ýagşylyklar şäheri" we ş.m.
Nasizm ideýasy - az sanly saýlamalar üçin ajaýyp ýurt;
Erkin bazar gatnaşyklary ideýasy (şol sanda Jon Meýnard Keýnsiň taglymaty) - "göze görünmeýän eliň" hemmelere (has takygy, "mynasyplara") ýeterlik "isleg-teklibi" sazlamagy;
Ýa-da kosmosa uçup täze, has amatly, ýaşaýyşa ýaramly saýýaralary (planetalary) tabyn etmek ideýasy...
Garaz, sanasaň sanap oturmaly...
Emma, 21-nji asyryň başyna çenli şol ideýalaryň aglaba köpüsi puç boldy. Adamzat ymtylyşyny ýitirip, has takygy ymtylýan ugruny üýtgedip, sarp edijilik jemgyýetini döretdi. Iň esasy ideologiýasam - 10 sany telewizor, Aýfon 12 pro maks, aňrybaşy "firmennyý eşik", ulag, jaý, iýgi-içgi...
Diýmek, häzirki döwürde dünýäde adamzadyň aňyny eýelän sarp ediş aňyýetiniň, Marks-Engels-Lenin aýtmyşlaýyn predmetleýin "bazisi" - emläk. Şolaryň öz eýelerine hem-de öz ykballaryna garaýşy nähilikä?
Uff. Ýaman uzyn boldy. Bagyşlaň, Kakamyrat aga. Bilimsekligimi görkezjek bolup däl-de, hekaýalar toplumynyň nukdaýnazaryny sarpa goýýan adamyma düşündirjek maksady bilen ýazdym.

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
Adam eli bilen ýasalan närseleriň ählisiniň içinde, diňe diwanyň ykbalyna piliň gözi gidýär.

şu sözlemde-de "diňe" ýalňyş ýerde durmy?

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Äý...Meniň pikirimç-ä, başga ýerde bu sözi goýubam boljak däl ýaly. Üýtgetseň, äheňem, manysam ýoýulýan ýaly bolup dur.

0
1 Atayew   [Mowzuga geç]
Heniz doly tagta gelmedik, ýarympalçyk ýer depilýänem.

Şuny "Heniz doly taba gelmedik, yzgarly topragydepýänem" diýip alsaň, kem bolmazdy.

Ýene-de arasyna-bir ýerine bir zatjagazlar goşsaň, artykmaçlyk etmezdi. Meselem:

"Kädaýym zora çydaman, sapy-oňurgasy omrulýar, mahal-mahal ýüzi könelýär. Şolar ýaly bolanda gaýtadan sap oturtmaly, ýalaw ýaly bolýança ýüzüni taplamaly. Onuň üçinem oda girip-çykmaly, gyzgyny sowamanka ussaň sannalyna münüp, çekijiň astyna düşmeli. Şu görgüleri görmegi owalebetinde piliň maňlaýyna ýazylan! Ýazylansoň, alajy ýok, çekip ýör." diýen ýaly, piliň ykbalyna, häsiýetine dahylly ýagdaýlary agzasaň...

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Dogry. "Tagta gelmedik" diýeniňden "taba gelmedik" diýseň, has gowy gelişýär hem-de dürs bolýar. "Ýarympalçyk" diýeniňdenem "yzgarly" diýeniň gysgadan düşnükli bolýar.
Minnetdar, Kakamyrat aga! Sag boluň.

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Düzetdim. Ýene-de bir gezek, sag boluň.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]