01:20
Buriniň yzyny çalyp
BURINIŇ YZYNY ÇALYP

Atlantik okeanynyň içinde, Beýik Britan adalaryndan demirgazykda meýdany 103 müň inedördül kilometr bolan bir ada bar. Bu adada ýerleşýän kiçiräk döwlete Islandiýa diýýärler.
''Islandiýa, islandlar bilen türkmenleriň näme dahyly bar?'' diýilmegi mümkin. Öňünden aýdasym gelýär: hawa bar! Şonuň üçinem şu ýazgylary ünsli olamagyňyzy towakga edýärin. Bu ýazgylaryň emele gelmegine 1178-1241-nji ýyllarda ýaşap geçen Snorri Sturlosonyň eserleri sebäp boldy. Öz halkynyň içinde uly şöhrata eýe bolan awtoryň islandlaryň gadymy nesil daragty baradaky eserleri ''Kiçi Edda'', ''Zemin togalagy'' ady bilen bellidir.
1643-nji ýylda island dindary Brinolw Sweýnsson ybadathananyň kitaphanasynda Skandinaw halklarynyň, umumy german dilinde gürleýän, ar diýip atlandyrylýan asylzadanyň taryhy gelip çykyşlaryny beýan edýän täsin gadymy ýazgylaryň üstünden barýar. Dini äheňdäki ol ýazgylaryň gadymy islandlaryň Merkezi Aziýada ýaşan ata Watany, şol gadymy ýurduň paýtagty, hudaýlaryň ylahy nury bilen şereplenen ajaýyp şäher Asgard hakynda taryhy maglumatlar bar eken. Iň esasy zat bolsa, bu täsin tapyndy - eser many - mazmuny wakalaryň beýany, gahrymanlaryň atlary, başdan geçirmeleri babatda Snorri Sturlosonyň ''Edda'' eseri bilen meňzeş bolupdyr.
Şonuň üçinem Snorri Sturlosonyň ''Edda'' kitabyna ''Kiçi Edda'' ýepiskop Brinolw Sweýnssonyň tapyndysyna bolsa ''Uly Edda'' diýlip at berýärler.
Islandlaryň bu gadymy eserleri, olaryň gadymy ata-babalarynyň Merkezi Aziýadan göçüp gidendiklerini, özleriniň bolsa şol döwürde ykrar edilen hudaýlaryň ýaşan ylahy şäheri bolan Asgard şäherinden bolandyklaryny habar berýärler.
Eýsem-de Island çeşmelerinde ýatlanýan syrly şäher Asgard bu günki Merkezi Aziýanyň haýsy şäherikä?
Şeýle gyzykly sowalyň täsin jogabyny şu ýazgylardan tapsaňyz gerek.

* * *

Islandlaryň ''Kiçi Edda'' kitabynyň 23-nji sahypasynda habar berilmegine görä zeminde aýylganç heläkçilik - katastrofa bolup, hemme janly-jandarlar gyrylýarlar. Soňra nijeme zamandan soň: ''Zeminiň ýüzündäki gyraw erän badyna, gudrat bilen şol wagt sygyr emele geldi. Onuň ady - Audumla...
Ol sygyr, ýüzi gyrawlan... daşy ýalap başlady. Birinji günüň ahyrynda ol daşyň ýüzüne gudrat bilen adam saçlary ösüp çykdy. Ikinji gün ol ýerde adam kellesi, üçünji gün ýalanda bolsa gudrat bilen janly adam emele geldi. Ol gudrat bilen dörän sygryň ýalap emele getiren adamsynyň ady - Biri. Hawa, ol sygyr ýaradan erkek kişi bolansoň, onuň beýleki ady bolsa Öküz bolýar duruberýär. Eger ol adamyň beýleki hakyky ady Burini hem türkmençeleşdirsek, onuň ady Böri bolýar.
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz han Türkmen (Öküz han türkmen) bilen baglanyşykly örän täsin maglumatlary getirýär: ''Ozallar halkymyz asmandaky Akmaýanyň ýoluna Oguz ýaýy diýipdir. Oguz han ýaýy hem diýipdir.
Gorkut atamyz zamanyna deňiç Amyderýanyň ady Oguz derýasy bolupdyr.
Asmandaky Öküzler atly ýyldyzlar toplumyna, ozal Oguz ýyldyzlar toplumy diýilipdir...
Gorkut ata zamany oguzlar häzirki Hazar deňzine, Gürgen deňzi diýen ekenler. Eýrandaky Gürgen welaýaty Magtymgulyda köp duşýan Gürgen ady biziň gadymy oňanymyzyň - Ýurduň adydyr. Oguzlar özlerini gurt ganly möjek ganly hasaplapdyrlar''.
Ruhnamada ýene-de şeýle mübärek setirler bar: ''Türkmen ruhunyň birinji eýýamy biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna çenli aralygy tutýar. Bu eýýamda milletiň ruhy gözbaşy Oguz handyr. Halal, sada türkmen zähmeti bilen gün görýär. Oňony öküzdir...''
Şeýlelikde zemin ýüzünde bolup geçen aýylganç heläkçilikden soňra gudrat bilen emele gelen adamynyň adynyň Biri bolandygy onuň hem türkmen dilindäki Böri adyndan başga dilde birneme ýoýulyp, Buri bolandygy göze görnüp dur. Türkmen dili gadymyýetden söze baý dil. ''Böri'' sözi, ''gurt'', ''möjek'' sözleri bilen manydaşdyr.
Saparmyrat Türkmenbaşy Oguz han Türkmeniň oňanynyň öküz bolandygyny, Gorkut ata wagtynda bolsa, oňanymyzyň, gurt, ýagny böri bolandygyny belleýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy gadymy zamanda Hazar deňziniň Gürgen deňzi diýip atlanşyrylandygyny habar berýär. Bu örän gymmatly maglumat bolup Ýewropadaky alsüýek, asylzada, arassa ganly hasaplanylýana diýip atlandyrylýan adamlaryň asyl mekanynyň türkmen topragy bolandygyny, olaryň türkmenler bilen gan garyndaşlygynyň bardygyny subut edýän mübärek delil bolup hyzmat edýär.
Hawa ''Gorg'' diýmek pars dilinde ''böri, gurt, möjek'' diýen manyny aňladyp ''ari'' goşulmady bolsa, köplük sany ýa-da olaryň ýaşaýan mekanyny aňladýan goşulmadyr. Mysal üçin ''mert'' adam; merd+an'' - adamlar; ''zen'' - aýal; zen + an - aýallar, ''Merw - Mary; Merw + an ýaşaýan ýurdy, mekany Merw bolan adam we ş.m.
Hawa Islandlaryň hem-de Skandinaw halklarynyň gelip çykyşy, döreýşi taryhlary barada gürrüň berilýän ''Uly Edda'', ''Kiçi Edda'', ''Zemin togalagy'' atly eserlerde, mundan nijeme müň ýyl ozal Zeminde emele gelen aýylganç heläkçilik deň soňra, gudrat bilen ýaradylan Audumla atly sygyryň gara daşy ýalap, ilkinji gün daşdan adam saçyny, ilkinji gün adam kellesini, üçünji gün bolsa bütin on iki süňňi abat adam ýaradandygy habar berilýär. Hawa, bu täsin wakadan bäri müňlerçe ýyllar geçipdir. Ýöne şu günki gün hem şu hekaýat bilen baglanyşykly türkmenlerimizde täsin gürrüň bar. Mysal üçin, şu günler hem kellesi şyr takyr kel adamy görseler ''Pylany, bar kelläni sygra ýalat!'' diýýärler. Munuň özi Ýewropada ari diýip atlandyrylýan asylzada toparlaryň hut türkmen topragynda çykyp gidendiklerini subut edýän kiçijik delilleriň biridir.
Öküz bilen möjegiň (böriniň) türkmenleriň ata-babalary şu gadymy toprakda ýaşan her bir taýpa üçin diýseň mukaddes bolandygyna taryh şaýatlyk edýär.
Altyndepeden tapylan sap tylladan guýlan beýikligi 7,5 santimetr bolan öküz kellesi, hem-de ol ýerde tapylan, beýikligi 1,5 santimetr sap tylladan guýlan böri (gurt) kellesi barada hem şu ýerde bellemek gerek. Öküze (Oguza) diňe bir häzirki Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem gadymy Mesopotamiýanyň şumerleri hem, mukaddes zat hökmünde uýupdyrlar. Mysal üçin, şumerleriň Ura şäherinde gazuw- agtaryş işlerini geçiren arheologlar sap altyndan, kümüşden ýa-da bürünçden, ýasalan öküz kelleleriniň birnäçesiniň üstünden bardylar.
Käbir alymlar şumerleriň (sumerleriň) esaslandyran Ura döwleti biziň eýýamymyzdan ozalky 2800-2400- nji ýyllarda döräpdir diýseler, Ýewropaly alym jenap M. Tosl ol döwlet biziň eýýamymyzdan 3200 ýyl ozal döräpdir diýip hasaplaýar. Ýöne Russiýanyň Sankt-Peterburg we Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen radiokarbonik ylmy-barlaglary netijesinde Ura döwleti biziň eýýamymyzdan 3800 ýyl ozal esaslandyrylypdyr diýen takyk netijä gelindi. Munuň özi Ura döwleti biziň ýaşaýan zamanamyzdan 5800 ýyl ozal döräpdir diýmegi aňladýar.
Iň esasy zat bolsa, ýewropaly alymlaryň sumerleriň (sumerleriň) Mesopotamiýa ýurduna häzirki Türkmenistanyň topragynda göçüp barandyklaryny ykrar edýärler. Diýmek şumerler (sumerler) türkmen topragyny mundan 5800 ýyl ozal bize mälim bolmadyk tebigy betbagtçylykdan soňra terk etmäge mejbur bolupdyrlar hem-de günorta-günbatara göç edipdirler. Ýöne olar öz ata-babalarynyň öküze öňan hökmünde ynanandyklaryny göz öňünde tutup bu däbi, Mesepotamiýada Ural döwletini esaslandyran soňlar hem öküz heýkeline keramatly zat hökmünde ynanmagy dowam etdiren bolmaly.
Bahreýniň demirgazyk kenarynda ýerleşýän Barbary ybadathanasynda hem, arheologlar edil Altyndepeden tapylan öküz kellesine meňzeş öküz kellesini tapypdyrlar. Ýöne bu bürünçden ýasalan ekeni.
Akademik W.M.Massonyň hem-de günbatarly alym Dýuring - Kaspersiň pikirlerine görä, Altyndepeden, Uraldan hem-de Bahreýinden tapylan öküz kelle heýkelleriniň uzyn şahlary bolup şah aýlawlary hem birmeňzeş. Ýöne olaryň hemmesi edil bir almany bölen ýaly diýip ykrar etmek bolmaz.
Şumerler öküz kellesine ''Bugaraniý'' diýip et beripdirler. Bu sözüň birinji bölegi, ýagny ''Buga'' türkmençe hem öküz ady bilen sinonim manydaş söz.
Mysal üçin, sygyr höwür gelse türkmenlerimiz häli-häzirlerem Sygrymyz buga gelýär diýýärler. Gadymy islandlar, Skandinaw ýarym adasyndaky halklar özleriniň ata-babalarynyň Biri (Böri, Gurt ) atly öküzdigini aýdýan bolsalar şumerler hem Öküz kellesini mukaddes hasaplaýan bolsalar, türkmenlerem özüni Öküz (Oguz) nesli hasaplaýan bolsalar, diýmek şumerlerem, islandlaram, Skandinaw ýarym adasyndaky halklar hem galyberse-de özlerini ariler diýip atlandyrýan nemesler hem öz asylly türkmen topragyndan gözlemeli.
Bu babatda, meni Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamadaky ''Halkymyz göwni ýeten kişisine är diýýändir. Är ady her bir garadan gaýtmaz, gözsüz batyra dakylmaýar. Är diýen göterýän adamda batyrlyk, edermenlik halallyk ynsanperwerlik, sahylyk ýaly onlarça ýagşy häsiýetler bolmaly. Är söziniň asly, ary sözünden gelip çykýar. Garajaoglan aýdýar ahyryn: ''Ary türkmendir aslymyz'' diýip. Türkmeniň är sözi dünýä ýurtlaryna ser, salanyňda her görnüşde ýaýrandyr'' diýen sözleri galkyndyrýar.
Bu ýerde nemesler hem diýdik. Bu babatda çaklamam bar. Şol şahsy çaklamalar bilen jemläp arileriň hem asyllarynyň türkmen topragyndandygyny çekinmän aýdyp bilerin.
Mysal üçin, gadymy Germaniýanyň Reýiň derýasynyň sebitinde, gadym wagtlar, has takygy milady hasabynda 436-njy ýyla çenli Burgundy taýpasy bolup, olar şol ýerde özbaşdak Burgundy korollygyny türkmen kowmy hunlar /gunlar/ basyp alýarlar hem-de netijede milady hasabyndaky 436-njy ýyl Burgundy korollygy ýykylýar.
Burgundylar hem özlerini, Aziýadan baran ari hasaplapdyrlar. Aslynda ''Burgundy'' sözi nämäniň aňladýarka?
Meniň pikirimçe, bu söz nemes sözi bolman, aslynda türkmen sözi ''Buri'' ýagny Börini ýada salyň. Ol ýer Börüniň nesliniň, belki-de özüniň baryp gonan, ýagny goş ýazdyran mekanynyň bir bolmagy ahmal. Sebäbi, Oguz (Öküz) han zulmat ýurduny (ýagny Skandinawiýany) basyp almak üçin baryp 17 ýyllap Zulmat ýurdunyň öň ýanyndaky ýurtda ýaşamaly bolýar ahyryn. Belki-de Reýn basseýnindäki Burgundy '' Böri gondy'' diýen türkmen sözündendir? Böri bolsa Öküz, Oguz han, Onsoň özüňiz pikir ýörediberiň!
Şu ýerde türkmen topragynyň gadymy arileriň topragydygyny subut etjek ýene-de bir delilim bar. Häzirki wagtda biziň halkymyz Seljuk-türkmenleriniň paýtagty ozal hem Merkezi Aziýadaky iň mübärek şäher bolan gadymy Merwiň esaslandyrylmagy iň 2500 ýyllygyny bellemegine aladasy bilen ýaşaýar.
Hawa biz bu mübärek şäheriň gadymy adyny gaýry dillerde ýazylan çeşmelerde boldy ýaly Merw diýip tutmaga öwrenişipdiris. Ýöne onuň hakyky ady biziň häzirki aýdyşymyz ýaly gysga çekimli ''a'' bilen bolman, uzyn çekimli, ýagny Maary şekilinde bolan bolsa gerek. Bu: ''Biz ariler'' diýmegi aňladýar. Klassyky edebiýatymyzda onuň ady Mary - şahu - jahan'' diýip atlandyrylan, Hezreti Magtymguly özüniň ''Mukam Gaşynda'' atly şygrynda gadymy Marary şäheriniň synan wagtyny görüp:

Ulug Mary - şahu - jahan,
Weýran boldy çekýär pygan.


- diýip ýürek bilen gynanypdyr. Aryf danamyz türkmeniň ari neslindendigini bilýän ekeni. Ol öz ýene bir şygrynda:

Eý akylly ari ýigit munda gel,
Bir niçe sözüm bar jandan gulak sal.


- diýip ýöne ýerden aýtmandyr. Hawa, gadymy Mary türkmen topragynda Nusaý şäherinden soňky ikinji gadymy şäher bolmaly.
Eýsem-de dünýäde haýsy şäher jahanyň hemme şäherleriniň şasy bolup biler. Elbetde, gadymy As-hudaýlaryň ýaşan topragynda olaryň ylahy nury bilen şereplenen toprakda bolup, ol mekanyň ýaşaýjylary hem asylzada arassa ganly ari adamlar bolmaly ahyryn. Sebäbi gadymy ata-babalarymyz ''Şiriň gezýän deresine şagal girmez'' diýipdirler.
Şeýlelikde, meniň pikirimçe gadymy Marynyň hakyky ady Mary - şahy - jahan bolmaly. Ol bolsa ''Biz älem jahanyň şasy ariler'' diýen manyny berýär. Oguz han türkmen bilen Ýewropa giden ata-babalarymyzyň bolsa ol ýerde ariler diýip atlandyryp başlapdyrlar.
Şu zatlaryň pikirini edip gadymy Nusaýdan tapylan ritonlaryň agyz jähegindäki güberçek çekilen adam şekilleriniň arasynda öküz şahy ýaly iki şahly ýigidiň şekiliniň bolmagy islandlaryň umumy german halklarynyň asyllary gudrat bilen dörän Buri (Böri) diýen erkek adamdan bolmagy ony hem sygryň ýaratmagy, ýagny, onuň Öküz bolmagy, türkmenleriň hem nesilbaşysynyň Oguz (Öküz) han bolmagy, Nusaý şäheriniň gadymy hudaý bolan 12 aslaryň mekany, syrly Asgard bolandygy baradaky çaklamalar ylmy has hem berkidip, meni ýene-de pikir ummanyna gark edýär.

Juma ATAÝEW.

''Edebiýat we sungat'' gazeti, 26.07.2002 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 96 | Добавил: Jeksparro | Теги: Juma Ataýew | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
Wikingleriñ añyrsyny Orta Aziýa, Türkmenistana, türkmenlere baglajak bolmagyñ hiç hili manysy ýok. Taryhyñ çarhyny yzyna saraberseñ, bolmanam hemme halkyñ düybi bir, hemmesiniñ atasy - Adam ata.

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Bäh... Juma aga birwagt şular ýaly geñsi çaklamalary morta orta oklamagyñ ussadydy.. ))
Özi b.n gürrüñdeş bolýañ welin, ynandyrýaram-ow şular ýaly zatlara.

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Jeksparro,myhman depdere göz gezdiräýiñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]