12:21
Bilgiçsumak
BILGIÇSUMAK

Soňky döwür köpelipdir palçylar,
Halk ynamna girip bilýän alçylar,
Dürli ýalanlary satýan ýalçylar,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Gumalagy edip özüne ýarag,
Çemçe duzy edip özüne gorag,
Aga, gara bölýär misli bir boýag,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Ak zatlar görünýär, aklyga ýorar,
Gara zat aslyşýar, çaklama urar,
Garany aýyrjak, elini serer,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Hol, gaýrada uly palçy döräpdir,
Beren duzy goňşymyza ýarapdyr,
Gelniniňem täleýine garapdyr,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Düýe çopan gumalakdan atýarmyş,
Arwah-jynyň yzyndanam ýetýärmiş,
Baglylary ýüz ugruna açýarmyş,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Kurhandan atýarmyş säginmän paly,
Hudaýdan gorkanok, bormy şuň ýaly,
Ynanýanlaň başna salyp ol aly,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Gorkman Kurhany orta atyp ýör,
Kurhan ursa ýowuz günler sende bor,
Hudaý huzyrynda bolar ýeriň dar,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

31. 07. 2011 ýyl.

Meýlis HASAR.
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 28
0
26 Jeksparro   [Mowzuga geç]
''Bilgiçşumak'' adyny eşidip Şagallas ýadyma düşüp gitdi

0
25 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Örän ajaýyp boldy söýgüniň syry, yigrimmäş ýaşymda soygulim meni gowy edip ury

0
24 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Ilki bilen näme üçin palçy gerek däl? Näme üçin? Gowy tarapy: Palçy adama umyt berýär. Erbet tarapy: palçy adamlary aldaýar. Dünýä şeýle. Onda dünýä hakda hem şeýle ýazalyň. Aý, ýazýasam. Ýöne ýazyp başarýanymyz az. Hawa Meýlis aga düşünjeli adamdyr, men muňa birjikde ikirjiňlenemok. Ýöne ol şeýle goşgyny paýlaşyp bilýän bolsa, diýmek oňa aýtmak gerek "Agasy buýa bolanok" diýip. Men şeýdip aýtdym. Ýok ýalan sözledim. Aýtmaga ýaltandym. Indi aýdýan: Agasy şu goşgy däl. Bu ýaşdan soň bular ýaly zat ýazmaň. Bagyşlaň meni. Ýöne beýle zat ýazmaň. Wiý, bagyşlaň 2011 ý eken. Indi ýazmaýan bolmagyňyzam ahmal. Bagyşlaň.

0
23 eatayew33   [Mowzuga geç]
Döredijilik adamlarynyň "ynjyklygy" barada aýtsaň welin, olar şeýle bir ynjygam däldir. Kejirligi has güýçli bolaýmasa? Ýogsa özlerine peýdaly bir zat aýdylýan ýerlerine-de düşünmez ýaly dereje galamtutar däldirler-ä? Köpçüligiň öňünde boýun almak kyn.

Näçe ýazanda-da, üýtgeşik bir zat çykmajak adama-da hiç zat diýmäniňden gowusy ýok. Potensiýaly bolup, bir zat diýseň, kejigip, azgyrylyp duranlara-da şoň ýaly.

Köneleriň iň aýylganç hasap edýän gargyşy bar eken: " Özüň-ä bilmäsiň, bileniňkinem etmäsiň" diýip. Şu wagta çenli şo derejä-hä ýetemok, ýetnejegem bolaryn...

0
21 eatayew33   [Mowzuga geç]
@Myhman, şeýle sorag bermegiňe näme sebäp bolanam bolsa, ol soraga gynanmalydygymam, begenmelidigimem bilmän otyryn. Näme üçin beý diýýänime-de düşünmez ýaly derejede ejiz däldigiňem aňýan, senem göze dürtülip duran käbir ýalňyşlaryňy bilgeşleýinden goýýansyň diýibem "güwä" geçýän. Gökdepelisiňem öýdemok, "kaka" diýibem ataňyza diýýänsiňiz diýibem düşünýän. Ýa-da özümi aldap ýörün.
Bu zatlaryň ähmiýetem ýok, şoň üçinem ikinji soragyňa geçeli: okamalymy, okanlaryña bir zatlar ýazmalymy, özüň bir zatlar ýazmalymy?..
Ony her kimiň özi çözmese. Meňem okamaga-da, gatnaşmaga-da, sözümi diňletmäge-de ýetmezçiligim ýok. Şeýle ýagdaý Kakamyrat agada-da ýa başgalarda-da bardyr öýdemok. Bu saýt diýilýänem özüniň janly prosesligi bilen özüne-de çekýär, özünden iteribem bilýär

0
28 myhman   [Mowzuga geç]
(profiliňizde şeýle ýazyk bolansoň Eziz aga diýäýjek, garşy bolmasaňyz) Eziz aga, aşakdan ýokaryk jogap beraýjek. adyň tutulyp ýüzlenilensoň sesiňi çykarmazlyk gelşiksizlik bolmagy ahmal.

okap, ony-muny ýazmak hakynda. çürk-kesik "ýazmadasana" diýmedigiňiz üçin minnetdar. "Meňem okamaga-da, gatnaşmaga-da, sözümi diňletmäge-de ýetmezçiligim ýok" diýipsiňiz welin, birazajyk müýnürgedim "men şonuň ýaly bir zat diýäýdimmikämäý" diýip. siziň edebiýat ylmyňyzyňam, okan zadyňyza baha berşiňizem meňkiden deňeşdirip bolmajak derejede ýokarydygyny bilýän. çynym bilen diýýän. kiçi göwünliligem etjek bolamok. "bulam-a okuwsyz däl" diýýän bolmagyňyz ahmal. dogry, menem okuwa gatnadym.

mundan soňky ýazjaklam hakynda siz eýýäm dogry zat aýdypsyňyz: "Bu zatlaryň ähmiýetem ýok". onda-da gysgaça bellesem dogry boljak ýaly.

"kaka" diýip atama däl kakama diýýän.
gökdepede ýaşaýan (dogrusy bir obasynda). kakamam, atamam, oň kakasam, atasam şol obaly eken.
göze dürtülip duran ýalňyşlarymy bilgeşleýin edýän ýerim kän. biraz harsallygam bar. (tema degişli dälem welin edil şu wagt aklyma "bilgeşleýin" biraz gödegräk sözmi? diýen sorag geldi)

"Çary aga bilen garyndaşmy?" diýibem çynym bilen soradym. 95% "däl" diýjegiňizi bilýänem welin. galan 5% nireden çykdy diýseňiz aýdaýyn.
Çary agany tanamok. galamdaş.com-da komment ýazýady. gaty gowy ýazýa. kommentleri makala ýaly. edebiýat bilen gyzyklanýanlara maslahat berip biljek. siziňem aýdýan zatlaryňyz bolmasa-da, ýazyş äheňiňiz (şu ýerde näme söz ulanjagymy bilmedim. türkçede hitabet üslubu, rusçada риторика diýilýä öýdýän) meňzeş ýaly. üstüne-de familiýaňyz meňzeş.

uzzyn ýazanym üçin ötün soraýan, özüňize-de jan saglyk dileýän.

0
20 eatayew33   [Mowzuga geç]
Serdar aga, ýazýan zatlarym näçe gödek bolup görünse-de, ýek ýigrendigim kimdir biriniň üstünden güljek bolmak. Ol diňe öz pesligiňi aňladýar ahyryn. Kimdir birini pesedip beýgeljek bolmak, gaýta pesligiň aňrybaşy bolaýmasa. Ýöne şeýlebir pes (hemme raraplaýyn) "eserler" bolýar welin, olara näme ýazsaňam, öňküsinden beter peselmese, beýgeljek gümany ýok.

Arada biri goşgudyr hekaýalaryny tankytlap bermegimi haýyş etdi. Menem: " Tankyda-da beýle ýüzleý garama, köteklemekden beter öwere zady köp bolmadyk eseri tankytlap bolanok" diýsem, hezil edip güldi. Olar ýaly eserlere "tankyt edeniňe-de degmeýąn" eser diýilýär. Onsoňam, özüme beýlebir tankytçyrynam öýdemok, sebäbi tankytçy tankyt etmeli eserini-filmini-spekraklyny hökmany suratda soňuna çenli okamaly-görmeli okyjy-tomaşaçydyr. Meniň bolsa kanagatym ýetenok.

0
Mende de şöýlö bolyar

0
19 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
@eataýew,"Bilmedigiñizi ýazmagyñyzy dowam etdiriberiñ"diýdirjek bolýañyzmy? diýipsiñiz welin indi men şuny siz diýdiñiz hasap etmeli bolýanmy?

Bilmedigiñi ýazmak?!
Ýazýan goşgularym babatdamy ýa teswirlerim babatdamy ýa-da ikisemmi?
Meñä dogrusy edebiýat bilen içgin gyzyklanyp başlan döwrüm geçen ýylyñ ýanwary,ýagny talyplygymyñ üçünji kursuna direýär.Oña da gazetde çap edilen ilkinji goşgum sebäp bolupdy.Seredip otursañ ûstünden bary ýogy bir ýarym ýyl geçipdir.Dagam men bir ýarym ýylyñ dowamynda edebiýatyñ çür depesine çykmaryn ahyry ýa da tankydyñ.
Özüm babatda asla da beýle pikrim bolmandy.Pikirlerimi aýdamda da köplenç okyjy hökmünde diýip belleýändirin.Çünki öñ hiç zat okamadyk okyjynyñ hem öz okan ilkinji eseri barada pikrini aýtmaga haky bardyr.Goý başgalary bilenok diýip pikir öwürsin,onuñ pikri özüçe dogrudyr.Menem özüçe dogrylary bolan adaty okyjy.
Galyberse-de bileniñizden galmañ sözi sizdenem beter Alaýabyla degişlidi.Ýöne howwa,siz üçinem muny aýdyp bilerin.

0
17 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýöne, bir zady aýdaýyn, ýazmak işi bilen çynlakaý meşgullanjak bolsaň, talapkär okyjyň talaplaryny hökman bilmeli. Sebäbi çuslandyrýar. Öz-özüňe bolan göwnühoşlukdan halas edýär. Öz edýän işiňe öňüniň ümüri syrylan garaýyş bilen seretmäge mejbur edýär. Şonuň üçinem, öz-özüme-de, beýleki agzalara-da aýdasym gelýän zat, ýerlikli-ýerliksiz belliklere beýlebir öte-de gatyrganmaly dälmikä diýýärin. Onam, eger-de başaryp bolsa...
Tankytçylara bolsa, minnetdar bolmaly. Çünki, birinjiden-ä hiç zat okalman, kino görülýän ýa-da oýun oýnalýan şu döwürde okaýarlar, özlerine agram salyp halamadyk ýerlerini ýazýarlar. Belligiň dogry-nädogrydygyny seljermek bolsa, ýazanyň özüne bagly.
Ýöne, adamlaryň hemmesine mahsus bir häsiýet bar. Islendik belligi adam şahsyýetine edilen diýip kabul etjek bolýar. Ýöne, beýleki bir tarapdan ýazylan zat ýazanyň şahsyýetiniň bir bölejigi dälmi, eýsem?!

0
27 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Siz juda dogry aytdyňyz" baran yeriň kör bolsa senem bir gözüňi ýuman bolaý" diýipdirler

0
13 eatayew33   [Mowzuga geç]
Aý, garaz, oňuşibereli. Bizem toýa baramyzda, ile goşulyp çapagam çalýas, tansam oýnaýas.
Il bilen gelen...

0
16 myhman   [Mowzuga geç]
@eatayew33 agambratok, siziň Çary Ataýew bilen garyndaşlygyňyz barmy? diňe familiýaňyz meňzeşmi?

biri "ýamman gödek tankyt edýäňiz" diýip dursa.
biri "tewsirlerde harp ýalňyşlary kän, okasyň gelenok" diýip dursa.
biri "goýlan mowzuga hiç zat ýazylanok" diýip dursa...
...

başyň aýlanýa gidýä. sowaýjak-sowaýjak bolýaň.
siziň bellikleriňizde-de özüme degişli ýerleri bar ýaly bolup dur. menem edebiýatçy däl, menem köp bellik edýän, menem harp, dyngy belgi ýalňyşlaryny goýberýän, menem gerek-gerek däl diýmän ýaňraýan.

şunuň ýaly bolanda şeýle sorag ýüze çykýa®, özüme. "men näme üçin edebiýat saýtyna girip eser okaýan? kompýuterimde-de okamadyk kitapla(ry)m ýetikkä. olar gutarsa-da, birtopar kitap indirip bolýan saýtlar bar". köplenjem "kommentariýa ýazyp bolýanlygy üçin" diýýän, öz-özüme.

indi siz maslahat beriň как быть
ýa ýöne okap oňaýalymy?

3-4 sany серьезный agza "ýazýan zatlaň nämäý, gowusy ýazmasana" diýse, ýazmazmykam diýýän.

0
18 Bagabat   [Mowzuga geç]
Esentanyş ýaly ýüzlenýär diýip, gatyrganma welin, @eatayew33, ýöne gardaş, mümkin bolan-bolmadyk ýerde oňuşjak bolubam ýatmaly dälmikä diýýärin. Beýlekilere nähili bilmedim welin, soňky döwür edilen bellikler maňa-ha täsirini ýetirýär diýip hasap edýän. Ýöne (megerem, şu sözi türkmenler ýaly gowy görýän halk ýeriň ýüzünde ýok bolsa gerek), :-), şol bellikler beýniňde özleşýänçä wagt gerek öýTýän! :-)

0
12 eatayew33   [Mowzuga geç]
Terjimeler barada aýdanyňda bolsa, awtoryň stilini saklap bilmejek bolsaň, terjimeden edilýän terjimäň dilini saklajak bolmak gerekmi?
Ine, "hamyrly sousy" alyp göreli: nädeniňde-de, hamyrdan sous bişirip bolmajakdygy hakdaky pikir maňa soňky sözlemlerde näme okaýandygyma düşünmäge päsgel berýär.

0
11 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bileniñizden galmañ.

0
14 eatayew33   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş, näme, meni bir zatlarda aýyplajak bolýaňyzmy ýa-da maňa-da: " Sizem bilmedigňizi ýazmagyňyzy dowam etdiriberiň" diýdirjek bolýaňyzmy?

0
10 eatayew33   [Mowzuga geç]
"Ters otur" diýibem "otura" ýöne ýerden aýdylmandyr öýdýän. "Nirede otursaňam, tersiňe otur" diýlen ýaly. Ine, şu saýtda-da şeýle ýagdaýlary öz içine alýan birnäçe goşgulara, oýlanmalara, hekaýalara, terjimelere gabat geldim

0
9 eatayew33   [Mowzuga geç]
Bir zatlar diýjek bolsaňa, awtoryň özünden öňürti dillenýän bar, aý, ol edebiýatçylaň işi, pylan-pissiman diýip. Edbiýatyň içine gelip, edebiýatçylaram gürlemez ýaly edýärler.

Özüm-ä teswir okamda-da, "aýtýan" diýilen sözden aňry geçip bilemok. "Gitýän", "seretýän", "öýtýän" we ş.m. zatlary "etýänler" kellämiň içini bulam-bujar edýär.

0
15 Bagabat   [Mowzuga geç]
@eatayew33, bagyşla, gatyrganmaň arasynam bölýän welin, teswiriňdäki: "edbiýatyň" diýen sözüňde "e" harpyny galdyraýypsyň. Onsoňam "diýilen" diýen sözüňde "ý" harpyndan soňky "i" harpynyň düşüp galýandygyny ýatdan çykaraýypsyň. Onsoňam türkmen diliniň dürs ýazuw düzgünlerine görä "bolsaňa" diýlen sözde "ň" harpyndan soň kese çyzyk ýatdan çykan ýalymy...
Degişýän. Ýöne, dogry düşünersiň diýip umyt edýän.
"Magtymguly, ilki özüň düzetgil,
Özüňni düzedip, uly ile göz etgil." diýýärmi?
Hemmämizem çig süýt emen, näçe köp bilsegem, gynansak-da, yzygiderli ýalňyş goýbere-goýbere gelýäris-dä.

0
8 eatayew33   [Mowzuga geç]
Dogrudanam, hiç kime hiç hili gaty-gaýrym zat diýmek bolmaýan döwür boldy.

Özüm-ä atly şahyrdyr ýazyjy bolsa-da, sözlem düzüşinde ýa dyngy belgilerini ulanyşynda ýalňyşdan doly bolsa-da, şol eseri dünýäň dürli dillerine geçirselerem, okap bilemok. Elime lupa-da alamok welin, gözüňe dürtülip duran zatlardanam geçip bilemok.

0
7 eatayew33   [Mowzuga geç]
@Alaýabyly, nämä janygýaň? -:)

Şu gün biri IMO-da Wangany "gürledipdit": "Şeýle bir döwür geler, adamlar halk aýdymlaryna tans oýnarlar" -diýip. Olaryň şol aýdyma toýda twist tansyny oýnaşlarynyň wideosynam goýupdyr.

0
6 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Ýok, duruň! Şu goşgymy?

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Indi şu näme? Goşgymy

Indi şu näme? Tankytmy?
Alaýabyly,siziñ gürrüñleriñizden çen tutsaña Nobatgulydan Kakamyratdan söz açýarsyñyz.Çakym çakym bolsa ýaşyñyzam ýigrimi ýigrimi bäş däl bolmaly.Diýjek bolýan zadym ýaşlykda ilki bilen Gurbannazaryñ,Nobatgulyñ,Kakamyradyñ goşgularyny okamak bilen poeziýa aralaşýarys.Onsoñ,hemme kişem şolar ýaly "super"ýazmalydyr öýdýäris.Soñ ýaşymyz ulalýar.Beýleki şahyrlaryñ goşgularyny okap başlaýas.Onsoñ düşünýäs.Her kimiñ öz ýoly öz pikri öz beýan edişi bar.Häzir imo girseñiz ýa da edebi däl saýtlara bir topar goşgy paýlaşylýar.Şolañ arasynda kämilini tapana berekella!Ýöne biz ä dogrusy şu goşgymy diýip göwnüne degjek bolamyzok şolaryñ.
Meñ özümde de birki ýyl mundan öñ (takmynan 21-22 ýaşda bolýan öýdýän şonda) imoda bir gören şahyryma "Sen munyñ goşgy däl.Ýazmañy goý"diýip biljek gödeklik bolupdy.Diñe Kakamyrat okap ýören adam da.Ýöntem goşgy görsem başga planetaly gören ýaly bolardym.Şonda elbetde gaýtawulymam alypdym.Kanagatlandym ýa da kanagatlanmadym gep onda däl.Esasy zat döredijilik adamsynyñ göwnüne degmeli däldigine,goşgyñ gowşaklygyny sypaýyçylyk bilen düşündirmelidigine juda gowşak bolsa dymmalydygyna,eliñden gelse kämilleşmegi üçin goltgy bermelidigine düşündim.(Goltgy berip sen kim diýseñizläñ)
Şu saýtda da arada dilim bilen akylym arasyndaky ýoly sazlabilmän bir ýaşy ulurak şahyryñ göwnüne degipdim.Soñ ötünjem sorapdym ýöne.
Elgaraz diýjek bolýan zadym döredijilik adamsynyñ ynjyk häsiýete eýedigine,sähelçe gödegräk sözüñem ony döredijilikden çetleşdirip bilýändigine düşünmeli.
Ýöne bagyşlañ,men özümden ula akyl öwredip oturan ýaly duýdum özümi.Şonda da geplemän durup bilmedim.

0
4 Haweran   [Mowzuga geç]
Meñ özüm-ä dogrymy aýtsam, edil häzirki döwrüñ talapkär okyjysy ü.n ýöntemräk gördüm. Ýöne Meylis aganyñ saytda paylaşylan "Ýylan" lakamly Garahanjar" detektiw powestini okyjylara okamagy maslahat beryärin. Hernäme-de bolsa, okanyña degyän eser.

0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
Meýlis aga güycli žurnalist, teatr tankytcysy. Onuñ özem yazan goşgularyna göwni yetmeyän bolarly. Iñ yakyn maslahatcysy Allayar (Cüriyew) aga hem goşgy yazyanyny aytmandygyny, goşgularynyñ gowşakdygyndan utanyandygyny aydypdy. Muña garamazdan men ýaşula teatr tankydyna bagyşlanan makalalary bilen birlikde goşgularyny hem çepercilik derejesine garamazdan saytda paylaşmagy haýyş edipdim.

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
"Goşgy" bolman biler. Dogrudanam gowşak, ýöntem. Öñler menem gowşak goşga şeýle sözler bilen topulardym: "Bu näme goşgymy?" diýen ýaly... Indi-indi pikir edip görýän welin, Allatagala adamy tüýsli-tüýsli edip ýaradyşy ýaly, zehinlerem dürli-dürli ýaradýar...
Adam begencli we gynancly pursatlarda, durmuşda özüne täsir edyän oñyn ýa-da negatiw hususlarda galama ýapyşýar, derdini egisyär, pikirini paylaşýar, syrdaş agtarýar. Netijede her kesiñ beyan edişem dürli-dürli. Hemmelerden Gurbannazaryñ, Nobatgulynyñ kämilligine garaşmak mümkin däl.
Her paylaşylan eseriñ çeperciliginiñ yokarylygyny ya gowşaklygyny, beyan ediş stilindäki kemçilikleri, üstünlikli taraplaryny görkezmek gowy zat, gynansak-da, bütin bul aydylanlara bu saytda eyerip bilyän az-az, @Garayolly, @Bagabat, @Atayew yaly az sanly agzalar bolaymasa.
Diýjek bolyanym, awtory kim bolsa-da onuñ haysydyr bir ruhy ahwalatynyñ täsiri b.n yazan zadyna "bu nä eylemi", "bu nä pylanmy" diymek düybünden yalñyş. Munuñ hiç kime peydasy yok. Görkezip bilseñiz we eger edesiñiz gelse, iki tarap ü.nem peydaly bolup biljek sypaýy tankydy synlary beriñ.

0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Indi şu näme? Goşgymy?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]