11:11
Akyl ösüşiniň tebigy akymy

AKYL ÖSÜŞINIÑ TEBIGY AKYMY

Özüniň özünden akyllydygyna
akyl ýetiren güni – bary başlandy.
Soň aýan boldy oňa –
akylly ol ähli garyndaşlardan.
Soň bilip galdy,
şäher halkynyň iň akyllysy ol.
Kän wagt geçirmän netijä geldi:
ähli ýurt – akmakdan doly.
Soň – bütin dünýä!
Älem-jahan!
Ahyr soňy belli boldy,
akylly eken Hak-tagalaň özündenem!!!
Aňry çäge ýetildi.
Mundan aňryk gitmegiň manysy ýok...

Şondan soň akmaklaşmaga başlady.

Terjime eden:  MANGO.

Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: mango | Теги: Ýan Rybowiç | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 19
0
19 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Çyndanam,tüweleme saýtda görýän welin tas hemme agzalar diýen ýaly rusça bilýär.Onda meniñ olardan haýyşym,boş wagtlarynda mümkin boldugyça eserleri,goşgulary türkmen diline geçirip,meniñ ýaly türkçeden başga daşary ýurt dili bilmeýän agzalara dünýä edebiýatyna has içgin aralaşmaga kömek edäýiñ!Arada @Gûrgençli agzañ Mark Twenden eden terjimelerini hezil edip okadym.Mango daýyñam terjimelerini höwes bilen okaýan.Ikisine-de tañryýalkasyn.Ine Myrat agza hem gelip goşuldy.Oña-da köp sag bolsun aýdýan.Şonuñ ýaly terjime edip biljek potensialy bolan agzalar kän ýaly şu saýtda.(Hûnsa hakdaky "Orta jyns"romanyndanam iñ bolmanda bir bölejik terjime bolaýsady.)Elbetde,edebi terjime dile añsat.Ýöne bir ujundan girseñiz,okaýanlar dil bilýänlerem başarşyndan maslahat berer.Mahlasy kämilleşer gidersiñiz.Sözlerim size täsir edip saýtdaky terjimeçi agzalar köpelip gitse diýseñ begenerdim.

0
16 mango   [Mowzuga geç]
@myhman, senem iki sany wakany gürrüň berjek diýipsiň, bolmasa birini gürrüň edäý, kinoňy görüp bolan bolsaň.

0
17 myhman   [Mowzuga geç]
birinjä bärde-de garşy çykjak kän bolar diýip, ikinjem uzyn bolansoň gürrüň bermedim. indi aýdaýyn. özüňden gör :-).

1-nji has öňüräk toýda: biri bilen (ýakyn garyndaş) ikijigimiz iki sany (dini) temada jedelleşip otyrys, çadyryň bir çüňkjüginde, gürrüňimizi hiç kim eşidenok. onsoň ol "toý eýesi (olam garyndaş) "häzir ahun aga gelýä" diýdi, şondan soraýarys" diýdi. menem "bolýa" diýdim. diýmesine diýdim, ýöne, özümiňkini dogry hasaplasamam, köpçüligiň eşitjeginden biynjalyk bolýan. "äý, meň diýýänimi kim bilip dur-aý" diýip özümi köşeşdirjek bolýan.
ahun aga geldi. nahar çekildi. ahun aga tabagynyň düýbünde biraz nahar goýup, çemçesi bilen bile sag tarapyndaka geçirdi. olam dadyp sagyndaka, olam şony gaýtalady...
men ýanymdakydan (hälki jedelleşýän garyndaşym) soradym "näme edýäler" olam "teberrük üçin..." diýdi. men teberrügiň nämediginem bilýän, ynanýanam. ýöne biri özünden bereket saçylyp durnanyny aňladýan hereket etse, eýýäm ol... şol hereketi bilen uže menden minus alyp başlady. meň üçin ol gigiýeniçnem däl.
aý bolýa... tabak maňa geldi. şol durşuna sagymdaka geçirdim. nedowolnyý seredişlerini aýtmasamam gözöňüňe gelendir.
soň sorag-jogap ýeri geldi. gapdalymdaky meň böwrüme dürtdi. menem "özüň soraý" diýen ýaly etdim. olam sorady. birinji soragy aýtjak däl. sebäbi ahun meňki bilen meňzeş jogap berdi. başga-da makullanlar boldy.
ikinji sorag dejjal hakyndady. garyndaşym dejjal äpet bir mahluk diýýä, menem däl diýýädim.
ahunam äpet, ýeke gözli jandar diýdi. bolýa, ol hiç. onsy bilen pikirimiz aýry eken diýip sesimi çykarman oturjakdym. ýöne, häsiýetim gursun, iki sanyjak sorag bermän oturyp bilmedim. 1. onýaly mahluk dörese, hemme kişi şoldugyny bilmezmi? onsoň oňa boýun bolanlaryndan ölenlerini gowy görmezlermi?
2. dejjalyň sypaty baradaky hadyslar göçme manyda bolup bilmezmi? başgada göçme manydaky hadyslaryň bardygyny aýtdym. mysal edibem bir hadys aýtdym. hany, bir gezek Pygamberimiz (a.s) sahabalar bilen otyrka bir gümmürdi ses eşidilipdir. onsoň Pygamberimiz (a.s) ýyl bäri togalanyp barýan daşyň dowzaga düşendigini aýdypdyr. biraz wagtdanam biri gelip ýetmiş ýaşyndaky meşhur mynapygyň ölendigini aýdypdyr.

ylalaşmady. biraz gatyrgandy. menem sesimi çykarman oturdym, sorag berenime ökünip. onsoň ol bir hadys gürrüň berdi.

Pygamberimiz (a.s) döwründe, diýdi, sahabalar deňiz bilen bir syýahata çykanlarynda (söwdamy, ýörişmi onam aýtmady) bir ada barypmyşlar. ol ýerde-de ýeke gözli äpet jandar bar eken. ol jandar sahabardan sorapdyr "sizde şuňýaly-şuňýaly biri geldimi. özüniň pygamberdigini aýtdymy?" diýip. sahabalaram "howwa" diýenmişler. onsaň ol mahluk "onda meňem barmaly wagtym ýakynlaşdy" diýenmiş. onsoň sahabalar gelip bolan zatlary Pygamberimize (a.s) gürrüň berenmişler. Olam (a.s) "ol dejjaldyr" diýenmiş.

menem sesimi çykarman otyryn. "Pygamberimiz (a.s) barka deňiz ýörişleri bolupdyrmy?" diýibem soramok. olam bahym turmak bilen boldy. men onam özümden gördüm. aslynda entek oturyp gürrüň etmelidi. adamlaň soraglaryna jogap bermelidi. men baryny bulaşdyrdym öýdýän.

şeýle boldy.

patalarda ýedi gün çadyrda oturylýar. biz taraplarda (gökdepe). ol ýerdäki gürrüňler dagy "menden başga kişi alym eken" diýýäň.

gürrüň ber diýseň ikinji ýalňyşymam gürrüň bereýin.

0
18 myhman   [Mowzuga geç]
kinony görüp boldum. onda-da ikisini. birinji gaty gyzykly däl eken, amerikanlaň "duşmanlar" diýen kinosy. ikinji öň gören kinom, gyzykly bolansoň ýene gördüm. belki bilýänsiň koreýleň "parazitler" diýen kinosy.

0
14 myhman   [Mowzuga geç]
@mango, bir soragjyk oklapdym-da ýokarda, 7-nji komment.

0
15 mango   [Mowzuga geç]
"...şonýalyda nätmeli? ýa-da özüň nädýäň?"
şumy sorag?
onda, jogap şu:
akyl satyp, ýa-da diskussiýa, jedele girip... "kelle göçende", ýagny olaryň kellesi göçeninde kä wagt, ýakyn garyndaşlar bolsa prowokasiýa gidip, menem sanaşaýmam, ýada akyl sataýmam bolýar... ýöne kynlyk bilen tormazlaýan (uzaga gidemok. özümi kontrola alýan).
umuman, samsyk kejirligimem bar.... mysal üçin bir zady öwüp arşa çykaryp başlasalar, ýalňyşam bolsa şoňa garşy argumentleri dökmäge başlaýan.
ýa birini ýamanlasalar, arkasyny almaga başlaýan...
garaz, garşydaşymyň tersine gidäýmek häsiýetim bar. onam oňa sapak berjek bolup edýän....
köplenjem neýtrallygy saklajak bolýan.(sebäbi öz pikirimiňem üýtgäp biljegini bilýän).

0
13 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Ölayen ekeniň

0
12 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Derrew goýuñ derrew...

0
10 Haweran   [Mowzuga geç]
@Myrat4566, olar ýaly gowy zat bolsa, irräkden aýtmal-a, agam. Awtorlar kategoriýasyna goşuldyñyz, nämäñiz bolsa goýuberiñ.

0
11 Myrat4556   [Mowzuga geç]
Köp sag boluň

0
9 Myrat4556   [Mowzuga geç]
Mango terjimäňiz üçin sag boluň. Men Jek Londonyň "Кусок мяса" hekaýasyny terjime etdim. Sony şu saýtda nähili goýup bolarka?

0
8 Myrat4556   [Mowzuga geç]
"Деградация личности" bolýamy

0
6 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Faraon diýdiñiz welin bir pikir ýadyma düşdi:
"Adamlaryñ faraona Hudaýdyr öýtmegi geñ däl.Geñ ýeri,faraonyñam özüne Hudaýdyryn öýtmegi"
(Kerim Aş-Şazili "Atamyñ durmuş hakda aýtmadyk zatlary)
Sözi aýdan geniniñ kimliginem belleýär ýazyjy welin "Mahym hanym"ýaly huşsuz ýaltañ ýadynda galjakmy o zatlar?!
Mango daýy,düşündirişiñiz üçin sag boluñ!
Terjime üçinem.Ýetirip duruñ çuñ setirlerden,arasynda proza agamyza da salam edeweriñ.

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
men bir sada oglan-da, @mango. faraon, neron... ýa soňkular däl-de, prostoý adamlar gözömüme gelýädä.

Şondan soň akmaklaşmaga başlady

haýran galaýmalaý. ýylgyranyňy duýman galýaň.

ýöne, ynanaý, şonda-da bilenoklar.

0
5 mango   [Mowzuga geç]
gep açyldy, biraz dowam edeýin... ýönekeý adamlardan mysal hökmünde....
kä sadakalarda bolýandyr şeýle ýagdaý.
sadaka - näme köpçüligiň üýşen ýeri, köpçüligem gerek zat, naçe köp bolsa şonça gowy... şonça köp adama özüň nähili akyllydygyňy subut etmäge tapylgysyz mümkinçilik...
onsoň, kelle göçýär, gepläp-gepläp, akyl satyp, kritika edip, garaz özüňden başgany akmak edip goýuberýäň (goýuberýäler).
hemem, netijede... "şondan soň akmaklaşmaga başlanyňy" duýman galýaň (galýar).
garaz her kim öz agramyna görä akmaklaşýar...
faraonlar faraonça, adatylar adatça...

0
7 myhman   [Mowzuga geç]
gyzykly boldy, menem biraz dowam edeýin...

kä sadakalarda bolýandyr şeýle ýagdaý.

gaty kän bolýa. şonýalyda nätmeli? ýa-da özüň nädýäň? men-ä oňardygymdan dilimi dişläp oturjak bolýan. gaty kyn düşýä. birden çydaman gürleseň 1. ýaşululary sylamaýan kişi 2. özüni akylly, başgalary akmak saýýan kişi (goşgudaky ýaly) 3. hasarlyň "bikär" goşgusyndaky kişi 4. hasarlyň "oýnatgy" goşgusyndaky kişi... (köp nokat başga-da kän diýmegi aňladýa) edip taşlaýalar. iki sanyjagyny gürrüň bereýin. biri (has öňüräk) toýda, biri (ýaňy ýakynda) ýasda. elimden geldiginden gysgaltjak bolaryn.

gowusy aýdyp bermäýin. gep uzar. şonsuzam sesimi çykaramok. ýöne haýsynyň dogrudygynam bilemok. bilýäniňi (bilýändirin öýdýäniňi) aýtmalymy ýa ýok. gowusy kinomyň dowamyny göreýin.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
bir zady ulaldyp görkezseň aýdyljak zat has düşnükli bolýan bolmaly.
ýöne taryh özüni hudaýlaşdyranlardan (ýa-da özüni oňa ýakynlaşdyranlardan) doly.
крыша поехало diýýälermi şeýle ýagdaýa....
-----
Mahym hanym üçin düşündiriş: "крыша поехало" diýildigi kelle üýtgedi diýen manyny berýär.
göni manyda - üçegi uçdy - bolýar. jaýyň üçegi ýerinden gozgansa nähili bolar, göz öňüne getir?

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
narsistiňem şizofrenimi?

В конце концов оказалось,
что он умней самого Господа Бога!!!

şo derejä barýamykanaý ýa ýan däde ulaltýamyka.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Естественный процесс умственного развития

Всё началось, когда он понял,
что он умней себя самого.
Вскоре ему стало ясно,
что он умней всех своих родственников.
Затем он обнаружил,
что он умнее всех в городе.
Ещё немного погодя пришел к выводу,
что вся страна – сплошь дураки.
Потом – весь мир!
Вся вселенная!
В конце концов оказалось,
что он умней самого Господа Бога!!!
Предел был достигнут.
Стараться дальше не имело смысла...

С тех пор он начал глупеть.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: