21:28
Bagtyñ suraty
BAGTYŇ SURATY

Bu dert maňa çagalykdan ýolukdy...
Bolsa meniň sähelçejik boş wagtym,
Ähli aladadan özümi gizläp,
Suratyn çekmäge başlardym Bagtyň.

Ilki-ilkiler ejem janyň pul düşse,
Maňa alyp berjek bir bölek gandy
Hem orakdan soňra bişirjek nany
Meniň üçin Bagt bolup göründi.

Soňra-da girdi ol topuň keşbine
Gezdim menem oň yzynda at salyp.
Bir günem alnymdan ýalbyrap çykdy
Güler ýüzli gözel gyza öwrülip.

Şeýdip, aý geçdikçe ulaldy Bagt
Hem ýylsaýyn üýtgetdi öz syratyn.
Her halam şu wagta,
Şu wagta çenli
Kyn düşse-de çekipdim oň suratyn.

Indi welin juda,
Juda ulaldy...
Şu gülli sähranyň, açyk asmanyň
Hem öz bagtyn azabyndan agtarýan,
Päk ýürekli müňläp-müňläp ynsanyň
Bagty meniň Bagtym bolup görünýär...
Bu suraty çekäýmeklik juda kyn.
Belki-de meň uzak ömri sarp edip,
Oňy soňlap bilmän galmagym mümkin.

Her halam begenýän,
Ýaşadygymça
Batyňam ulalyp, barýandygyna.
Hem onuň suratyn çeksemdim diýip
Umyt bilen gadam urýandygyma.

Begenýän ýürekden,
Jandan begenýän,
Sebäbi men düşünýärin bir zada.
Uly Bagta aşyk bolup gezmäniň
Özi-de bir bagt ahyryn dünýäde.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 1
0
Bagtly adam ekenaý şu şahyr

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]