00:02
Suw kimin geçdi
SUW KIMIN GEÇDI

Düýn ýalydy şu mekdebe gelenim,
Hemmeden çekinip, gözlerim ýaşly.
Okuwçylar: -Salam! -diýip, gelipdi,
Şol wagt ýanymyza bir daýaw, gaşly.

Öwrendik köp zady "A" harpdan başlap,
Himýadyr taryh hem-de edebiýat.
Enäniň sallançak üwreýşi kimin,
Ömür ýolumyzda berdiňiz siz bat.

Hasraty, şatlygy bir deň paýlaşyp,
Synpdaşlaryň bary boldular dost-ýar.
Dogry ýola başlap her bir mugallym,
Ata hem ene deý boldular hossar.

Şemaly öwüsse ýaşlyk ýelginiň,
Gowy arzuwlary kalba beslärdik.
Käteler mugallym göwnüne degip,
Çaltyrak mekdepden gitmek islärdik.

Aradan on bir ýyl geçdi suw kimin,
Ynha, ýene geldi şol daýaw gaşly.
-Hemmäňize ak ýol! -diýip ýylgyrdy,
Emma, biziň ýene gözümiz ýaşly.

2019 ý

***

Iň soňky jaň sesin eştmek bilseňiz,
Ejizletdi oglan-gyzy, merdemi.
Emma, ýatlamalar ömre ýeterlik,
Bezär-durar gursagymda her demi.

Häzirem ýadymda ilkinji sapak,
Doganym ýanymda gözümem ýaşly.
Gumaksy ýodalar, asfaltsyz ýollar,
Olaram owarram, hem alys, daşly.

Mugallym geçirse yzdaky parta,
Ýa-da çalajadan atsa haýbaty.
Okuwçy päkize, ak jüýje bolup,
Ertesi hossardan getirdik haty.

Kä sapaklar sessiz geçer haýaldan,
Kä sapaklar gohly ala-gykylyk.
Daşarda durardyk eller kisede,
Her gören gyzyňa atyp sykylyk.

-Eşigiň bolanok, saçyňam ösgün!
Günde görüp dost tutundyk dellegi.
Gijä galyp, hatda irden barsagam,
Alardyk biz käte-käte belligi.

Gyzlaň torbasyna salardyk haty,
Möwç urup joşanda yşgyň heseri.
Mekdepde gep-gürrüň öýde hem işler,
Okalgada çaň basardy eseri.

Garagollyk, oýun-gülki barada,
Bir ýakadan baş çykardyk barymyz.
Okuw-a däl, ýöne olam degişli,
Iş-ýowarda tapdyrmazdy ýarymyz.

Gyzlar syrdaşymyz kä ondan ýakyn,
Bu gün gohlaşanyň erte partadaş.
Öňdäki, yzdaky synpdaşy dürtüp,
Zyňardyk kagyzy bolsa parta daş.

Bir sagatlyk ýoly ýöräp pyýada,
Mekdebe gatnaýan günlerim ýaňy.
Soňra bir gün bizden bizar bolan deý,
Mekdebim kakypdy iň soňky jaňy.

Mugallymlaň käýäp diýen öwüdi,
Häzirlerem şemal kimin çiňseýär,
Şol geçenje, şol sadaja ýyllary,
Göwnüm mydam sessiz-sessiz küýseýär.

Günler, aýlar hatda ýyllar geçse-de,
Şol çagalyk salyp durýar ýalkymy.
Alsak saklajakdy urgudan, dertden,
Şol mekdebiň bilim atly galkany.

2020 ý

MINNETDAR

Öňküje jüýjeler bolupdyr guşlar,
Geçipdir baharlar, geçendir gyşlar,
Gollar köp bolsa-da bir edip başlar,
Ýören synpdaşlarym size minnetdar.

Uly daşy ýonup öňe silteden,
Ýüki ýetik, uzyn eden kelteden,
Tüm gijede ody ýakan pelteden,
Ähli mugallymlar size minnetdar.

Perzentleriň kändir saňa bergisi,
Sen bir dünýä ylymlaryň sergisi,
Ýürekleri päk ynsabyň dergisi
eden,
Eý, mekdebim saňa minnetdar!

2021 ý

Ahmet ARAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.3/3
Всего комментариев: 12
0
11 mango   [Mowzuga geç]
Ahmet kaka.
umuman, bir wakany kapiýa salyp goşga öwürüp gürrüň bermek maksat bolmaly däl bolaýmasa. bu şahyrlyk dälmikä diýýän. buňa başarnyk diýsemmikäm... ýöne şahyrlyk başga zat....
biraz duýgularyňy diňle, duýgylaryňy inçelt.... ýaly maslahat beräýmesem (okujy hökmünde).

0
12 Ahmet   [Mowzuga geç]
Göz öňünde tutaryn minnetdar.

0
10 Haweran   [Mowzuga geç]
@Öwezmyradow Rahat (we beýleki agzalaram), teswir ýazanyñyzda sözleriñ arasy nokatly we birikdirilen görnüşde ýazmaweriñ, arasyna bir probel goýuñ, ýogsa bir uzyyyynn sözden ybarat ýaly teswiriñiz beýleki agzalaryñ saýta giriş ww teswir ýazyş mümkinciligine bökdenclik döredyär.

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
adminler, saýta bir zada boldy. çep gyradaky hatlar süýşüp sag tarapdakylaň üstüne düşýä. diňe meňkide şeýlemikä ýa?

0
8 owezmyradowrahat   [Mowzuga geç]
Йуреклери пак ынсабын дергиси душунмедим
[color=orange]

0
7 owezmyradowrahat   [Mowzuga geç]
Шемал чинсейар дийип биза эшдемзокдык шу
чака ченли ягыш чиснейар дийиба айдыляды

0
6 Ahmet   [Mowzuga geç]
Bellikler üçin minnetdar. Mango, bellikleriňiň yzynam ýazarsyňy diýip umut etýän.

0
5 mango   [Mowzuga geç]
ýaltanmasam elim
degdiginden
yzynam okabermeli...
häzirlikçe elim degenok...

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Enäniň sallançak üwreýşi kimin,
Ömür ýolumyzda berdiňiz siz bat.


ene sallançagy çagasyny uklatmak üçin üwreýär.
mekdep çagany näme üçin üwreýärkä? ýatyrmak üçinmi?
mekdep köp çagany "oýaly-ukuly" halda üçurum edýänine hasam ynandym...
dogrusy gizlenen setirler bolupdyr. :-)

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Öwrendik köp zady "A" harpdan başlap,
Himýadyr taryh hem-de edebiýat.


"A"-dan himiýa geçişiňiz резко dämi?
ýuwaş-ýuwaş geçsediň...
ýa-da köp zady... himiýa, taryh, edebiýaty... öwreneniňi aýtjak bolsaň "A" harpsyz aýtmaly ýaly.... garaz "A" bilen himiýaň arasynda ýyllar ýatyr....

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
howwa...

Okuwçylar: -Salam! -diýip, gelipdi,
Şol wagt ýanymyza bir daýaw, gaşly.


şu iki setiri düzetjek bolup jyrjaşdym.

"Salam okuwçylar!" diýip, gelipdi,
Şol wagt ýanymyza daýaw, berdaşly.


onam oňarmadym.

birden (tarpdan) ökde şahyr bolup gidiberilonok. başda gowşajyk goşgulardan, hatda öýkenmelerden başlaýan bolmagam ahmal. käbir şahyryň goşgusyny sözlerini üýtgedip goşgy ýazdym diýýänlerem bardy, biz okuwçykak.

şoňçüýn haýdaber.

0
В добрый путь!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: