11:51
Bikär
BIKÄR

Ähli işde kimdir biri günäkär,
Tapylanok saňa asla penakär,
Iş tapylsa diýýäň nämäme derkar,
Zowzuldap geçirýäň günüňi bikär.

Goňşy-golam işe salýar bir günlük,
Öýdäkileň diýýär indi-hä dyndyk,
Ertesi gün dörär işde bir kynlyk,
Bahanasyz günüň geçmez seň bikär.

Çagalaryň eneň-ataň boýnunda,
Ömrüňi geçirjek şolaň goýnunda,
Olar ömürlik däl dünýäň oýnunda,
Bu zatlara düşünjek bol eý, bikär.

Bilseň dünýä salyşykly bir çemçe,
Şoňa düşünmedik bolmaz hiç kimçe,
Gijeler ýatylman çekilen gamça,
Ilki ody özüňe bas eý, bikär.

30.07. 2011ýyl.
Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
ýene käýinç...
düşündim we netije çykarýan – saýtdan çykyp işimi dowam edeýin, ýogsam kän wagtymy alýar...
minnetdar.
(awtor ýaşuly adam bolmaly. kän käýýeýär :-) )

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]