13:27
Müsür piramidalaryny kimler gurdy?
MÜSÜR PIRAMIDALARYNY KIMLER GURDY?

Olar “gelmişeklerem” däl, ýiten Atlantidanyň halkam däl

Arheologik gudrat hasaplanýan Müsür piramidalaryny kimiň gurandygy henize bu güne çenli jedelli soraglaryň biri bolup geldi. Bu hakdaky teoriýalaryň birinde gul edilen ýewreýler, başgasynda ýiten Atlantida şäheriniň ýaşaýjylary, ýene birinde bolsa başga planetalardan gelen gelmişekler bu gudratlary bina edenler hasaplanýar.
Ýöne bu teoriýalaryň hiç birini goldar ýaly ýeterlik subutnama ýok.

Piramidalary ýewreý gullaryň gurmaga haky ýok

Arheologik barlaglaryň netijesine görä, Gizadaky piramidalaryň gurlan wagty bolan 4500 ýyl ozalky Müsürde ýewreýleriň bolandygyny görkezjek arheologik galyndylaryň hiç birisi tapylmady. Şeýle hem, Müsürde gul bolan ýewreýleri gürrüň berýän ýewreý Injilinde “Ramesses” diýen şäher barada gürrüň berilýär. pi- Ramesses atly bir şäher 19-njy dinastiýa (b.e.öň 1295-1186 ý) döwründe düýbi tutulyp, oňa faraon Ramzes II-niň (b.e.öň 1279-1213ý hökümdarlyk eden) ady berlipdir. Bu şäheriň gurlan wagty Müsürde piramidalaryň gurlan wagtyndan soňdur.
Bizde irki ysraýyllylaryň Müsürde bolandygy hakda ýeke agyz tutaryk söz ýok: ne ybadathananyň oýulyp ýazylan ýazgylarynda, ne mazar ýazgylarynda, ne-de papiruslarda” diýip, arheologlar Israel Finkelstein bilen Neil Asher Silberman özleriniň “Injiliň üsti açylýar: Gadymy Ysraýyl we onuň mukaddes ýazgylarynyň gelip çykyşy barada täze arheologiki garaýyş” (2001 ý) diýen kitabynda ýazýarlar.
Atlantida barada aýtsak, hiç bir taryhy döwürden bu şäheriň bolandygy barada arheologik subutnama tapylmady. Alymlaryň köpüsi bolsa Atlantidanyň toslama ertekidigine ynanýarlar. Gelmişekli gürrüň bolsa düýbünden başga zat.
Hakyna seretseň, piramidalary gadymy müsürlileriň gurandygyna ähli subutnamalar şaýatlyk edýär diýip, ýegiptologlar belleýärler. Ýöne olaryň ýaşaýyş we iş şertleri, töleg ýagdaýy we öwez tölegi henizem öwrenilýän syr bolmagynda galýar.

Piramidalar we olaryň gurluşykçylary

Müsürde 100-den gowrak piramida bar, ýöne iň meşhurlary faraon Djoseriň höküm süren döwründe (b.e.öň 2630-2611) gurlan ilkinji basgançakly piramida hem-de faraon Snefrunyň hökümdarlygynda (b.e.öň 2575-2551) gurlan ilkinji hakyky piramida, ýagny gapdallary tekiz piramidadyr. Bu hakda Mark Lehner 2008-nji ýyldaky “Piramidalaryň jemi: gadymky syrlary açýarys” kitabynda aýdyp geçýär. Beýik Piramida faraon Khufunyň hökümdarlyk eden döwründe (b.e.öň 2551-2528) Gizada gurlupdyr.
Lehneriň ýazmagyna görä, Täze Şalyk döwründe (b.e.öň 1550-1070) faraonlar kem-kemden piramida gurmaklaryny togtadypdyrlar. Oňa derek olar Gizadan 300 mil (483 km) günortada ýerleşýän Şalar Jülgesinde jaýlanmagy saýlapdyrlar. Soňky ýyllaryň dowamynda arheologlar piramidalary kimleriň gurandygy we olaryň nähili ýaşandygy barada täze subutnamalar tapdylar.
Biziň günlerimize gelip ýeten ýazgylarda, şol sanda Müsüriň Gyzyl deňiz kenaryndaky Wadi al-Jarfda 2013-nji ýylda tapylan papirus ýazgylarynda uly işçi toparlaryň Giza material getirmäge kömek edendikleri barada ýazylan. Wadi al-Jarfda tapylan papirus ýazgylary Merer atly inspektoryň ýolbaşçylygynda 200 adamdan ybarat işçi topary barada gürrüň berýär. Bu topar Nil derýasynyň üsti bilen Turadan Giza hek daşlaryny daşapdyrlar. Gizada bolsa bu daşlary ýadygärligiň daşky gatyny gurmak üçin ulanypdyrlar.
Geçmişde, ýegiptologlaryň pikiriçe, gurluşykçylar möwsümleýin daýhanlar bolup, olar ýylyň oba hojalyk işiniň az wagty piramidalary gurupdyrlar. Emma, munuň dogrudygy-däldigi entäk näbelli. Piramidalaryň taryhyny beýan edýän papiruslary okamak we derňemek işi häzirem dowam edýär. Häzire çenli çykan netijelere salgylansak, Mereriň topary diňe bir gurluşyga kömek etmek bilen çäklenmändirler. Olar Müsüriň köp bölegine, ähtimal Sinai çölüne çenli syýahat edip, özlerine tabşyrylan dürli gurluşyk proýektlerini amala aşyrypdyrlar. Bu ýerden möwsümleýin daýhanlaryň öz ekin ýerlerine dolanyp barjakdygyny, hemişelik professional gurluşykçylaryň bolsa uly proýektleri amala aşyrmaga ukyplydygy baradaky soraglar orta atylýar.
       Papiruslarda ýazylmagyna görä, işçileriň iýmit berhizine hurma, gök-önümler, guş eti we et degişli bolupdyr. Bu barada papiruslary tapan toparyň ýolbaşçylarynyň biri bolup, olary terjime edýän Pariž-Sorbonne Uniwersitetiniň ýegiptolog professory Pier Tallet Live Science žurnalyna aýdyp berdi. Bu sagdyn berhizden daşgaryn, işçilere şol wagtlar puluň bir görnüşi hasaplanýan dokma önümleri yzygiderli berlipdir.
Mundan başga-da, piramidalaryň gurluşygyna gatnaşan ýokary wezipeli çinowniklere ýer peşgeşleriniň berlen bolmagy ähtimal diýip, Massaçusetdäki Gadymy Müsüri Öwrenýän Ýaranlygyň (AERA) direktory Mark Lehner aýdýar. Taryhy ýazgylarda Müsüriň taryhynyň belli-belli döwürlerinde çinowniklere ýer peşgeş berilýän eken. Ýöne, şeýle ýerleriň piramidalaryň gurluşygyna gatnaşan çinowniklere berilendigi heniz belli däl.
Lehneriň topary Gizada Menkaur piramidasyny guran birnäçe gurluşykçylaryň ýaşan bir şäherinde gazuw agtaryş işlerini alyp barýarlar. Arheologlaryň häzire çenli tapan subutnamalary bu şäheriň gadymky ýaşaýjylarynyň köp mukdarda çörek bişirendigini, müňlerçe haýwanlary gurban edendigini hem-de köp piwo gaýnadandygyny görkezýär. Şol ýerden tapylan haýwanlaryň süňklerini we işçileriň iýmit zerurlygyny hasaplap, arheologlar işçiler üçin her gün ortaça sygyrlardan, goýunlardan we geçilerden durýan haýwanlaryň 1800 kilogramy öldürilendir diýip çaklaýarlar.
Piramidalaryň golaýyndaky mazarlarda jaýlanan işçileriň galyndylary olaryň oňat bejerilen süňklerini, munuň üsti bilen bolsa şol wagtky mümkin bolan medisina kömeginiň işçiler üçin elýeter bolandygyny görkezýär. Piramidalary guranlaryň baý berhizi, lukmançylyk üpjünçiligi we töleg hökmünde dokma önümlerini almagy ýegiptologlaryň olaryň gullar däldigi barada ylalaşmagyna getirdi.
Ýöne bu işçileriň ählisiniň deň derejeli öýlerde ýaşandygyny aňlatmaýar. AERA-nyň tapan tapyndylary ýokary derejeli çinownikleriň uly jaýlarda ýaşap, gowy et iýendiklerini görkezýär. Tersine, pesräk derejeli işçiler ýönekeý öýlerde ýa-da piramidalaryň içindäki kabinalarda yatypdyrlar diýip, Lehner aýdýar.

Owen ÝARUS.

# "Live Science e-žurnaly.

Terjime eden: Güljan ÇARYBERDIÝEWA.
Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 161 | Добавил: guljancharyberdiyewa | Теги: Owen Ýarus | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 10
0
10 Durnuksyz   [Mowzuga geç]
Islendik ýazar òz ýazýan zadynyñ gyzykly özüne çekiji bolmagyny isleýar. Onsañ çişirme mahabatlandyrma we ş.m

0
9 Durnuksyz   [Mowzuga geç]
20 tonluk daş diýýaniñiz gips ýaly bir zatdan guýlup wagtyñ geçmegi bilen daşa öwrülip giden bolmaly.

0
8 Ependi   [Mowzuga geç]
Ol dowurler dinozawrlara yuklap akelen bolaymasalar, 20 tonnalyk dashlary. Pylan diysem yalancy...

0
7 myhman   [Mowzuga geç]
her gezek bir topar zat ýazsamam, aýdaýyn diýýän zatlarymdan ýatdan çykyp galýanlary bolýa. bärdede köp. ýekejesini bir aýdaýyn.

- Häzirki wagtda tehnologiýa taýdan dünýäniñ iñ öñdebaryjy ýurtlaryndan hasaplanýan Ýaponiýa hem Heops piramidasy ýaly binany gurmakdan ejiz gelýär.

1923-de şeýle bolmagy ahmal. häzir beýledir öýdemok.

häzirki döwürde adamlar ýerşaryny birnäçe gezek okundan sypdyryp biljek derejede energiýany ýasadylar. 20 tonluk taş dagy näme(jik).

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hany bi jady usuly bilen galdyryldama diyilyar Pramidanyn äpet kerpicleri

-1
5 myhman   [Mowzuga geç]
ýokarky makalaň täzeräk ýazylany bildirýä. sitatalar bar. "Papiruslarda ýazylmagyna görä..." diýmesi hakykata golaýladýa. anyk bilmeýän ýerleriniň çaklamadygyny aýdýa.

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
iki makalanam okadym. ikisem gyzykly.

"ährem" sözüniň gelip çykyşam gyzykly boldy.

bir mahal bir gepleşik bolýady ady ýadyma düşenok. "необъяснимо, но факт" bolmaly öýdýän. @Haweranyňky şo gepleşigi ýatlatdy. makala birhili ylmy makala däl ýaly. öňüne çyzyjak goýlup ýazylan maglumatlar dogry bolup biler. ýöne ondan adatdan daşary güýç bar ýaly etmek nädogrumyka diýýän. mysal üçin şü

- Piramidalaryñ içinde hiç hili elekrtik enjamy, aragatnaşyk serişdesi işlemeýär. Munuñ sebäbini bolsa hiç bir alym bilenok...

telefon tutman biler (biziň liftimizde, podwalymyzda-da tutanok), ýöne elektrik enjamy işlemeýär diýýäni ynandyryjy däl.

1923-nji ýylyň 13-nji fewralynda... diýip başlaýan waka taryhy waka bolmaly. şonuň üçin ondaky ölümler dogrudyr. oňam ylmy (logiçnyý) düşündirişi bardyr. o-ol ýyllar bilmedik bolmaklary ahmal.

şu taryhy wakaň şu

Ýüzlerçe tomaşaçy muzeýdäki mumiýany görmäge baranynda has eýmenç waka bolýar. Aýna sarkofagyň içinde ýatan jeset elini gapdala taşlaýar, aýna sarkofag döwülýär, jeset gorkunç ses edip, boýnuny bir tarapa gyşardýar.

rowaýaty bolsa düýbünden ynandyryjy däl.

howwa, "Taryh gaýtalanýar...". faraonlaň döwründe faraonlary döwürdeşleri adatdan daşary güýli (gudratly) etjek bolupdyrlar. indem ýokarky rowaýat ýaly zatlar bilen biz etjek bolýas.

elim boşasa birinji bilen şuny Osman Ödäýew, Nobatguly Rejebow "Bu dünýä Hudaýyñ fantaziýasydyr..." okajak.

0
3 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
diyip*

1
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Piramida sözüni biziñkiler "ährem" diýip alypdyrlar we bu barada biziñem taýýarlan makalajygmyz bardy :)
http://kitapcy.com/news/2020-03-30-11052

0
2 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Hawa, ozalky bar bolan mowzuklary okadym muny goshmakam, onsoñ sözme-söz gabat gelenok eken goshdum

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]