17:46
Aýdylmaýan taryh: Osmanlyda gulçulyk
AÝDYLMAÝAN TARYH: OSMANLYDA GULÇULYK

Taryha aýratyn gyzyklanma duýýan adamlardan daşgaryn osmanly döwrüniň gulçulygy barada bilýänleriň sany az-az bolsa gerek. Osmanla garanda has köp az wagtlaýyn gulçulyk döwürlerini başdan geçiren birnäçe ýurduň taryh kitaplarynda jikme-jik maglumatlara ýer berilse-de, türk taryh kitaplarynda gulçulygyň üstünden göz ýumlup geçilýändigi diýseň ünsi çekijidir. Ýogsam bolmasa gulçulyk osmanly jemgyýetiniň ähli gatlaklary tarapyndan oňyn kabul edilen, dini we hukuk kadalary bilen berkidilen hem-de ýüzlerçe ýşyllap dowam edip gelen däpleriň biridi. Bu däbiň iň esasy pidalarynyň birem aýal-gyzlardy.
Biziň günlerimizde osmanly gulçulygynyň yzlarynyň ujypsyzlygy hemme zatdan ötri gulçulygyň sosial-medeni yzlarynyň ýok hasaplap boljak derejede galmandygyndan gelip çykýar. Günbatar ýurtlaryndaky gulçulygyň milletparazçylykly we synplaşdyryjy aýratynlygynyň has beter öňe çykýandygy gullaşdyrylan jemgyýetleriň taryhy we medeni aratapawudy döremegini üpjün edýär. Gullaryň döreden aýdym-sazlary, sungaty, edim-gylymlary sistemalaryň bize beren maglumatlaryndan has köp maglumat edinmegimiziň öňüni açýar.
Osmanlydaky gul eýeçilik düzgüninde bolsa, öz sakasyny yslam dünýäsindäki düzgünlerden alýandygy üçin milletparazçylykly ýa-da dini häsiýetli synpylaşdyrmalar ýokdy. Osmanlyda adamlaryň dinine ýa-da milletine garamazdan gullaşdyrmagyň ýoly açykdy. Gul eýeçilik düzgünine özboluşly “hyzmat ediş sektory” hökmünde garan osmanly ýokary gatlagynyň kemala getiren gurluşy Günbataryň düzgünlerinden düýpgöter tapawutlydy. Şonuň üçinem eksplutatirlenýän gullar gatlagy hiç wagtam belli bir umumylykda bolmady, bir ýere jemlenip, biri-birleri bilen gatnaşyk açyp, umumy medeniýet döredip, umumy miras galdyryp bilmändiler. Sistemada milletçilikli garaýşyň gönüden-göni ýüze çykyp durmaýandygy üçin gullaryň jemgyýete erkin şahslar hökmünde integrasiýalaşyp gitmeginiňem ýoly açyk bolupdyr.

GULUŇ ÝOLAGÇYLYGY

Osmanly imperiýasynyň gul çeşmeleri dürli-dürlidi. XIV asyrda Anadolyda we Balkan ýurtlarynda gurlup başlanan Osmanly agalygynyň netijesi hökmünde musulman däl ýaşlar ýesir alnypdyr. Şol ýesirler hem ýaňy ösüp barýan ýaş döwletiň iň köp zerurlyk duýýan ýerlerinde, ýagny goşunda ulanylypdyr.
Osmanlynyň harby talaplary ilkibaşdaky döwürlerindäki ýaly zerurlyk duýman başlan wagtyna ýetensoň, gullar dürli işlerde ulanylmaga başlanypdyr. XV-XVII asyrlarda gullaryň hojaýynlarynyň howlusynda garawulçylyk çekendigi, bagbanlyk edendigi, ýer sürendigi, hammalçylyk edendigi köp gabat gelnipdir.
Aýal-gyzlaryň gulçulygy (gyrnak) bolsa Osmanlyda XV asyrdan başlap güýje köp aýally erkek agalygy bilen baha berilmegi netijesinde öňküsinden has giň gerim bilen ýaýrapdyr. Köpçüligiň gözünde güýçli saýylýan erkegiň haremhanasynyň uly, aýallarynyň sanynyňam köp bolmagy gerekdi. Patyşanyň äpet haremhanasyndan öňe geçmezlik şerti bilen Osmanlynyň ähli begzada gatlagy uly haremhana saklamak üçin ummasyz pul harçlapdyr. Ýörişlere gatnaşýan serkerdelere haremhana üçin pul sowrup ýörmegiň hökmanlygy bolmandyr. Olar ýörişe giden ýurtlardan olja hökmünde islän aýal-gyzyny saýlap-seçip alybilipdir.
Osmanly aristokratiýasynyň gyrnaklara bolan islegini kanagatlandyrmak üçin gul söwdasy barha güýçlenipdir. Stambuluň Kapalyçarşy diýen ýerine golaý häzirki “Nur-i Osmaniýe” metjidiniň ýerleşen ýerinde osmanly aristokratiýasynyň ýaşaýan raýonlaryna golaý gurlan gul bazary bar eken. (Bu ýer wizantiýa döwründe-de gul bazary bolupdyr.)
XV asyryň ahyrlarynda we XVI asyrda osmanly agalygynyň kanonik derejesine çykan döwrülerinde hususanam Ortaýer deňzinde deňiz garakçylarynyň işjeňligi artypdyr. Deňiz garakçylary şeýle bir güýçli, şeýle bir eýmenç bolupdyrlar welin, olar diňe gämilere däl, deňize golaý sebitlerde ýerleşen şäherlere we obalara hüjüm edip, görmegeý aýal-gyzlary ýesir edip alyp gidipdirler. Alnan ýesirleriň iň owadanlarynyň bolsa barmaly ýeri belli bolupdyr: Stambuluň gul bazary. XVII-XVIII asyrlarda osmanly aristokratiýasynyň ep-esli böleginiň ýaşaýan Kairinde hem uly gul bazary bar eken, ýöne bu bazaryň söwdasy Stambuldaky ýaly uly girdejili bolmandyr.
Stambulda iň owadan gyrnagyň bahasy 10 müň akça golaý bolupdyr. Müşderisi köp bolanda bu baha 20 müňe çenli ýokarlanypdyr. Häzirki hasap bilen alanda 23 müň türk lirasyna barabar bolýar. (Osmanlynyň gulçulyk taryhy boýunça iň ýokary baha bilen 48 müň akça satylan gul bir erkek bolupdyr.)
Gyrnaklaryň Osmanla ýene bir geliş ýoly hem daşary ýurtlaryň “peşgeş” hökmünde bermegidi. XVII asyryň osmanly sadrazamy (baş wezir) Mälik Ahmet paşa bir gezek 70 sany ýaş gyz we oglan sowgat berlipdir. Osmanlynyň düzümine girýän ýurtlaryň daşary ýurtly dikmeleri ýygy-ýygydan hökümdara, sadrazama, beglerbeglerine gyrnak ugradyp durupdyrlar. Sowgatlyk gyrnaklaryň has gowulary saýlanyp alnyp, galanlary dost-ýarlara, tanyş-bilişlere paýlanypdyr.

GULUŇ STATUSY

Osmanly imperiýasyndaky gul eýeçilik düzgüni yslam kada-kanunlarynyň täsirinde bolansoñ, jemgyýetdäki statusy hem dürli-dürli bolupdyr. Osmanly kanunlary guluňam “adamdygyny” bilmän durmandyr we gullara başga bir barlyk, ikinji derejeli gatlak, pes jynsly mahluk gözi bilen seredilmändir. Şonuň üçinem Osmanlyda umuman alanda-da, döwürleýin alanda-da gullara görnetin gyýa göz bilen seredilipdir diýen maglumata duşmak kyn.
Osmanly hukugy gul eýeleriniň oý-pikirleri bilen ýazylanam bolsa, öz gezeginde gullara-da birnäçe hak-hukuklary beripdir. Iň esasysy-da, guluň özüne ýaramaz çemeleşilýändigi üçin hojaýynyň üstünden arz etmäge hukugy bolupdyr. Haýsydyr bir guly bilkastlaýyn öldürmegiň ýeňilleşdirýän tarapy bolmandyr. Aýratynam yslam hukugy gula öz azatlygyny satyn alyp bilme mümkinçiligini beripdir. Şeýle-de, “mükatebe” (borçnamalaýyn şertnama) diýip atlandyrylan şertnamaly gullar belli bir wagtdan soň azatlygyna gowşup bilipdir, ýa-da eger özi islese hojaýynyň ýanynda galyp, şertnamasynyň möhletini uzaldyp bilipdir.
Gyrnak düzgüni Osmanlydaky ýa-da yslam dünýäsindäki gul eýeçilik düzgünlerinde jynsy zorlugyň iň agyr görnüşlerini başdan geçiripdir. Günbataryň gul eýeçilik düzgünlerinde jynsparazçylykly, gul-gyrnagy adam hasabynda görmeýän çemeleşme bolandygy üçin golastyndaky gul-gyrnaklar bilen ýakyn gatnaşyga giren gul eýeleri diýseň az bolupdyr. Osmanlyda bolsa hojaýynlaryň gyrnak edinmäge bolan düýp islegleriniň özeninde jynsy açgözlük bardy.
Gyrnaklaryň hak-hukuklary-da şu ýagdaýa görä kesgitlenipdir. Gyrnak hojaýynyndan çaga (ümmi-welet) dogran ýagdaýynda, onuň gul bolmadyk beýleki aýallary bilen deň hukuga eýe bolup bilipdir. Gyrnak özüni aýal edip aljak biri çyksa, hojaýynyndan rugsat almaly we şeýle ýagdaýda gyrnagy nikalap almaga isleg bildiren kişi gul eýesine ep-esli pul tölemeli bolupdyr. Gyrnagyň başga biri tarapyndan satyn alynmagyna bolsa seýrek gabat gelnipdir.
Hojaýynynyň öýünden gaçan gullara köplenç gamçy jezasy berlipdir. Gul eýesiniň guldan görýän peýdasyny pese düşürmekden çekinip, bu jezalary has ýeňil görnüşlerde berendigini aýtsa bolar.
Gaçgak gullary tutmak üçin “ýawajy” diýilýän yzçy-awçylar hususanam Stambulda we Bursada bolar eken. Hakynatutma ýaragly ýawajylar eýesinden gaçan gullaryň yzyny yzarlap ele salypdyr we olary eýesine gowşurypdyr.

JEMGYÝET ARASYNDAKY GULLAR

Osmanlyda gullaryň aglaba köpçüligi 7-8 ýylyň dowamynda azatlyga çykyp, jemgyýete garylyp-gatylyp gidipdir. Mundan başga ýagdaýda gul garranda erkinlige çykarylypdyr. Şonuň üçinem asly gullardan bolan birgiden ilat emele gelipdi. XVI-XVII asyrlarda Stambuluň ilatynyň 20%-niň, Bursanyň ilatynyň 50%-niň aslynyň gul bolandygy barada maglumatlar bar. Gullar azat edilenden soň imperiýanyň söwda we adminstratiw nokatlaryndaky garamaýak ilaty emele getiripdir.
Izmiriň Sabyrtaşy, Dolapguýy, Tamaşlyk, Ikiçeşmelik we Ballyguýy raýonlarynyň ilatyny XIX asyrda dolulygyna afrikaly garaýagyzlar düzüpdir. Bu gullaryň ählisiniň ata-babalary Osmanla ekin meýdanlarynda işletmek üçin getirilen we garransoň azat edilen gullar eken.
1847-nji ýylda çykan bir perman esasynda Osmanlynyň çäginde ýaşaýan ähli gullar azat edilipdir. Hiç mahalam gullar boýunça anyk statistika ýöredilmedik Osmanlyda harby işlerde ulanylan gullary-da hasaba gatanyňda 500 ýylyň dowamyndaky gullaryň sanynyň millionlarça bolandygyny çaklasa bolar. Ýagny häzir dogduk mekany Anadolyda bolan ildeşlerimiziň agramly böleginiň ata-babasynyň bu ýerlere Orta Aziýadan at çapyp däl-de, gul bolup gelendigini aýtsak, gaty bir öte geçmesek gerek.

Dogan BARYŞ ABBASOGLY.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 126 | Добавил: Haweran | Теги: Dogan Baryş Abbasogly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 8
0
8 Gökböri   [Mowzuga geç]
"Badalgam Merw" türk ýazyjysy Mustafa Nejati Sepetcioğlunyñ 12 kitapdan ybarat epopeýasynyñ birinji romany. Osmanlynyñ gurulan wagtynda eyyäm Seljuklylar ýok Ependi aga.

0
7 Gökböri   [Mowzuga geç]
"Italiýada “Mamma Li Turchi….” (Ejeee… Türkler gelýär!) sözi diýseñ meşhurdyr. Mundan 500 ýyl öñ türk deñiz garakçylarynyñ iñ köp barýan ýeri Sisiliý adasy we Italiýanyñ kenarýaka zolaklarydy. Türk garakçylary kenarýaka obalaryna we şäherçelerine ýygy-ýygydan çozýandygy üçin halk köpçüligi gorkunjyna “Mamma… Li Turchi…” (Ejeee… Türkler…) diýip bagyryşyp gaçýan ekenler. Bu söz eýýäm ýüzlerçe ýyl bäri Italiýada ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz Italiýada gorky bilen birlikde bir “nesil” hem miras galdyrypdyr… Şol nesil häzir “Türk” familiýasyny göterýär, ýöne özlerini italýan saýýarlar. Bularyñ köpüsiniñ ady Turk, Turko, Turçi, Turçini, Turçiarelli we ş.m. Italiýada diñe telefon sprawoçniklerine seretseñizem müñlerçe Türk adyna gabat gelersiñiz. Italiýa demirgazykdan giren türk basmaçylarynyñ (akynjylarynyñ) we günortadan giren türk garakçylarynyñ miras galdyran nesli şindi özlerini italýan sanýar, ýöne şonda-da Türk atlaryny üýtgedenoklar."
http://kitapcy.com/news/2020-11-13-12656
/"ItalýanlardaItalýan dilinde abanyp gelýän howpy duýdurmak maksady bilen "Mamma li Turchi!" sözi ulanylýar. Manysy "Waý, ejejan, türkler gelýär!" diýmekdir."
http://kitapcy.com/news/2019-04-18-6541

0
6 Ependi   [Mowzuga geç]
"Badalgam Merw" diyen kitaby okap gordunizmi?! Birwagtlar turklerden - turkmenca terjime edilen taryhy roman bolmaly. Ol kitaby durshuna okadym, yone taryhyna kanbir ynanmadym. Yone shonda Osmanly bilen Seljuklaryn name ucin agzala bolup, yurdy iki tarapa bolyanine cenli dushundirilyar.

Gullar hakynda aydylanda, hemme yerinem garayshy bir bolaymasa. Gul diylende, shu wagtky turmedaki adamdan tapawudy yok, shol dowur bilen garanynda.

0
5 Haweran   [Mowzuga geç]
Minnetdar agam, gmail-den yazayñ, agza bolmaga yardam ederis.
hasturkmen84@gmail.com

0
4 asd   [Mowzuga geç]
Gowy

0
3 Nusaý   [Mowzuga geç]
Haweran, Siz şu saýdyň admini diýip çak etdim! Sebäbi aglaýa temalary açýan, maglumatlary goýýan Siz ekeniňiz! Men özüm-ä dogrusy myhman bolup teswir goýýan, saýda-da aýlanyp ýörkäm gabat geldim. Gaty gowy saýt ekeni, gyzykly maglumatlar hem bar ekeni! Agza boljak boldum, soralan zatlary doly we dogry ýazsamam häzirlikçä başaramok. Mümkin bolsa bir ýardam berseňiz ýa-da ugryny ýolyny öwretseňiz gaty minnetdar bolardym.

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Bolar, hökman bolar.

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
@Haweran, Osman Öde bilen Nobatguly Rejepowyň söhbetdeşlikleri bar eken saýtda. olaram nomerlenipdir. şoň üçünjisini tapmadym welin, ýardam berip bilmezmiň, haýyşt etsem?

öňünden minnetdarlyk bildirýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]