10:43
Emläk ezeli / hekaýalar toplumy - Diwan
DIWAN

Özüni bileli bäri, diwanyň pil bolasy gelýär.
Çünki pil, ezber ele düşende dünýäni özgerdýär. Gül ekýär, bag ekýär. Ýer depýär. Hasyl ýetişdirýär. Nowhana gazyp, tozap ýatan beýewanlyga suw eltýär...
Garaz, giden bir belentlik, ummasyz ajaýyplykdyr, goýazy manylylyk...
Onuňky ýaly, getirilip goýlan ýerinde, şol bir taşlanyşyna gozganman, astyny çaň-kirşeniň mesgenine öwrüp ýatmaýar...
Diwanyň niresindedir iň pynhan jümmüşinde aýap saklaýan arzuwy şu bolsa, iň eý görýän zadam, telewizor görmek.
Hudaý diýen ýeri, duran orny, tüýs halaýan pişesinden günde gerk-gäp bolýança lezzet almaga mümkinçilik berýär.
Uzakly gün işläp duran plazma ekrandan gözüni aýyrman gyşaryp ýatyşyna, ýaýlymlarda berilýän gepleşiklerdir-filmlere tomaşa ede-ede, aňkasy aşyp gidýär. Onuň üstünde ýazylyp-ýaýrap, satanlaryny jaýjardyp oturan, suwastyndaky amýoba çalym edýän öý eýesi bolsa, oňa söýgüli pişesine berlip, meýmiräp ýatmaga birjik-de päsgel bermeýär.
Öý eýesi, käte-käteler, turşusy depesine çykanda, niredendir bir ýerden, daş sypaty özüne meňzeş zenany yzyna düşürip getirýärdi. Olam, öý eýesi dek tultukdy. Bahana bolsa-bolmasa içýakgyç kikirdäp gülýärdi.
Hojaýyn, ony ilk-ä, diwanyň ýanyndaky pessejik stoljugyň üstüne tapan-tupanyny üýşürip, hezzetleýärdi.
Piwo çüýşesimidir, galan-gaçan şöhlat-peýnirmidir, gaty-guty çörekmidir, çipsmidir, ýarsy boşadylan gapdaky çigitmidir...
Soňam ol ikisi, kikirdeşme-tulkarmalaryny bes etmän, onuň üstünde öňlin-yzlyn çaýkanjyramakdan ybarat, nähilidir bir, düşnüksiz hem ýakymsyz herekete gümra bolýardylar.
Diwan, olaryň edepli-ekramly adamlara mahsuslykda, özi ýaly salyhatly oturyp telewizora tomaşa edibermän, özüni bimaza edýändiklerine nägile bolýardy. Şonuň üçinem olaryň astynda ekrandan gözüni aýyrman ýatyşyna, ol alaçsyz nägilelik bilen jygyldap, ses çykaryp ugraýardy.
Jyýkydyk-jyýkydyk-jyýkydyk...
Şunuň ýaly pursatlarda-da, diwan, özüni gerşinde amýobalar oýnaşýan deňiz ýaly duýýardy.
Ýöne, gowy zady, “amýobalaň oýny” uzak dowam etmeýär. Mawy ekranda köplenç tomaşa edýän multfilmlerindäki şekilleriň “ibirt-de-zibirt” hereketi deýin, başlanyşy bilen gutaryşy des-deň...
Günüň esli bölegini onuň üstünde bulam-delem bolup geçirmegi, özüne mukaddes borçmy ýa-da dogabitdi bagyş eýlenilen, aýrylmaz-tebigy hukukmy diýip bilýän hojaýynyň galan endikleri bilen bolsa, oňuşmazça däldi.
Özlerini näme üçindir “ynsan” diýip atlandyrýan, bu jandarlaryň aglaba köpüsine mahsuslykda, öýüňem, diwanyňam eýesi, edil beýlekiler ýaly, ýatýar-turýar.
Iýýär-içýär.
Hajathana gidip gelýär.
Ýaltansa ýatan ýerinden pysyladyp ýa-da zartyldadyp goýberýär.
Oýun oýnaýarmy, eltelefonda habar alyşýarmy...garaz, nämedir bir zatlara güýmenen bolýar.
Dostlaryny çagyryp, olar bilen futbola ýa-da şoňa meňzeş ýene-de bir zatlara aňalýar.
Gygyryşýarlar.
Gülüşýärler.
Gepleşýärler.
Sögüşýärler.
Ýaraşýarlar...
Käte-käte-de...
Jyýkydyk-jyýkydyk-jyýkydyk...
Bolany...
Oňa bolsa, şu öňündäki telewizor döwülmese bolýar.
Galan zat, gara şaýy...
Diwanyň aňy, telewizordaky tomaşalardan ýaňa hyryn-dykyn. Ekranda zymdyrylyp biri-birini çalyşýan üznüksiz şekiller, gyş gününde daňdanky duman deýin, onuň tutuş dünýäsini büräp dur. Şol ümüriň içinde-de, iru-giç pil bolup görmek hakyndaky, pessejik alawdan syçran uçgunjyga çalymdaş yhlasy, kämahal bir ysgynsyzja ýylpyldap gidýär...
Ýöne, owalbaşda gerşinde ýazylyp-ýaýrap ýatylmagy üçin ýasalan diwan, nämäň ham-hyýalynda intizar bolanda-da, onuň tamasynyň tala daňylmazlygy mümkinmikä?...
Diýen, umytsyz çaklama-da kellesine gelmän durmaýar, aram-aram...
Emma, aňynda aýlan dessine göwnüni çökerip başlaýan bu lapykeç pikiri, diwan göwnünden bada-bat kowmaga dyrjaşýar.
Çünki, ganatsyz guş bolup bolmaýşy ýaly, nämedir bir zadyň ýagty arzuwynda özüni ymsyndyryp ýaşamasa, megerem, diwanam diwan bolup bilmese gerek.
Dagy, haýsam bolsa bir, nämälim agaç ussasynyň erki bilen diwan edilip ýasalan halyňa, nämä guwanyp, nämä ymtylmaly?!
Astyndaky, ýyllarboýy süpürilmeýändigi zerarly galňap-galňap, ekin ekibermeli bolan tozanamy?!
Ýa-da üstündäki setanda-seýranda bolup geçýän “jyýkydyk-jyýkydyga”?!
Ýa-da şol “jyýkydyk-jyýkydygy” emele getirýän “amýobalaň oýnuna”?!
Şonuň üçinem, bu diwanyň özüni bileli bäri, ýalaw ýaly ýiti, lowurdap duran pil bolasy gelýär.
Iň lezzet alýan pişesem, telewizor görüp, gyşaryp ýatmak...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 74 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 7
0
1 mango   [Mowzuga geç]
gowy.
biziň öýdäki diwan-kreslo sebäpli aýnadylyp ulaldylan pişigimiz öýden kowuldy.
ýetginjeklik ýaşyna ýetip, dyrnagy ösüp başlansoň (bahajygy ýetik) diwan-kreslomyzy dyrnajaklap zer-zaýa etdi.
öýden kowduk. şondan bäri, penjiräň aňyrsynda öýe dolanyp gelmek tamasy bilen gamgyn bakyp dur... eldeki bolansoň ilki-ilkiler köçe pişiklere-de özüni daratdy ýördi...
gapy açylsa, maýyny tapyp öýe ylgaýar... ýöne, "migrasiýadan" geçip bilmän yzyna dolanýar...
dyrnajaklanan diwan barada-da aýdaýyn...
ony bejertdik, mebelçilere.
pişigmiziň başga "jenaýatynyň" üstem açyldy.
öýdäki güllerimiz guramaga başlady. sebäpkäri pişik eken.
umuman, pişigi häzirlikçä bagyşlamadyk.
daşarda gününi görýär.
oň üstüne iýmitem saýlan bolýar. "täze aýyň" kalbasasyny ysgap oňaýýar.
diňe oňa elin farş bermelimiş.
eldeki, öýde ýetişensoň aw awlamanam başaranok. näme-de bolsa dözmän et, farş berýäs... azowlak...

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ine sýužet. Ýaz. Ýumoram ba, durmuşam. "Hiç kim durmuşdan ökde ýazyjy bolup bilmez" diýilýänini ýene-de bir gezek subut edýär.

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Adyna-da: "Jenaýatkär, jebir çeken we beýlekiler" diýip goýsaň, şap bolar.

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýa-da gysgajyk: "Jeza" diýseň.

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Personažlaram taýyn: pişik, diwan, penjire, awlanylmaýan syçan, güldandaky düýbüne pişik buşugýan gül, öý eýeleri, hemaýatkär holodilnik (ýahdan).

0
6 mango   [Mowzuga geç]
gurbannazarda bardyr "söýýän bäşim nuralyny, sadalygyny..." diiýän goşgy,
bäşim nuralyn-a tanaýansyňyz.
ilkinji türkmen suratçysy diýilýär.
ana, şol akademizmi görmedik, dogabitdi suratçy... eserlerem sada, anatomiýa, proporsiýa, perspektiwa... garaz klassik kanunlardan azat...
onuň gowulygam belki, именно şonda bolsa gerek.
şondan ony gurbannazar "söýýän" diýendir.
bäşim agany moskwa okuwa iberenmişler diýip eşitdim, şonda onuň klassik akademik okuw almagyna garşy bolanlaram bolupdyr, gitse okasa zaýalanyp geler diýen ekenler.
onuň gymmaty - primitiwliginde.
garaz, gepi uzatmaýyn... "ýaz" diýeňsoň jogap berjek bolýan.
men ýazyjy däl, ýazyjylyk stilleri, sowady, ugry-utgany bilemok...
ýeke halasgär ýa-da umyt – olam, "ýazyber, primitiwist bolarsyňda" diýip özüňi aklaýmasaň.
nämede bolsa, primitiwistlerem halanýar ahyryn.
primitiwist diýmek dogrumy bilemok, ýöne türkmen primitiwisti - Bäşim aga, gürjilerde-de meşhur biri bar Pirosmani diýip.
umuman, ol pişikli, diwanly gürrüň realdyr Serdar kaka.
100-de 100 hakyky.
entek ol pişigi çagaka oýe getirişimi aýdamok :-)
olam bir duranja история.

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
Menem şonuň üçin diýýän-dä. "Synanyşmasaň bilmersiň" diýleni ýöne ýerden däl. Daniel Defo ýeke kitabyň meşhury (Dogrusy Robinzonyň ikinjisinem-ä ýazypdyr-la welin, men-ä okap görmedim). Başga-da şonuň ýaly mysallar taryhda köp.
Ol "stil-pistil", "sowat-powat", "ylym-sylym" diýilýän zat bolsa, elbetde gerek. Ýöne eger-de, diňe filologlardyr-lingwistler ýazyjy-şahyr bolmaly bolan bolsalar onda Zeminde milliardlap ýazyjy-şahyr bolardy. Onsoňam köp ýagdaýda edebiýat ugrundan bilimleriň ýazmaga zyýan edýän ýerem gyt däl. "Дерзает тот кто не знает или дилетант" diýilýär. Ýazyjy-şahyrçylykda professionallygy bolsa diňe halk bilen wagt kesgitleýär. Mysal üçin, edebiýatşynaslar häzirem Erih Mariýa Remarkyň romanlaryny "высокое искусство" diýip ykrar etmän, plebsiň ýöntem höwesini gyjyklap ýazylan zat diýip hasap edýärler. Emma, halk ýüz ýyla golaý wagt bäri onuň romanlaryny ürç edip okaýar. Menem aýrylyp bilmän okapdym.
Pişikli waka özüneçekiji ekeni. Şojagaz wakajygy "tagamly" edip ýazyşyňam, okaljak zat ýaly bolup göründi. Şonuň üçinem jinnek ýalam ironiýasyz: "ýaz" diýdim.
Eger-de ýazmasaňam, sýužetiňi "ogurlaýan" bir gün.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]