06:55
Ýagşydyr
ÝAGŞYDYR

Özüňi adam saý, etmegin minnet,
Ile şyltak atyp, etme hyýanat,
Bu işlerden ahyr çykar gabahat,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Käbäňi, kyblaňy sylamaklyk parz,
Oňarsaň haramydan sorama karz,
Anygyna ýetmän hiç etmegin arz,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Çagalarňy söýseň çyn ýürekden söý,
Olara azgyrlyp, gazaplanma goý,
Karz-kowal alyp eýlemegin toý,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Aýalyňa çişip hökümsireme,
Aýaly pes saýyp akylsyrama,
Akmak boldugyňdyr nähak darama,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Goňşy-golam bilen bol mylakatly,
Ogurlykdan ýygnap bolmarsyň zatly,
Ataň ady bilen bolmarsyň atly,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Aslynda hiç kese basdaşlyk etme,
Taýýarlanman uzak ýollara gitme,
Gerek boljak zady hiç wagt satma,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Çala sowat kişiň minnetin çekme,
Gögertmejek bolsaň tohumyň sepme,
Günäňi ýuwmakçy sapalak atma,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Günäsize toslap günä ýüklemek,
Bigünäni ogryn ýerde saklamak,
Aňyrsyna ýetmän birin aklamak,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Adamyň ýok wagty gürrüňin etmek,
Duýdansyz giräýse ýylgyryp bakmak,
Dogrusyny aýydýanyň agzyny ýapmak,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Ogurlyk zatlardan satyn almaklyk,
Ogra şärik bolup, ile dolmaklyk,
Arzan alyp, juda gymmat satmaklyk,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Tanalmaýan ýerde gomparyp ýörme,
Özüňi illerden ýokary saýma,
Bir diýeniň tutup, gaýtalap durma,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Sözleýän adamyň dözüni kesme,
Bilýän kişi bolup, gepiňi sokma,
Gaýratyň çatmajak ýerinde bökme,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

Eginbaşa garap baha bermegin,
Barmagyň çommaldyp, güjäp durmagyn,
Dogry gelen kişiň ýüzün almagyn,
Hemme ýerde adam bolan ýagşydyr.

07.08.2011 ýyl.

Meýlis HASAR.
Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: