08:50
Näme boldy?
“Dünýäm, saňa näme boldy?”
Gurbandurdy Orazow


Ýaryň aýak yzy galan
Ýolum, saňa näme boldy?
Jemalyny gözlän sagym-
solum, saňa näme boldy?

Jogapsyz soraglar bile
Gezýän bagry dile-dile.
Guwanan Güle, Bilbile
Ilim, saňa näme boldy?

Küýsäp gijeleň daňyny,
Howluganym, wah, ýaňydy...
Syryp-süpüren gamymy
Silim, saňa näme boldy?

Ine, men – çensiz özgeren,
Sözde durmady Söz beren...
Köp aýralyga döz gelen
Bi:lim, saňa näme boldy?

Ýarym müşk saçýar saýryda,
Men ilerde, ol gaýrada...
Ýuwudyldyňmy?! Saýra-da!
Dilim, saňa näme boldy?..

15.01.2017ý.

Sapa HOMMADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.2/4
Всего комментариев: 14
0
14 mango   [Mowzuga geç]
Sapa saňa näme boldy? :-)
bellikleri ýetiripdirler (netije çykarybermeli)...
---
"Köp aýralyga döz gelen Bi:l"-e kän düşünmedim.
adatça bi:li zähmet bilen baglap bolar welin, aýralyk bilen nähili baglanýar?

Ýarym müşk saçýar saýryda,
Men ilerde, ol gaýrada...
Ýuwudyldyňmy?! Saýra-da!
Dilim, saňa näme boldy?..


"ýuwduldymy"-ny belläp geçdiler.
manysyna görä "men ilerde, ol gaýrada" aýralygy aňladýan bolmaly....
onda, dil näme sebäpden "saýramaly"?
saýramaklar - bagtdan saýramak, zaryn saýramak ýaly görnüş-görnüşdirem welin... şu ýerdäki saýramagam özümä ýerinde däl hasaplaýan.
---
Ýolum, sagym-solum, Ilim, silim, bi:lim, dilim size näme boldy?..
agzalanlara nägilelik bildirýäňmi Sapa kaka?
özüň nä jüre bolsaň, agzanlaryňam şo jüre diýäýsemmikä?
näme bolanam bolsa, goşgy aňyrdan dyňzap gelmändir ýaly.
dowam et.
üstünlikler.

0
12 Ahmet   [Mowzuga geç]
Adam alasy içinde diýilýäni dogry hä, Sapa. (goşga degişli däl)

0
Sögüşyän hazir

0
7 myhman   [Mowzuga geç]
ýolum, sagym-solum, ilim, silim, bi:lim, dilim
size näm boldy, näm boldy
size näm boldy, näm boldy

her ýerden tutdurypsyň öýdýän.

Ýaryň aýak yzy galan
Ýolum, saňa näme boldy?


şu iki setirde nosdalgiýa gitjek öýdýän diýdim. göni, indiki bende geçmäkä

Jemalyny gözlän sagym-
solum, saňa näme boldy?


diýdi oturberdi. bu iki setire düşünmedim (bu meň günäm). sag-soluň jemalyny gözlemesini gözöňüme getirip bilmedim.

mundan soňam her bendi başga zat diýýä.

Jogapsyz soraglar bile
Gezýän bagry dile-dile.


jogapsyz galan sorag(lar)yň başga sorag(lar)dyr welin, goşguda gaýtalanýan "saňa näme boldy" öňe çykýan ýaly bolup dur.

Guwanan Güle, Bilbile
Ilim, saňa näme boldy?


il guwanara başga zat tapan däldir-dä (ýa-da şol kapýada guwanara zat ýok).

Küýsäp gijeleň daňyny,
Howluganym, wah, ýaňydy...

Syryp-süpüren gamymy
Silim, saňa näme boldy?


birinji iki setir bilen soňky iki setiriň arasynda baglanyşyk tapyp bilmedim (olam meň sowatsyzlygym). siliň gamyňy süpürmegem birhiliräkmi?

Ine, men – çensiz özgeren,
Sözde durmady Söz beren...

Köp aýralyga döz gelen
Bi:lim, saňa näme boldy?


ýene ýaňky. aýralyk derdini bil bilen çekýän ekeniňdä. interesno (gowy manyda). gerdeniň çekenini bilem çeker.

Ýarym müşk saçýar saýryda,
Men ilerde, ol gaýrada...

Ýuwudyldyňmy?! Saýra-da!
Dilim, saňa näme boldy?..


ýene başky iki setir soňky iki setir.

znaçit hälki sözünde durmaýan ýar ýat ilde eken. olam bizden günortada eken.

gowja goşgularyňy okapdym.

0
13 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Syryp-süpüren gamymy
Silim, saňa näme boldy?

Gamymy gozyaslar bn aglap ýeňletýädim indi olam akanok diyen manyda

0
6 Atayew   [Mowzuga geç]
Ýuwudyldyňmy?! Saýra-da!

Şu setir tagaşyksyz, içki stopa saklanman, ritm bozulypdyr. Ony iň bolmanda:

Lal açdyňmy? Bol saýra-da,

diýip üýtgetseň, gowy boljak.

0
11 myhman   [Mowzuga geç]
"näme, diliňi ýuwutdyňmy?" diýip käýýelýär-ä. şoň täsirini bermek üçin ulandymyka diýýän men-ä.

şunýaly zatlary gowja ulanylsa erbedem bolanok goşguda. aklymda galan birini aýdaýyn

"(ahyry) bagtymy tapdym, ýatan ekeni"

birazajygam üýtgedýäler welin jaý bolýa.

siz menden gowy bilýänsiňiz welin, menem pikirimi aýdyp galaýyn diýdim, çekine-çekine.

0
1 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Dünýä diyyaniñ Dunyagozelmi?

0
2 Pegas   [Mowzuga geç]
Adam ady däl ol.

0
A çe adam hakda dalmi? Sorry men wara gün ýakyp baryarlay sagat 7 de

0
4 Pegas   [Mowzuga geç]
Adam bilen adam adynyň tapawudyny bilmek üçin salkyn howa zerurmy?

0
5 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Adam ady bolsa adam bolar _a hä? Kella agram salyañ

0
8 mango   [Mowzuga geç]
manysyz soraglara äwmäniňden gowusy ýokdur....
ýogsam lagyr-lagyr uza:r gider, Sapa daýy.
(men bagüliň soragy barada aýdan däldirin... umuman diýýän.)

0
Manysyzmy şu mango kelle?? Adam ady bolsa adam göz öñünde tutulyandyr a, goşulma wapşe sen, jogap berme senem

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: