10:53
Oýnatgy
OÝNATGY

Ýaňrap, ýaňrap bütin günüň geçirýäň,
Töwerkden adamlary gaçyrýaň,
Ýalan gürrüňleri göge uçurýaň,
Bu seniň hakyky käriň oýnatgy.

Adamlary güldirenden bolýarsyň,
Öz-özüňden belki lezzet alýansyň,
Oýnadym birini diýip, bilýänsiň,
Bu seniň hakyky käriň oýnatgy.

Iki baka at salýarsyň aç böri,
Kimdir birin satmak söýgüli käri,
Belki adamlarda bar onuň ary,
Bu seniň hakyky käriň oýnatgy.

Ganat baglap asman sary uçýaň sen,
Uçup serhetlerden durman geçýäň sen,
Bileňok sen, öz syrtyňy açýaň sen,
Bu seniň hakyky käriň oýnatgy.

26.07.2011 ýyl.

Meýlis HASAR.
Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
"Ýalan gürrüňleri göge uçurýaň" - diýeňde "ördek uçurmak" (пустить утку*) termini ýada düşdi.
---
*
Пускать/ пустить утку — Разг. Распространять какую либо ложную информацию.
----
men göniden-göni käýýewaçly goşgulary halamok....
üstünlikler.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: