05:43
"Tanyş ýollañ, gumaksyja ýodalañ..."
"TANYŞ ÝOLLAÑ, GUMAKSYJA ÝODALAÑ..."

Tanyş ýollaň, gumaksyja ýodalaň
Gursagyna howur beren höwürtge –
Ak mekdebim! Sen öňümden çykýarsyň,
Hyýal guşum ganatyndan öňürtse.

Şatlyklar, gussalar, ýyllar hem ýollar...
Bir pursatda baryn gyra süýşüre,
Şindizem bir zada begenjek bolsam,
Öňinçäsi sen girýärsiň düýşüme.

Ynha, “A” harpyndan arşa göterip,
Ömrüme ak ganat eçilen ýeriň...
...Hasam hoş bolardym mugallymlarym
Gaýtalanda öňki geçilenleri...

Ýene şol pursatlar doldy-da kalba,
Geldim bu gün huzuryňa salama.
Geldim, ynha, ömür kitabyn açyp,
Şo-ol geçilenleri gaýtalamaga.

Kakamyrat REJEBOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 10
0
10 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ataýew,"metbugata dözülmändi" .Ýagny,çap edilmedimi ýa da şahyryñ özi hödürlemedimi?
Aýdýan zatlaryñyzyñ ählisem dogry zatlar.Siziñ şol neçüýnli maslahatyñyzyñ alynan görnüşine de alynmadyk görnüşine de kän gabat geldim halypañ goşgularynda:
"Aý-ýyllary ylla gar deý togarlap
Nämçûn yza dolananmy sorama"
Ýa-da
"Neçüýn maña jogabyñ
Dymmak boldy-la dünýäm"
ýa-da
"Kalbyñ sary ugran umytlam neçüýn
Buz deý bakyşlañda büdreýär taýýar."
Meñ özümem şahyrlaryñ goşgularyna baha berilende bir sözûñ ýa-da sözlemiñ ýalñyşlygyna seretmän döredijiliginde goýberýän umumy ýalñyşlyklara seretmegiñ tarapdary.Sizde de şol umumy analizlemäni görýän.Bu gowy zat.

0
8 eatayew33   [Mowzuga geç]
Ýogsa-da, ýene birine bir zatlar diýdirip, günä götermezden öňürti aýdyp galaýýn: "dek" — "deý"-li gürrüň maňa degişli däl. Gurbannazaryň poeziýa hakdaky pikirlerinde okapdym. Öz göwnüme jaý bolansoň, Kakamyrat bilenem bölüşdim.

0
9 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Maslahatam tanyşlyga seredip alyan bolmaklary mumkin. Şo sebapden maslahat beremok men ä, ansat añsat. Tanşym ýoklay

0
7 Gökböri   [Mowzuga geç]
Hyýalkeş dogan "Süyde siñe seretseñ gan görner" diyipdirler. Gowy göryän şahyryñmy okabermeli bolar bunuñ ýaly birtaraply we yok yerden yalñyşlyk gozleyänleñ gepine gulak gabartma.

0
6 eatayew33   [Mowzuga geç]
Nurgeldiýewa, Kakamyrat ýaşlygyndanam ylymly bolan oglanlaryň biri, ýöne poeziýanyň inçe syrlaryny edil mekdep programmalrynda öwrenäýmek kyn. Meniňem "ýalňyş" diýýänlerim beýlebir gödek ýalňyşam däldi, ýöne döredijiligini gowy görýän hemem maslahatyňy alyp biläýjek adamyň döredijiliginde şojagaz изянlaryňam bolmazlygyny isleýäň-dä.

Birinjisi: Kakamyrat "nämçün" diýen sözi şu görnüşinde gaty kän ulanýardy. Käteler bogun sanyny deňlemek üçinem şeýderdi. Üns berseň welin, şony "näm üçin" ýa-da "näme üçin" diýip almak üçinem setirden başga sözlerden bogun "ogurlap" bolýardy. Juda bolmasa, ony "neçüýn" diýibem ýazyp bolýardy. Ylalaşdy.

Ikinjisi: şahyrlar goşgularynda "dek" sözüni köp ulanagan bolýarlar. Onuň bolsa "deý" görnüşi goşgynyň şahyrana ýaňlanmagy üçin has oňaýly. Dogry, kä ýerlerde "deý"-den "dek" has gowy ýaňlanýar hemem goşgyň manysyny has gowy berýär. Bu ýagdaý şol "dek" sözüniň töweregindäki, has dogrusy, şol "dek" sözüne baglanyşýan sözüň özi ýaly "gödek" formasy bolan ýagdaýynda şeýle bolýar. Mysal üçin: "sen deý gözel", "sen dek gözel".

Üçünji maslahatym logika bilen baglydy.

Goşgularyny aýdyp biljek däl, sebäbi şol döwürde-hä olaryň hemmesi metbugata dözülmändi...

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ataýew,şol ýalñyşlyklar hemem ugradan goşgulary ýadyñyza düşýän bolsa detallary bilen aýdyp beräýiñ.

0
4 eatayew33   [Mowzuga geç]
Kalamyrat döredijiligiň gyrasyndan ýaňy girip başlanynda, umumy tanşymyza onuň goşgularyny gowy görýändigimi aýdypdym. Tanşymyz gürrüňi oň ýanynda agzapdyr. Olam birnäçe goşgularyny iberip, pikirimi aýtmagymy sorapdyr.
Has köp gaýtalanýan üç sany ýalňyşyna, şeýle hem dyngy belgilerine üns bermek üçin olar barada köpüräk okamagy maslahat beripdim.
Sagbolsunyny aldym, döredijiligini yzarladym: söz eýesini tapypdyr diýibem begendim.
Ondan bäri esli ýyl geçdi, gazet-žurnal okamanyma-da şonçarak wagt bolandyr,belki, Kakamyradyňam ýadyndan çykandyryn...
Indi käteler internediň çäklerinde onuň goşgularya duş gelenimde, onuň şo-ol özüne sapak edinen ýalňyşlarynyň gaýtalanýandygyny görüp, ajy ýylgyraýýan...

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Baş üstüne:)
Halypamyñ adwokat (aklawjy) zerurlygy bolmasa da.Kakamyrat Rejebowyñ döredijiligi pikir çuñlugy,şahyrana duýgusy bilen maña iñ täsir edýän döredijilik.
Ilki gaýtalamak epizody babatda aýtsam,şahyryñ başga da käbir goşgularynda şeýle tilsime duş gelmek bolýar:
Birinji bent:Ýadyñdamy gulpajygyñ tasadyp,
Belent depä oýnamaga geleñde
Birzatjagaz gizlärdiñ de aýañda
Jedirdärdiñ:"Bil dä haýsy elimde"

Ikinji bent:
Menem ykbal çözýän ýaly hamana
Jogap be:rdim çyndan çenenip çaklap
Köplenjem çaklamam sowa düşerdi
Begenerdiñ gülerdiñ sen jak jaklap.
(Arada bir-iki bent bar)
Jemleme:
Karam oýnumy bu täsin durmuşyñ
Ýa duýgy şalygmyñ talandygymy
Henizem bilemok sada yşgymyñ
Señ haýsy eliñde galandygyny

Indi ýodalañ gursagyna howur bermäge meñ dûşünişim
Okuwçyñ gözüne şol gumaksy ýoda yssy görünýär.Sebäbi ol mekdebine eltýär.Ýagny okuwçyñ pikriçe şol ýoda howur beren,ony mähirli edip görkezýän zat mekdebine barýanlygy.
Ikinji belligiñizde aşagy çyzylýan zat mekdebiñ "öñki okuwçysynyñ"hyýalyna gelýänligi.Mahal mahal ýadyna düşýänligi diýip pikir edýän.
Üçünji bellik barada:
Ilki soñky iki setirini kabul etmeli:
Ýagny liriki men pikir edip görýär welin köplenç özüni begendirjek hadysalar ýûze çykmagyndan öñ mekdebini düýşde görýändigine dûşünýär.Şol dûýşde görmegem onuñ geçen ýyllaryny şatlygyny gussasyny ählisini bir gyra sûýşürip has dogrusy ýatdan çykardyp şol kir kimirsiz çagalyk ýetginjeklik ýyllaryna dolaýar.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Tanyş ýollaň, gumaksyja ýodalaň
Gursagyna howur beren höwürtge –


"höwürtge" - mekdep bolmaly, mekdep näme sebäpden ýollaryň, ýodalaryň gursagyna howur berýär? howruny oňa gatnaşan çagalara beräýjek ýaly...

Ak mekdebim! Sen öňümden çykýarsyň,
Hyýal guşum ganatyndan öňürtse.


mekdep öňüňden çykýarmy ýa hyýalyň mekdebe barýarmy? haýsysyna aksent edilýär (aşagy çyzylýar), çykmagynamy ýa barmagyna?

---

Şatlyklar, gussalar, ýyllar hem ýollar...
Bir pursatda baryn gyra süýşüre,
Şindizem bir zada begenjek bolsam,
Öňinçäsi sen girýärsiň düýşüme.

şatlygy, gussany, ýyllary, ýollary... bir gyra süýşürmek bilen mekdebi düýşüňde görmegi arasynda nähili baglanyşyk bar?
"..begenjek bolsam mekdep düýşüme girýär" - begenmeklik planlanylýan zatmy? şu gün begeneýin, hä ýöne ilki düýşümde mekdebi göreýin.... ýa-da mekdep düýşüme giripdir, diýmek men bu gün begenmeli....
garaz şeýle, ...
hany, Mahym hanym halypaňyza adwokatlyk ediň... :-)

0
1 mango   [Mowzuga geç]
gaýtalamagy halamagy we mekdebine gelip ýenede "kitabyny açyp geçilenleri gaýtalamagy" gowy detal.... ýöne başky iki kupleti welin "zorlanypdyr, horlanypdyr" edil meniň (tas meň diýipdim) ýaly mekdebe gidesi gelmeýän çagalaryň zor bilen mekdebe gatnaýyşlary ýaly...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]